12:59

Peder tumary / romandan bölek - Romanlar


Awtor:
Bölüm: Romanlar
Materýal: Peder tumary / romandan bölek

Tokaý içindäki bu hasratly ýalñyz jaýyñ yzly-yzyna nahar çekilip oturylan garbanyşhana däldigi hemmä düşnüklidi. Añryña ölmez-ödi bir zat düşdümi - Alla ýaryñ, çagalara hemaýatyñ ýetmejek bolsa indi galybermeli. Aç gelip, aç çykyp gitmäniñe şükür et. Ýumruk ýaly gyzjagazyñ maşgalanyñ soñky çöregini esgerler bilen deñ paýlaşanyny az görme. Indi olarda işikden gelen bilen paýlaşara gözýaşdan başga, megerem, hiç zat galmadyk bolsa gerek. Dert-azary özüne ýetik bu öýden hem onuñ göz monjugy ýaly eýjejik eýelerinden mundan başga asla nämä garaşjak?
Esgerler turmak bilen boldular. Komanduriñ özi turmazyndan öñinçä daşaryk göz aýlap geldi-de, gitdik diýen manyda gapa tarap ümledi. Oglanlaryñ hemmesi daş çykandan soñ Zwýaginsew gyzjagazyñ ýañagyndan taýly gezek ogşady-da, minnetdarlyk bildirdi, oglanjyklaryñ hersi bilen aýratynlykda elini gysyp hoşlaşdy.
Komandiriñ daş çykaryna mähetdel, Gara bir zady bahanalady-da yza, jaýa dolandy. Kän eglenmänem, ýene-de tokaýa tarap haýdaşyp barýan ýoldaşlarynyñ arasyna goşuldy. Şol wagt hem ýañky jaýyñ zarp bilen açylan penjiresinden atylyp çykan ýeke söz aýylganç höküm ýaly bolyp, asuda säheriñ içine siñip gitdi.
- Faşist!
Her kim duran-duran ýerinde doñup galdy. Töwerekden duşmany görjek bolan, hatda ýere ýazyljak bolan hem tapyldy. Ýöne Maşanyñ Garany nazarlap duran owasy gözýaşdan doly mawy gözleri başga "duşmandan" habar berýärdi.
"Ogry syrty gowşak" diýleni, ara düşen bu alasarmyk ýagdaýy Garanyñ özi aýdyñlaşdyryp berdi. Ol köýneginiñ içinden Maşanyñ özleri üçin aýryp goýan hälki ýarty çöregini çykaryp, komandire tarap uzatdy-da:
- Muny men özüm üçin alamok, Alla kessin, siz üçin aldym! - diýip, özüni aklamaga durdy. Komandir Garanyñ ýañky aýdanlarynyñ bir sözüne düşünmese-de, nämäniñ-nämedigine ýagşy akyl ýetiripdi. Hatda eýýäm öz ýanyndan oña jeza çäresinem kesgitläpdi: çaltlyk bilen sapançasyny gabyndan çykaranda:
- Hany, beýleräk çyk! - diýip azgyryldy.
Atamyrat ur-tut ara goşulmadyk bolanda bu zatlaryñ soñunyñ näme bilen gutarjagy belli däldi. Uly sürüden tazygan ýaly bolup ýören bäş esgeriñ biriniñ kemeläýmegi-de juda mümkindi. Hernä ol obadaşyny dogry gelen ajaldan alyp galdy - ylgap çöregi yzyna eltip geldi-de, komandire haýyş ediji äheñde bir zatlary düşündirdi. Şondan soñ näme üçindir Zwýaginsew onuñ üçin öz ýanyndan çykaran başky hökümini ýatyryp, diñe gözüni alartmak bilen çäklendi.
Reñki hemişe öz adyna gelşip duran hem bolsa, Garanyñ häzirki keşbi edil heke batyrylyp çykarylan ýalydy. Aljyrap durşuna, kimden haraý gözlejegini bilmeýän ýaly, her kimiñ ýüzüne naýynjar bakyp çykdy. Hatda hiç kime bildirtmän, ýuwaşlyk bilen elini syrtyna aýlap gördi... Komandiriñ birneme köşeşenini añşyransoñ bolsa az-kem özüne gelip, demini dürsedi. Iñ yzdan ätiýaçlyrak ýöräp barşyna öz ýanyndan burnuna salyp mydyrdady:
- Bä, ahmal bolsañ ataýjagam-aý...
Esgerler tokaýyñ gür ýerine özlerini atan batlaryna ädimlerini gowşatdylar. Soñra bolsa amatly bir ýerde az salymlyk aýak epdiler.
- Hany, bir çilim çekeliñ, onsoñ haýsy ugra gitmelidigini kesgitläris.
Rýadowoý Semýonow jübüsinden temmäki haltasyny çykardy-da, Atamyrada uzatdy:
- Ata, me, gardaş, sen dolasan-a, meñ şu başam barmagym diýen etmejek bolýa.
Saşa her gezek, mümkinçilik bolan pursady temmäkini Atamyrada ýasatmak üçin bir bahanajyk tapardy. Gowy tarapy ol çilim ýasanda edil fabrikden çykan ýaly edip berýärdi. Gowy ýasalan çilimiñ neşesem bir başga. Onsoñam Atamyrat ondan kän çekjek bolup ölüp-öçüp baranokdy.
Ol esger ýoldaşynyñ bu gezek hem raýyny ýykmady, bir enaýy edip çilim ýasap berdi-de, özem otlady. Iki gezek sorubam ony özüne berdi. Şol wagt beýle gapdalyndan egin deñläp, gysmyljyrap oturan Gara ony hürsekläp goýberdi:
- Nädýäñ-aý, walla, bärden aýlaýmal-a. Ýene obadaş diýjeksiñ. Ýeri, şo menden gowy boldumy?!
"Urşam-a uruş welin, şü-de maña kiçi ýagy däl-ow, halys alyp ýatjak" diýip, Atamyrat öz ýanyndan oýlandy-da, uludan demini aldy:
- Bolýa, indikide hökman şeýderin...
Komandir töwerege ser salýança säher bilen çilim teýi edinen bäş kişi bäş ýerden bolşuna görä çilimläp keýpden çykdy. Dünýeden elli bizar ýaly bolup, arkasyny agaja diräp, gözüni süzüp oturan Abbas bolsa hatda hiñlenmäge-de gurbat tapdy.

Bu kälän ýar olaýdy,
Älinde nar olaýdy,
Ikimiz bir - köýnäkdä,
Köýnäk-dä dar olaýdy.

- Diñle, Ata, şu aýdym näme üçindir obany ýada salýar - diýip, ýap-ýañyja çilim üçin torsarylyp oturan Gara ýene ońa tarap gysmyljyrady.
- Señ näme, obañ Azerbaýjandamy?
- Bolmanda näme. Diñle, edil türkmençe aýdýan ýalag-a. Ýogsa-da oba-beýleki señ azaryña-da däl-laý. Walla, meñ-ä oba edil gözümiñ öñünde çüýlenen ýaly bolup dur.
"Gör-le muñ tapýanyny. Näme, indi men oba diýip munuñ ýanynda aglamalymykam?!."
- Ata, gel, gowusy ikimiz bir zat edeli - diýip, ol beýlekiler eşitmez ýaly, onuñ edil gulagyna gürläp başlady. - Sen dil bilýäñ, ugur-utga bilýäñ, beýdip tokaýda sañsyraklaşyp ýörmäli-de, yza jyraly. Bir alajyny tapyp, rugdada gidilýän hat-petegi düzedip bilersiñ-ä. Ýa-da... Ýa bolmasa bir elimizi ýaralaly. Sen meñkiden at, menem señkiden. Bir ýaradan ölen ýok. Oña derek oba dolanyp bararys. Ata, men şu zatlary seni doganym ýaly göremsoñ aýdyp otyryn. Sözüme ynanmasañ, gel, dogan okaşaly. Eşidýäñmi, hany, aýtsana bir zat?
Bu gürrüñleri üçin Atamyrat obadaşyna kän zat aýtjakdy, arman diñe onuñ ýüzüne ýigrençdir kinaýa bilen garamakdan başga zada ýetişmedi. Komandiriñ:
- Oglanlar, gizleniñ! - diýip, bir ýerlerden eşidilen sesini awtomat oklarynyñ zenzelesi tapba kesdi. Bäş esgeriñ bäşisem tüpeñe ýapyşdy. Sesiñ haýsy tarapdan gelenligi birbada añşyrtmady. Ýöne ony añşyrjak bolmagyñ asla hajaty hem bolmady - sereden tarapyñdan eli awtomatly nemes soldatlary süýşüp gelýärdiler. Garşylyk görkezjek bolmagyñ-da zerurlygynyñ ýoklugy indi hemmeler üçin aýan boldy. Eli ýalañaç sapançaly nemes ofiseriniñ agzyndan çykan haýbatly iki söz bolsa ähli umytlaryń nokadyny goýdy:
- Hendi hoh!
Tüpeñleriñ ýere taşlanyp, gollaryñ bolsa göterilenine magat göz ýetiren ofiser ýesirleriñ edil alkymyna geldi-de, hamala tanajak bolýan ýaly, olary depesinden dabanyna çenli ýekän-ýekän synlady. Soñra şaññy sesi bilen olaryñ sussuny basjak bolýan terzde haýbat bilen gürledi:
- Arañyzda kommunist barmy? - Fris sowalynyñ jogabyny esgerleriñ gözünden okajak bolýan ýaly, olary ýene-de ýeke-ýeke nazaryndan geçirdi. Emma jogap tapmady. - Eşidýäñizmi, men size arañyzda kommunist barmy diýýän?! - diýip, ol bu gezek ýañky sowalyny has-da haýbatly gaýtalady. Soñra ýene-de olary gözden geçirmäge durdy. Birdenkä-de ol ýesirleriñ gözlerinden gözleýän jogabynu gara pyýadanyñ barmagynda görüp galdy: ol ýuwaşlyk bilen başam barmagyny daýanykly görmegeý ýigide tarap çommaldyp durdy.
- Sen kommunistmi? - diýip, nemes ofiseri Atamyradyñ alkymyna dykylyp bardy.
Ol häzir kommunistligiñi boýun almaklygyñ öz ölümiñ hökümini boýun almak bilen deñeçerdigini bilip duran bolsa-da yza gaýtmady. Yza gaýtmak barada asla pikirem etmedi. Sesini çykarman baş atdy-da, ýanyndakylardan sähelçe öñe çykyp duruberdi.
- Ýene barmy?
Ne yşarat göründi, ne-de jogap eşidildi. Şonuñ üçin hem soragy gutardym eden ofiser ýeke-täk kommuniste öñräge, ganawyñ gyrasyna barmagy buýurdy. Ýöne Atamyrat ädim urmaga gyssanmady, ençe wagtlap duz-emek bolan söweşdeş ýoldaşlary bilen hoşlaşasy geldi. Olary hatda iñ soñky gezek bagryna basasy geldi. Ýüregi mähir küýsedi. Abbasyñ hüwdi ýaly aýdymyny küýsedi. Bolmanda "Hoş gal, dost" diýen sesi küýsedi. Uzakda galan obany, tamdyrdan çykan çöregiñ ysyny küýsedi. Soltany küýsedi. Çagalary küýsedi. Hyýalynda gelnini bagryna basyp, razylaşyp hoşlaşdy: "Soltan jan, bu kysmatdyr, oña bizde çäre ýok. Çagalary hor etme, özüñem gynama. Meñ üçin olaryñ hiç wagt ýüzi gyzmaz. Oñarsañ, olara şony düşündir... Gaýrat et. Men saña başga näme diýeýin, ezizim!.."
Nemes ofiseriniñ jabjynyp gygyrýan sesi soñky gezek gulagyna ilende Atamyrat göwünli-göwünsiz ädimläp başlady. Üç-dört ädim ädip sägindi-de, yzyna gañryldy. Şonda ol dört esgeriñ üçüsiniñ gözünde duýgudaşlyk hem hoşlaşyk gözýaşlaryny gördi. Soñky biriniñ gözlerini görmek başartmady, näme üçindir onuñ ýüzi ýere garap durdy...
Ol öz gözleriniñ hem owasynyñ dolanyny soñ duýup galdy. "Eý Alla, indi şeýdip gidibermelimikä? Armanly ölüm-ä boldy-ow... Elbet, ýaşasyñ gelýändigini boýun almak namartlygy añladýan däldir, ahbetin. Men duşmandan aman dilämog-a. Ýok, aman dilämok. Alladan iman dileýän, ýöne aman dilämok..."
Näme üçindir onuñ ýene bir ýola ýoldaşlaryna tarap göz aýlasy geldi: iñ soñly pursat ýüregi ýene näme küýsedi, ýene näme hyýalyna geldi, ýene nämeler aýtjak boldy - sapançanyñ çasly çykan sesi ol sowallaryñ ählisini ýigidiñ gara-köýük arzuw-hyýallarynyñ arasyna dolap alyp gitdi...

© Annageldi NURGELDIÝEW,
© Kakamyrat BALLYÝEW.


Категория: Romanlar | Просмотров: 10 | Добавил: Admin | Теги: Kakamyrat BALLYÝEW | Рейтинг: 0.0/0
Kakamyrat BALLYÝEW awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar