19:50

Täze ýyl goşgulary çagalar üçin -2 - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Täze ýyl goşgulary çagalar üçin -2

Täze ýyl gelýär

Zeminde örk urup parahatçylyk,
Gelýär, Arkadagly Täze ýyl gelýär.
Il-günüme diläp diňe ýagşylyk,
Güneş ýaly çogly Täze ýyl gelýär,
Gelýär, Arkadagly Täze ýyl gelýär.

Özboluşly görk berende gyş baga,
Geň galyp seredýär göwnühoş çaga,
Ýol açyp özara ynanyşmaga,
Gatnaşmaga şowly Täze ýyl gelýär,
Gelýär, Arkadagly Täze ýyl gelýär.

Sabyr-kanagatly bolsa goňşular,
Ykbal çüwer, ak daňlara gowşular,
Saglyk-parahatlyk... bagta deň şular,
Derýalary suwly Täze ýyl gelýär,
Gelýär, Arkadagly Täze ýyl gelýär.

Özi dünýä ýaýdy adyny ýylyň,
Diýýän dek: -Parahat, agzybir boluň,
Aýdym aýdýan kalbyňyza diň salyň!
Gelýär, Arkadagly Täze ýyl gelýär,
Bir-birege bagly Täze ýyl gelýär.

Öňe gidip bilimde hem ylymda,
Edep-terbiýede, edim-gylymda,
Ýeňişler gazanyň sygyr ýylynda,
Üstünlikli, şowly Täze ýyl gelýär,
Gelýär, Arkadagly Täze ýyl gelýär.

Ýaşaýşyň gözbaşy janly hereket,
Alyn deri dökmelidir ýere köp,
Diňe şonda gökden inýär bereket,
Päk zähmete bagly Täze ýyl gelýär,
Gelýär, Arkadagly Täze ýyl gelýär.

Goşulman ol ýa-da bu taraplyga,
Arkadag şan berip Bitaraplyga,
Halklary çagyryp parahatlyga,
Çar tarapa çawly Täze ýyl gelýär,
Gelýär, Arkadagly Täze ýyl gelýär.

Gelin ýaly beslenipdir arçalar,
Ýaşlygyňy ýada salar barçalar,
Bagtyýar halk şatlyk bilen garşylar,
Agaýana çagly Täze ýyl gelýär,
Gelýär, Arkadagly Täze ýyl gelýär.

Aýyt GURBANOW


Категория: Goşgular | Просмотров: 62 | Добавил: Admin | Теги: Aýyt GURBANOW | Рейтинг: 0.0/0
Aýyt GURBANOW awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar