19:38

Göroglynyň döwri hakda bellikler - Edebiýaty öwreniş


Awtor:
Bölüm: Edebiýaty öwreniş
Materýal: Göroglynyň döwri hakda bellikler

Gündogar halklarynyň köpüsiniň asyrlar boýy ruhy daýanjy, buýsanjy hem guwanjy bolup gelen «Görogly» eposynyň baş gahrymany Görogly uzak wagtlap halklaryň umyt-arzuwlaryny özüne siňdiren ideal gahryman hasap edildi. Emma soňky döwürlerde edebi hem taryhy barlaglaryň geriminiň giňelmegi, täze-täze faktlaryň ele salynmagy netijesinde käbir alymlar Görogly haýsydyr bir döwürde ýaşap geçen taryhy şahs bolup, eposyň baş gahrymany döreýeşine çenli kämilleşen bolaýmasyn diýen pikiri orta atyp başladýlar. Muňa degişli käbir faktlar hem kem-kemden ylmy dolanşyga girizildi, her hili netijeler çykaryldy, çaklamalar aýdyldy.
Hakykatdan hem, taryhy çeşmelerde Görogly atly şahsyň bolandygyny tassyklaýan maglumatlar gabat gelýär. Ýöne şol hili maglumatlaryň biri-birini tutmaýandygy, gaýtam olaryň biri-birine bütinleý çapraz gelýänligi sebäpli, henize çenli Göroglyny belli bir döwre dahylly edip bolanok. Sebäbi şol bar bolan maglumatlar Göroglyny dürli-dürli döwürlerden çykarýar. Emma bu meseläni anyklamagyň bolsa möhümdigine söz ýok.
Eger Göroglynyň ýaşan döwrüni anyklap bolsa, onda onuň bilen bagly rowaýatlaryň maýasynyň haýsy döwrüň taryhy wakalary bilen badaşýandygyny, bu şahsyň haýsy töwereklerde ýaşandygyny, iň esasysy bolsa, eposyň kompozisiýa-sužet tarapdan kemala gelşini, ideýa-tematika taýdan ösüşini yzarlap, anyklap bileris.
Ilkinji ýola Görogly eposynyň Günorta Azerbaýjan wersiýasynyň polýak ofisseri,
Eýranda harby missiýada bolan A.Hodzko tarapyndan ýazylyp alynmagy we onuň iňlis diline neşir edilmegi bilen eposyň baş gahrymanynyň taryhy şahs bolandygy ýa-da bolmandygy baradaky meselä üns berlip başlandy. Has takygy, ilki bolup A. Hodzkonyň hut özi şol wersiýanyň öňüne ýazan sözbaşysynda «Bu hekaýanyň gahrymany Körogly türkmenleriň türk taýpasyndan bolup, ol gelip çykyşy boýunça demirgazyk Horasanly we XVII asyryň ikinji ýarymynda ýaşap ötüpdir»* diýip ýazypdy. Has soňrak bolsa rus tankytçysy G. Çernyşevskiý hem şol ýazylyp alnan wersiýanyň rusça terjimesine ýazan
synynda bu pikire arka durýar**.
Göroglynyň taryhy şahs bolandygyny tassyklaýan taryhy faktleriň köpüsi XVI—XVII asyrlarda Günorta Äzerbaýjanda sefewilere garşy “jelalylar” ady bilen bolup geçen gozgalaňa badaşýar. Mysal üçin, ermeni taryhçysy Arakel Tövrizliniň (1670-njy ýylda ýogalan) galdyran ýazgylarynda jelalylara serkerdelik eden adamlaryň arasynda Köse Saparyň ady tutulýar. Ol öz eserinde meşhur sazanda hem ozan-şahyr Köroglynyň adyny hem agzaýar. «Onuň (Köroglynyň — A. B.) döreden köp aýdymlaryny aşyklar (aýdyjy- bagşylar) häzir hem aýdýarlar»*** diýip ýazýar.
Göroglynyň, hakykatdan hem, ozan-şahyr bolandygyny, onuň jelalylar hereketiniň dowam edýän döwründe ýaşandygyny ermeni täjiri Ylýas Muşegýanyň 1721-nji ýylda ermeni elipbiýinde «Köroglynyň aýdymlary» ady bilen ýazyp alan goşgularyda tassyklaýar. On üç goşgudan ybarat bu golýazma Astrahanda ele salnyp, ol 1954-nji ýylda Ýerwopada neşir edilip çykaryldy****
Moskwaly alym H. Görogly hem eposyň baş gahrymanynyň ýaşan döwrüni jelalylar hereketi bilen badaşdyryp, bu ugurdan ençeme täze faktlary ylmy dolanyşyga girizdi. Ol Şa Abbas Sefewi döwrüniň taryhçysy Isgenderbeg Türkmeniň hem XVIII asyr Türk syýahatçysy Öwlýa Çelebiniň işlerinden aşakdaky ýaly faktlary getirýär. Mysal, üçin, Çelebi bir ýerde aşyk Uşakynyň ussatlygyny Görogly bilen deňeşdirip, «Aýdym aýtmakda, saz çalmakda Körogludan kem däl» diýip ýazsa, başga bir ýerde 1665-nji ýylyň 5-nji april güni Çelebini hem onuň ýoldaşlaryny jelalylaryň atlylary saklaýar. Atlylaryň baştutany Çelebä pyçak alyp topulanda, ol özüniň «Siz näme etjek bolýaňyz, beýle eýmenç işi bu daglarda hatda Görogly hem etmez» diýip gygyrandygyny ýazýar. Şonuň ýaly hem ol öz eserinde Çanlybil diýen ýeriň adyny agzap, jelalylar hereketiniň esasy maýasyny türkmenleriň düzýändigini, olaryň serdarlarynyň biriniň Çygalybeg diýlip atlandyrylýandygyny habar berýär. Isgenderbeg Türkmende beýle maglumatlar ýok. Ýöne öz işiniň iki ýerinde türkmenleriň zulkadar taýpasynyň Körogly urugyny ýatlaýar.
Şeýle-de ol jelalylaryň ilkinji serkerdeleriniň biri Hasan begiň hem onuň inisi şahyr Gara Ýazyjynyň atlaryny tutýar. H. Görogly ine şol Gara Ýazyjynyň soň-soňlar dil üýtgeşmesi arkaly Gara-ogly — Kör-ogly adyny alan bolmagy hem ähtimaldyr diýen netijä gelýär*****.
Şondan soň edebiýatçy Türkiýäniň döwlet arhiwinden bu mesele bilen bagly ele salan faktlaryny, arhiw maglumatlaryny orta atýar. Şol arhiw dokumentlerinde aşakdaky ýaly faktlar bar: 1580-nji ýyla degişli bolan dokumentde «Boly» şäheriniň häkimine
Geredäniň kazysyna kimdir Körogly diýen birini tutup, ony kanun boýunça jezalandyrmak buýrulypdyr. 1579 — 1581-nji ýyla degişli bolan ikinji bir dokumentde
Boly şäheriniň häkiminiň ele düşmeýän Köroglyny tutan adama uly sylag berjekdigi barada aýdylýar. 1581-nji ýylda Gerede şäheriniň häkimine berlen buýrukda tutulmaly talaňçy toparyň adamlarynyň arasynda olaryň baştutany Körogly Röwşeniň ady hem görkezilýär. 1593— 1595-nji ýyllaryň dokumentlerinde “Içel” şäheriniň häkimine iberilen hatda jelalylar gozgalaňy hakynda gürrüň edilip, söz arasynda Köroglynyň hem ady tutulýar, bu dokumentlerde Köroglynyň ady bilen bir hatarda Hasan begiň, Kizirogly Mustapanyň, Demirçi oglynyň atlary agzalýar.
1588-nji ýyla degişli dokumentde Mahmut Bezirgeniň, Isanyň, Iwaziň, 1593—1595-nji ýyllaryň dokumentlerinde hem Köroglynyň ady bilen birlikde gassap Isanyň, Mahmudyň, Seferiň, Demirçi Hasanyň, Ýusubyň atlary agzalyp geçilýär******. Ýokarda ýatlanan adam atlary eposyň aýry-aýry wersiýalarynda, olaryň käbiri bolsa ähli wersiýalarda gabat gelýän atlar.
Eger şulardan çen tutsaň, Görogly jelalylar hereketine gatnaşan we XVI—XVII- asyrda ýaşan şahs bolup çykýar. Aslynda, köp sanly göroglyşynas alymlar hem şu pikiriň tarapynda. Emma faktlary içgin yzarlasaň, bir mesele böwrüňi diňledýär. Geň ýeri, Görogly jelalylar hereketinde esasy figura däl. Faktlaryň aglabasy ony söweş hereketlerine gatnaşýan, ýöne köplenç şol söweşlerde gozgalaňçylary öz sazy hem sözi bilen söweşe ruhlandyran şahyr-ozan hökmünde göz öňüne getirmäge mejbur edýär. Elbetde, beýle ýagdaý eposdaky Görogla hem häsiýetli alamatlaryň biri.
Ýöne Gündogar halklary özleriniň Görogly bilen bagly halk döredijiligi eserlerinde ony
hanlaryň, soltanlaryň, şalaryň garşysyna barlyşyksyz göreşiji, halkyň arkadagy,
howandary, goragçysy hökmünde orta çykarýar. Hut şoňa görä-de eposyň ähli
wersiýalary özüniň ideýasy hem temasy boýunça harby-gahrymançylykly folklor
eseridigi bilen parhlanýar.

Dowamy bar...

Ahmet Bekmyradow; "Sowet Edebiýaty" žurnaly. Aşgabat. 11/1981ý

Ulanylan edebiýatlar :

* «Кёр-Оглу. Восточный поэт-наездник. Полное собрание его имперовизаций с присовокуплением его биографии», перевод с английского, С. С Пенн, Тифлис, 1856, стр. 1.

** Н. Г. Чернышевский, Полное собрание сочинений, в пятнадцати томах, т. XVI (дополнительный), М.—1939—1953, стр. 647.

*** Кёр-оглы. «Народный эпос», Ереван, 1941, стр. 29.

**** Брамян, Д. Габриелян, Неизданные песнй- Кёр-оглы,— «Известиди ССР, Общественные науки», Ереван, 1954, № 9, стр. 71—93

***** X. Кор-оглы. Туркменская литература, М. 1972, стр. 64 — 66.

****** Кор-оглы, Туркменская литература, стр. 66 — 67.


Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 12 | Добавил: Admin | Теги: Ahmet Bekmyradow | Рейтинг: 0.0/0
Ahmet Bekmyradow awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar