08:48

Başga planetada ýaşaýyş barmy? - Geň-taňsy wakalar


Awtor:
Bölüm: Geň-taňsy wakalar
Materýal: Başga planetada ýaşaýyş barmy?

Ilki bilen 13,7 milýard ýyllyk eýýamda adamogly soňky gezek 50-60 ýyllaryň içinde öz älem gämileri bilen öz ýaşaýan ýerlerinden Älem giňiçligine çykmagy başardylar. Bu bolsa gysga wagtyň içinde gazanylan üstünliklerdir.
Diýmek Adamlar Älemiň has uzak ýerlerine Sentawra, Ülker ýyldyzlar toparyna, Galaktikanyň daşyna nädip gidip bilerlerkä? Eger şeýle uçuşlary başdan geçirseler adam üçin juda howply bolup bilermi? Bu soraglardan jogap tapyp ýene-ýene soraglara jogap tapmaly bolarys. Adamlar şeýle uçuşy başlap bilseler başga planetalylaryň barlygyna öwrenişmäge başlarlar. Ýöne adamzat Gün Äleminiň daşyna bireýýäm çykmagy başardy. Uçurylan Woýajer ㅡ 1 indi beýleki ýyldyzlara tarap öňe barýandygy hakda oýlanyp gördüňizmi? Aýratynam Woýajer ㅡ 1 Älem gämisinde onuň salgysy we adamzady yşaratlandyrýan zatlary bar. Ýere meňzeş planetalary gözlän Keppleriň yzynyň ýöredilmegi bilen birlikde Ýere meňzeş planetalar günde diýen ýaly tapylyp dur. Bularyň sany artdygyça olaryň üstünde ýaşaýyşyň barlygy hakdaky çaklamalar artýar we bu habarlar bilen adamlar
ýeke däldiklerine umyt gözleri bilen garaýarlar.
Ylymda gözlegler dowam etdigiçe bir öýjükli organizmlerden köp öýjükli organizmlere duş geldik. Başga planetalylar bolsa biziň pikir edýän organizmlerimizde bolmazlar. Uzak wagtlap gözlegleri dowam edmelidiris.
Karl Saganyň aýdyşy ýaly Ýerden başga planetalarda ýaşaýyşa degişli subutnamamyzyň ýoklugy hiç ýerde janly ýaşaýyşyň ýokdugy manysynda gelenok. ''Ýerden başga janly ýaşaýyşyň ýok'' diýip hasap edilmegi nadanlykdyr.
Häzirlikçe ýaşaýyşyň bardygy hakdaky çaklama Mars planetasyny tutaryk görkezip bileris. Ýeriň howasynyñ düzüminiň 78%-i azotdan, 21%-i kislorotdan, 1%-i bolsa argon we beýleki gazlardan ybarat. Marsyň howasynyň düzüminde SO2-(95%), N2-(2,5%), Ag-(1,5-2%),SO-(0,06%), N2O-(~0,1%) ýaly elementler biri birleri bilen kybapdaş. Mars Ýerden soňky 4-nji planeta. Onuň gadymy geografik gurluşy Ýeriňkä has meňzeş. Marsda bir gije gündiz 24 sagat 37 minut 22,6 sekunda barabardyr. Ýerde bolsa bir gije-gündiz 24 sagat. Ikisiniň arasyndaky tapawut 37 minut 22,6 sekunt. Soňam Marsda guran derýalar we çöl belentlikleri, gurak daglar, edil demirgazyk polýusymyz ýaly doňaklyklar bar. Soňky wagtlarda Marsyň üstündäki surata alynan şekiller has hem haýrana galdyrýar.
Asyl gürrüňimizden daşlaşmankak gowsy ony dowam edeliň.
Janly organizmiň ýene-de bir bar bolma ähtimallygy Saturnyň tebigy hemrasy Titandadyr. Titan soňky gezek 2005-nji ýylda barlanyldy. Titanyň atmosferasy we okeanlary bar. Bu ýerde janly organizmiň we köpöýjüklileriň ýaşap biljek ýeridir.
Ýöne biziň esasy meselämiz bu ýerlerde ýaşaýşy döredip biljek hakdaky pikirler dälde ýaşaýşy gözlemek hakdaky pikirler we çaklamalardan ybaratdyr.

Peşeň ogly AFRASYÝAP


Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 10 | Добавил: Admin | Теги: Peşeň ogly AFRASYÝAP | Рейтинг: 0.0/0
Peşeň ogly AFRASYÝAP awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar