22:17

Keminäniñ şorta sözleri - Degişmeler


Awtor:
Bölüm: Degişmeler
Materýal: Keminäniñ şorta sözleri

KEMINÄNIÑ ŞORTA SÖZLERI

■ Eşek bilen aram bir garyş

Kemine bir gün köpçüligiñ üýşen ýerinde gazal aýdyp otyr eken. Bir baý hem munuñ sal-sal eşiklerine gözi düşüp, oña göwni ýetmän, ýañsylap başlaýar.
- Ýeri, haw, molla Kemine, bu günler eşek bilen arañ neneñdir? - diýýär.
Kemune hem baý bilen arasyny garyşlaýar-da:
- Eşek bilen-ä aram bir garyş eken - diýýär.

■ Gömlen garyplyk

Kemine özüniñ şol gadymy içmeginiñ egne alarlygy galmansoñ, ahyrda ony Maryda Porsugala diýlen ýerde gömüpdir.
Ol soñ bir märekä gelip:
- Ahaw, adamlar, men ähli garyplygy Porsugalada gömendirin welin, şol ýerini Garaýusuplar agtaraýmasyn - diýip tabşyrypdyr.

■ Git-de içmegiñi ýamat

Kemjne gelne degişmek üçin "Zülpüñ" goşgusyndan:
- Saçyñ her taryna ýüz müñ tümen isteseñ,
Nagt bereýin pullaryñ, bir-birden sana zülpüñ -
diýipdir. Gelin hem oña:
- Beýle puluñ köp bolsa, git-de içmegiñi ýamat - diýip jogap beripdir.

■ Size atalyk goşandam barmydy?

Bir gün bir baý dünýäden ötüpdir. Onuñ hossarlary:
- Işan gelsin, zadyny tereke edip bersin - diýip, adam iberenler.
Işan ýoldaş bolmaga bir amatly adam bolmandygy üçin Keminä "Ýoldaş boluñ" diýýär. Kemine:
- Bolýar, tagsyr, ýoldaş bolarys - diýýär.
Olar baýyñ öýüne barýarlar. Ony jynaza okap; ugradýarlar, bar malyny tereke edip, paýlamaga oturýarlar. Zady paýlansoñ, piriñ özi hem ölen baýyñ oglanlarynyñ birine düşýän ýaly zady "paýlanyma derek düşýän hakym" diýip, almakçy bolýar. Şol wagt Kemine:
- Işan aga, bu baýyñ size atalyk goşandam barmydy?! - diýen.

■ Mollasynyñ toklusy ýok

Kemine bilen köneden tanyş, onuñ şahandazlygyna belet käbir adamlar käte onuñ bilen degişme sözleri aýdyşyp, ýomak aýdyşar ekenler. Ine, günleriñ birinde iki sany dost biri-birine:
- Gel, şu Kemine dostumyza salama gideli - diýip, şahyryñ ýanyna ugranlar. Olar Keminäniñ öýüne baran mahaly, iki sany adam molla Kemineden sapak alyp, ders okap oturan ekeni.
Saglyk-amanlykdan soñ, ýañky iki dost Keminäniñ şägirtlerine garap:
- Ýeri ýigitler, näme işläp otyrsyñyz? - diýip soranlar.
Olar:
- Keimeb halypadan ders alýarys - diýenler. Onda bu iki dost:
- Bu gurap oturan, kepäp duran köne arydanam bir ders çykarmy?! Munuñ endamynda öl bara meñzeş däl-le - diýenler.
Şahyryñ şägirtleri:
- Biz-ä şunuñ bilýän ylmyna eýe bolubilsek, müñ kerem razy diýenler. Iki dost ýene ýeñ bermän:
- Keminede ylym näme işlesin, asla "toklynyñ" mollasy bolmaz. Kemine-de "tokly däldirin" diýebilmez ahyry - diýipdirler.
Şägirtler Keminäniñ ýüzüne seredişipdirler. Şol wagt Kemine bulara:
- Hany, ylym öwrenjegiñiz çyn bolsa bularyñ jogabyny özüñiz beriñ - diýen. Onsoñ bular ýañky iki dosta garap:
- Ýok, siz bileñzok: toklynyñ mollasy bar-da, mollanyñ toklusy ýok - diýip, jogap berenler.
Degişme gürrüñçilige gelen iki dost bu söze näme diýjeklerini bilmän, kanagatlanyp, yzlaryna gaýdanlar.

■ Aşyñy aja ber

Günlerde bir gün Kemine özünin tanalmaýan bir obasyna baran eken. Şol obada biri toý edýär ekeni. Kemine-de: "Gel-aý, şu obanyñam toýuny göreýin-le" diýip, märekäniñ gyrasyndan barýar. Çanak çekilip başlanýar. Geýnüwli, ýüpek gyzyl donly adamlary öñürti naharlaýarlar. Gyrada oturan garyp-pukaralara onçakly üns berýänem ýok. Kemine hem şolaryñ arasynda ekeni.
Soñ Kemine ýuwaşlyk bilen turup, obanyñ başga bir çetine baryp, öý eýesinden gyrmyzy don alyp, geýnip, bezenip-beslenip, ýene ýañky toý ýere gelýär.
Hälki toý ýeri derrew munuñ eşegini tutup, dañşyp, özüni-de töre geçirýärler. Kemine hem donunyñ sag syýyny çanagyñ erñegine eltip: "Iý, donum, iý" diýýär.
Adamlaryñ birnäçesi onuñ bu bolşuna gülşüp:
- Bu ýaşuly nähili adamkan?! - diýişýärler. Soñra oña:
- Heý-de donam bir nahar iýerimi, seniñ akylyñ bir ýerindemi? - diýenler. Onda Kemine:
- Ýap-ýañy öz köne-küşül egin-eşigim bilen ho-ol garyp-gasarlaryñ arasynda oturdym welin, hiç kimiñ gözüne ilmedi. Ynha, gyzyl don geýip geldim welin, başga ýagdaý. Hawa, adamlar, bu nahary maña däl, egnimdäki dona getirdiler. Onsoñ iýmelem şol bolýar-da - diýip, ol ýene sözüni dowam eden. - Asla, iýdirilmeli zatlar garyp-pukaralara paýdyr. Garyp barka, baýa sadaka degişlem däldir. Hawa, adamlar, "Aşyñy aja ber, gyzyñy aşyga" diýleniniñ biri şüdür.

■ Jüýje çybygyndan oña-da bagyşlaýaryn

Günleriñ bir gününde Kemine Hywadan göçüp gelýärkä, bir tanyş obasyna düşüpdir. Demini-dynjyny alansoñ, jüýjelerini iýmlemäge başlapdyr. Jüýjeler bolsa berlen iým-däneleriniñ üstünde urşup ugrapdyrlar. Kemine hem eline bir çybyk alyp, ýañky uruşýan jüýjeleri saýgylamaga başlapdyr. Ol wagt bu obanyñ mollasy gelip:
- A-a-ý, sakgaldaş! Jüýjeleriñ günäkärini tanap urgun - diýipdir.
Ozalam göç-gondan jany ýangynly Kemine:
- A molla kişi, size kim diýerler? - diýen.
Molla:
- Bize "molla behişdi" diýerler - diýip, jogap beripdir.
Onda Kemine:
- Eý, molla behuşdi, eger seni behiştde görsem, sesimi-üýnümi çykarmaryn, ýöne dowzahda görsem, geñ etmerin - diýen.
Bu söze ýañky mollanyñ girre gahaty gelip, Keminä topulypdyr. Adamlar muny tutup:
- Aý mollamyz, bu adama molla Kemine diýerler. Munuñ aýdan sözlerine ýylgyryp durmalydyr. Munuñky akyldyr. Bu adamynyñ sözi mähek daşy ýalydyr... - diýip, ony saklapdyrlar.
Kemine hem adamlara garap:
- Şol mollany saklap, görgi görip durmañ. Gaty gitse, jüýje çybygyndan oña-da bagyşlaýaryn - diýipdir.

■ Dänäñi saçawergin, Kemine ata!

Alymlar üýşmeleñinde Kemineden:
- Aý, halypa, şahyrlarda kim ýiti, kim ökde? - diýip sorapdyrlar.
Onda Kemine:
- Magtymguly Pyragydyr - diýipdir.
- Hany, seniñ goşgularyñam-a oñat ýaly-la. Biziñ üçin-ä örän täsirli.
Kemine:
- Sözüñ oragyny Magtymguly orandyr. Biziñki onuñ hoşasyny çöplemekdir - diýen. Alymlar:
- Hoşañ dänesi niçik bolar? - diýenler.
Kemine:
- Hoşany çöpläp üýşürip bolsa, dänesi dok bolar, samany ugursyz bolar - diýen.
Onda olar:
- Torgaýy düwündirip duran däne seçip bilseñ, Kemine ata, seniñki hem oñat ýer tutar. Dänäñi saçawergin - diýipdirler.


Категория: Degişmeler | Просмотров: 11 | Добавил: Admin | Теги: Mämmetweli Kemine | Рейтинг: 0.0/0
Mämmetweli Kemine awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar