08:25

Faust / tragediýadan bölek - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Faust / tragediýadan bölek

Faust:
– Ymgyr giden batgalyk bu, howany-da pozup durýar,
Zähmetiňi puç etjek diýp, haýbat atýar, azm urýar.
Men düýbünden guradaryn ýatan suwy, porsan suwy –
Şudur batyrlyk barada ýüregimiň täk arzuwy!

Men bu ýerde dörederin giň hem-de täze ülkäni,
Goý, parahat döwran sürsün bu ýerde adamyň käni.
Görgülerden ömür boýy jebirlenýän pahyr adam,
Öz erkana zähmetine umytlanyp, oňsun mydam.

Baýyrlarda, meýdanlarda hasyl öner, zähmet
joşar,
Sürüleri, adamlary azatlygyň zowky guçar
Meniň gülzar meýdanymda behişte döner her orun,
Ol uzakda bolsa bolýar, goý, deňziň girdaplary

Gazap bilen tolkun atsyn, goý, syýasat açsyn torun,
Birsalymda düzeljekdir onda bolan aýbyň bary.
Şu oýlaryň aşygy men! Boş geçmändir ömür
ýolum,
Bu dünýäniň hikmetiniň netijesi maňa mälim:
Diňe durmuş we erk üçin her gün söweş edýän kişä
Gözel ömür we azatlyk mynasyp bolýar hemişe!
Täsin güýjüň, nury içre öz halkyny, öz diýaryn
Elmydama azatlygyň gujagynda görmek üçin

Bütin ömrün erkek-aýal, garry-juwan, ynsan bary
Dynman, gazaply göreşde geçirip gelmeli bu gün!
Onda men-de aýdardym, eý, zaman, döwür,
Sen gözelsiň, geçip gitme, ýeriňde dur!

Onda, göçýän seneleriň onlarymy, ýüzlerimi –
Süpürmezdi meniň goýan yzlarymy.
Şol enaýy, täsin döwri ýada salýan,
Şu mahal hem göwnüm joşýar, lezzet alýan.

GOŞGULAR

KÖLDE

Ömrüň, rahatlygyň, sagdyn bedeniň,
Erkana dem alyp, zowkun sürýärin.
Eý, gözel tebigat, goýnuňa seniň
Girip ýaşamagy gowy görýärin!

Ses goşup küregiň ýuwaş sesine,
Mylaýym ýel ýüzýän gaýygy itýär.
Siňip dumanlaryň çal perdesine,
Gaýalaryň gerşi gözüňden ýitýär.

Eý, meniň gözlerim, geçmişiň ýene
Tylla düýşi saňa görünýärmi hoş!
Aldanma geçmişiň, göwnüm, emrine,
Ýene saňa gelýär durmuş bilen joş!

Uzakdan görünýän dagyň gerşine
Säheriň dumany gujagyn gerýär.
Otly gylyjyny ýyldyrym ýene
Tolkunlara salyp, ýalkymyn berýär.

Şowlaýan şemal hem büräp daşyny,
Suwuň aýnasyny yralap durýar.
Miweli agaçlar egip başyny,
Ganmak üçin suwa has golaý barýar.

Iogann Wolfgang GÝOTE.

Terjime eden: Ýakup NASYRLY.


Категория: Goşgular | Просмотров: 7 | Добавил: Admin | Теги: Iogann Wolfgang GÝOTE | Рейтинг: 0.0/0
Iogann Wolfgang GÝOTE awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar