09:00

Çilkeman - Poemalar


Awtor:
Bölüm: Poemalar
Materýal: Çilkeman

ㅡ ''Çilkeman'' diýen galanyñ adynyñ döreýşi hakyndak rowaýatda hem Abu Seýit Abul Haýyr wakalaryñ many çuñlugynyñ ýüze çykmagynyñ baş sebäbidir. Şu rowaýaty ''Mertler Watany beýgeldýär'' atly eserimde mysal getiripdim. Şoña ýene ýüzlenilende hem artykmaçlyk etmezmikä diýýärin''.

Türkmenistanyñ Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow,
''Türkmenistan ㅡ Beýik Ýüpek ýolunyñ ýüregi''

ÇILKEMAN
(Kyrk mergeniñ kyssasy)

Oguzlañ kowmundan, Seljuk dogmundan,
Dörän iki gerçek batyr hakynda.
Ululy-kiçili döwran sowulmaz,
Syry saklap otyr taryh gatynda.

Mäne babañ haýyr dogasyn alyp,
Dünýäni boýun eden iki algyryñ.
Türkmeniñ sährasy gursagna salyp,
Saklap otyr ýylysyny kalbynyñ.

Külterleýip kerwen öten ýollary,
Bu gün taryh galdy ýene tirsege,
Senadyr bu ýurduñ dagy, go:llary,
Alkyşdyr mertleriniñ hersine!

Gadym Horasanda şeýle gala bar,
Çilkeman ㅡ kyrk mergen adyn göterýär.
Bu galada ak ertire tama bar,
Munda mertlik ㅡ ili howpdan gutarýar.

Bu gala şeýle bir ajap galady,
Her saba azanyñ sesine örýän,
Munda Mäne babañ doga, tagady,
Her işde her kimi goraýar ýörýär.

Bu galada söýgi bardy, yşk bardy,
Ertirlere umyt bardy didede,
Şum habar umydy topraga gardy,
Aýan düýşe döndi, ýeke gijede.

* * *

Bu gün beglerini ýola ugradyp,
Galañ goragynda galan kyrk mergen,
Batyrlygy ýollaryna nur edip,
Daşdadylar gaýdan, gohdan, heserden.

Adatyça Aý asmandan esedip,
Ýuwunýardy asudalyk nuruna.
Şeýle bir ümsümlik, gamlar bes edip,
Ähli zatlar bolup durdy ugruna...

Kyrk mergeniñ serkerdesi Atdaja,
Ak öýüñ töründe süzüp gözerin.
Hatynyna pyşyrdaýar assaja,
''Ahyr bagt gülüp bakdy, dözmezim!

Kyrk bäş ýaşda perzent söýmek arzuwym,
Hak tagala wysalyna ýetirdi,
Bu gün göwün berem owadan guwum,
Ata bolmak tamasyny getirdi!

Sadabym eger-de oglumyz bolsa,
Ady Nur bolmaly, şuny bek belle.
Bolup biler, bardy-geldi gyz dogsa,
Adyn saýlamagyñ hukugy sende!

Nurym, asly nurdan türkmen balasy,
Adyma, abraýma şärikdir hergiz.
Ogul bolup ekmek dowam dänesin,
Watan öñündäki ullakan bergim!''

''Aý, mergen, ne beýle çuññurla gepiñ,
Bu sözleriñ sargyt ýaly hamala.
Bolarmy kyn pursat degmese nepiñ,
Är diýeniñ şonda gerek aýala!''.

''Sadap işan! Göwne gelen dildedir,
Sözlerimi ýorma beýle ýamana.
Soñam, esger diýlen mydam ildedir,
Döwrem görýäñ, nä wagt, nä zamana?!''

''Ol şeýle-le welin, şeýdip gürleseñ,
Birhili ýüregim atylyp barýar.
Ýanymda ýüregñi açyp gülmeseñ,
Ýaşuly topraga gatylyp barýañ!''

''Haý, haý Sadap işan, gatam bir gitme,
Emtekler ''men'' diýen wagtymdyr häli.
Ýokdur entek-entek henege bitme,
Ýyllaryñ täsiri üýtgedýär päli!''

''Dur-la diñle hany, gopuz sesimi,
Owaz aşyklaryñ pynhan hatydyr.
Meger, bagra basýar öz nerkesini,
Aý yşygy juwanlaryñ bagtydyr...''

Gümmür-gümmür gopuz sesi giñ gala
Habar berýär syrly-syrly gijeden,
Bu gün ýaş mergeni goltugna salan,
Ykbaly ereýär yşkly dideden.

''Eý, meniñ husny jemalym,
Sabrym galmady çydara.
Bu yşkdyñ ýürek bagrymy,
Eýlemişdir set müñ para''

''Hany, oglan, eýle sabyr,
Toýdur señ derdiñe çäre!
Ýedi ýyly ötüren kalp,
Ne bir güne bor biçäre?!''

''Rugsat ber, gel, iñ bolmanda,
Elleriñ aýama alsam.
Men özümi bagyşlaman,
Bu paýdan binesip galsam!''

''Kiriş çeken barmaklaryñ,
Tutsa birden ellerimden.
Ýaýyñ kirşi gaty görüp,
Sypmawersin elleriñden?!''

''Ýaý ㅡ ýaý bolar, ol ýaragym,
Emma sen ömrümiñ ýary.
Sorar bolsañ dillener ýaý,
Ýakma diýip intizary!''

''Aýyp bolar utan oglan,
Ertir toýa başlanýandyr.
Bimahal gara görünse,
Bu galada daşlanýandyr!''

''Haýp bolar gözel ýarym,
Bendi etdi saçlañ tary.
Aýtsana sen, haýsy güýje
Nesip eder aýyrmaklyk,
Bir-biregi çyndan söýen
Iki aşyk söwer ýary!?''

''Diñle, saña ýüregimi,
Owaz bilen açaýyn men!''
Çal, gopuzyñ geregimiñ,
Yşky bilen uçaýyn men!''

Arşdan sereden Aý, bimar mysaly,
Bihuş bolup aşyklaryñ sözüne.
Assa-assa ýöretdi-de hasabyn,
Pynhan ýeri saýlap aldy özüne.

Aşyklara hemdem boldy tüm gije,
Ümsümlige gark bolupdyr bu barlyk.
Emma ajy habar öwrülip güýje,
Zabt etdi galany dowla garylyp.

''A-ha-ha-how'' ýagy çozdy, halaýyk,
Ýaragly-ýaragna ýapyşsyn her kim
Seljuk ogly bolsun Watana laýyk,
Är men diýen muña ''söweşe gelsin!''

Gaýda-gaýmalaşyk, yzanda-çuwan,
Dowul düşdi abat oturan ile.
Aýal-ebtat, oglan, garry-u-juwan,
Girdi çyn söweşe duşmany bile.

Çagry bilen Togrul begiñ ýoklugyn,
Amat bilen duşman gaty ýeserdi.
Egne atyp galañ galagoplugyn,
Kyrk mergen öñünde borjy keserdi.

Ähtiýalan duşman arzuwa boglup,
Gala hakda bir süýjüje düýş gördi.
Atdaja mergeniñ ynamy, dogmy,
Esgerlere kuwwat berdi, güýç berdi.

''Ile derkar çagy geçilýär serden,
Watan üçin jan ortakdyr, gurbandyr.
Oguz gurdy, gerek bolsa, ýurduna
O:t ýagsa-da döşün gerip durýandyr!

Ganymyñ gözüni gandan gandyran,
Zenanlaryñ oglusyñyz, gerçekler!
Dogmundan don geýip dagy ýandyran,
Oguzlaryñ kowmusyñyz, gerçekler!

Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar!
Gaýratyñyz derkar bu gün Watana.
Ärlerib deminden ýagy sowulýar,
Gara baş topraga bolsun sadaga!

Gara baş topraga bolsun sadaga,
Watan üçin jan berme bar, dönme ýok!
Bu topraga, bu Diýara, Watana,
Bet niýet duşmana göçüp-gonma ýok!''

''Alla!'' Diýip at goýdular, ýaýyna,
Namys okun salyp atan ogullar.
Duşman bulañ garap geldi maýyna,
Gapyl galdyñ... Heý, oguzlar, oguzlar...

Söweş salyp barýar aldym-berdime,
Hä diýmän galany zabt etjek haýyn.
Derman bolmak üçin iliñ derdine,
Mergenler göz gyrpman ölmäge taýyn.

Emma welin, köre hasa netije,
Duşmanyñ ordasy geldi buruna.
Dañ atsa-da gutarmady bu gije,
Gün dogdy bogulyp gara zuluma.

Ine, birden ak baýdagyn göterip,
Duşman söze çakylygyn aýtdy.
Atdaja mergenem umyt göterip,
Bitaraplyk meýdanyna gaýtdy.

''Meniñ size teklibim bar, dogrusy,
Talabym bar, diýsem has anyk bolar.
Kyrk mergeniñ, seljuklaryb dogmasy,
Maña juda gerek bolardy şolar!

Kyrk mergeni maña ýesir berseñiz,
Iliñizi azat edýän, gutarýan.
Beýdişip ser-sepil bolup ýörseñiz,
Dogrym, men-ä ýeñmäge-de utanýan!''

''Arman, tüýs wagtyny peýlediñ haýyn,
Gel, orta çyk, söweşeli mertlerçe.
Gylyçly gel, ýalañaç ýeñmäge taýyn,
Gel, söweş meñ bilen meñzeş şertlerde!''

''Hany dişiñ gysan bolma, häli señ,
Halkyñ ykbalyna kömegiñ ýeter.
Göräýmäge, akyllyja ýaly sen,
Jogabyñ aýt, gepi uzaltma beter!''

''Biziñ ilde sala bardyr ýaşula,
Ýekäñ çañy çykýan däldir asyl-ha.
Belki, Mäne babam unamaz, unar,
Bizde mydam şoña gulak asylýar!''

''Bar-bar, köpek babañam şol, ýenäñem,
Maña jogabyñy getir çaltyrak.
Wagtym ýok señ bilen agyz deñäre,
Dursun towşan ýaly gorkup, galdyrap!''

Arman bilen dişin gysan mergeniñ,
Ýumruklary polat bolup düwüldi.
Agyrdy oñ üçin alýan her demi,
Ýüregi hasratdan düwün-düwündi...

Mäne baba diñläp duşman teklibin,
Ahmyr bilen başyn egdi, ökündi.
Almak agyr bu ýagdaýyñ tekbirin,
Babanyñ sözleri kalba döküldi.

''Goçaklarym,gerçeklerim,
Näme diýsem asgyn dilim.
Duşman salan derdi bilen,
Ýürek-bagrym dilim-dilim!

Maña galsa duşman taýa,
Dyrnagñyzam oklamazdym.
Ýaýyñyzyñ ýeke telin,
Namart üçin ýoklamazdym!

Emma kysmat, pelek şeýdip,
Sarap otyr sargysyny.
Bu gün takdyr sizden alýar,
Ajalyñ şum algysyny!

Bilýän, mertdir oguz gurdy,
Özüni kişä çeýnetmez.
Ýöne ýesir bolañyzsoñ,
Duşmanlar sizi baýnatmaz!

Bu ýaý, kiriş öz iliñe,
Çenenmeli bolar nalaç...
Eý, Hudaý, görkez sen ýoly,
Galandyrys biz bialaç!''

Hemme doñup galdy, umytly gözler
Gözýaş bilen ümezledi, garaldy.
Dahana bent boldy diýiljek sözler,
Kalp ýarasy şerebeli saraldy.

Bir-birege garap aşyk göreçler,
Diýilmedik sözler bilen gürleşdi.
Bu biwagt gelen, namart söweşde,
Watan, toprak, söýgi, umyt birleşdi.

Birhaýukdan mergenleriñ serdary,
Ardynjyrap orta çykdy söz üçin.
Gözüne ilmedi Sadap naçary,
Emma welin taýyndy ol şol pursat,
Ähli zada şol garaja göz üçin:

''Hany, aýal-ebtat, oglan-uşagy,
Aýyryñ bu ýerden yzasy ýetdi.
Siziñ derdiñizden bu maslahatyñ,
Azary köpelip, mazasy ýitdi.

Sadagañ bolaýyn, Mäne babam jan!
Ýigitlermiz bilen geldik karara
Ýekeje ýol galdy, dönmän dönüge
Duşmanlañ içinde başy çarara.

Watana çenelip çekiljek ýaýlar,
Ylahym hiç wagt çekilmez olsun,
Halkymy gyrmaga büküljek ýaýlar,
Ylahym hiç wagt bükülmez olsun!

Mergenligmiz ýalan bolsun,
Garşy dursa şu Diýara!
Ile ýaramajak jany,
Tutaryk bolmaz aýara!

Şonuñ üçin karar etdik,
Kyrkymyz bir ten-jan bolup.
Ýaý dartýan iki barmagy,
Aýyrmaly diýýäs ýolup!

Mäne babam! Getir ýagly golçañy!
Daglasa-da Watan tygy daglasyn.
Ýigitler dişiñiz gysyb mazaly,
Ganym duşman derdimizi añmasyn''!

Bap gelmedi Asman, ýitirdi dogmun,
Gögüñ göwsi ýanyp, ýarylyp gitdi.
Hemem buşlap dowam oguzlañ kowmun,
Iññildi sesine kyrk batyr ogluñ,
Bäbek jägildisi garylyp gitdi...

Elektron görnüşe geçiren: Peşeñ ogly AFRASYÝAP


Категория: Poemalar | Просмотров: 10 | Добавил: Admin | Теги: Gülşirin Hanowа | Рейтинг: 0.0/0
Gülşirin Hanowа awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar