08:56

Näbelli uçýan obýektleriñ senenamasy - Geň-taňsy wakalar


Awtor:
Bölüm: Geň-taňsy wakalar
Materýal: Näbelli uçýan obýektleriñ senenamasy

''Biziň eramyzdan öňki XXVI asyrda Huanhe derýasynyň boýlarynda hökümdarlyk eden imperator Huandi (b.e.öňki 2592-nji ýylda ölüpdir) wr onuň kömekçileri asmandan gelipdir. Olar adamlara guýy gazmagy, gaýyk bejermegi, tebipçilik etmegi we š.m. öwredipdir. Imperatoryň bir arabasy bar eken, ol aždarha ýaly asmana uçup bilýän eken. Bir ýerde durubam, ýöräbem bilýän eken''.
(Gadymy Hytaý golýazmasyndaky ýazgylardan).

''Haçanda daň atand, Gamo asman atyna mündi. Ony oňa Pušpaka Wiwpišandadan berip goýberipdi. Ol uçuša taýýar boldy. Bu araba öz-özünden ýöreýärdi... Ol beýikligine iki gatdan ybaratdy. Köp otaglary, penjireleri bardy. Haçan-da ol araba howada uçanda ondan birsydyrgyn ses ešdilýärdi. Ol asmanda süýnýän ýyldyz ýalydy. Ol tomus gijesindäki ot ýalydy...''
(Gadymy Hindi eposy ''Ramaýanadan''.

Biziň eramyzdan öňki XV asyrda Faraon Tutmos III šalyk edýän döwrüniň 22-nji ýylynda, gyšyň üçünji aýynda, gündiz sagat altyda asmanda otly šar peýda boldy. Ony görenler örän gorkdy.
(Gadymy Müsür golýazmasyndan)

''Arabanyň tizligi hakynda aýdylanda ol šeýledi, ýagny ol bada-bat ''asmanyň merjenine'' öwrülýär. Onuň tigirleri bilen Ýeriň adamlary howa galyp bilýärler, asmanyň adamlary hem Ýere düšüp bilýärler. Bu arabada ''Günüň etraplaryna'' we ýyldyzlaryň etraplaryna uçup bilýärler''.
(''Samarangara Sutradhara'' atly Sanskrit golýazmasyndan)

Ýuan Sýu diýen halk bardy. Gapbarçanak gaýykda ýüzüp gelipdir. Gaýyklary deňziň düýbüne çümýärdi, emma oňa suw girmeýärdi. Ony ''tolkunlary böwsüji'' diýip atlandyrdylar. Ol ýurduň öz üstlerinde örtgi dokaýardylar. Šihuan olar bilen asmanyň, Ýeriň döreýši hakda gürrüň edende, olar ähli zady öz gözleri bilen gören ýaly edip aýdýardylar. Ondan-da dašgary Ýuan SÝU-dan gelen adamlar ''gözleri ýyldyrym ýaly, gulaklary boýnundan ösüp çykan, hamy çaganyň hamy ýaly'', bir günüň dowamynda on müň li aralygy geçip bilýär, özlerem gorkuly energiýanyň eýeleri (onuň jöwen ýalyjak bir bölejigi uly bir hramy ýagtyldyp bilýär). Sin Šuhuan olar bilen gatnašmagyny ''keramatlylar'', ''jadygöýler'' bilen edilen gatnašyk hasaplaýar''.
(Gündogar Szin dinastiýasy döwründe düzülen täsin wakalaryň on tomlugyndan)

Isgender Zülkarneýniň biziň eramyzdan öňki 322-nji ýylda Tir šäherini gaban pursady, onuň lageriniň üstünde bäš sany ''uçýany köpürjik'' (šar) peýda bolup, üçburçlyk šekilini emele getiripdir. Olar Tir šäheriniň üstünden, iki tarapyň-da gošunynynyň agzyny aňkardyp, eýläk-beýläk uçušyp bašlapdyr. Birden-de šarlaryň ulusyndan ýyldyrym çakyp, diwaryň bir bölegini böwsüpdir. Soňra ýyldyrym diwardan hem-de gorag minaralaryndan hokga dešik açyp, Isgenderiň gošuny girer ýaly ýol ýasapdyr. Ahyrda-da ''šarlar'' aklyň sygmajak tizlik bilen gözden gaýdyp bolupdyr''
(Gadymy Isgendernamadan)

Gadym-gadym wagtda, legendar Ýaonyň hökümdarlyk eden döwründe, asmanda birbada on sany Gün görnüpdir''.
(Biziň eramyzdan öňki döwürde ýazylan Hytaý golýazmadan.

''Emma, men rimlileriň çaklamalary hakda aýtmakçy. Senatymyz Siwillanyň kitaplary bilen nähili ýygy-ýygydan maslahat edýär. Meselem, asmanda ot ýalny peýda bolanda garaňky gijede asmanda Gün dogupdyr. Ýokarda šowhun ešidilipdir. Göýä asman ýarylyp giden ýaly bolupdyr''
(Siseron ''Öňden görüjilik hakda'' I kitap, 53-nji bap).

Biziň eramyzdan öňki 395-nji ýylda spartalylar deňiz söwešinde ýeňlip, grek imperiýasyny ýitirenlerinde, asmanda ägirt uly otly ''pürsler'' peýda boldy.
(Senekanyň ýazgylaryndan)

Biziň eramyzdan öňki 222-nji ýylda Gneý Domisiý we Gaý Faniý konsul bolan wagtynda asmanda bir wagtda üç sany Aý peýda bolupdyr''
(Pliniý ''Tebigy taryh'' 22-nji bap).

Biziň eramyzdan öňki 222-nji ýylda Gneý Domisiý we Gaý Faniý konsul bolan wagtynda asmanda bir wagtda üç sany Aý peýda bolupdyr''.

(Pliniý, ''Tebigy taryh'' 22-nji bap)

Biziň eramyzdan öňki 218-nji ýyl, Amiterno oblastynda ak ešikli nämälim kišiler köp gezek peýda boldy. Praekestde asmanda galkan göründi. Aý Gün bilen görüšdi we gijäniň ýarymynda iki Aý peýda boldy. Asmanda täsin gämiler göründi.
(Tit Liwiý ''Taryh'', 21-nji kitap, 61 sah)

B.e.öňki 214-nji ýyl, Adriýa asmanynda mährap we onuň ýanynda adam šekilindäki kölege peýda boldy''.

Liwiý 21-nji kitap, 62-nji sah

B.e.öň 214 ý. Ariminiumda we Italiýanyň bašga jaýlarynda gijeki asman gündizlik ýaly ýagtylyp gitdi we üç Aý peýda boldy''
(Dio Kassiý ''Rimiň taryhy'', 2-nji kitap, 44-nji tom)

B.e.öň 175-nji ýyl. Bir gezek üç sany Gün peýda boldy. Gije Liniwiumyň depesinden birnäçe ýyldyz asmany kesip geçdi

(Obsekwens, 42-nji bap)

B.e.öñki 91-nji ýylda Spoletiumyň ýakynynda asmandan altyn reňkdäki, otly šar düšüp bašlady, ol bardygysaýy ulalýardy. Soňra šar göterilip gitdi we gündogara tarap ýol aldy. Ol gündenem uludy.

(Obsekwens, 145-nji bap)

B.e.öňki 66-njy ýyl, Gneý Oktawiý we Gaý Swetoniý konsulluk edýän wagtynda ýyldyzardan uçgun düšüp gelýändigi görüldi. Ol barha ulalyp, Aýyň möçberine ýetende ýaýylyp gitdi we ýagty buluda öwrüldi. Soň ol ýene jemlenip asmana gaýdyp gitdi. Bu šuňa meňzeš hadysa hakda ýeke-täk maglumatdyr. Šu wakany prokonsul Silen we onuň hyzmatkärleri hem gördüler''.
(Pliniý, ''Tebigy taryh'', 22-nji kitap, 35-nji bap)

Elektron görnüşe geçiren: Peşeñ ogly AFRASYÝAP


Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 7 | Добавил: Admin | Теги: Arazbaý Öräýew | Рейтинг: 0.0/0
Arazbaý Öräýew awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar