19:41

Näzenin - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Näzenin

Güneş çogy kibi gyzgyn lebleriñ,
Datlydygna göwnüm bitdi, näzenin.
Galbañ göwüslerñi sypan ýelleriiñ,
Bagtlydygna gözüm gitdi, näzenin.

Zülplerñe çolaşan ýigit hyýalym,
Ýañaklaryñ ak dañlar dek aýanym,
Alkymyñda görnen Aýyñ jemaly,
Gara bagry ezip gitdi, näzenin.

Tekepbir gyz badyhowa gelse-de,
Duýgym pyntyk ýarandygyn bilse-de,
Il gözüne, bir añmadyk bolsa-da,
Garaýşymdan syzyp gitdi näzenin.

Yşgyñ ýüreklere keşbin çiteni,
Gül bedenden örtenip dur keteni,
Baýdak edinipdir haýa-edebi,
Umydymy üzüp gitdi näzenin.

Görseñ, asyl habar gatmaz ýaly däl,
Ýogsa menem akly ýiten däli däl,
Ýazanyn waspynyñ heniz ýary däl,
Duýgym sözden ozup gitdi näzenin.

* * *

"Bagyşla, garagöz, seni söýýärin",
Bagyşla, şu sözi diýmänim üçin.
Garaýşymdan añdyrsa-da gözlerim,
Men günäkär däl-ä duýmanyñ üçin.

Söýgi bolup, ýagyp ýörün diñmäni,
Oýnap ýörmüñ men deý däli-düñläni,
Aýdyp bilmän aýdylmaly jümläni,
Bagyşla, jaý wagty dymýanym üçin.

Ýöne weli, unutmagyn bir zady,
Sen kalbymyñ mizemejek binýady,
Menem bir gün meşhur borun dünýäde,
Diñe seni, seni söýýänim üçin.

Wagtyñ erki Aý-Gün dogup, batyp dur,
Umydyñ dowamy dañlar atyp dur,
Bu dünýäm owadan, dowam edip dur,
Diñe seni, seni söýýänim üçin.


Категория: Goşgular | Просмотров: 10 | Добавил: Admin | Теги: Toýly ÖWEZOW | Рейтинг: 0.0/0
Toýly ÖWEZOW awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar