08:50

Gumanoidler söýüpdir - Geň-taňsy wakalar


Awtor:
Bölüm: Geň-taňsy wakalar
Materýal: Gumanoidler söýüpdir

Hala ㅡ ynanyň, hala ㅡ ynanmaň, ýöne Samarkant oblastynyň Naýmança obasynda ýaşaýan Oýniso Normuradowa diýen ýaş gyz gaýry planetadan gelen ýigitleriň göwnüne ýaraýan ýaly. Bu barada Daşkentde çap edilýän ''Prawda Wostoka'' gazeti habar berdi. Şadyýan ... Oýniso hut men diýen ýigitleriňem başyny-gözüni aýlan bolsa gerek. Görýäs welin, hatda gaýry planetalardan uçup gelenler-de gyzyň kaddy-kamatyny görüp, oňa aşyk bolýan ýalylar.

* * *

OLAR üç hepdäniň dowamynda gün yrman gyzyň ýanyna gelýän ekenler. Olar ilkinji ýola gyzyň ýanyna sentýabra gelipdirler. Oýnisonyň gürrüň bermegine görä, ol birhili ýarawsyzlyga uçran ýaly bolup, ukudan oýanypdyr-da, öýleriniň töwereginde birsellem gezmeläsi gelipdir. Duýdansyz ýerden peýdasyz bolan ýagty şöhle onuň gözlerini gamaşdyrypdyr, gyz öz depesinde ýyldyrdaýan bir togalak zady görüpdir. Ony kimdir biri çagyrýar ㅡ jaýyň depesinde ýaldyrawuk kombinezonly iki sany mahluk duran eken. Şolaryň ýanyna nädip baranyny Oýnisonyň özem bilenok.
Gelmişekler bu gyz bilen uzak wagtlap gürleşip durupdyrlar-da, oňa seniň alnyň-bagtyň açyk bolar diýipdirler, seniň ýanyňa häli-şindi geleris durarys diýip, wada beripdirler. Olar onuň doganoglanynyň uýasynyň biçak bioenergetiki ukyplarynyň bardygyny-da aýdypdyrlar, mazaly ulalansoň, şol uýasynyň iliň derdine melhem edip biljekdigini-de duýdurupdyrlar.
Oýniso bolan wakany ene-atasyna aýdýar. Emma olar muňa ünsem bermändirler, bu zatlaryň hemmesi gyzymyzyň toslap tapýan zatlarydyr-da diýip oňaýypdyrlar. Ýöne welin çagyrylmadyk myhmanlar gelmesini kesmändirler. Özi-de şolar bilen duşuşanda, Oýniso birjikde eýmenmändir, gaýtam olaryň gelerine garaşýan eken. Bir gezek duşuşanlarynda, ýaňkylar özleri bilen bile Oýnisony uçurup äkitjek bolupdyrlar welin, ol razy bolmandyr. Ýene bir gezek gelenlerinde, olar: ''Seni hiç kese bermeris, gowsy biziň bilen hemdem boluber diýipdirler. Ene-atasy gyzyna gelmişekler bilen duşuşmagy gadagan edipdir. Ýöne şonda gijelerine olaryň öýünde bir agdar-düňderlik başlapdyr, heý, sen goýaý! Daşky işik uly şakyrdy bolup açylyp, şakyrdabam ýapylýar eken, kwartiradaky adamlar ýarawsyzlyk tapynýar, olar ynjalykdan gaçýar. Şol wagtlar Oýniso özüni täze dostlarynyň çagyrýandygyny eşidýän eken.
Naýmança obasyndaky ilatyň gürrüň bermegine görä, nämedigi anyklanmadyk uçýan obýektler obanyň depesinde häli-şindi diýen ýaly peýda bolýan eken. Gazet gaýry planetalardan gelenleriň gämisiniň gonan ýerindäki yzyň fotosuratyny çap edipdir.
Şu habara her kim özüçe garap biler. Häzir metbugat sahypalary şo zeýilli geň-enaýy wakalardan doly. Respublikada neşir edilýän gazet žurnallar gaýry dünýäleriň wekilleriniň ýere gelendikleri barasynda tañryň beren güni bize habar berip durlar. Özem nämedigini bilmersiň ㅡ ýa-ha özümize meňzeş adamlar biziň bilen gyzyklanýarlar, ýa-da gözi bilen görenler bolşundan beter edip gürrüň berýärler, ýa-da bolmasa žurnalistler bäh diýdirip biläýjek wakalara imrinýändirler. Özbegistan SSR-niň Kosmonawtika federasiýasynyň garamagynda anomal hadysalary öwrenýän seksiýa döredilipdir. Özbegistanyň alymlary ''Ufologiýa hemmeler üçin'' diýen halkara programmasyna gatnaşýarlar, biziň planetamyzdan uzakdaky siwilizasiýalaryň wekilleri bilen bolan her bir duşuşyga hökman üns berýärler.
Respublikanyň ufologlaryny gyzyklandyran soňky geň-enaýy wakalardan biri ㅡ Daşkentdäki proýekt institutyndan biriniň topar ýolbaşçysy Klara Malikowanyň fenomeni. Onuň aýtmagyna görä, Ýerden juda uzakdaky Puatason planetasynyň wekili bilen ol mydama duşuşýar eken. Gaýry planetadan gelýän ady Kowespul bolmaly, bizi geljekde heläkçilikden goramak üçin,ol Ýere gelen eken. Kowespul alamatlaryň, iýeroglifleriniň kömegi bilen Klara maglumat berýän eken. Klara şol alamatlaryň, iýeroglifleriň suratyny öz-özünden çekýän eken. Alymlar şol suratlary bir tertibe salypdyrlar welin, olar elipbiý bolup duruberipdir. Olar şol habarlardan biriniň tekstini hatda okabam bilipdirler. Malikowanyň aýtmagyna görä, Kowespul beýleki galaktikalarda sekiz sany planeta baryp gelipdir, baran ýerinde-de öz elipbisini goýyp gaýdýar eken. Ençeme çet ýurtlaryň ufologlary hem Klara Malikowa bilen we onuň çeken suratlary bilen gyzyklanypdyrlar.

I. GREBENÝUK,
Samarkant.

"Ýaş kommunist" gazeti, 06.01.1991 ý.


Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 9 | Добавил: Admin | Теги: I. GREBENÝUK | Рейтинг: 0.0/0
I. GREBENÝUK awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar