« 1 2 3 4 5 6 »

Öň-öňler biziň obamyzyň adamlary içgi diýlen zadyň nämediginem bilenokdylar.
Ýöne eýýämhaçan ýurduň bir çetinden girip ugran gerşi gyzyl, garny ak şol bela, syňraklaryndan zäher damyp duran, demir dyrnakly penjesini ahyrsoňy biziň obamyzyňam başyndan inderdi.
Gelşi ýalam, ýakasyny tanatdy. Kowuldy. Şol döwrüň okumyş adamlarynyň: «Içgini Lenin gadagan edip gidenmişin, ondan öň ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 15 |

Wah, göwne ýetmegiň ýokdugy gursun! Bir zada ýetip, edinip göwnümi hoşladym diýseň, ertesi gün göwnüň başga bir zady küýseýär. Oňa-da, teý, tükenme ýok. Onda-da ýaşlykdan köp zada hantama bolup ýaşan bolsaň, hiç zadam oňarmadyk bolsaň. Dünýäň zady saňa gerek. Belki, tapylyp dursa, dünýäň zadam azlyk eder?!
Oraza-ha azlyk etdi.
Orazyň ýaşlygy hantamaçylykda geçdi. Gurply biriniň ogly ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 10 |

Mekdebi gutarjak ýylymyz gyzlara hat berlişik bolanda-da, men haty ilki Tawusa däl-de, onuň özünden iki ýaş kiçi jigisine — her arakesmede Tawusy bahanalap klasymyza gelende, maýyl-maýyl baka-baka, tygly hanjarlary bilen birsyhly bagrymy dilip ýören Mährijemala beripdim.
Ýöne ol özüniň entek ýaşdygyny, üstesine özünden uly uýasynyňam bardygyny aýdyp, maňa birhili gümürtik jogap beri ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 11 |

— Aýu, Amangylyç! Bu gije kanturda aýlyk berilýändir, ýadyňdan çykaraýma!
— Päheý! Hiý, putbol barka-da bir kantura gidip bormy-aý!
— Öýüňde öýlänlik ýok, dükana git-de, un alyp gel!
— Hä-ä, şu gije hakgeý bardygyny bilýän dälsiň sen.
— Bu wagt ýygym döwri, gije almasaň gündiz açylanok, o hazan.
— Oýny görmän-ä bosagadan aňryk bi ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 6 |

Her elinde agyr sumka göterip bazardan gelen Ogulbibi eje zatlaryny hazzar göterip durşuna:
– Merjenim, ýagdaýyň nähili? – diýip, gyzyna habar gatdy.
Düşekde ýatan gyz solgun ýüzüni ejesine tarap aýlady. Gyzynyň gözlerinden ýagdaýyň gowulaşmandygyny aňan ene açyk işikden içerä guýulýan ýagtylygy saklamazlyk üçin bir gapdala çekildi. Nur Merjeniň keşbini ýagtyltdy. Ýalkym ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 14 |

...Meniň «biz» diýýänim — klasdaşlarym. Klasdaş oglanlarym.
Ine, onsoň biz sapaga taýýarlanjak bahanasy bilen, her agşam birimiziňkide üýşerdik-de, oglanlygyň çüýşe deý dury, kir-kimirsiz tämiz asmany bilen hemişelik hoşlaşýandygymyzdan, ýigitligiň galagoply, köp-köp garamatlardan doly haý-haýly ýyllaryna golaýlaşýandygymyzdan bihabar, elimiz kagyz-galamly, pelteli çyran ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 9 |

Soňky wagtlarda şahyry ýürek heläk edip başlady. Birden-ä çalt-çalt, birdenem haýal, nämelim bir ýakymsyz ýaltalyk bilen urmany çykardy. Käwagt bolsa bir hili düýbünden urmaýan ýalam bolup dur. Ümsümlik. Geňler galaýmaly ümsümlik. Birdenem ýagyda galan ýaly pytyrdap, elem-tas bolup başlaýar. “Gürs... Gürs... Gürs... Gürs...”
Köpden bäri owadan setirlere suwsap ýören şahyr şu g ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 9 |

Kertik aga: «Iňirdärsiň-ow» diýen äheňde ogluna äňetdi-de, öwhüldäp, başyny aşak saldy. Atda kakasyna iňirdejegem bolanok. Ol öňem kakasyna iňirdäp ýören ogul däl. Asyl, kakaňa iňirdemelem däl. Iňirdese, goý, kakaň özi iňirdesin!
Bu mahal Kertik aga iňirdidenem, gepden-gürrüňdenem ellibizar. Şu jelegaýdan tanyş kişä sataşman, tizräk garasyny saýlap bilse, başga armany ýok onuň ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 22 |

Keýker eje ýaly sögünjeň aýal öňde-soňda biziň obamyzda-ha bolanok welin, hiç ýerde-de bolmadymy-ka diýýän. Onuň üçin sen ýat bol, ýakyn bol, uly bol, kiçi bol, tapawudy ýok. Gaharyny getirdigiň gutardy. Gargynç haltasynyň agzyny açaga-da birujundan eňterip bir ugrar welňn, köşekli düýe beribem goýdurybilmersiň.
Şol bolşy bilenem ol obada iň sylanýan adamlaryň biridir. Sebäbi, her näçe ga ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 12 |

Gully gaşlaryny çytyp, ýerinden galdy. Gapynyň gözjagazyndan daşarda kimiň durandygyny görüp öwhüldedi:
– Şajan!
Adamsynyň habaryna ynanmadyk bolarly, Sadap gapynyň gözjagazyna gorky bilen gözüni basdy:
– Oňa näme gerekkä?
– «Kömek etjek, ýagşylyk etjek» diýip gelmedigin-ä bilýän. Möhüm işi bardyr.
Gapy ýene kakyldy.
– Bir ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 27.12.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 12 |