13:25

Tapagan -8 - Romanlar


Awtor:
Bölüm: Romanlar
Materýal: Tapagan -8

• On bäşinji kyssa

• TOÝ HEKAÝATY

«Köp söz kitapda ýagşy» diýýär türkmen. Türkmen sypaýyçylyk edýär. Aslynda, köp sözüň kitapda-da ýagşy däldigini bilýär ol. Dogry, köp söz kitapda-da ýagşy däl. Kitapda gahrymanlar-a maksat-myratlaryna ýetseler, olaryň maksat-myrada ýetendiklerine okyjylar hem göz ýetirseler, rahatlansalar ýagşy. Şonuň üçin olaryň soňky ykballary hakda gysgaça gürrüň bereýin.
Ýöne toýy, onuň geçişini aýtmasam-a bolmaz. Sebäbi ondan bäri sekiz ýyl geçdi. Şonda-da obanyň adamlary Atda tapagyň toýuny süýjülik bilen ýatlaýarlar. Türkmen ilinde soňky ýyllar uly-uly toýlar köp bolýar. Ýöne Atdanyň toýy ýaly toý bolýan däldir. Sebäbi ähli kişi Atda däl, ähli kişi tapagan däl.
Toý güni howanyň ýakymlylygy edil Hudaýdan dileg edilip alnan ýaly boldy. Juda bir sergin, mylaýym howaly gün boldy o gün. Gün çyksa-da çykdy welin, ol gün adatdakylary ýaly ýakyp-ýandyrjak bolup durmady. Ol gün Gün diňe Atdanyň toýuny görmek üçin görnen ýaly boldy. Ol gün toýa gelenlere nur paýlamak üçin görnen ýaly boldy. Gün Kertik agalara ýaranmak üçin yhlas etdi, yhlasam ýerine düşdi.
Türkmenistan gaty giň ýurt. Ol öz halky ýaly giň. Ahaldan Lebaba geljegem bolsaň, alty ýüz-ýedi ýüz kilometr ýol geçmeli. Türkmenistanyň bir çetinden aňyrky çetine ýetmek üçin geçmeli menziliň Ýewropanyň üç-dört döwletiniň üstünden geçeniňdäki menziliňden az boljak däl. Türkmen döwletiniň bir çetinden beýleki bir çetine ýeňil maşynly ýetmek üçin bir gije-gündiz az bolýar.
Uzak ýol ýadadýar. Ýöne gelnalyjylaryň esasy maksady ýadamazlyk, ýoluň uzaklygyny duýman geçmek. Onuň üçin nämeleri etmelidigi, nämeleri etmeli däldigi eýýäm belli. Gelnalyjylaryň Mämmediň ýolbaşçylygyndaky otuz sekiz maşynly kerweni bir gije Köpetdagyň etegindäki kiçeňräk bir Hanar obasynda myhman boldular, dynç aldylar. Ertesi aladaňdanlar niredesiň Jeýhunyň ýokary akymyndaky Saganaly obasy diýip ýola düşdüler.
Otuz sekiz maşynyň ählisine gelnalyjy maşynlara dakylýan al-elwan ýaglyklar daňylypdyr. Çatynjalaryň oturan «BMW» maşynynyň bezegi aýratyn. Onuň nähili aýratyndygyny türkmen ýigitlerem bilýändir, türkmen gyzlaram. Gözüňe söweýin türkmen halysy bir desse gül ýaly bolup bärden lowurdap barýar. Hana, maşynlara dakylan her hili şarlar-a ilkinji kilometrlerde üzülip galdylar.
Hana, iki sany wideoçy maşynlary, Atda tapagyň oturan maşynyny aldygyna surata düşürýär. Bir gyzyl maşyndaky sazandalar bolsa, joşup-joşup saz çalýarlar. Olaryň sazlary otuz sekiz maşynyň içindäkileriň ählisiniň göwünlerini göterýär. Gülki şagalaň al-asmanda pasyrdap gelnalyjylar bilen gidip barýar.
Maşynda gyslyşyp gitmesinler diýip, bir maşynyň yzynda Aýsoltan daýzanyň ýeke özüni oturdypdylar. Aşagyna-da birki sany körpeçe atypdylar. «Tirsekle-de gidiber» diýip, üç sany ýassygy hem gapdalynda goýupdylar. Beýle şagalaňly ýagdaýda ýataýyn diýseňem ýatyp bolmaz. Asyl, Aýsoltan daýzanyň ýatasy hem gelip duranok. Ýöne ol öten agşam hem ýatmandy. Gelen gudalaryň öňünde ýatyp bolmaz ahyryn.
Aýjan guda onuň hoşuna gelipdi. Ol köpden bäri agtaryp tapyp bilmän ýören gürrüňdeşine duşan ýaly begenipdi. Gowy gürrüňdeş.
Üç-dört sagat ýörelenden soň Repetegiň deňindäki «Keýik» diýlen çaýhanada gelnalyjy kerweni saklandy. Çaýhanada oturanlaryň ählijesi daş çykyp, ýaş çatynjalara seredip ýüzüne sylýardylar. Elbetde, ak guş deýin bolşupjyk duran goşa gumra kimiň gözi gitmesin?! Beýle bagtlylyk ähli kişä, ähli kişiniň ogul-gyzyna nesip etsin!
Aýdymçy-sazandalar maşyndan düşüp-düşmänkä saza başladylar. Her kim maşyndan düşüp tans edýär. Başga wagt ýalbarybam tans etdirip bolmadyk Hemra illewem ýaş ýigit ýaly pyrlanyp ýör. Ünsem berilmändir, görlüp oturylsa, ol tans etmek dagyny allanäme öwrenipdir bir ýerden. Tow berlen ýaly, barmaklaryny şyrkyldadyp, aýaklaryny oýnadyp bir görseň özbek tansyna, bir görseňem gruzin tansyna meňzedip ýör ortada. Oraz bilen Mämmede nädip tans etmelidigini öwredip ýör ol. Hemra illewe kim aýdar gysganç diýip. Şonuň häzirki pul paýlap ýörşüni göreniňde eger-eger gysganç diýer ýaly däl. Ol aslynda-da gysganç däldir-le. Hana, sazandalaryň gulaklaryna-da pul gysdyryp ýör-ä! Bol, bol, Hemra illew bol. Adamyň göwni göterilende pul ýadyna düşenok. Ýok, türkmen puly näme üçin ýygnaýar?! Ine, ine, gep şunda! Türkmen puly hoş güni üçin, wagtyny hoşlamak, göwnüni şat etmek üçin ýygnaýar dälmi? Onda, hana, Hemra illew ýygnanja pullaryny bir ujundan paýlap ýör. Özem edýän işinden biçak lezzet alýar. Her kime bir hoş sözjagazam tapýar. Diňe pul paýlanok, ol puluň gapdaljagazy bilen hoş sözlerinem paýlap, adamlaryň göwünlerini göterip ýör. Hoş sözem pul paýlançarak bar.
Hawa-da, özi aýtmyşlaýyn, Hemra illew Atda tapagan üçin az iş etmedi.
Ony adam edip ýetişdirdi.
Nirede näme etmelidigini öwretdi, kimiň ýanynda näme sözlemelidigini öwretdi.
Bu günem adam eden goňşusyny, özem tapagan goňşusyny öýerip ýör.
Ol ertir, birigün adamlaryň ýygnanan ýerlerinde nämedir bir zatlar diýmelidir-ä! Bu işleri etmese, ol näme diýsin. Gürlemek üçin ilki gowy iş bitirmeli! Ol ýalan söz sözleýän adam-a däl. ýaşuly halyna ýalan sözläp ýörse, bolmaz ahyryn. Oňa ýigrimi bäş ýaşyň kuwwaty gelipdir bu wagt. Ol ýaşkiçiň etmeli işlerinem edip ýör. Adamlary tansa çykaryp, toýa şüweleňem berip ýör.
Obada toý başlananda-da ol dik durdy. «Toýuň kemi bolmaly däldir, toýuň kemi bolmaly däldir, adamlar. Näme kemçiligiňiz bolsa, aýdyp durun. Iýiň, içiň, bu gün iýlip-içilip şat bolunmaly gündür. Bu gün Kertik han körpe ogluny öýerýär. Onuň ýygnan zatlary kän. Kertik han bu gün eçilýär, adamlar, iýiň, içiň!» diýip, öwran-öwran gaýtalaýardy. Nazy-nygmatly toý saçaklarynyň uzyn hatarynyň arasyndan bir eýläk, bir beýläk geçýärdi. Biriniň okarasyny täzeläp berýärdi, kime haýsy tagamlardan iýse, hezil etjegini aýdýardy. Hyzmat edip ýören ýigitlere-de görkezmeleri berişdirýärdi.
Her bir halkyň aýratynlygy bar. Türkmen juda bir ýasy-matamy gowy görenok. Biri ýogalan hem bolsa, «Gorkut atada» aýdylyşy ýaly, «Aý, ýedisine ýa kyrkyna görnerin-dä» diýäýýär. Ýöne toý bolsa welin, böwrejigi böküberýär. Ýok, ol tans etmek üçin ýa garnyny doýurmak üçin baranok. Ýok, ol toýa şagalaň küýsäp barýar. Adamlar bilen didarlaşmak üçin barýar. Her hili ýitije sözler eşitmek üçin barýar. Obada ýitije sözler, gülküli sözler kän aýdylýar. Şoh adamlar bolýar. Köpler şol şoh adamyň daşyna egele bolýar.
Hana, bu gün Saganaly obasynyň ähli kişisi Kertik aganyň giň howlusyna sygypdyr. Gyz-gelinler ýaz paslyny ýatladyp dur. Aslynda, türkmen aga gelin-gyzlaryna ajaýyp güller bilen nagyşlanan gyzyl-ýaşyl eşikleri ýylyň ähli paslynda-da bahar pasly bilen, gül-gülälekler bilen didarlaşyp durmak üçin geýindiren bolsun gerek. Ýogsam ýaz pasly sähel salymlyk bolup geçip gidýär. Al-ýaşyl güllerem rehimsiz Gün derrew ýakyp-soldurmak bilen bolýar. Onsoň, türkmen aga nätmeli? Ol bahar paslyny söýýär ahyryn. Şeýle bolansoň, ol gözüňe söweýin gelin-gyzlaryny ýaz paslynyň nyşanyna, her birini bir gülälege öwräýen eken. Gör, bu türkmeniň pähimini. Ýok, türkmen gelin-gyzlaryna ak ýa gara eşik geýdiräýenok. Men bu gürrüňleri näme üçin edýärin?! Toýa çagyrylan myhman hökmünde, saçagyň bir çetinde daş-töweregime syn kylyp oturyşyma, hyýalyma gelýän pikirleri aýdýan. Kertik aganyň giň howlusy durşuna al-elwan güllerden dolana meňzeýänligi üçin aýdýan. Şagalaň, joşgun şeýle bir ýokary welin, ölem bolsaň, ýatmaga ejap edip, turup tans ediberjek ýaly duýulýar.
Hana, ýaş çatynjalar ýanyp-sönýän her dürli yşyklaryň arasynda lowurdaşypjyk otyrlar. Olaryň arkasyndaky äpet halyda şeýle ýazgy bardy:

BAGTYM ATAGELDI

Aýjan eje bilen Aýsoltan ejäni «biz içerde oturybereli» diýselerem etmän, ýaş çatynjalara ýakynrak bir ýerde oturtdylar. Ýöne ol ýerde saz şeýle bir güýçli ýaňlanýardy welin, biz bu sazyň aşagynda bäş minut otursak, soň bäş ýyllabam özümize gelip bilmeris diýenlerinden soň, perzentlerine seredip oturmaklary üçin amatlyrak bir ýer tapyp, şol ýerde oturdypdylar.
Mämmet bilen Oraz «akmämmet» bilen habarlaşan bolmaly, olaryň göçgüni gaty ýokardan. Olar aram-aram gelip iki garrynyň haýyna-waýyna bakman, tans etdirmek üçin orta alyp çykýardylar. Kes-kelläm garşy çykyp durmagam birhili gelşiksiz köpçülik tans edip, seniň toýuňa goşulyp, şatlygyňa şatlanyp otyrka. Onsoň, olar göwünli-göwünsizrägem bolsa, ortada tans eden bolýardylar. Olar tans edip ugradygy garynjagazyny sallap, Hemra illew görgülem tapylýar. Ol iki gudanyň üstüne pul seçip ugraýar. Adamyň kellesine her hili pikirler geljek eken. «Eý, Hudaý jan, Hemra-ha bir puluň bol ýerine duşupdyr, ýogsam beýdip pul paýlamazdy» diýip, Aýjan eje öz ýanyndan pikir öwürdi.
«Akmämmet» adamlaryň içlerini çöwrüpjik görkezäýýär. Ine, mydama aladaly gezip ýören Mämmede näme diýip, näme aýtjak. Süňňi ýok ýaly, ýüwrüpjik ýör. Gelip, ejesini gujaklaýar, ogşaýar.
— Eje jan, eje jan, sen dünýäde hiç zady gaýgy etmegin. Men bardyryn. Men derdiňe ýaramajak bolsam, aýt, onda men nämä gerek?! Men, eje jan, seni depäme täç etjek. Sen beýik enesiň! Näme üçin, gelinleriň senden görelde almaýarlar. Näme üçin, gelinleriňe maňa meňzäň diýmeýärsiň. Olar samsyk, eje.
— Gelinlerim, allanäme, men olardan gaty razydyryn.
— Sen razy bolsaňam, men razy däldirin, eje jan, razy däldirin. Aýratynam, uly gelniňden, adam däl-ä ol. Adam däl. Hana, işlän bolan bolup ýör. Ol şu ýerde durmaly. Ol diňe saňa hyzmat etmeli. «Enesi, näme iýesiňiz gelýär, enesi, näme içesiňiz gelýär?» diýip, sorap durmaly. Ol nädýär?..
— Gelip-gidip dur, habar alyp dur, jan oglum.
— Ýok, ýok...
Orazgeldi hasanaklap, Mämmediň elinden tutup, sen-men ýok galyp gitdi. Mämmediň sözem soňlanman galdy.
«Erkekler uly çaga» diýip, Aýjan eje öz ýanyndan oýlanyp, ýylgyrdy. Aýjan eje bu pikire mundan bir asyr ozal belli nemes filosofy F.Nisşäniň gelendigini, «Her bir erkek kişide gaty oýnasy gelýän çaga gizlengi. Eh, aýallar, siz erkekden şol gizlengi çagany tapyň ahyryn!» diýendigini bilenok. Ýöne ol erkekleriň, Hakykatdan-da, çaga ýalydygyny bilýär. Olaryň kalbynyň töründe gizlenip ýatan çaga häsiýetini tapmagy-da başarýar. Aslynda, türkmen aýallarynyň tapmajak zady barmy näme! Aýallar ärleriniň ýöreýişlerinden jübülerinde näçe manat puluň bardygyny, gelip näme diýjegini bilip durlar ahyryn. Atageldä tapagan diýip uly gürrüň edýärler, aslynda her bir türkmen aýalynyň tapaganlygy Atageldiden kem däl. Aýjan eje içki pikirlerini biriniň eşiden bolmagyndan howatyrlanýan dek, töweregine garanjaklady. Agasyny yzyna düşürip barýan Orazyň yzyndan seretdi.
Myhman gelipdir. Oraz agasyny şol myhmanyň ýanyna alyp barýar. Beýle-beýle myhmanlaryň geljegini bilen bolsa, heý, Mämmet arak içerdimi? Ýok, içmezdi.
Hakyt Gurban Gurbanowiç gelipdir. Hawa, hawa, Gurban Gurbanowiç gelipdir.
Toýuňa raýkomyň birinji sekretary gelse, diýmek, onda seniň toýuň raýonda iň abraýly toý. Diýmek, toý edýän adamlar kiçi-girim adamlar däl. Diýmek, toý edýänlere goýulýan hormat uly.
Raýwodhozda baş inžener bolup işläp ýörkä, ony başlyklyk wezipä geçiren hut Gurban Gurbanowiçiň özi ahyryn. «Saňa uly umyt baglap geçirýändirin. Gurban Gurbanowiçiň kadry näteňenälet diýdiräýmegin» diýipdi. Özem kör-köpük para-da almandy. Ýogsam, ol ýere näçe diýse parasyny berip geçjek adam az däldi. Şeýle uly umyt bildirip duran adamyň ýanynda serhoş bolup durmak gelşiksiz. Geň galaýmaly, Mämmet şol gelşiksizligi aňdy. Özem birden hiç zat içmedik ýaly bolup, açylaýdy. Görse, toý gidip dur. Öňünde bolsa, raýkomyň, hawa-hawa, raýkomyň birinji sekretary Gurban Gurbanowiç dur. Mämmet ähli jogapkärçiligi duýdy.
Elbetde, dostuň öz garşylanyşy bar, ýolbaşçynyň öz garşylanyşy bar, garyndaşyň öz garşylanyşy bar.
Türkmen iki myhmany gaty arkaýyn garşylaýandyr, bir-ä ata-enesini garşylanda üýtgeşikdir. Ikinjem öz hanyny, ýolbaşçysyny garşylanda üýtgeşikdir.
Gurban Gurbanowiçem üýtgeşik garşyladylar.
Amyderýanyň iki boýunda oturan ilata «Han gören halk» diýilýär. Han gören halk hormat goýmagy öwrenen halk diýmek ahyryn. Käte muny ýaranjaňlyk diýip düşünjek bolýanlaram bar. Pikir özleriniňki, isledigiçe pikir etsinler, bizde doly azatlyk. Ýöne hormat nähili bolanda-da, nirede bolanda-da hormatdyr. Hormat goýmakdan zelel gören ýok.
Hormatdan bolsun!
Türkmene hormat dolsun!
Ine, Gurban Gurbanowiçi garşylanlarynda toýa gelenleriň göwünleri has göterildi. Toýa ýaraşyk çaýylan ýaly boldy. Toýuň gadyr-gymmaty artan ýaly boldy. Ýogsam toýa gelen ýeke adam. Görüň-ä bir adamyň toýa, adamlaryň göwünlerine ganat berşini!
Gurban Gurbanowiçiň iki dogana bir zatlar aýdasy geldi. Megerem, öňden bir pikir bilen gelen bolmaly. Toý toý bolýar. Birinji sekretaryň gelendigini gören sazandalar, heý, sazyny togtadarlarmy, heý, sazyny gowşadarlarmy! Ýok, gaýtam olar has hyruçlanyp, belentden belent sazlaryna tutdurdylar. Birinjiniň sözlerine düşünmänsoň, Mämmet sazandalara ellerini salgadyp, bir salym sazyňyzy goýsaňyzlaň diýdi. Sazandalar ters düşündi. Sazandalar özüçe düşündi. Dogry düşünse, olardan sazanda boljakmy. Ters düşünýändigi üçin olar sazanda-da!
Gurban Gurbanowiç janygyp-janygyp bir zatlar düşündirmäge durdy. Mämmet bilen Oraz ahyr düşündiler öýdýän. «Be, asyl beýle eken-ow» diýip, Mämmet baş atdy. Sözi-hä eşidip bolanok. Güňleriň, lallaryň öz dilleri bar. Olar ellerini hereketlendirip gaty aňsatlyk bilen düşünişýärler. Edil lallaryň hereketden söz manysyny alyşlary ýaly, bize-de diňe olaryň hereketlerinden many almak mümkin.
Uzak gürrüňden, uzak baş atyşmalardan, uzak hereketlerden soň, Oraz ýaşy kiçi hökmünde Gurban Gurbanowiçiň islegi boýunça olardan daşlaşdy. Köp wagt geçirmän hem bir ýerden kakasyny, bir ýerden ejesini, Aýsoltan ejäni yzyna tirkäp, Gurban Gurbanowiçiň ýanyna alyp bardy. Adamlar öý eýeleriniň birinji sekretaryň ýanyna ýörite çakylyk bilen barýandyklaryndan habarlary ýok, olary deňinden aňsatlyk bilen geçiräýenoklar. Her kim olaryň tans etmegini, şatlyga goşulyşmaklaryny isleýär. Heý, olara ýok diýip bolýarmy? Kertik aga olar bilen göwünli-göwünsiz tans eden bolup ýöräp gelýär. Onuň bar ünsi Gurban Gurbanowiçde. Onuň ýüzi galagoply. Beýle hormatly adamyň körpe oglunyň toýuna gelendigine-hä begenýär. Onuň çagyrmasyna bolsa hopugýar. «Birinji sekretar toý gidip durka çagyrýan bolsa, bir çöpjagazy bolmaly». Ýogsam hemmäňiz jem boluň diýip aýtmazdy ahyryn. Bu ýöne bir gutlamak üçin edilýän zat däl. Eýgilige bolsun-da hernä? Ýa bir şumluk boldumyka? Aý, garaz, oturan ýerinden Gurban Gurbanowiçi ýanyna barýança — kyrk ýedi ädim ädýänçä edip ýetişen pikirleri, çaklamalary göni Ginnesiň rekordlar kitabyna girip biljek. Sebäp kyrk ýedi ädimde onça pikiriň, onça çaklamanyň kellesini agyrdyp çykmak mümkin däl. Hawa, hawa, mümkin däl.
Ýaşula sala salmak gaty aňyrdan gelýär. Elbetde, gowy zat bolsa, peýdaly bolsa, heý, öz eziz perzentleri üçin garry ata-ene garşy çykarmy. Olar ikelläp goldarlar. Olaryň goldajagyny, diňe bir goldamagam däl, begenjine depeleriniň gök direjekdigini, bu ýagşylygy üçin beýik Allatagaladan uzak ýaş, beýik döwlet dilejekdigini Gurban Gurbanowiçem bilýär, Mämmedem. Şonda-da olara sala salmaly. Ata-ene habary toýa gelenler bilen deň bilse bolmaýar. Ata-ene bu habary toýa gelenlerden öň bilmeli.
Gurban Gurbanowiç Kertik aga, Aýjan eje bilen Aýsoltan ejä getiren habaryny düşündirdi. Begençden ýaňa olaryň depeleri gök diredi. «Taňryýalkasyn. Näme etmeli bolsa, özüňiz ediberiň» diýip, Kertik aga baş atyp dur.
Şondan soň olar jem bolup, tamadanyň ýanyna ugradylar. Tamada — ýaşlykda tas şahyr bolan Allamyrat Gurban olaryň gelýändigini görüp, toýa hasam göçgünlilik berdi. Birinji sekretar hakda bilýän ählije hoş sözlerini aýdyp, onuň mikrofona ýakynlaýandygyny, häzirem söz bermek isleýändigini yglan etdi.
Gurban Gurbanowiç eline mikrofon alsa-da, Atageldiniň hossarlary gapdalyna gelip durýançalar garaşdy.
Aýjan eje bilen Aýsoltan eje birinji sekretaryň bir tarapynda, Kertik aga iki ogly bilen sag tarapynda durdy.
Ähli kişi bir üýtgeşik habaryň aýdyljakdygyny aňdy. Şonuň üçin ähli kişiniň ünsi Gurban Gurbanowiçe gönükdi.
Dym-dyrslyk.
— Üç sany hoş habarym bar, adamlar. Bu gün türkmen halky üçin gaty beýik gün. Bu gün Türkmenistan Garaşsyz boldy. Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygy jar edildi. Men şu dabaraly ýygnanyşykdan, toýdan peýdalanyp, hemmäňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ikinji hoş habarym, şu gün raýonymyz pagta planyny doldy. Üçünji hoş habarym Atageldä degişli. — Gurban Gurbanowiç sözüne biraz dyngy berdi. — Atageldi uly bir tapyndynyň üstünden bardy. Ony hökümete tabşyrdy. Onuň şu mukaddes işini nazarda tutup, hökümet Atageldi Kertikowa altyn ýüzük bilen pul baýragyny bermek hakynda karara geldi. Şol altyn ýüzük bilen pul baýragyny gowşurmagy maňa tabşyrdylar. Adamlar, rugsat berseňiz, ýaş çatynjalara altyn ýüzük bilen pul baýragyny gowşurmagy maňa rugsat ediň.
Edil ýygnakdaky ýaly, ähli kişi ör turup, şowhunly, gürrüldili el çarpyşdylar.
Ýaşyň könelişiberse, ýüregiň sary sähel bolsa üzüljek-üzüljek bolup dur. Hana, Gurban Gurbanowiçiň Atageldiniň eline iki sany altyn ýüzük tutdurmagyna Kertik aganyňam, Aýjan ejäniňem begençden ýaňa gözlerine ýaş aýlandy. Olar köpçüligiň içinde gözlerini ýaşlap oturmak islänoklar. Ýöne dyňzap gelen gözýaş olaryň islegine tabyn bolup durmy näme. Olar, hana, zol-zol gözleriniň ýaşlaryny sylyp, ýüzük dakyş dabarasyna seredip durlar. Atageldiniň Bagtyma ýüzük dakyşy, soňundan Bagtymyň Atageldi jana ýüzük dakyşy ömürboýy edip gelen arzuwlarynyň myrat tapyşy ahyryn.
Är-aýal bolup, şeýle güne olar gaty yhlas bilen garaşypdylar ahyryn!
Toý olaryň tama edişindenem artyk geçip dur ahyryn! Heý, onsoň, beýle bagta gözüňi ýaşlaman, tolgunman durup bolarmy?!
Ata-enesiniň gözlerini ýaşardyp seredýän dabarasyna bir gyrada durup, Oraz janyny ýakýardy. Mämmediň birinji sekretaryň ýanynda pelesaň urmasyny-da, Atageldiniň bagtynyň aşa çüwmesini-de ol inine sygdyryp bilenokdy. Ol özbaşyna nämedir bir zatlar samraýardy. Ýöne bu mahal onuň samramasyna üns berýän, üns berjek bolýan ýekeje-de adam ýokdy. Wah, şu mahal hiç kim bolmasady, onda Oraz ajy-ajy sözleri Atageldiniň depesinden eňterip, içini sowadardy.
Gurban Gurbanowiç begenýändir, ýylgyrýandyr öýtmeýärdi. Oraz onuň edil çaga ýaly ýylgyrjaklap durmasyny geň gördi. Hakykatdan hem geň gördi. «Atageldi samsyk onuň hiç zady däl ahyryn. Öz çagaň bolanda-da şeýdip begenip bolmaz-la» diýip, Oraz oýlandy.
— Bagtly boluň, her günüňiz şatlyk-gülküden doly bolsun. Birek-biregi hormatlap ýaşamagy başarsaňyz, şatlyk-gülkiniň gitjek ýeri bolmaz — diýip, Gurban Gurbanowiç ýaş çatynjalary mähirli gutlady.
Atageldi durşuna minnetdarlyga öwrülip:
— Sag boluň, Gurban Gurbanowiç! — diýdi.
Bagtygül durşuna bagta öwrülip:
— Sag boluň — diýdi.
Oraz hyrçyny dişledi. Megerem, gatyrak dişländir-dä, dodagynyň awusy ýüregine ornady. Ol eli bilen dodagyny elleşdirdi. Dodagynyň ganandygyny bilip, ol ýüzük gowşurylyş dabarasyndan biraz daşlaşmak isledi. Dodagynyň ganandygyny bildirmezlik üçin, elýaglygy bilen agzynyň daşyny süpürenden bolup, bir çete çekildi.
Ortada tans gidýärdi.
Derkar ýegen bir owadan gyzyň daşynda edil süňksüz ýaly bolup pyrlanýardy. Beýle owadan tansy Oraz bu ýakynlarda görmändi. Asyl, kinoda-da görmändi.
Derkar ýegen her hili hokga tapjak-how.
Onuň bilen pyrlanýan gyzam-a eger-eger ondan galarly däl.
Kimiň gyzykan-aý ol?
Tans edip aýlanyp ýören kändi. Ýöne olaryň tansy häki bir tansdy. Şonuň üçin olar Derkar ýegeniň tans edişini synlamagy dowam etdirýärdiler. Oturanlaryňam bar ünsi Derkar ýegendedi. Hana, Senem başlyk. Olam pyrlanyp ýör. Onuň tans edişi hem erbet däl. Şol uly göwresini ýeňillik bilen hereketlendirip ýörşi Oraza gaty geň.
Barlynyň bazary ýanynda diýýär-ä Orazyň ejesi. Senem başlygyňam bazary ýanynda. Ol al-ýaşyl ýaglyklary tans edip ýören gelin-gyzlaryň eginlerine ýapýar.
Senem başlygyňam bar ünsi Derkaryň tans edip ýörenje gyzynda. «Hiç neneň däl» diýip, Senem başlyk ogluna yşarat etdi. Derkar ýegen bolsa ejesiniň bu bahasyny görmedikden boldy. O tans edýän gyz öz-ä Oraz-a tanyş. Ýöne, hernäçe oýlansa-da, ol gözeli nirede görendigini hakydasyna getirip bilmedi. Tans gutaransoň, ol gözel gyzyň kimiň ýanyna baryp oturýandygyna seretdi.
Ol gözel gyz etrabyň baş lukmanynyň kömekçisi eken. Derrew Oraz ol owadan gyzyň Jerendigini bildi. Ol gyz Atageldiniň şol goşgy okap beren gyzy bolmaly. Hana, etrabyň lukmanlary bir hatary tutup otyrlar. Olary, elbetde, ýöriteläp Atageldi çagyran bolmaly. Her hili adamlar bar. Bir adam seniň bilen bir gezek duşuşdygy bes, ol seniň bilen ömür gatnaşyp ýören ýalydyr, içgindir. Onuň bilen gatnaşasyň geler durar. Ýene bir hili adam bar. Näçe gatnaşsaň-da, onuň bilen içgin ýakynlaşyp bolmaýar. Şeýle adama dostam diýip bolanok, tanşam diýip bolanok. Haýran galaýmaly, Atageldi bir gezek iş salşan, tanşan adamy bilen dogan ýaly ýakynlaşýar ötägidýär. Oraz «dogan» diýen sözüne düzediş bermek isledi. Dogan däl, köne meslekdeş, köne dost ýaly gatnaşyp ötägidýär.
Tamada gürleýär:
— Gurbanow familiýalylar gowy adamlar bolýar. Bu taryhda subut edilen hakykat, adamlar. Menem Gurbanowdygyma begenýän. Häzir biziň hormatly myhmanymyz, raýkomyň birinji sekretary Gurban Gurbanowiçiň haýyşy boýunça Atageldi bilen Bagtymyň hossarlarynyň tansa çykmagyny haýyş edýärin.
«Näme diýip gürleseň, gürläp oturmaly bor oguşýa. «Taryhda subut edilen hakykat» diýýär. Käbir bende ynansa, ynanaram şuňa. Haý, taryhyň götermeli töhmetlerem az däl...» diýip, Oraz ýene hyrçyny dişledi. Agyry onuň depesine çykdy. Şol wagtam kimdir biri onuň elinden çekdi. Görse, Derkar ýegen ony tansa çykarjak bolup elinden çekýär. Janyna nädip ýaranjagyny bilmän duran Oraz gaharyny kimden çykarjagyny ahyr tapan ýaly boldy: ol bar güýji bilen Derkaryň döşünden itip goýberdi.
Derkar ýegen beýle-beýle zatlara asla garaşman eken: gaýtdy diň arkan. Ýeňsesi baryp, edil Görogly begiň ediberşi deýin ýere çümdi gitdi. Elbetde, ýer gaty däldi. Şonda-da kelläň baryp ýere girer-de, heý, agyrmazmy?
Ýa ýatan ýerini amatly görüp ýatasy gelip ýatdy, ýa-da özüne gelip bilmän ýatdy. Ol esli ýatansoň, birki sany deň-duşy gelip ony ýatan ýerinden turuzdy. Didar tursa-da turdy welin, äm-säm bolup dur, tans etmäge-hä ýararly däl ol. Bir zatlar diýjek boldy. Ýuwdundy-da, diýmedi. Aýtjak sözlerini, belki, gowşak görendir. Çüýlär ýaly ajyja söz gözleýändir, belki. Şeýledir ol, onça güzapdan soň dymyp ötägidiberjek ýigid-ä däl. Tamany ödedi, diýdi:
— Ata Salyhyň kädisi sen. Özüňi beýik, geni hasaplaýarsyň. Atageldiniň özüňden ökdedigine göriplik edýäň. Janyň çykýanam bolsa, ol senden ökde. Ol senden beýik. Sen içi boş meşik...
Derkar ýaňy başlapdy. Onuň aýtjak sözleri az-küş bolmaly däl. Ýöne aýdyp ýetişmedi.
Oraz Derkar ýegeniň saýrap ugran eňeginiň aşagyndan berk ýumulgy ýumrugyny şeýle bir jaýdar suňşurdy welin, Derkar ýegen amerikan «boýewik» kinolaryndaky ýaly, atylyp honda düşdi. Honda diýýän ýerimiz — peýwagtyna saz diňläp, keýpjagazlaryny kökläp oturan myhmanlaryň öňi, her dürli nazy-nygmatlardan doly uzyn stol. Ol ýerden Derkary, birinji ýykylan ýeri bilen deňeşdireniňde, gaty bahym aýaga galdyrdylar.
Senem başlyk jigerine-janyna deňäp ýören körpe oglunyň peýkam ýaly atylyp gidenini, barybam alaşakyrdy edip myhmanlaryň öňüne düşüşini hut öz gözleri bilen gördi. Eşitse, ynanmazdy. Asyl ynanmazdy. Ol bolsa, öz gözleri bilen gördi. Ol nädip turanyny, nädip çirkin ses bilen ogluna bakan okdurylanyny bilenok. Ony bilmek, o zatlar hakda oýlanmak oňa asla geregem däl.
Başlyk başlyk bolýar. Gaýyp başlyk dawanyň ula gitmeginden saklandy. Gül ýalak toýy bulap bolmaz ahyryn. Adamlar näme diýer. Elbetde, bu etmişi üçin Orazy boş goýmaly däl. Ýöne Oraz almytyny almaga soňam ýetişer. Wagtynda almytyny berjek bolup, toýy bulamaly däl. Almytymy giç berdiň diýip, Oraz üstüňden arz edip duranok ahyryn.
«Derkar ýegen lýotçik boljak ýigit. Ine, Atageldiniň toýunda ol samolýotsyzam uçup bilýändigini görkezdi. Indi onuň lýotçik boljagyna ynansa bolar...» — diýip, Gözel içini gepletdi. «Ine, saňa geregi. Halaşýan gyzyň bilen tans etmän, ony öýkeledip, şäherden gelen başga bir gyz bilen tans etseň, Hudaýjanyň edýäni şeýledir, Derkar babnik...».

• On altynjy kyssa

• GELNIŇIZ SALAM BERÝÄR...

Türkmeniň toýy bir günde öňem gutarmandyr, bu günem gutaranok. Özem türkmen agaň toýy başga halkyň toýuna meňzänok. Meňzemeýänliginiň içki bir sebäpjagazy bar. Ol sebäbem halkyň içki isleginden gaýdýar. Ol islegem ýönekeý: türkmen her gününiň toýçulyk bolmagyny isleýär. Ine, şujagaz isleg hem eýleräk görnüşde-de, beýleräk görnüşde-de ýüze çykyp dur. Türkmen her gününiň şagalaňly, toýçulykly geçmegini islänsoň, her hili bahanajyklar tapyp, toýjagaş eden bolýar. Çaga dünýä inensoň, türkmeniňki çüwýär. Başlaberýär ol toý etmäge:
— doguldy diýip bir toý eder,
— diş toý — mekge patrak diýip bir toý eder,
— ýörjen-ýörjen diýip bir toý eder.
— elini halallatdym diýip bir toý eder.
O toýlaryň içinde has ululary hem bar.
Şonuň üçin türkmen toý etjek diýibem toý edýär.
Türkmeniň bolşy bu dünýä diňe toý berip geçip gitmek üçin geläýen ýaly.
Uly toý etmek üçin, ilki kiçi toý edip ugraýar türkmen. Özem ol toýuny bir günde, iki günde gutaraýanok.
Türkmen aga toý etjek diýip, ilki geňeş toýuny edýär.
Näme, geňeş toýuna gelenlere eçiljek dälmi? Eçilmeli. Gelýänler eçilmeseň, iňirdäbem janyňy alarlar. Onsoňam, geňeş toýuna iň ýakyn hasaplaýan adamlaryň çagyrylýar ahyryn.
Geňeş toýunda kimiň näme etmelidigi, kimiň näme tapmalydygy belli ediler.
Haýsy gazana kimiň ot salmalydygyna çenli bellidir.
Kim arak paýlamaly.
Kim gelen-gideni garşy alyp durmaly.
Kim myhmanlaryň öňüne naharyň goýluşyna seretmeli.
Kim beýemçi, kim bekewül. Bu sözler bir many aňladýandyr öýtmäň, ýok, olaryň hersiniň öz etmelije işleri bar.
Ana, şol geňeş toýy günündenem toý başlanýar dogrusy.
Toýa çenli bolsa her gün geňeş toýy. Bu gün näme alyndy?! Ertir nämeler etmeli?! Toýda hyrçyňy dişlemez ýaly, müň ölçäp, müň on gezek biçmeli. Türkmen ýeter-ýetmezrägem bolsa, toýunyň kemsiz bolmagyny isleýär. Baryny-ýoguny orta goýýar. Toý toý şekilli bolmaly.
Dessanlarda patyşalaryň ýedi gije-gündiz toý berendigi aýdylýar. Şol ata-baba dessanlaryndan çen tutsaň, bu gün her bir türkmen patyşa tutumly.
Bu gün gadymy ata-babalarymyzyň tutýan ýedi gije-gündizki toýuny eli ýukarak türkmenem ap-arkaýyn tutýar.

Düýn gelin geldi toýy boldy.
Bu gün Kertik aganyň toýy dowam edýär. Özem bu günki toý gaty irden başlanýan toý.
Bu günki toýuň adyna türkmen aga «Gelin salamy» toýy diýýär.
Bu gün gelin — Bagtym jan öz eziz gaýynatasy bilen gaýynenesine, gaýynagalaryna, eltilerine ilkinji gelin salamyny berer.
Bu gün gelin — Bagtym jan täze gelen ojagy bilen tanyşdyrylar.
Bu gün — Bagtym jan gelin bolup öz mähriban käbesine salam berer.
Täze çatynjalara Kertik aga nämedir bir zatlar eçilmeli!
Gaýynene näme bererkä gelnine?! Körpeje gelnine?
Kertik aga bilen Aýjan ejäniň täze dörän rozugäre nämeleri eçiljekdigi Kertik aganyň ogul-gyzlaryny gaty gyzyklandyrýar.
Olar özlerine berlen zatlar bilen körpe ogla berilýän zatlary deňeşdirip görmek isleýärler.
Onsoňam, bar zat zatdamy näme!
Salam beriş dessuryny synlamagam bir tomaşa ahyryn. Ine, şu zatlar üçin, onsoňam ýedi günläp toýy toý şekilli geçirjek bolup çeken yhlaslary üçin, sagbolsun, taňryýalkasyn eşitmek üçin irgözinden irikgä bolup otyrlar.
Kertik aganyň ogullary Mämmet bilen Oraz indi ýedi gün bäri çaga-çugalary bilen şu öýden girip çykýarlar. Aralygynda Mämmet bilen Oraz bäş minut wagt tapyp öýlerine aýlanyp gaýdan bolaýmasalar, toýy iş edindiler. Hökümetiň işine-de göründiler. Iş ýerindäkiler olaryň ýagdaýyna düşünip durlar. Şonuň üçin olar arkalaşdylar.
Bu günem toýuň iň soňkuja güni. Bu gün günortan, nesip bolsa, Mämmedem, Orazam çagalary bilen öz öýlerine gaýtmakçy.
Günorta çenli bolsa goşa per ýassyklary tirsekläpjik gelinleriň hyzmatyny görmeli. Hawa, bu gün indi olara hyzmat edilmeli. Olar bu gün dynç almaly. Bu gün ýüz gramjyk içäýseler-de, Kertik aga ogullaryna hiç zat diýip durmaz-la. Ýöne olaryň aýallarynyň ümsüm oturjagyna iki doganyňam kepilligi ýok. «Daň bilenem bir arak içmek bolarmy?» diýse diýer oturarlar-da. Seniň aýdýanyň nädogry diýip, hany bir geple-dä! «Ýedi gün arak içmän, oňly duz datman mähriban inimiziň toýy diýip ylgadyk, indi bir dynç alaly-da» diýip, olara gep düşündirip bolmaz. «Dynjy arak bilen almalymy? Kim daňdan arak içýär?» diýerler. Oňa jogap tapyp berjek adam tapylmaz. Iň dilewar şa Apbasam ýeňsesini gaşaýsa gerek. Aý, bolýa, aýallaryň diýýäni dogry, soňunam, görübermeli bolar-da. Belki, ýüzünden geçip bolmajak bir adam geler Hydyr ata ýaly bolup. Onuň ýüzünden geçip bilmänem içmeli bolar.
Bu mahal kakalarynyň-a keýpi kök. Agtyklaryna her hilije henek atýar. Şonda-da gözi gapyda. Gelniň haçan geljegine, haçan salam berjegine garaşýar ol. Diňe Kertik aga däl, içerini dolduryp oturanlaryň bary gelne — Bagtyma garaşýar.
Içerde ýat adam ýok. Öz dogan-garyndaşlary bilen goňşy-golamlary.
Giň içeriniň sag tarapynda türkmençilik däbine eýerilip, erkek kişiler otyr. Olar aýallardan azrak bolansoň, sag tarapyň esli bölegini çagalar dolduryp otyr.
Erkek kişiniň — Adam atanyň çep gapyrgasyndan ýasalandygy üçin içeriniň çep tarapynda bolsa erkekleriň aly hezretleri — aýal-gyzlar otyrlar.
Içeriniň hyşy-wuşysy ýetik. Oglan-uşaklaram ümsüm oturýan däldirler welin, olar bilen deňeşdireniňde erkekleriň aly hezretleriniň hyşy-wuşysy giň içerini sarsdyryp dur.
Ýat adam bolmansoň, olar geplemän kim geplesin?! Özem haýran galaýmaly, olaryň içinde «Men diňläýin, sen geple» diýjegi ýok. Olaryň içinde gep diňläp oturjagam ýok. Ähli kişi gürlejek. Ähli kişiniň aýdara, tüweleme, zady, gürrüňi bar. Tüweleme, aýal-gyzlaryň gep böwenjigine Allatagala sahylyk edipdir. Allatagala-da şulardan basylan bolmaly, ýogsam beýdip eçilmek nämä gerek boldukan oňa?!
Olaryň tersine, erkek kişiler, ýygnaga gelen ýaly, käte bir ardynyşyp, seslerini çykarman otyrlar. Olarda aýdara söz ýok. Olaryň bolşy, seslerini çykarsalar, kimdir biri: «Ýuwaş-how, halys ýürege düşdüň» diýäýjek ýaly. Ulugyz kimin hakyt sülmüreşipjik otyrlar. «Ulugyz ýaly sülmüräp» diýen köne frazologik sözi gepiň gerdişine aýtsak aýdaýdyk, hakykatynda bu söz düzümi öz möwritini ýitiren, hakykata, durmuş hakykatyna asla laýyk gelmeýän söz düzümi ol!
Geplemese, her dyman minudy üçin ummasyz köp pul jerime tölemeli bolaýjak ýaly, şonuň üçinem mydama aldygyna gürläp ýören Hemra illewem, ine, «Dymanym üçin näçe manat jerime tölemeli bolsam hem owarram, töläýerin-dä» diýip, özüne kast edip dymýana meňzeýär. Näme diýseňem, erkek kişileriň ýüzleri-hä gülgün.
Aýal-gyzlaryň-a henizem gapa seredip Bagtymyň içeri girenini-girmänini anyklap durara wagtlary ýok, erkek kişileriňem gapa seretmekden başga güýmenjeleri ýok.
Hana, Oraz bilen Mämmet aýbogdaşlaryny gurap oturyşlaryna birsyhly ýakalaryny elleri bilen barlaşdyryp, düzedişdiren bolýarlar. Näme üçindigi belli, bolmaz ahyryn, Bagtym gelin seredende gaýynagalarynyň ýakalary gyşyk bolsa, «Gaýynagam-a ýakasynam oňaryp bilmeýän ekeni» diýmezmi? Diýer. Iki dogan elleri bilen saçlaryny darakladylar. O saç görgüliler häliden bäri darala-darala lowurdap gitdi. Olaryň ömürlerinde beýle köp daraklanan gezegi ýokdur.
Kertik aga bilen Hemra illew tirseklän bolup ýatyrlar. Öňlerinde bolsa ullakan ýaglyklary bar. Şol ýaglyklary bilen edil gezekleşýän dek, ýygy-ýygydan agyzlarynyň daşyny süpürýärler, maňlaýlarynyň derini sylan bolýarlar. Ol iki garrynyň bar ünsi gapyda. Ýok, olar käte aýallaryň arasynda oturan ýeke erkek kişä — köne döwrüň hany ýaly gyşaryp ýatan Derkar ýegene-de seredip goýberýärler.
Bol-bol, Derkar ýegen bol! Derkar ýegen aýal-gyzlaryň arasynda aýratyn ýazylan körpeçäniň üstünde ýeke özi otyr.
Ýarawsyzlygy o diýen gowy bolmasa-da, oňa örän uly jogapkärçilikli wezipe ynanypdyrlar. Belki, öten agşamky bolan waka üçin oňa ýaranmak isläp, bu jogapkärçilikli wezipäni ynanandyrlar?! Aý, ýok, onuň üçin-ä däldir. Sebäp, bu wezipäni Derkar ýegenden gowy oňaryp biljek oglan ýok, bu jelegaýda. Ýeri, onsoň ony Derkar ýegene ynanman, kime ynanjak? Diňe Derkar ýegene ynanmaly! Derkar ýegen bu işiň jantaýyny ýakar.
Hawa, häzirki geçiriljek dabaranyň iki sany baş gahrymany bar.
Olaryň birinjisi, elbetde, Bagtym. O hakda gürrüň ýok.
Ikinjisi — Derkar ýegen.
Ana, şol ýerine ýetirmeli wezipesini berjaý etmek üçinem Derkar ýegen aýal-gyzlaryň orram-ortasynda otyr. Ýogsam onuň oturmaly ýeri babasynyň gapdaly. Babasy ony ähli agtyklaryndan gowy görýär ahyryn!
Hawa, gelin salamy toýuny dabaraly geçirmek üçin Derkar aýal-gyzlaryň arasynda ýörite otyr: ol Bagtym gelniň gelipjik oturmaly düşekçesinde otyr. Ha-awa. Ine, Bagtym gelin geler, gaýynatasyna, gaýynenesine, gaýynagalaryna, içerdäkilere taňry gelin salamyny berer. Soňam oňa: «Bagtym jan, gel, körpeçäňe» diýerler. Ol düşekçesine geçmekçi bolar. Görse, onuň düşekçesinde bir görmegeý ýigit otyr. Ol görmegeý ýigit hem nämejikdir bir zatjagaz almasa, töwelladyr tagsyr bilen-ä aňsat-aňsat ýerini beräýmez. Oňa ynanylan bu iş kiçi-girim däl-ä! Ony Derkar ýegenden başga oňaryp biljegem ýog-a!
Atageldi geldi.
— Oh-o, Atda han geldi, indi yzyndan gelnem geler — diýip, Hemra illew dillendi. — Tüweleme, ýüzi nurlanaýypdyr ýigidimiziň. Munuň bir kemi öýlenmek eken. Tüweleme, özem birhili agraslanypdyr ýa göwnümemi?
— Utandyrmaň oglumy — diýip, Kertik aga buýsanç bilen ogluny synlady.
— Bä, bu ýigidi! Dogrudanam, birhili hakyt ýigit çykypdyr bu. Öňküsinden üýtgäýen ýaly, tanamajak bolup durun birhili! — diýip, Hemra illew gara çyny bilen Atdany synlady.
— Öňki Atageldi-hä däl şu. Birhili köpräk ýylgyrýamy ýa göwnümemi? Sen näme üçin ýylgyrýaň? — Mämmet Atageldä buýsançly bakdy.
— Men-ä ýylgyramok.
— Ýylgyramok diýip ýylgyrmaň näme? Ýylgyrar ýaly bir zat bar bolsa bize-de aýt, bizem bile ýylgyraly.
— Mämmet, goýsana, men ýylgyramok-how.
— Hil bir iş eden ýaly.
— Öýlenmek kiçi işem däl. Onsoň bu ýylgyrman kim ýylgyrsyn?! Häzir ýylgyraýjak wagty. Birki ýyl bile ýaşasyn, soň taýaklabam ýylgyrdyp bilmersiň — diýip, diliniň hözirini görmäge bahana tapylanyna begenen Hemra illew garysyna galdy.
Şol wagtam içerik Senem başlyk girdi. Ol oturanlara birlaý nazar aýlady-da, däp boýunça kakasyna ýüzlendi:
— Kaka jan, gelnimiz — Bagtym jan, size salam beräýsem diýýär. Rugsat berseňiz, geläýsin.
Kertik aga ardynjyrady, gapdalynda oturanlara sala salýan dek nazar aýlady, oturanlar makullap baş atdylar.
— Gelibersin. Çekinip oturmasyn. Bu ýerde ýat adam ýok. Şu ýerdäki adamlaryň bary özli-özlerimiz, dogan-garyndaşlarymyz, goňşy-golamlarymyz.
Erkek kişiler ýerli-ýerden Kertik aganyň sözüni makulladylar. «Gelibersin-de, gelibersin» boluşdylar.
Senem başlyk ejesine ýüzlendi:
— Eje, sizem rugsat berýäňizmi? Täze gelniňiz ilkinji gelin salamyny bermäge geläýsinmi?
Aýjan eje hem Kertik aganyň edişi ýaly, gapdalynda oturanlara bakdy. Sonam:
— Gelibersin — diýdi.
Gezek aýallar hataryna ýetdi:
— Geliberiň, gyz, geliberiň.
— Garaşyp otyrys-a häliden bäri...
Senem başlyk gapyny giňden açdy-da:
— Giriberiň! — diýdi.
Ine, Senem başlyk başy kürteli, ýöne keýpine seredip oturmaly bir enaýy gelni içeri girizdi. Onuň gapdaly bilen üç-dört sany gyz-gelin hem girdi. Bagtymyň her tarapynda üzümiň suwy ýaly bir türkmen gözeli ýylgyrjaklap durdy.
— Ýüzüni açyň ahyryn, gelniň — diýip, Hemra illewiň aýaly dillendi.
Edil şu söze garaşyp duran ýaly, Senem başlyk Bagtymyň ýüzüni açdy:
— Bagtym jan, adyňa döneýin, sen häzir gaýynataň bilen gaýyneneň bolýan otagynyň gapysyndan ätlediň. Ine, gaýynataň hem gaýyneneň hem şu ýerde. Ine, seniň gaýynataň, meniň mähriban kakam. Ine, Bagtym jan, seniň perişde ýaly gaýyneneň. Gaýynataňy öz ataň saýgyn. Gaýyneneňi öz käbäň saýgyn. Seniň üçin hiç bir zadyny gaýgyrmajak adamlar bular. Bu adamlar seniň eliňe tiken batsa, öz ellerine batandan hem beter gyýyljak adamlar.
Bagtym jan, ine, bu oturan iki ýigit bolsa seniň gaýynagalaryň. Bu Mämmet, uly gaýynagaň. Ine, bu bolsa Oraz, kiçi gaýynagaň.
Bu sözlerden soň, Bagtymyň goltugyndan tutup duran gyzlar birki ädim yza çekildiler.
Bagtym gaýynatasyna bakan biraz ýöredi-de, eda bilen eglip salam berdi.
— Kaka, gelniňiz salam berdi.
— Manlykmy, gyzym, gurgunlykmydyr. Bagtymyz bolup geldiň, guwanjymyz, begenjimiz bolup geldiň. Biziň öýümiziň rysgal-berekedi bol, gyzym. Indi bu öý seniň öz öýüňdir. Öýümize dolanyňa begenjimiziň çägi ýokdur, gyzym. Indi bu ojak seniň ojagyňdyr, gyzym. Şu öýe garyşyp-gatyşyp git.
Gelin gaýynagalaryna salam berdi.
Iki dogan iki ýerden «Salam-da-salam» boluşdylar.
Hälki Bagtymyň goltugyndan tutup duran iki gyz geldi-de, ony gaýynenesiniň ýanyna alyp gitdi.
Bagtym baryp, gaýynenesine — Aýjan ejä salam berdi welin, görgüli tolgunyp, ýöne gözüni ýaşlap dur. Ol baryp, gelnini bagryna basdy.
— Eje, nämä aglaýaň. Bu gün begenmeli ahyryn — diýip, Senem başlyk ejesiniň gözýaşyny syldy.
— Aglamok men, aglamok, balam. — Aýjan eje hyňzap gelen gözýaşyna böwet basyp bilmedi.
Aýjan eje sandyraýan elleri bilen gelniniň ýüz-gözüni sypady. Ony gujagyndan goýberesi gelmedi.
— Wah, salam diýen dilleriňe döneýin, jan gyzym. Salamyňa döneýin, jan guzym. Seni bize Hudaýjan berdi. Sen biziň bagtymyzsyň. Meniň Atageldi janym çyn aşyk bolup tapdy ahyryn. Ikiňiziň bagtyňyzam üýtgeşik bolsun, ylaýym!
Ata-baba gelýän däbiň kemini goýmaly dälmiş. Kemi galsa, durmuşlarynda agzalalyk köp bolarmyş.
Ine, türkmeniň fantaziýasy! Käte käbir geleňsizlik ediläýjek zatlara-da şeýleräk bir myş döredýär welin, onsoň ýaltanyň ýaltasam toýunyň-beýlekisiniň kemini-köstüni goýmanjyk edýär. Agzalalyk hiç kime gerek däl. Şonuň üçin däbiň kemini goýman geçirmek Senem başlyk bilen! Ol hiç zadyň kemini goýmaz. Asyl, ol edýän işinde kem goýýanlardan däl. Onsoňam, näme üçin bu zatlaryň kemini goýjak?! Bu däp durşuna bir hezillik ahyryn. Bu däbiň hezillik, tomaşa kemi ýok. Şeýle bolansoň-da, ine, içerini dolduryp oturanlaryň galabasy şol hezillige tomaşa etmek üçin otyr.
Bu günki gelin salamy toýunyň birinji şahasy tamam boldy.

IKINJI ŞAHA

Indi serpaý paýlanyş däbi başlanmaly.
Gelin bu öýe boş gelenok. Ol täze öýüne serpaý-senetli gelýär. Şol getiren serpaý-senedini hem gelin şu öýi dolduryp oturan adamlaryň gözüniň alnynda hak eýelerine gowşurmaly. Gaýynatasyna, gaýynenesine Bagtymyň nähili serpaý ýapandygyny, soňundan täze çatynjalara nämeleriň berlendigini bu oturanlar ähli jikme-jikligi bilen bilmeseler bolmaz ahyryn.
Wah, ol serpaý-senetden tomaşakärlere düşýän zadam-a ýok, ýöne bilesigelijilik olary rahat oturdanok. Her bir berilýän zady diňe bir görenleri bilen oňman, eläp hem görmek isleýärler.
Ýat öýde Bagtyma aňsat düşýän däl bolsun gerek. Ýöne onuň alajy näme, edilmeli zady etmeli. Oňa her bir ädimine çenli öwredip durlar. Bagtym öwredilen zatlary köre-körlük bilen gaýtalaýmaly.
Ol şeýle hem edýär.
Bagtymyň eline gaýynatasy üçin gyrmyzy don berdiler.
Bagtym gyrmyzy dony Senem başlyga uzatdy.
Senem başlyk ýylgyrjaklap kakasyna gyrmyzy dony geýdirdi.
— Şap bolaýdy — diýip, Kertik aga begendi.
— Berilýän zat ýürekden bolanda şapylaşar durar — diýip, Hemra illew sakgaldaşynyň donuny gutlady.
— Toýly don bolsun!
— Sag boluň. Sag bol, gelin.
Bagtyma iki sany daşary ýurt köýnegini uzatdylar. Bagtym köýnekleri Senem başlyga gowşurdy. Senem başlyk köýnekleriň hersini bir doganynyň egnine goýdy. Olary serpaýlary bilen gutlady. Oturanlaryň ählisi Kertik agany-da, doganlary-da serpaýlary bilen gutladylar.
Bagtyma gaýynenesi üçin gyňaç berdiler. Bagtym ol gyňajy ýene Senem başlyga uzatdy.
— Ýok, Bagtym jan, bu serpaýyňy özüň elinje ejem jana gowşur — diýip, Senem başlyk yza çekildi.
Bagtym aljyraý-aljyraý gyňajyň epinlerini açyşdyrdy.
Aýjan eje eli gyňaçly gelýän gelnine seredip, hiç zat diýip bilmän, tolgunmadan, begenmeden ýaňa ýöne gözüni ýaşlap dur.
Bagtym gaýynenesiniň arkasyna gyňajy ýapdy.
Senem başlyk enesini, Bagtymy gujaklady.

ÜÇÜNJI ŞAHA

— Beýdişip durmalyň, oturalyň.
— Aý-u, gyzlar, Bagtym jana oturara körpeçe ýok-la?
— Gelnime düşekçe ýazypdyk. Özem täzeje körpeçe — diýip, Atageldiniň baýry gelnejesi bilgeşleýinden aýtdy.
— Seniň ol ýazan körpeçäňde-hä, hana, Deýkaý han otyr.
— Deýkar jan, oglum, gelnimiziň körpeçesinden tur ahyryn.
— Tur ahyryn, Deýkaý jan.
Derkar ýegen, Derkar jan eger-eger sarsaýsa nädersiň. Hiç zat eşitmedikden bolup, birgeňsije ýylgyrypjyk otyr ol. Onuň näme üçin oturandygyny hemmeler bilýär. Ýöne yrym üçin töwella edenden bolýarlar. Onda-da ähli kişi «tur» diýip duranok. «Turma» diýýänem ýeterlik bar:
— Deýkaý jan, serpaýyňy lomaýja alaýman, ýeriňden butnaýmagyn.
Aýjan ejäniň uly gelni öňe çykdy.
— Ejesi, gelnimiziň oturjak ýerinde-hä siziň jan ýaly agtygyňyz otyr. Olam mamam alan serpaýlaryndan maňa-da bermese, ýerimden turjak däl diýýär.
— Agtyk janyma geregi serpaý bolsun. Serpaýymdan oňa bermän, kime bereýin men. Derkar janyma berjek men serpaý. Gelinler-ä, beriň şoňa meniň serpaýlarymdan.
Aýjan ejäniň uly gelni öňden taýýarlanyp goýlan daşary ýurt köýnegini Derkar ýegeniň sag egnine goýdy.
— Gutly bolsun sylagyň! Tur indi.
— Tur!
Derrew turup, ýerini berse, ondan Derkar ýegen boljakmy! Ol hökman bir zatjagaz tapmaly. Ol gaty arkaýyn otyr. Özem ýeke agyz gürlemän, näme isleýändigini düşündirip otyr. Derkar sag egninde duran köýnegi sypap, soň elini çep egnine ýetirýär. Barlaşdyran bolýar. Barlaşdyrany bilenem oňman, egnine seredýärem. Hakyt artist bolaýmaly. Nähili rolda oýnasa-da dedesini ýandyrjag-a ol.
Düşnükli, onuň çep egnine-de serpaý gerek. Turdy bir wagyrdy. Kim Derkar ýegene «Tur!» diýip töwella edýär, kim: «Turma!» diýýär. Kim Derkara derrew serpaý berilmegini talap edýär.
Her kim öz pikirini aýdýar.
Baý-bow, ýekeje köýnek üçin pikiriň şeýle köplügini bir görüň-ä!
— Derýaý jan dogry edýär. Onuň çep egniniň serpaýy mamasynyňky, sag gapdalynyň serpaýy bolsa babasynyň beren serpaýy bolmaly. Deýkaý jan, men seniň babaňa belet. Ol gaty gysganç adam. Gysganjam bolsa, bersin serpaýyňy. Näme, ýygnan zatlaryny ýany bilen äkitjekmikä? Karunam, Makadonskem ýygnan zatlaryny o dünýä äkidip bilmändirler — diýip, Hemra illew öňe-öňe omzady.
— Eý, Hudaý, näme diýseň diýip oturmaly, oguşýa. Hemra, saklan, saklan, jan dogan, beterinden beterini tapmankaň men agtygyma serpaý bereýin. Ýöne sen gepleme indi. — Kertik aga öňden taýýar duran konwerdi gapdalynda oturan Gaýyp başlyga berdi. Konwert elden-ele geçip, ahyr Derkar ýegeniň sag egninde goýuldy.
Derkar ýegen konwerdi açdy-da, «Oh-o» diýip, ýerinden ýeňil gopdy, edil kinolarda gören Ýewropa dessuryýeti boýunça tagzym edip — çala egilip, elleri bilen Bagtyma oturjak körpeçesini görkezdi.
Bagtym körpeçä ornaşansoň, Derkar ýegen söýgüli babasynyň ýanyna gaýtdy. Ol indi aýal-gyzlaryň arasynda oturmaz. Ol erkek kişileriň arasyna geçer.
— Deýkaý ýegen, hany, meniň ýanyma gel. Ikimiz ýaraşaly — diýip, Oraz ellerini uzadyp, ýegenini ýanyna çagyrdy.
Derkar ýegen kesgitli gürledi:
— Ýok, ýaraşjak däl.
— Gelsene, men seni bir gujaklaýyn, ýaraşaly ikimiz. Erkek adamlara urşup ýörmek gelişmeýär-ow.
Derkar kakasy bilen babasynyň arasyna baryp oturdy.
— Deýkaý jan, gelsene ýanyma.
— Ýaraşjak däl-ow!
Gaýyp başlyk ogluna töwella etdi.
— Daýyňa kejirlik etme, ýogsam ol ýene urar.
— Goý, ursun.
— Ýok, indi urjak däl. Indi hiç wagt urmazlyga söz berýän. Gel ýanyma. Ynan, gije saňa ýüregim awap, bir minudam ýatyp bilmedim.
— Derkar jan, daýyň bilen ýaraşaýsana. Onuň ursa-sökse haky bar. Ýaraş daýyň bilen — diýip, Senem başlyk oglunyň Oraz bilen ýaraşmagyny isledi.
— Sen bir beýik ýigid-ä, günäsini geçip goýber onuň. Düýn ýüz gram içendir ol.
— Ýok, düýn içenok ol. Ol görip.
— Görip?! Aý, şonda-da günäsini geç. Görip bilen deň bolma! — diýip, Kertik aga agtygynyň egninden gujaklady.
— Bir şertim bar, şony bitirse ýaraşaýyn.
— Deýkaý ýegen, iki şertiň bolsa-da bitireýin. Aýt şertiňi.
Derkar ýekedyz oturyp, bir Atageldä, birem Oraza seredip, şertini aýtdy:
— Atageldi daýymyň özüňden ökdedigini boýun alsaň, ýaraşýan.
— Ýeser ýerden tutduň-aý, oglum — diýip, Gaýyp başlyk bu dörän dartgynlylygy nädip gowşatjakdygyny bilmän aljyrady.
— Deýkaý, gerek däl, Oraz meni juda gowy görýär. Deýkaý, sen nädogry pikir edýäň — diýip, Atageldi Derkara düşündirmäge durdy:
— Indi saňa düşnüklimi? — diýip, Oraz Derkara garap ýeňil dem aldy.
— Men şertimi aýtdym, gutardy — diýip, Derkar ýegen ýene kesgitli gürledi.
— Men size öňünden welilik satyp bereýin, adamlar. Şu ýigit bihal ýigit däl. Ynha, görersiňiz. Deýkaý jan ullakan bir adam bolar. Munuň gepi-sözi çöp döwen ýaly-how — diýip, Hemra illew welilik satdy. — Hemmäňiz eşidiň meniň şu sözümi. Gaýybyň şu dogmasy ullakan bir başlyk bolmasa, ine, men şuny kelläme geýip ýörjek däl — Hemra illew telpegini patladyp ýere urdy.
Oraz ikidyz oturdy. Ardynjyrady.
— Atageldi jan, sen menden hemme babatda ökde. Şeýle ökde inimiň bardygyna juda begenýän men. Deýkaý jan, boldumy? Kemi bar bolsa, aýt. Hany, indi bir gel ýanyma. Eý, ýumruk ýaly halyňa maňa näme diýdiresi gelse, diýdirip otyr-aý bi.
— Näme diýse aýdanyny ediber. Entek sen onuň elinde işgär bolubam işlemeli bolýaň — diýip, Hemra illew has joşdy. Derkar ýegen bilen Orazyň gujaklaşmasyny synlap, welilik satmasyny dowam etdirdi.


Категория: Romanlar | Просмотров: 21 | Добавил: Admin | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Osman ÖDE awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar