« 1 2 3 4 5 6 7 ... 20 21 »

Her bir aýal maşgala aýda bir gezek özi üçin ol diýen oňaýly fiziologiki hadysa bolmadyk aýbaşyny başdan geçirýär. Aýallaryň köpüsi aýbaşyny ýeňil geçirseler, ençemesi agyryly sanjylary düýýarlar.

Aýbaşy oňaýsyzlyklary bilen bilelikde, "Aýbaşy döwründe jynsy gatnaşyk geçirmek bolýarmy?" diýen sorag hem ýüze çykyp bilýär. Aýbaşy döwründe jynsy gatnaşy ... Doly oka »

Категория: Saglyk | | Теги: Lukman Дата: 28.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 4 |

Tuwak serdar ärsarylaryñ Çatrak ilinden döräp, ata çykan adam bolupdyr. Meniñ dünýä inen ýyllarymda (1929) ol Amyderýanyñ iki boýunda-da yzyna atlylaryny tirkäp, soñam sowet häkimiýetiniñ adamlary bilen atyşyp-çapyşyp ýörüpdir. Köplenjem derýanyñ gaýra ýüzünde ~ Gyzylgumda gezipdir. Türkmen obalarynyñ adamlaryna azar bermändir.
Diýişlerine görä, ol guşuñ gözünden urýan mergen bolupdyr.
... Doly oka »

Категория: Taryhy şahslar | | Теги: Ýagmyr PIRGULYÝEW Дата: 28.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 7 |

Saz. Ol Hakyñ kalbyndan adamzada peşgeş berlen iñ owadan duýgy. Sazyñ dili ýok. Ol hemmelere düşnükli. Ol her kimiñ öz dilinde gürläp, kalbyna şildiräp akýar.
Halk näçe gadymy bolsa, onuñ dili, medeniýeti, däp-dessurlary öz köküni gadymylykdan alyp gaýdýan ýaly saz gurallary hem gadymylyk bilen halkyñ añyna siñýär.
Halk döredijiliginde gadymy saz gurallarynyñ adyna örän köp gabat ge ... Doly oka »

Категория: Edebi makalalar | | Теги: OGULJEMAL ÇARYÝEWA Дата: 28.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 8 |

Täze ýylyñ öñüsyrasynda Garagumuñ çola gollarynyñ birinde gözleg-barlag işlerini geçirip ýören geologlar toparynyñ ussasy Öwez Aşgabatdaky aýal doganyndan garaşylmadyk ýagdaýda gyssagly habar aldy. Onda aýal dogany Öweze: "Jigim jan, ahyr azabymyz ýerine düşdi, saña mynasyp gelinlik tapdyk. Täze ýyl agşamyna ýetişip geljek bol. Siziñ Täze ýyly bir ojakda goşa bolup garşylamagyñyzy isleýäri ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Agageldi ALLANAZAROW Дата: 28.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 9 |

"Aglasa enem aglar..."

Ýigidiñ jesedi indi iki günden bäri derýanyñ añry etegindäki, keseki ýurda degişli bolan ýerde gara depe bolup gölerip ýatyr.
Marçak obasy derýa ýeñsesindäki Owgan obalarynyñ biri bilen bir derýany orta alyp, bary-ýogy alty-ýedi ýüz ädim aralykda "onda sen, munda men" bolşup oturan goñşy obalaryñ birisi. Ýigidiñ yzyndan düýn şol ýerd ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Agageldi ALLANAZAROW Дата: 28.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 8 |

Tokaý içindäki bu hasratly ýalñyz jaýyñ yzly-yzyna nahar çekilip oturylan garbanyşhana däldigi hemmä düşnüklidi. Añryña ölmez-ödi bir zat düşdümi - Alla ýaryñ, çagalara hemaýatyñ ýetmejek bolsa indi galybermeli. Aç gelip, aç çykyp gitmäniñe şükür et. Ýumruk ýaly gyzjagazyñ maşgalanyñ soñky çöregini esgerler bilen deñ paýlaşanyny az görme. Indi olarda işikden gelen bilen paýlaşara gözýaşdan başg ... Doly oka »

Категория: Romanlar | | Теги: Kakamyrat BALLYÝEW Дата: 28.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 9 |

1785-nji ýylyñ bahary lälezar geldi. Merkezi Garagumda, günorta Garagumda mylaýym howada ýagýan ýagşyñ yzgaryna takyrlar, urpaklar, adyrlar, gollar çemenzarlyga öwrüldi. Ygallyk bolanynda zemin öz-özünden tohum tapyberýädi. Çägeleriñ ýüzlerine çenli haýsy tarapyna seretseñ ýylaklar, ýepelekler, gyrtyçlar, ogulboldy gülleri, gelinçek gülleri, garganyñ aýagy ýaly somalyşyp oturan tekesakgal gülle ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Allaguly NURSÄHEDOW Дата: 28.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 4 |

Ol on ýaşyndaka şeýle diýdi:
- Wah, meniñem bir portfelim bolsady! Wah, meniñem bir beýleki çagalaryñky ýaly kitabym, oýunjagum bolsady! Ana şonda meniñ nähili okaýşymy görerdiñiz. Meniñ bolsa hiç zadymam ýok. Şu ýagdaýda nädip okaýyn-a men?..

* * *

On üç ýaşyna ýetende onuñam beýleki çagalaryñky ýaly öz kitabam, öz depderem, öz portfelem, öz oýnawaçlaram boldy. ... Doly oka »

Категория: Satiriki hekaýalar | | Теги: Eziz NESIN Дата: 28.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 15 |

Aşgabada dañdan gelen otludan düşdüm. Tanyş-bilşim ýok. Dogry, obadaş oglanlarymyñ okaýanlary bolmaly. Olaryñ ýekesiniñem adresini almandyryn. Onsoñ gös-göni oba hojalyk institutyna gidibermelidim. Sähel mahaldan okuw başlanýar. Ýatakhana edinmäge ýetişmedim. Muña atam günäkär. Ýogsam, iki gün öñinçä gaýdyp kwartira gözlejekdim.
Bu gün şeýle boldy.
Düzden ýitig düýesini gözleýäniñ b ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Annatagan NURGELDIÝEW Дата: 28.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 7 |

Sumbar derýasy kämahal dolup-daşýar; iner kimin kükräp, kenaryndan agaýjak-agaýjak bolýar. Şeýle pursat dañyñ ümüş-tamşynda derýa ýakasyna seýle çykan ýaş ýigidiñ gursagynda-da döreýär. Meger, muña ylham diýilýän bolsa gerek. Ýöne häzir niçik? Tomsuñ ahyrky aýy. Ýaldyrak bireýýäm dogdy, howa çigredi. Derýanyñ weli, tereñligi ýok, haýal akýar. Ýigidiñ haly-da teñ, hatda aýagynyñ aşagynda, dañyñ ... Doly oka »

Категория: Taryhy proza | | Теги: Annatagan NURGELDIÝEW Дата: 28.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 8 |