1 2 3 4 5 6 »

Ýolagçy otlusy ugrady. Men küpäme girdim. Onda ýekeje adam otyrdy.
- Salawmaleýkim!
Dykyz göwreli, çal saç, ýolagçy zordan dodagyny müñküldetdi:
- Waleýkimsalam.
Bolany. Täze ýolagçynyñ gelmegi onuñ gaşlaryny-da gymyldatmady. Ähtimal, ýekeligi küýseýän bolmaga çemeli.
Kiçijik el çemodanymy goýup, ornaşdym, onsoñ otlynyñ aýnasyndan daşary äñetdim. Gyşyñ soñky günler ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Annatagan NURGELDIÝEW Дата: 03.01.2024 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 10 |

Meniň häzirki berjek bolýan gürrüňlerim iki ýyl mundan ozalky bolan wakalar hakynda. Ol wagtlar men diňe liseýa gatnaýardym. Howwa, diňe ''okuw - öý, okuw-öý'' diýip mende kän bir söýgi, duýgy diýlen zadyň nämediginem bilmeýärdim. Mekdepde wagtlarymam men şeýle. Mugallym dagy bir zady beýan edäýse şony ýazmak bilen gara-başagaýdym. Näme ol wagtlar internet ýok, bu elimizdäki ýal ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Peşeñ ogly AFRASYÝAP Дата: 01.01.2024 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 8 |

(JEZA BERIJI ESKADRON)

Ýylda bir öwran älemi esrik ner dek kükredýän joşgunly bahar düñle sährany-da jadylaýjy demi bilen tanalmaz ýaly özgerdipdi. Asman giñişliginde ýukajyk bulutlaryñ arasynda agaýana ýüzýän Gün giñ jahany süýt ýaly ak nurdan dolduryp, ýaşyl begres ýapynan al-gyrmyzy gülli çöl-beýewana ajaýyp bir görk berýärdi. Salkyn sähradan nyzam bilen uzak ýola barýan atly es ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Sapargeldi Annasähet Iner ogly Дата: 01.01.2024 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 12 |

Täze ýylyñ öñüsyrasynda Garagumuñ çola gollarynyñ birinde gözleg-barlag işlerini geçirip ýören geologlar toparynyñ ussasy Öwez Aşgabatdaky aýal doganyndan garaşylmadyk ýagdaýda gyssagly habar aldy. Onda aýal dogany Öweze: "Jigim jan, ahyr azabymyz ýerine düşdi, saña mynasyp gelinlik tapdyk. Täze ýyl agşamyna ýetişip geljek bol. Siziñ Täze ýyly bir ojakda goşa bolup garşylamagyñyzy isleýäri ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Agageldi ALLANAZAROW Дата: 28.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 9 |

"Aglasa enem aglar..."

Ýigidiñ jesedi indi iki günden bäri derýanyñ añry etegindäki, keseki ýurda degişli bolan ýerde gara depe bolup gölerip ýatyr.
Marçak obasy derýa ýeñsesindäki Owgan obalarynyñ biri bilen bir derýany orta alyp, bary-ýogy alty-ýedi ýüz ädim aralykda "onda sen, munda men" bolşup oturan goñşy obalaryñ birisi. Ýigidiñ yzyndan düýn şol ýerd ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Agageldi ALLANAZAROW Дата: 28.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 8 |

1785-nji ýylyñ bahary lälezar geldi. Merkezi Garagumda, günorta Garagumda mylaýym howada ýagýan ýagşyñ yzgaryna takyrlar, urpaklar, adyrlar, gollar çemenzarlyga öwrüldi. Ygallyk bolanynda zemin öz-özünden tohum tapyberýädi. Çägeleriñ ýüzlerine çenli haýsy tarapyna seretseñ ýylaklar, ýepelekler, gyrtyçlar, ogulboldy gülleri, gelinçek gülleri, garganyñ aýagy ýaly somalyşyp oturan tekesakgal gülle ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Allaguly NURSÄHEDOW Дата: 28.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 4 |

Aşgabada dañdan gelen otludan düşdüm. Tanyş-bilşim ýok. Dogry, obadaş oglanlarymyñ okaýanlary bolmaly. Olaryñ ýekesiniñem adresini almandyryn. Onsoñ gös-göni oba hojalyk institutyna gidibermelidim. Sähel mahaldan okuw başlanýar. Ýatakhana edinmäge ýetişmedim. Muña atam günäkär. Ýogsam, iki gün öñinçä gaýdyp kwartira gözlejekdim.
Bu gün şeýle boldy.
Düzden ýitig düýesini gözleýäniñ b ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Annatagan NURGELDIÝEW Дата: 28.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 7 |

- Saklan balam, saklan!!.
Ene eñräp gapa gerñeldi. Küýkerişen bili, birden ýazylana dönüp, syrdym, jahyl ogly bilen boýdaş bolaýdy.
- Hudaý alar arymyzy, it igi edip. Gitme, beýgim!
- Goý-ber-r, Eje-e!! Goý-ber-r, diý-ýän-n!!
Söýünçli gözler biri-birine otlukly bakdy.
Ene elewredi:
- Ganojakdyr, olar...
- Aý-ryl-l!!
Ene ýakasyny sermenekleşdirip, ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Annatagan NURGELDIÝEW Дата: 28.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 9 |

Dañdan dag başyna çöken duman ýukalyp-ýukalyp aýryldy. Çatmanyñ içi has-da ýagtylanan ýaly boldy. Ertirlik çaý-çöregini edinen gojadyr agtygy daş çykdy. Ikisem dag eteginde, düme ýere ekilen gawun-garpyza ser saldy. Güýzüñ ilkinji günleri howa çigräpdi. Süýjüliginden darkyldap ýarylan gawunlaryñ ömri paýawlaýardy. Ýöne tomsuñ soñragynda ýagan ak çabga gawun güýzäp ýatyrdy. Goja agtygyna: " ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Annatagan NURGELDIÝEW Дата: 28.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 12 |

Çöññelen gözlerini serilgi kakmaçlara dikdi. Täzeje. Suwly ganjagazlaryñ damýanlygy saýgardýar.
Ol tamşandy. Çopan kölegede ymyzganypdyr. Läheñ goýun iti bolsa beýleräkde garysyna ýassanyp irkiljireýär. Hemişeki kuwwaty bolanlygynda şol ýatan sürüden bir çebiş ýa-da toklyny alyp asmana galardy. Hany o günler. Öñler bölek lukma üçin ýuwdunyp amatly pursata garaşyp durmazdy. Hawa, ol ogurly ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Annatagan NURGELDIÝEW Дата: 28.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 13 |