08:55

Gök böriniñ nalasy - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Gök böriniñ nalasy

Boz sähralar
Günüñ dogýan ülkesi
Günüñ batýan soñky deñzine çenli
Aralykda ýatan sansyz diýarlar,
Sensiz niçe eýýamlary geçirdi.
Iki ýüzli döwür çarhyny aýlap.
Döwranyn eýesiz itlere berdi,
Seni ýatlaýaryn yzyñy yzlap,
Niçe müñ ýyllap!
Arzuwladym eýýamyñ Oguz han,
Taryhçylar taryhyñy ýazypdyr,
Her niçik gömmäge çalyşsalarda,
Adyñ birmahalky parlak döwürde,
Bolşy ýaly goja dünýäñ başynyñ,
Goja şahly jygasyna dönüpdir.
Eşitdim adyñy gaýry dilliden,
Öwrendim töräñi gaýry dinliden,
Duýmandyrys, olar seniñ adyñy,
Taryh kitabyndan aýyryp pozup.
Rowaýatlañ arasynda goýanyn.
Muña seniñ alty iner ogluñdan,
Ýigrim dört agtygyñ bilinden önen,
Ýurdun bigäneleñ eline berip
Añy göýdükleşen nesliñ günäkär,
Muña şu ýangynly bentleri, gaşyn,
çytmazdan arkaýyn aýdyp oturan
Özgäñ aýdymyndan başga zat bilmän
Saýrylaşyp giden dilim günäkär.
Güýz aýynyñ soñky aýynda ýetişen,
Gyş kädisi ýaly pitikläniñde
Daşdan çykan ses deý zarynlap giden,
Akyl almaz bu boş kelläm günäkär
Özüm sebäpkär
Hamala zeýrenseñ peýda bar ýaly,
Her gün, ahmyr bilen bolsa-da ekýän.
Käte-käte içim gysyp dulumda,
Tagzym etmek üçin ör turup birden,
Mermer şähermiziñ gaýra taýyna
Öñki görmegine görk goşup duran
Mäkäm gysyp sary ýaýyñ okuny
Garaşsyz ýurdumyñ şuglasy siñen
Nurana heýkeliñ öñüne baryp
Gynanyp aglaýan, delmurup bakýan
Iman edip Gök tañrynyñ birligne
Hem-de seniñ Allañ ilçisidigñe
Şaýatlyk edýärin halkyñ birligne
Gaýtadan dikeldip şanly adyñy
Taryhy täzeden ýazasym gelýär,
Belki şonda bizden bimaza bolup,
Niçe müñ ýyl bäri bialaç halda
Daşymyzda mydam pelesañ urýan
Eziz ruhuñ mundan bir az beýgeler!
Nazar salyp alyslardan halkyña,
Ganat, ylham kuwwat beresiñ atam,
Güýç berersiñ dünýäñ türkmenlerine,
Belki şond oguzlaryñ ýoluna,
Bent edilip goýlan ähli zatlary,
Syryp-sürüp ýok ederis bigüman
Şondan seniñ paýhasyñy ýaýarys,
Birmahalky ýaýan Tañry dininden
Aýry däldigini bilip Yslamyñ
Dünýäñ ähli ezilen musulmanlary,
Jemlenerler oguzlaryñ daşyna
Duşman öz-özüniñ etini iýer,
Şagallar dep bolar ýeriñ ýüzünden,
Aññytlaryñ arkasynda zarynlan
Möjeklerem uwlmasyn goýarlar.
Birmahallar ergenokon dagyny,
Parran ýaryp çykan oguz kowmuna
Gök böriler gitjek ýolun görkezer
Ruhuñ bilen göge galar Oguzlar
Türk,
Gagauz,
Azerbeýjan,
Türkmenler,
Düşünip ganybir dogandygyna,
Türküstan ilinde toýlar-toýlarlar
Mert pederleñ ruhy janlanyp ýene
Ärligiñ gaýratyn gaýnadyp ganda
Çingiz hana jogap edip çykarys,
Meñburnynyñ aryny-da alarys.
Osmanlylañ aryny-da alarys.
Alarys biz Türküstanyñ aryny,
Nesillere öwrederis baryny,
Seniñ ajap ol mübärek adyñy
Göwni galkyp çykar şahyr Şeýdaýy
Gözel ýigrim bäşiñ waspyn etmäge
Öwreneris boş ýitirmän wagtymyz,
Dikelderis miras goýan tagtyñy...
 


Категория: Goşgular | Просмотров: 10 | Добавил: Admin | Теги: Peşeñ ogly AFRASYÝAP | Рейтинг: 0.0/0
Peşeñ ogly AFRASYÝAP awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar