08:21

Has Türkmeniñ "Ygrar" goşgusyna syn - Edebi tankyt


Awtor:
Bölüm: Edebi tankyt
Materýal: Has Türkmeniñ "Ygrar" goşgusyna syn

Ine, Has Türkmeniñ "Ygrar" goşgusy.
Şahyr durmuşdaky ahlak nogsanlyklaryny gaty giñişleýin beýan edýär. Ygraryñ, ynamyñ, söýgi-mähriñ köpçûlikleyin gury adalga öwrûlen zamanynda liriki gahryman ähli ahlak kategoriýalaryny ölçäp, olaryñ gende duzaklaryna düşmezlik üçin, ynama, ynsaba, mähre gaplanan kalbynyñ emri bilen hemrasynyñ köñlüni ygrar şamçyragy arkaly nurlandyrmaga ymtylýar. Ahlak babatda örän köstli, biynsap jemgyyetiñ moral ölçeginden juda daşlaşyp, "minusa düşüp" barýanyny liriki gahryman adata öwrûlen bihaýalyklaryñ (elleri piwoly keýp çekip ýören bihaýa adamlañ doglan ýurdunda) mysalynda öz hemrasyna giñişleýin düşündirýär.
Zenan kişä ýüzlenende erkek adama has bolaýmaly mylaýymlyk bilen (bagt garşa-garşa öpsün alnyñdan,
Nur çaýsyn royuña esseme-esse) hemrasyna ýûzlenýär. Liriki gahryman özündäki ygrar-ynamyñ zenanyñ (yoldaşynyñ ) kalbynda-da berk orun tapmagyny gazanmak üçin hereket edýär:

Mahal-mahal çaylaş, dök bar derdiñi,
Galmasyn ortada aýdylmadyk syr.
Özüñi hic mahal duymagyl yalñyz,
Kalbyñdan geceni maña aýdyp dur.

"Dagdan mum tüpeñlap alnyşy yaly, her dänesin gyryp-gyryp almaly" ynsabyñ, ygraryñ, mähriñ, ynamyñ öz asylky kuwwaty bilen onuñam kalbynda kök urup durmagyny isleýär. Çünki, ahlak gymmatlygyny ynsapdan sabaşan jemgyýetiñ gara harasadyna berip, yzyndan garap-durup bolmaz ahyry!
Şol ýowuz harasat ejizi-güýçlni saýlap barýar.
Güýçliler bolsa, gelejek nesilleriñ ahlak hatyrasy üçin ygraryñ, ynsabyñ, ynamyñ penasynda penalanýarlar.
Goşgy çeperçilik elementleriniñ taze tapyndylaryna juda baý. Mysal:

"Kamaz tigilerniñ astynda galyp,
Mynjyran konserwañ gapyrjagyna..."
- diyen yaly.

Ajap we aktual şygyr.
 


Категория: Edebi tankyt | Просмотров: 11 | Добавил: Admin | Теги: Şyhymyrat ABDYLLAÝEW | Рейтинг: 0.0/0
Şyhymyrat ABDYLLAÝEW awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar