19:59

Güýz barada goşgy - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Güýz barada goşgy

Güýz

Güýzi bilmez güýzäp görmedik adam,
Ýaprak deý bagryny bermedik ýere.
Häzir baglaň keşbi üşedýär hasam,
Ýyljajyk zat gözleýärsiň geýere.

Çekilipdir ýerli guşlaň aýagy,
Kä ýerde gözüňe ilýär gargalar.
Işiň gutardygy howlugýaň öýe,
Azalyşýar bir-birege barmalar.

Süýji gazabyny duýýaň sowugyň,
Iki ýaňagyňa ýetende ýeňiň.
Şükür edýäň heniz diridigiňe
Her gezek bugaryp çykanda demiň.

Görjek gümanyň ýok garynjaň hinin,
Boşan meýdanlary alypdyr batga.
Şemal bilen darkaş gurup dur diňe
Arly ýyllap ebti agan garantga.

Dynman ýagýan ýagyşlar bu zeminiň
Sypyryp taşlapdyr bir gat hamyny.
Däli-porhan bolup joşýaň bu günler,
Aladalar agyrtmaýar janyňy.

Göräýmäge zat ýok ýaly joşara,
Bu hakda illerden eşidýärin kän.
Öýkelämok, her kimiň öz pikiri,
Men olara juda oňat düşünýän.

Dogry, öz bolşuma özümem haýran,
Munda ýok zatlary syzýanym üçin.
Şatlanýanym üçin hiç zat ýok ýerden,
Hiç zat ýok ýerinden ýazýanym üçin.

Diýmek, bärde bir zad-a bar bolmaly...

Güýz eken

Daşyň gallasa-da, dogan-u-gardaş
Ýüregiň isleýär bir ýakyn syrdaş.
Küýseýäň howasyn nätanyş dünýäň,
Halyňa özüňden oňat düşünýän.

Şonda hasrat gaýdyp bakmajak ýaly,
Duýgulaň bir görkün saklajak ýaly.
Howry öçjek ýaly içiňde ýalnyň
Daglanmajak ýaly jigeriň, kalbyň.

Zary bolup bir gahryman syrdaşyň,
Ýaşaýarkam boşluk bilen dyrjaşyp,
Güýz geldi özgerdip reňňin topragyň,
Üstümden seçeläp sary ýapragyn.

Indi penjireden yşyklap durman,
Baglaň saýasynda hyýallar gurýan.
Diýýär goňras bulut: «Güýz geldi, galkyň!»
Syýamam gara däl, hakyky altyn.

Başgabyny göterýär ýel kän kesiň,
Joşdurýar ýapraklaň bagdan tänmesi.
Syrly halym güýzüň açyşy ýaly
Uçýaryn durnalaň uçuşy ýaly.

Ýaprakdan täç dakýar dyzyny epip,
Aýyrýar gussamy gözlemden öpüp.
Şatlanýar, tans edýär meň bilen deň-deň,
Güýz eken!
Güýz eken ýüregme hemdem!

Güýz ahwaly

Güýz. Ýene-de alyslarda hyýalym,
Näzik duýgulary gozgaýar günler.
Bir ýerlerden sesi gelýär roýalyň,
Süýji meýlislere şan berýär kimler?!

Agşamyň çigregi güýjäpdir biraz,
Barha galpyldysy artýar bedeniň.
Göwnüme hoş ýakýar çekilip gyra,
Ýatlamak şu ömre näme edenim.

Öňküden has golaý görünýär asman,
Üfleseň, ýyldyzlar gaçaýjak ýaly.
Ýüregmi süýjümtik howsala basýar,
Näbelli bir syry açaýjak ýaly.

Mähre aşa ma:ýyllyk bar bu çagda,
Küýseýän iň ýakyn dos-ýarlarymy.
Ýatladýar sudura öwrülen baglar
Halymdan habarsyz hossarlarymy.

Ýürekmi söýmejek, düşmejek oda?!
Onuň öz kadasy, öz kanuny bar.
Bir hakykat: munda ýeke-täk adam,
Ýalňyz dogulmaýar, ýalňyz goýulýar.

Bu zatlar nireden gelýär serime,
Dolanaýyn, garaşýandyr çagalam.
Goý, şygrym sözlesin meniň ýerime,
Güýzüň ahwalyna bagly galanam.

Güýzde

Janly-jandar ene ýerden
Ýygnaýandyr tapanjasyn.
A sen welin egne atyp,
Güýzüň sary ýapynjasyn,

Barýansyň bakman yzyňa,
Garaň ýitýänçä gözlerden.
Ah, bu näbelli alyslar
Ruhuňda kän zat özgerder.

Ömrüň içre düşlär durna,
Galar näzik ýüregiň sa:p.
Bagdan tänen sary ýaprak
Geçer ýüzüňi sypalap.

Gider ýyllaň teşneligi,
Suw içip dury akardan.
Örtär jogapsyz sowallar,
Çoýunmaga ot ýakarsyň.

Ýagyş ýagar, galmaz ýaprak
Agaçlaryň dallarynda.
Ahwalyňa haýran galam
Pyntyk ýarar gollaryňda.

Gurbanjemal ANNAKOWA


Категория: Goşgular | Просмотров: 17 | Добавил: Admin | Теги: Gurbanjemal ANNAKOWA | Рейтинг: 0.0/0
Gurbanjemal ANNAKOWA awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar