12:12

Selma, Sen hem unut balam! - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Selma, Sen hem unut balam!

Bir agşamdy,
                    öýmüze ajal ganat geripdi,
Ejeñi jellat kimin urup ýere seripdi.
Ölüm bilen dikleşen bir ömüriñ göreşi,
Sekiz ýyldan soñra togtap, Hak huzurna barypdy.
Adalaryñ deñizinde batan agşam Güneşi,
Öçük, solgun yşygyny tokaýlara döküpdi.
Öýde ýokduñ, soñra geldiñ, dagda-düzde gezipdiñ,
Emma, bilmen bu şumlugy nirden, nädip syzypsyñ?
Garamyk deý gözleriñe sussupeslik çöküpdi,
Gözýaşymdan aýylganç syr gözleýän gözleriñ,
Doñup galan wyždanyma tümlükleri serpip dur,
"Kaka, ejem nirde?" diýdiñ, depe saçym üýşüp dur:
Hanjar kimin ruhuma çümdi gamly sözleriñ.
Soñ-soñlaram "Ejem nirde?" diýip käte sorarsyñ,
Gözýaşlarym çekgämden ogryn-ogryn akýarka,
Alyslardan bir zat gözlär, gözýetime bakýarka;
Meniñ biparh gözlerimde umytlarñy gözlärsiñ.
Ol betbagt biçäräni seret men hem unudýan,
Kalbymdaky perýadymy hüwdi çekip ukladýan.
Unut gyzym, senem unut,
                                          ýatlama indi adyn,
Kesekidir ol bize,
                             sorap durma her daýym.
Sorama balam sorama,
                                         bilemok men nirde ol,
Ony örten gara toprak aramyza perde ol.
"Ol agaçlar niredekä?" diýme maña gözelim!
Gel ikimiz söhbet edip, tokaýlykda gezeli.
Ol agaçlar batyp giden güneşleriñ kölgesi,
Ol serwiler hyýal bolan barlyklaryñ ülkesi.
Seret bärde, pyntyk ýaran nahallar bar, guşlar bar,
Al-ýaşyl güle bürenip gelin kimim agaçlar.
Seretsene!
                  ýaz gelipdir,
                                     ýaşaýyşyñ nury bar.
Gözýaşmyñ daman ýerinde gül-gunçalar açylýar.
Güneş señki,
                   bahar señki,
                                     seret senem bir gülsüñ,
Ýylgyr,
            meniñ çöken göwnüm ýylgyrşyña galkynsyn,
Ümsüm daglar señ gülkiñe jogap bersin, tolgunsyn.
Ölüm keşbindäki syryñ manysyny oýlanma
Kölege deý bir barlygyñ golaýynda aýlanma
Ertesi ýok, art-bujaksyz tümlükleriñ içinde
Uçgun deýin bir pursatlyk ýanyp-öçüp gideris.
Barlyk şudur meniñ üçin,
                                          hatda seniñ üçinem;
"Hany hakykat?" diýip durkañ salgymlara döneris.
Geçdi, ençe ýüzler gördüm, undupdyryn, bes-belli;
Her ýüze bir hyýal siñdi,
                                          gowuşan ýok myrada
Unut balam, senem unut!
Bu ölümli dünýäde
Her jepany unutmakdyr bizler üçin teselli.
Güýzüñ gaýgy-gussasyny gözlerimden okama!..

Ryza Tewfik BÖLÜKBAŞY.
          

Terjime eden: Has TÜRKMEN.


Категория: Goşgular | Просмотров: 12 | Добавил: Admin | Теги: Ryza Tewfik BÖLÜKBAŞY | Рейтинг: 0.0/0
Ryza Tewfik BÖLÜKBAŞY awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar