08:20

Toba - Hekaýalar


Awtor:
Bölüm: Hekaýalar
Materýal: Toba

(JEZA BERIJI ESKADRON)

Ýylda bir öwran älemi esrik ner dek kükredýän joşgunly bahar düñle sährany-da jadylaýjy demi bilen tanalmaz ýaly özgerdipdi. Asman giñişliginde ýukajyk bulutlaryñ arasynda agaýana ýüzýän Gün giñ jahany süýt ýaly ak nurdan dolduryp, ýaşyl begres ýapynan al-gyrmyzy gülli çöl-beýewana ajaýyp bir görk berýärdi. Salkyn sähradan nyzam bilen uzak ýola barýan atly esgerler añyrsy görünmeýän dury howaly gözýetime siñe-siñe seredip, täze gurulýan ýoksullar dünýäsiniñ başy gök dirän belent köşklerini, behişdi baglaryny görselerem, şu mahal geñ galjak däldiler. Aglabasy ýaş ýigitlerden ybarat bolan esgerleriñ göwünleri ynamdan hem arzuwdan ýaña joşup-daşyp durdy. Gapdallap sürüp gelýän eskadron komandiri esgerleriñ göwün hyýalyny hasam ganatlandyryp gepleýärdi:
- Görüñ-ä, görüñ-ä bu gülälekli zollary! Yllaki ynkylabyñ gyrmyzy, baýdagy düşelen ýaly! Akja, gökje, saryja güller bolsa, biziñ şanly baýdagymyzyñ zer seçegi dek seçelenipdir! Men size näme diýjek bolýan? Şu owadan, ajaýyp dünýä mundan beýläk tutuşlygyna biziñkidir diýmek isleýän! Aýdymda aýdylyşy ýaly: "Bu ýagtylyk, täze döwran biziñki!.." Hanha, serediñ, sag ýanymyz bilen deñme-deñ uzap gelýän aññat-aññat gum ulgamlary-da, han-ha, çep ýanymyzy tutup ýatan otly-çemenli ümmülmez düzlügem, alnymyzdaky çoganly-ýowşanly titirligem, şu çölüstanda agyp-dönüp ýören süri-süri dowarlaram, iri mallaram ~ hemmesi, hemmesi biziñki! Birinji wezipe ~ biz ganym baýlaryñ, begleriñ, işan-mollalaryñ gala-galmasynam tizden-tiz ýok edip, şuralar ýurdumyzy şolardan päkläp, bagt kölüne batyp ýaşabermeli! Kimde-kim ozal hiç bolan bolsa, indi güýç boldy. Kimde-kim ozal güýç bolan bolsa, indi puç boldy. Biliñizdäki dembermez gylyçdan, egniñizdäki suw ýaly bäşatardan, sarsmaz dag ýaly bolup arkañyzda direnip duran partiýa, hökümetden minnet çekiñ!..
Komandiriñ manyly sözleri ýeke bir esgerlere däl-de, hatda olaryñ horguryşyp, guýruklaryny bulaýlaşyp göwünjeñ gadam urýan atlaryna-da täsir edýän ýalydy. Öñ meýletinleriñ otrýady hasaplanan bu esgerler ýañy-ýakynda täze harby geýim hem ýarag bilen beslenip, hökümediñ atly polkuna goşulypdy. Egni ýaşyl gimnastýorkaly, bili kaýyş kemerli, başy zommak budýonowkaly, mañlaýy gyzyl ýyldyzly atlylar täp-täzeje harby eşikde öz-özlerine guwanç duýgusyny syzýardylar. Dogrudanam, öñler obada iş-pişesiz söwedeñleşip ýören bikär oglanlar kim? Bularyñ haýsam bolsa biri edil şu sypatda dogup-dörän köne obalaryna toý mähellesiniñ gyrasyndan sürüp baraýsa dagy, obadaşlary içlerini çekişip: "Bäh, bi Garaja batyrmy-aý! Edil tanar ýaly bolmandyr-ow zaññaryñ biri!" diýşerler. Çülpeje oglanlar onuñ mañlaýyndaky gyzyl ýyldyzyna, jylawyny çeýnäp bökjekleýän atyna, tüpeñine-gylyjyna höwes bilen garasa, öñ mahalky ulumsy gelin-gyzlar indi onuñ harby geýimiñ täsiri bilen dikgerip gönelen göze ýakymly boý-syratyna-da ogryn-ogryn gözlemän durmasalar gerek!
Şu pursatda komandir gum tarapdan atyny hasyrdadyp eñip gelýän gözegçi esgeri görüp:
- Eskadron! Aýak çek! - diýop buýruk berdi-de, gyssanyp gelýäne garşy sürdi.
- Näme gördüñiz? Basmaçymy? Gaçakçymy? Näçe atly?
- Hiç zadam göremzok, ýoldaş kemendir!
- Onda näme aldyranyñ bar ýaly atylyp gelýäñ?! Hany ýanyñdaky nirede?
- Ol gözetleýär, ýoldaş kemendir! Men bolsam başga zat aýdaýyn diýip geldim...
Esger üzeññä galup dikeldi-de, ilerki guma bakan boýnuny süýndürdi, eliniñ aýasyny gulagyna eltip, tutuşlygyna gulaga öwrülip diñ salmaga başlady. Eşitgirlikde deñi-taýy bolmadyk, şol sebäplem "Bäpbe diñçi" adyny alan bu esger üşerilip duransoñ:
- Eşidýän, ýoldaş kemendir! - diýip, gizlin bir syryñ üstüni açan ýaly dillendi. - Şahlak gär serkäniñ boýnundaky jañyñ düññürdisini eşidýän: düññül-zaryñ, düññül-zaryñ... Aýak ýeterde agyr süri bar, agyr süri!
Hoş habar üç toplum bolup duran atlylaryñ arasynda şadyýan seslenme döretdi. Begenjine: "Jan saña!" diýenlerem boldy. Şorsuran zaññarlaryñ täzeje etden çekdirme ýa börtme iýenlerine ýarym aý dagy bolupdy.
- Baýyñ sürüsidir öýtseñiz, baryp gaýdyberseñizem bolar - diýip, Aşyr özüniñ mañlaýy ýyldyzly komandir papagyny galdyryp, akja-ýaglyk bilen ýüzüniñ derisini çaldy.
- Häý, süri bolsa, baýyñky bor-da, ýoldaş kemendir! Garypda süri nireden bolsun?
Bäpbe diñçi şeý diýip, dişlerini bihaýa syrtardyp gülen bolup dur. Toplum atlylaram hehede-hehe boluşýar işdämen ýalmawuzlar.
Aşyr komandir üç-dört atlyny süriniñ üstüne iberdi-de, gumuñ goltugynda, akja çägäniñ üstünde, rahat ýerde düşlemegi buýruk berdi. Esgerler atlaryny ýalañaçlap, olary uzgam çöketligi basyran hem adaja şemala ülpüldäp öwşün atýan ýumşajyk urkaçy selinlige goýberdiler.
Harby eşik syratly synasyna diýseñ ýaraşýan ak ýüzli, uzyn boýly komandir dynç almaga oturan ýigitlere ädiklerini çykarmaga, guşaklaryny ýazdyrmaga rugsat berdi-de, olaryñ öñünde iki ýana gezmeläp, göwnüne gelýän pikirlere gümra boldy: "Häzir baýlaryñ ýüz müñlerçe dowary, düýe maly gum içinde, yllaki gurt ýaly elewräp ýör. Gan içen ganymlar indi mal-halyndan ellibizar geçip, janyny gutaryp bilseler razy bolaýmaly boldy. Türkmenistanyñ Merkezi ispolnitel komitetiniñ hem-de Halk Komissarlar Sowetiniñ Karary esasynda häzir gumly baýlaryñ, kulaklaryñ müñläp dowary täze gurulýan sowhozlara hem kolhozlara mugt berilýär. Eýeleri bolsa synp hökmünde ýok edilmäge degişli. Ýerbent hem Kyrkguýy çarwaçylyk raýonlarynda bu işiñ depgini entek pes hasaplanýar. Käbir baýlar goñşy ýurtlara malyny sürüp gaçyp gitmäge hyýal edýär. Biziñ eskadronymyzyñ ýörite harby tabşyryk bilen häzirki barşy hem sekiz süri goýnuny, ýüze ýakyn düýesini daşary ýurda aşyrmak üçin ýola düşen ady belli baýy serhetden aşmanka ele salmak. Onuñ göçüni çopan-çolugy, dogan-garyndaşy, aýal-ebtady, çaga-çugasy hem ýanlaryndaky garawul basmaçylary bilen bile toparlaýyn ele salyp tutup alyp gaýtmak. Ýüz adamdan jemlenen atly-ýaragly, pulomýotly eskadrona şol gaçakçylaryñ suwytly gaýtawul berip bilmejegi mälim hem welin, ýöne şu ýigitleriñ arasynda jeñde ganjaryşyp görmediklerem, hatda horazyñ damagyny çal diýseñ eli titreýän "ejem ogullary" hem bar bolmaly. Söweşde ýaraly bolup ýesir düşen baý guýruklary heran-haçan janyýangynly gargynjyrap, awusyny pürküp, häzirem köne zamandaky ýaly, garyp-pukarany adam hasabynda görmeýändigini bildirýär. Şonda olary golaý garyndaşlary bilen bilelikde gylyçdan geçirmek zerurlygy ýüze çykýar. Ine, şeýle zerurlyk ýüze çykanda, şu gögele oglanlara: "Çap! Pürrele! Dogram-dogram et!" diýseñ, ýaýdanyşyp dursalar gerek. Çagalykda, obada, düşünjesiz, yzagalak adamlaryñ arasynda gulaklaryna guýlan bolgusyz zatlar: "Dünýäde iñ günä zat ganhorlukdyr, ganhory dowzahda jyzyrdadyp oda ýakarlar" diýen ýaly köne pikirler olary aýgytly hereket etmäge ýol bermez. Añrysyna seretseñem, bularyñ ýüreginde entek synpy ýigrenjiñ ody lowlap ýananok. Şol ody ölçerip güwletmeseñ, bulardan hiç wagtam işçi-daýhan gyzyl goşun çykmaz! Baýyñ goýnuny iýip gerk-gäbe bolmak dagy nämejik! Bulary baýyñ sallançakda ýatan posalajyk balalaryny lak-luk atmaga ukyply edip terbiýelemeli!.."
Esgerler bolsa bu mahal toplum-toplum bölünip, her toplum bir zada gyzygyp, gülşüp-bälçireşip, oýun-henek edişip otyrdy. Tejenli - saragtlylaryñ üýşmeleñi beýlekilere garanda has şahandaz, garagol bolup, olaryñ şowhuny has göçgünli çykýardy. Bu toparyñ ortasynda köneje dutaryny gazalap, kellesini gaty-gaty bulaýlap, "heý-heý-heý!" edýän ýapbyldak bagşy öýlenmedik oglanlary gyjyndyrýan, olaryñ hyjuwyny atlandyrýan aýdymlary sanaýardy. Bagşy: "Ak mämäñe çybyn gonmuş oglankañ, ulalanda yzy görner, Akmeñli!" diýende, daşyndakylar: "Howjan! Diliñe döneýin! Göwnüm bol!" diýip gowur turuzýardy. Bettan atly ýaman gorsaw birisi bolsa: "Görkeziñ maña şol gonmasyz ýere gonýan haramzada çybyny! Ýazzy mañlaýyndan garsyldadaýyn men onuñ!" diýip, gara çyny bilen gygyrýardy.
Aşyr komandir şol Bettanyñ öz obasyndaky baýy ar-namys üstünde jöwher pyçak bilen garnap gaýdandygyny hem-de hökümetden arka gözläp, gyzyl goşuna girendigini oñat bilýärdi. Şunuñ ýaly, iki tarapyny deñlänler eskadronda ýene-de bäşleñ-üçleñ bardy. Bular telpegini al diýseñ, kellesini almaga taýyn, jeñde arkaýyn bil baglap boljak dyzmaç, dözümli kişilerdi. Emma synpy duşmany ýek ýigrenmek hyjuwy şu sanlyja adamda bolşy ýaly, beýlekilerde-de bolsady! Galanlaryñ hem ýüregini ýigrençden ýaña hyñlap durar ýaly etmek üçin, türkmeniñ iñ ýaman görýän zadyny ~ ar-namysy orta atyp gyjalat bermäni ulanmak dogry bolsa gerek. Aşyr komandir şu niýet bilen elini galdyryp yşarat etdi-de, özüniñ näme-de bolsa bir zat aýtjakdygyny añdyrdy. Bagşyly topar "ýuwaşda-ýuwaş" diýşip dymanda, komandir oturanlara golaýrak durup gepledi.
- Haý, batyr ýigitler! Bettanyñ ýañky aýdan jaýdar sözüni hemmäñiz eşidensiñiz. Gulpaklyja gyzyñ entek tözlenmedik mämesine neşderini sanjan wagşy çybynyñ ýazzy mañlaýyndan garsyldadyp ataýyn diýýär ol. Gaty dürs aýdýar. Emma onuñ sözi wagşyýana çybyn hakda aýdylman, ynsanlygyny ýitiren ýyrtyjy baý dogruda aýdylsa, hasam uly mana eýe bolardy. Men size bir baýyñ gürrüñini bermekçi. Şonuñ ýaly baý siziñ her biriñiziñ obañyzda-da bolmalydyr. Bilýäñizmi ol nädýär? Öz obasyndaky garybyñ entek göze görünmedik ýaşajyk guba gyzyny galyñ berip satyn alýar-da, mähnet ýekegalan ýaly, ony nika gijesi parçalaýar. Görgüli çaganyñ: "Waý, eje-leý! Waý, öldüm-eý!" diýip wägirmesi baýyñ öý diñleýän dogan-garyndaşlarynyñ göhüni getirýär. Meniñ tanaýan baýym uly aýalynyñ üstüne, şeýdip üç gyz aldy. Ýagşy pikir edip görseñ, baýlaryñ şol parçalaýan çagalary, eýsem obadaky garyp ýigitleriñ uýalary dälmi? Bäpbe diñçiniñ uýasy dälmi? Gurbynyñ, Annagyñ, Mäminiñ, beýleki garyp ýigitleriñ uýasy dälmi? Ýyrtyjy möjegiñ akja toklyny parçalaýşy ýadyma düşende, ar-namysdan ýaña meniñ içim tütäp, agym tutuberýä! Ýüregim şu zuluma çydaman, parka-parka ýarylyberýä! Biz haçana çenli döz gelmeli?! Sowet hökümeti bize näme üçin ýarag berdi, güýç berdi, ygtyýar berdi?! Meniñ şu aýdýanym siziñ hiç biriñiziñ janyñyza degenokmy?! Janyñyzy jowrandyranokmy?! Ýa-da siz şeýle binamys adamlarmy?!
Bettan zöwwe ýerinden galdy-da:
- Boldy, kemendir! Boldy! - diýip, agzyndan ot saçyp gygyryberdi. - Hany görkez maña şol aýdýan baýyñy! Sakgalyndan gañryp tutaga-da, bogazyny garladyp çalmasam, atamyñ oglt bolmadygym!
Ady tutulan Gurby, Annak, Mämi dagy hem edil kem galýan ýaly ýerli-ýerden zowladyberdi:
- Bizem bardyrys-how! Baýlaryñ tohumyny tüketmelem bolsa, gaýra durar öýtmegin! Ar-namysy iki esse edip ýerine salarys!
Aşyr komandir esgerleriñ ganyny gyzdyryp bilendigine öz ýanyndan gaty hoşal boldy-da: "Byla-ha baryp ýatan syýasy okuw bolaýdy!" diýip oýlandy. Aslynda-ha urşujy ýigitleriñ añ-düşünjesini synpy ýigrenjiñ awy-zäheri bilen püre-pür doldurmak, elbetde, eskadron komandiri Öremediñ wezipesi. Öremet komissar bolsa sürüden soýarlyk janly getirmäge iberilenlere baş bolup gideni üçin, hanha, ýañy gaýdyp gelýärdi. Haýdaşyp sürüp gelýän atlylaryñ her haýsy bir semiz goýny öñlerine kese basyp nahar ataryljak ýere düşürende, oturan esgerleriñ juda keýpi göterildi. Garaýagyz, gaşlak, burunlak, murtlak komissar, uly iş bitiren ýaly, üstüni kakyşdyryp geldi-de, näme gürrüñ etdiñiz diýen manyda Aşyr komandiriñ ýüzüne soragly garap durdy. Komandir bolan gürrüñi gysgajyk aýdyp berende, Öremet başyny atyp-atyp oñlady.
Şol wagt añry çetde ornaşan bir ýigit çekinjeñ, ýöwsel äheñde:
- Ýoldaş kamsar! Hany bi günä-sogap diýlen gepem-ä bardyr. Gan dökenimiz, jan alanymyz üçin, o dünýäde jogap bermeli bolsak näderis? - diýip sorady.
Öremet komissar saryýagyz ýigidiñ bu aýdýan zadynyń bütin eskadrona zyýanly täsir edip biljekdigini göz öñüne tutup, ony utandyryp gepledi.
- Melebaý! Bilýäñmi, jan inim! Özüñ ýaly gyzyl esgeriñ şol bolgusyz zatlara ynanmagy barypýatan nadanlygyñ, yzagalaklygyñ nyşany ahyryn! Sen dünýäde iñ öñdebaryjy jemgyýetiñ wekikidigiñi bileñokmy?! Hýä, ýanyñda Suhanberdi molla otyr welin, megerem, seniñ akylyñy bulaşdyrýan şol bolsa gerek. Suhanberdi molla başga zat üçin däl-de, sowatsyzlygy ýok etmek üçin otrýada alyndy. Siz molladan okamany-ýazmany öwrenseñiz öwreniñ-de, ýöne onuñ ahyret, kyýamat diýenine gulak gabartmañ!
"Suhanberdi" diýlip ady tutulan orta ýaşly, gara gyrçuw sakgally eskadron mugallymy "Mende günä ýok" diýen manyda ýylgyryp ellerinin daldalatdy. Öremet bolsa hasam bat alyp, sözüni dowam etdi:
- O dünýä, ahyret, kyýamat diýen zatlaryñ toslamadygyny subut etmekden añsat zat ýok! Heý, o dünýä gidenleriñ gaýdyp gelýäni barmy? Bolubam bilmez! Bu zatlar baýlaryñ, işan-mollalaryñ aldawy! Özüñiz pikir edip görüñ, olar şu gürrüñe ynanýan bolsalar, ýoksullaryñ ganyny içmäge milt edermidiler?! Müñ ýyllap garyplaryñ hakyny iýermidiler?! Indi bize gezek geldi, oglanlar! Biziñ döwran sürmeli döwrümiz geldi! Sowet hökümeti halkymyzy eşrete ýetirdi. Eşretli döwrany goramak üçin, gyzyl goşun synpy duşmanlary ýer bilen ýegsan etmelidir! Men dogry aýdýandyryn, ýigitler!
- Gaty dogry aýdýañ, ýoldaş kamsar! - diýip, Bettan, Gurby, Annak, Mämi dagy gaty göwünjeñ seslendiler.
Şundan soñ Aşyr komandir bilen Öremet komissar esgerleriñ syýasy taýýarlygynyñ barha ýokarlanýandygyna guwanyp, şu ýagdaýda gaçgak baýy serhetden aşyrman, ýolda ele salmak baradaky harby tabşyrygy birkemsiz ýerine ýetirjeklerine ynanyp, aşpezleriñ goýun soýup nahar bişirýän ýerine bakan ýöneldiler. Nahar taýýar bolýança, esgerlere isledikleriçe dynç almaga rugsat berildi. Olaryñ aglabasy ýumşak ak çägäni ýassanyp, meýmiräp uka gitse, başga bir topary atlaryñ guýruklaryny bulaýlaşyp siññin otlaşyp ýören tarapyna, gül-gülälekli meýdana gezelenje çykdy. Şol pursatda tebigatyñ täsin bir hadysasy peýda bolup geñ galdyrdy. Günüñ mylaýym ap-ak nury bilen bile dury asmandan maýdaja "keýik garamagy", dür dökülýän ýaly ýyldyr-ýyldyr sepeläp, bütin dünýäni ajap, owadan bir görnüşe getiripdi. Suhanberdi molla gülli meýdanlara hem asmana kaýyl galma bilen garap dillendi:
- Älhepus! Behişdiñ bir güni Ýere düşäýdi-ow! Allanyñ sunguna bakyñ-a! Tükenmez giñ älemi inçe-nepis nagyş bilen bezäp oturyberdi! Näzijek gülleriñ asmana owsunyp, ýaradanyñ keremine ymtylyşyna syn ediñ! Heý, şu ajaýyp dünýä gan çaýkamaga neneñ dözersiñ?! Dözermiñ, Melebaý, dözermiñ?
- Soramawer-ow, mollam, soramawer! - diýende, saryýagyz ýigidiñ sesi aglamjyrap, ýalbarýan ýaly eşidildi. - Obadaş oglanlar goşuna gireli diýseler, il ugruna menem ýazylaýdym-la. Ýöne, at münüp ýörmelidirin öýdüpdirin-dä.
Suhanberdi molla arzuwly äheñde sözüni dowam etdi.
- Şu mahal asmandan nur bilen dür dökülip durka, çöl-beýewanyñ iñ çola ýerinde keýikler owlaklap, towşanlar çebşekläp, eýjejik, owadanja janawarjyklar dünýä inýär. Emma welin... - Molla şu ýerde demi gutaran ýaly boguljyrap, sesini üýtgedip gepledi. - Emma welin, nägehandan peýda bolan ýyrtyjy möjek aýklanmadyk owlajygyñ hem selniñ içinde busup ýatan çebşejigiñ teninden jan alyjy dişini geçirip, süýjüje ganyny soranda, görgüli owlajyk zaryn mäläp, çebşejigem bir jynssyz jägirer welin, olaryñ soñky deminde çykan sesi depäñ saçyñy üýşürip, imanyñy göçürer!..
Melebaý eşiden zadyny gözi bilen gören ýaly bolup elheder aldy-da, saryýagyz ýüzüniñ ganyny gaçyryp, daýanyp duruberdi. Ol aýdara söz tapman: "Bähh!" etdi.
- Adam adama ýagy bolanda nädýändigini bir bilsediñiz! - diýip, Suhanberdi molla öz-özünden haýygyp, hyrçyny dişledi. - Oý-hoow! Oý-hoow! Ýyrtyjy haýwanlaryñ dagy bolşuny toýlamalydyrla-aý!
Şol wagt hemmeler ýygnanmaly diýen çakylyk eşidildi hem nahardan öñ birsellem söweş tälimi geçiriljekdigi aýdyldy. Gumuñ goltugyndaky çökediräk ýeri dolduryp oturan ösgün çomuçlygyñ ýakasyna üýşüldi. Komandir pajarlap ösen uzyn-uzyn çomuçlara elini uzadyp gepledi:
- Ine, şu ýagjymak porsy ys ýaýradýan padarlary ganym duşman hökmünde göz öñüne getireliñ! Hamala, olar garny ýagly semiz baýlaryñ özi, dogan-garyndaşlary, ogul-gyzlary, aýallary, hyzmatkärleri, goraýjy basmaçylary diýeliñ. Häzir biz gyzyl goşunyñ merdana serkerdesi Semýon Mihaýlowiç Budýonnynyñ dünýä belli söweş tälimini öwreneris. "Çybyk çapmak" tälimini biz öñem geçipdik. Emma çomuç çapmak hakykata has laýyk bolsa gerek. Paşyrdap duran endamly ýaşyl çomuç edil adamyñ bedeni ýaly janly zat ahyryn. Hany ýyndam, düşbi bäş aty ykjam eýerläp getiriñ!
Ine, şundan soñ iñ dogumly ýigitleriñ bäş sanysy jylaw çeýnäp oýnaklaýan atlara atlanyp, almaz gylyçlaryny ýalpyldadyp syrdylar. Olar ady agzalan gyzyl serkerdäniñ gazap bilen okkesdirme söweşe girişini hem-de sagyna, çepine darap, duşmany şarpa-şarpa çapyşyny görkezdiler. Ýigitleriñ golundaky dembermezi ýalp-ýalp inip-çykyp, çomuç baryny leýs edip geçýärdi. Çomujyñ kerçem-kerçem bölekleri çapylan adamyñ başyndan-bedeninden, elinden-aýagyndan gan saçylyşy ýaly, şiresini şabyrdadyp dökýärdi.
- Berekella, Bettan! Berekella, Gurby! Berekella, Mämi! - diýip, komandir bilen komissar ikisi iki ýerden, çapyjylara meçew berýärdi. - Siz söweşde-de edil şunuñ ýaly gaýduwsyz hüjüm etseñiz, ýoldaş Budýonnyý sizi orden bilen sylaglar.
Çomuç çapmak tamamlanyp, esgerler bir ýere toplanansoñ, komandir Türkmenistanyñ günbatar tarapynda ~ Dähli, Çyryşly, Çagyl guýularynyñ ýanynda geçen ýylyñ oktýabr aýynda gyzyl goşun bölümleriniñ üstünlikli hereketleri bilen basmaçy toparlanyşyklarynyñ merkezlerine derbi-dagyn ediji zarba urlandygyny hem basmaçylaryñ ýok edilendigini gürrüñ berdi. Komandiriñ aýdýany 1931-nji ýylyñ 16-njy oktýabrynda "Туркменская искра" gazetinde çap edilen dabaraly hem guwançlt habar bolup, onda Orta Aziýa harby okrugynyñ komandowaniýesi we esgerleri Garagumda basmaçylaryb derbi-dagyn edilendigi hakynda Türkmenistanyñ zähmetkeşlerine buýsançdan, begençden doly raport buşlanýardy. Orta Aziýa harby okrugynyñ goşunlarynyñ komanduýuşisi ýoldaş Dybenko, okrugyñ rewolýusion harby sowetiniñ çleni ýoldaş Bauzer we Orta Aziýa Birleşen döwlet syýasy Uprawleniýesiniñ ygtyýarly wekili ýoldaş Ýewdokimow tarapyndan gol çekilen raportda: "Partiýa we komsomol guramalary söweş operasiýalarynda komandowaniýäniñ talaplaryny ýerine ýetirmekde bolşewistik hyjuwlylygyñ hem-de tutanýerliligiñ nusgalaryny görkezdiler, köp milletli bölümleriñ bütin sostawyny partiýanyñ baş liniýasynyñ töweregine jebisleşdirdiler. TSSR-iñ zähmetkeşleriniñ öñünde öz internasional borçlaryny ýerine ýetirdiler" diýilýärdi.
Komandiriñ gürrüñini diñläp duran Suhanberdi molla bilen Melebaý haýpy gelmek bilen bir-birleriniñ ýüzüne garap, başlaryny ýaýkadylar. Bularyñ haýpy gelmegine sebäp bolan zat bigünä ýomut ilatyñ wagşylarça gyrylmagyna harby gahrymançylyk diýlip at berilmegidi. Suhanberdi molla şol gyrgynda, basmaçydan daşgaryn, kökene kökerilip goýlan ýüzlerçe biçäre garrylaryñ, aýallaryñ, neresse çagalaryñ hem ýañky çomuç kerçelişi ýaly kerçelendigini eşidipdi.
Aşyr komandir şübhelendirmäge ýer galdyrmaýan ynam bilen pikirini ösdürip sözlemegini dowam etdi:
- Günbatar operasiýasynda 281 adam partiýanyñ hataryna, 112 adam bolsa komsomolyñ hataryna kabul edilen. Eýsem bu ýagdaý partiýa guramalaryñ bolşewistik ýolbaşçylygynyñ bigüman dogrulygyna, şeýle hem partiýada däl esgerleriñ partiýa bolan çäksiz ynamyna şaýatlyk etmeýärmi?! Ynha, tiz wagtda, hut şu ýylyñ içinde, biziñ merkezi çarwaçylyk raýonlarymyzda-da edil şonuñ ýaly söweşjeñ operasiýa geçiriler. Garagumy basmaçy bandalardan arassalamak, çölüstany sowetleşdirmek işi üstünlikli tamamlanar. Garryçyrla, Bagt, Mollagurban, Keltegoñur, Çürçüri, Gyzyltakyr sebitlerinde kyýamat gopar, gan sil ýaly şarlap akar. Biziñ eskadronymyz hem şu janly söweşde gylyjyndan gyrmyzy gan saçyp, uly abraýa eýe bolar. Siziñ iñ batyrlaryñyz bolsa, partiýa we komsomol hataryna kabul edilersiñiz, belkem, orden bilen sylaglanarsyñyz. Eýýämden taýýarlanyp ýören gazaply söweşe hut ýoldađ Budýonnynyñ özüniñ ýolbaşçylyk etjekdigi barada-da gürrüñ ýaýrapdyr. Gumda müñ ýyl bäri agalyk sürýän baýlar, begler, kulaklar: "Buduýogyn geljekmiş! Buduýogyn geljekmiş" diýip gorkularyna zagyrdyklap oturanmyşlar. Olaryñ käbiri bolsa, üstlerinden ahyrzaman inmänkä, maşgalasyny hem mal-döwletini alyp, daşary ýurda gaçmaga başlady. Şolaryñ birisem Keltegoñurly Gerçek baý. Häzir onuñ göçi, süri-süri mallary Üñzüñ ugruny syryp, Uzboýa bakan eñip barýar. Bizem onuñ öñüni gyýalap, serhede ýetirmän kakyp almakçy. Näderis öýdýäñiz, oglanlar?
- Gyrgy uran ýaly ederis! Läşini şakgalarys! Çomuç çapan ýaly pürreläris! - diýşip, esgerleriñ birtopary how çekişip gygyryşdylar.
Şundan soñ nahar iýmäge oturyldy. Işdämen ýalmawuz ýaş ýigitler gowrulyp bişen täzeje goýun etinden sümrüp-sümrüp iýdiler, omaça gemirdiler, gazanyñ düýbündäki lödereli ýagdanam kaşyklap-kaşyklap içdiler.
Dem-dynjyny alandan soñ atlanan eskadron ýaşyp barýan Güne ýeñsesini öwrüp, çölüñ jümmüşine bakan uzak ýola rowana boldy.

* * *

Keltegoñurly geçelekleriñ ýaşulysy Gerçek baý dañ-säher çaglary howsalaly bir düýş görüp, hopugyp ukudan oýandy. Wadaryga beýle-de bir ýaman düýş bolar ekeni! Asmandan inen nägehan gara bulut obanyñ üstüne agyr labyryny salyp çökdi-de, öýleri-oraçalary, çatmalary-kümeleri, mal ýataklaryny-küdeleri, gürmek ilatyñ mesgen tutan uly oýuny lapbañ-lapbañ garagurum bilen örtdi. Janly-jemende bary şol garagurumyñ astyndan çykyp bilmän, urnup-çabalanyp heläk boldy.
Der basyp, demi tutulyp, gyssaga galan Gerçek baý hasyr-husur özüni daşaryk atdy. Oraşan görnen gorkunjy belanyñ düýş ekendigine gözi ýetip, baý uludan bir demini aldy. Hudaýa ýüz müñ şükür etdi. Görse, dañyñ tilkiguýruk bolan ümüş-tamyş, asuda, parahat pursady. Obasy, mal-mülki öñküsi ýaly abat oturypdyr. Emma gözi bilen görüp dursa-da, ýañky düýşüniñ basmarlaýjy, agyr täsirinden boşap bilmedi. "Allajanlarym, bu nämäniñ alamatyka?" diýip gaýgy-gussa galdy. Uly aýalynyñ öýünde ertir namazyny okanda-da, soñ göwünli-göwünsiz iýip-içen bolup otyrka-da, gören düýşünden gowuluga garaşmaly däldigini göwnüne getirip, perişan halda boldy. Aýaly Ogulsabryñ göwnüne, baýyñ süýnmek at ýüzi gaýgydan ýaña hasam sallanyp süýnen, uzyn alasakgaly hasam uzan ýaly göründi. Ýürekdeş keýwany geçelekleriñ mertebeli, sylagly ýaşulusyna özüniñ zenanlyk wepadarlygyny hem yhlasyny bildirip: "Näme bu gün kelläñ agyryp turaýdyñmy, kakasy? Ýeñsäñi, boýnuñy, arkañy owkalap beräýerin?" diýip sorady. Baý aga başyny ýaýkalap, owkalamanyñ gerek däldigini añdyrdy. Soñam öz ýanyndan oýlanyp: "Şu düýşüñ rejesi geñ däl-ow. Bolmasa, uly bir sadaka bersem näderkä? Ýa-da keramatly öwlüýäniñ ýoluna ýykylsammykam?" diýdi. Şuny göwnüne getirende, şol zamanyñ diri öwlüýäsi, keramatly Hajymuhammet işan onuñ gaýym kalbyna doldy duruberdi. Şejere köki gadymyýetden uzap gelýän pirzada, Ahal ýurdunyñ at-owazaly işany Nepesdurdy işanyñ agtygy, Orazguly işanyñam Buhara bilimli ahun ogludy. Gerçek baýyñ Hajymuhammet işan bilen tanyşlygy gaýybana görnüşde bolup geçipdi. Baý bir ýola gyn-gyssaga düşende: "Ýa Hajymuhammet işan jan, şu beladan başymy gutarsañ, ýoluña gara goýnuñ bir öweji!" diýip, görer-görmez ýerden işan agany kömege çagyrypdy. Soñra, gorka goýan şol ahwalat duýdansyz gelşi ýaly hem añsat sowlupdy-da, asla dereginde howsala galar ýaly zat hem ýok ýaly bolup görnüpdi. Baý "nahak gorkupdyryn" diýen pikir bilen, bu wakany tiz ýadyndan çykarypdy. Aradan dört-bäş aý geçensoñ, ynha saña, kellesi goçak, daýanykly, ter gara sakgal gödeksi bir nätanyş bir pyýada ullakan gözlerini gyrpyldadyp, salam berip geldi.
- Meni işan agam iberdi. Baý öwejimizi bersin diýdi - diýip, nätanyş ýaman algyly ýaly, iç işikde sömelip dur.
- Haýsy işan? Ol niräñ öweji?
- Hajymuhammet işan. Sadaka aýdan öwejiñiz.
Baý bu habary eşidip haýran galdy. "Eý, Hudaý! Işan meniñ öweç aýdanymy nireden bildikä? Men muny ogullaryma, aýallaryma-ha aýtmandym. Älhepus, şol işan oturan ýerinden hemme zady aýan görüp otyrmyş diýýärdiler welin, şol aýdylýany çyn bolup çykjagow!
- Özem gara goýnuñ öweji bolmalydyr diýip, pirib sopusy goýnuñ reñkinem aýdyp dur - Işan aga siziñ şol aýdan ýeke janlyñyza zaram däl, ýöne, algy-bergini kyýamata goýmaly - diýip iberäýdi.
Gerçek baý özüniñ bermeli bergisini wagtynda üzmändigi üçin, işan agadan ötünç soraýandygyny aýdyp, bermeli öwejini berip goýberdi. Üstesine ýene bir öweji hem goşup iberjek bolanda, sopy kes-kelläm göwnemedi. Ol ýola düşmekçi bolanda, özüne Aman sopy diýilýändigini, il içinde "Aman däli" lakamynyñ has ýörgünlidigini mälim etdi. Aman däli özüne ürji bolan arwah-jynlaryndan başyny gutarmak üçin, baryp-ha ýaş ýigit çaglary işanyñ aýagyna ýykylypdy, göze ilmeýän wepadarlyk ýüpi bilen pirine ömürlik çatylyp galypdy. Din-ygtykadyñ ganym duşmanlary tarapyndan obadan gaçyrylan işan indi näçe ýyl bäri gum içinde aýaly, ýaş çagalary bilen awara bolup ýörkä-de, Aman sopy onuñ bilen deñ heläkçilik çekip, oña sadyklyk bilen hyzmat edýärdi.
Gerçek baýyñ guma-tüme ady dolan keramatly işany gaýypdan tanaýşy hem ýañky öweçli waka bilen bagly bolupdy. Baý ala sakgalyny gysymlap, ýüzüni ünjüli sallap oturyşyna, işanyñ huzuryna zyýarata gitmegi hem-de oña düýşüni ýorduryp gaýtmagy niýet etdi. Öz obasynyñ işany Humaý mollany ol öz ýany bilen ýol ýoldaş edinip äkitmegi müwessa bildi. Humaý molla öñ bir sapar özüniñ hormat-sylagyny bildirmek maksady bilen, uly işanyñ huzurynda bolup gelipdi hem onuñ oturymly ýerini, hal-ahwalyny ýagşy bilýärdi. Her haýsy bir ýörgür ineri münen iki ýolagçy ~ Gerçek baý bilen Humaý molla uzakly gün alys ýoluñ ençe menzilini sökläp, agşam çagy gözlerine ýaramly görnen bir odunlyk-çöplük gumda dem-dynç almak hem ýatyp gitmek üçin düşlediler. Mallaryny duşap, meýdana goýberdiler. Şonda oduñ başynda, jamda erän gowurdagy possuk nan bilen iýip, tüñçä demlenen gök çaýy käselerine guýup, ine-gana otyrkalar, Humaý molla Hajymuhammet işan barada eşiden zatlaryny sodalyk bilen gürrüñ berip başlady.
- Gudratly Tañrynyñ Hakymuhammet işana eçilen güýjüniñ, keramatynyñ hiç bir zadyñ çaky däldigini jemyg halaýyklar gözi bilen görüp kaýyl bolan. Işany höküwmediñ zyndany hem saklap bilmändir.
- Bäh, şeýdiýsene! O neneñsi bolupdyr?
- Şura hökümediniñ başlygy Gaýgysyz Atabaý düýşürgäp, gara basyp ýatyp bilmänmiş diýýä. Düýşünde syçmazlaryñ batyry Täç gök serdar dübläp, ýalaw gylyjyny syryp, üstüne sürnüp durmuşyn. "Işany bidir boşadyp goýbermeseñ, sen meniñ oglum dälsiñ!" diýýämişin. Onsoñ Gaýgysyz Atabaý bialaç ony boşadyp goýberenmişin. Özüne-de ýagşy maslahat berenmiş: "Üstüñden arza ýazýan obadaşlaryñ gözüniñ öñünden sowul-da, maşgalañ bilen çöl-sähraýa göçüp git" diýenmiş. "Men şu hökümet jaýynda başlyk bolup otyrkam, hiç kim saña barmagyny batyryp bilmez!" diýip pentlänmiş. Ýeri, muña gudrat-keramat diýmän, dagy näme diýersiñ!
- Eý-ho! O dünýäden buýruk geler-de, heýem, ol gudrat-keramat bolmazmy? Aý, ynha, işan aga düýşümiñ ýorgudyny Aý dogan ýaly etse gerek.
Şu bölejik gumda ýatyp-turan iki ýolagçy ertesi hem inerlerini haýdadyp, öýle namazy uçurlarynda Mämmedöleniñ oýuna baryp düşdüler. Mämmedölene eýelik edip oturan Gurbandurdy atly barjamly baý bulary ilden öñürtuli öýünde ýerleşdirip, gadyrly myhman aldy. Orta ýaşly, gepi-sözi ýerlikli, sakgal-murty mykraz bilen kemsiz bejerilgi, don-telpek geýşi ykjamdan gelşikli öý eýesi bu myhmanlaryñ uly işany idäp gelenini bilýändigini, ýöne welin, öz öýüniñ gapdalyndaky iki sany garaja oraçada ~ işan aganyñ hem onuñ sopusy Aman däliniñ bala-çagasy bilen ýaşaýan gözgyny tüneklerinde myhman oturdar ýaly ýagdaýyñ ýokdugyny iññän sypaýyçylyk bilen syzdyryp duýdurdy. Söwüş toklynyñ çekdirmesi äberiläýmeli bolanda, işan bilen onuñ sopusyny Gurbandurdynyñ özi çagyryp getirdi.
"Ahal ýurdunyñ gerçek öwlüýäleri Nepesdurdy işanyñ agtygy, Orazguly işanyñ ogly nä sypatdaky adamka?" diýen pikir Gerçek baýyñ añyny eýeläp, ony hyrydar nazar bilen işany synlamaga mejbur etdi. Salamlaşyp, saçak başynda oturan işanyñ ýüzüni galdyrmazak häsiýeti, ýüzüni galdyraýanda-da ýaramaz bir zat görmekden çekinýän misilli tiz gözüni sowýanlygy, diñw özüne mälim pynhan ýaşaýyş bilen ýaşaýan ýalydygy bir täsindi. Göwnüñe bolmasa, ol biziñ bilmeýän başga bir dünýämizdenem habarly bolmalydy. Işan täk özüne mälim bolan duýgy-pikirleri içine salyp, pessaýdan "hüm-hüm" edip otyrdy.
Işany ymam edinip ýassy namazyny okansoñlar, ynjalykly ornaşyp, döwme ak gant bilen gök çaý içdiler. Ine, şu pursatda-da Gerçek baý özüniñ nä maksat bilen gelendigini mälim etdi. Hajymuhammet işan baýyñ gören düýşüni, hamala, öñden bilýän ýaly, gaty ynamly gürledi. Düýşüñ ýorgudy baýyñ süññüni lerzana getirdi.
- Gara bulut çökdi diýeniñiz ýowuz melamatdyr, başyñyza inip gelýän belaýy-apatdyr! Tiz wagtdan şura hökümeti üstüñize sülsat goşun sürüp, tutuş obañyzy, dumly-duşuñyzy, gumy-tümi wer-tarham eder! Baý-gulak, basmaçy bahanasy bilen bigünä ilaty hem gylyçdan geçirer. Gan sil bolup akar!
- Toba estagpyrylla! - diýip, Gerçek baý ala sakgalyny sandyradyp, howsalaly seslendi. - Mal-döwletimizi Allanyñ ýoluna sadaka bersek, heý, bu bela başymyzdan sowulmazmy?! Nätmeli borkak, işan aga?
- Sadaka bilen bu beladan sypma ýokdur. Ýazgytdan, kysmatdan nädip syparsyñyz? Mal-döwletiñiz, oba-öwzaryñyz, bala-çagañyz, öz janyñyz howp astynda. Türküstandan agyr leşger geler, gum-tüm dowzaha döner!
- Işan jan, onda biz şu wagtdan ölümimizi boýun alyp oturybermelimi?
- Gaçan gutular! Gaçyp sypmak üçin az pursat galdy. Nesibeli häzirden gaçyp başyny gutarar, nesibesiz gaçybam bilmez. Mundan beýläk bolşewigiñ halamadygyna şu ýurduñ içinde orun tapylmaz. Başga bir ýurda kerweniñi şaýla, Gerçek baý! Tizden-tiz ýola düş! Häzirden gitseñ, ýoluñ açyk görünýä! Üñüzi yzarla-da, sürüber gündogar bilen guşluk aralygyna! Özümiziñkilerden başga goşluşyp gitmäge meýilli jemende bolsa, olary hem alyp gidiñ! Musulman patyşaly ýurda aşyñ, amanat jany jepaýa goýmañ!
Şu gürrüñden soń Gurbandurdy baýyñkyda myhmansyrap ýatmaga ömrylla kararyñ ýetermi?! Gerçek baý hemrasy Humaý molla bilen bile eglenmän yzyna serpmegi müwessa bildi. Ol pany dünýäniñ pynhan syrlaryndan habarly işandan ýagşy dilegde bolmagy sorap, sowgat-hezzet üçin getiren zatlaryny gowşuryp, tiz ýola düşdi.
Tä gije ýarymdan agýança inerlerini haýdadyp süren gyssagly ýolagçylar, dan atýança gözleriniñ awusyny almak üçin, göwünlerine rahat görnen bir gumda ýene düşlediler. Ot ýakynmaga, çaý gaýnadynmaga meýilleri bolmansoñ, mallaryny goýberip, hersi özbaşyna düşek ýazynyp ýatdylar. Uka gidýänçäler, Humaý molla hümürdäp, Hajymuhammet işan barada ýene ep-esli gürrüñ berdi.
- Gözüni açyp göreni görgi, ýuwdany hunaba munuñ. Doglanda Gökdepe urşunyñ bosgunynda, baş-başada, jan-jana gaçyp barýan jemagatyñ arasynda, gum içinde dünýä inýä. Şol wagt Hak sylamyş Orazguly işanyñ dört gyzy barmyş, Hajymuhammet onuñ ilkinji oglumyş. Müñ dokuz ýüz ikinji ýylda dünýäden öten Orazguly işanyñ ornuny tutan Hajymuhammet ~ Buhara ylymly ahun - öz obasynda uly metjit saldyryp, azan aýtdyryp, milleti musulmançylyk ýolundan alyp barýa. Obanyñ ýüzläp oglan-gyzy işanyñ mekdebinde Kuran kerimi okap, hat-sowadyny hatym edýä. Bütin Ahal ýurdunda onuñ abraýy belende galýa. Uly ahunlar onun sarpasyny tutup, din ýoluny oñlaýa. Emma bolşewik ýurdy eýeläp, jaýy jähennem bolmuş ýeñiýoluk Hudaýsyzlar depä çykanda, işanyñ aýagyndan arza baryny gönderip, ýalan töhmetler ýöñkäp, dypowlara işany tutdurýarlar. Obanyñ imanly ilaty, işany zyndandan çykarmak üçin, giden mähelle bolup, hökümet jaýynyñ öñüne üýşýär. Olar: "Işanymyzy boşat, Gaýgysyz!" diýip gygyryşýar. Köp gygyransoñlar, Atabaýew köpçüligiñ öñüne çykyp: "Aý, jemagatlar! Siziñ bolşuñyzam edil araplaryñ bolşuna meñzeýä. Bilýäñizmi, Hasan-Hüseýini öldürenem araplar, olaryñ agysyny aglanam araplar. Işanyñyzy arza ýazyp ýamanlap tutdurýanam özüñiz, indi gelip boşat diýip dyzaşyp duranam özüñiz. Mundan düzgün bolmaz. Baryñ gaýdyñ obañyza!" Emma millet gaýdarly däl diýýä. Şonda Atabaýew:
"Hany onda işan gerekliñ öñe saýlan!" diýip hemle urýar. Gubjy, Meret çonak ýene-de iki adam öñe çykýa. Öñe çykanlary ur-tut tussag edip, zyndana salýalar. Halaýygam nalaç obasyna dolanýar. Başdan gazaply daran Atabaýewiñ işany boşatmak niýeti ýok ekeni. Ýöne, bahym alaç tapman, goýbermeli bolan. Ine, şondan bäri hem ýurduñ gerçek ulamasy dogduk obasyndan tazykdyrylyp, aýaly Güljebibi hem çülpe çagalary bilen çöl-beýewanda syñsyraklap ýör. Eý, toba! Muña näme diýip, näme aýdarsyñ! Pygamber ornundaky agla pirini sähraýa kowan şermysar ýurduñ döwlet binýadynyñ çagşap ýykylmaýşyna men haýran!
Uka gidip barýan Gerçek baý barha gowşaýan ses bilen:
- Tiz gaçan ýagşy... Tiz gaçan ýagşy... - diýip, hümürdedi-de, bahym hor çekip başlady.
Aradan üç gün geçip, dördülenji gün diýlende, döwletiñ howpsuzlyk edarasynyñ gizlin habarçysy, gum içinde ownuk söwda edýän Mäti Myssy Keltegoñurly Gerçek baýyñ öz çaga-çugasy, aýal-ebtady, dogan-garyndaşy, çopan-çolugy, öýdençerleri-talabanlary, süri-süri maly bilen uly göç tutup, agyr kerwen tartyp, uzak ýola ugrandygyny hökümediñ edarasyna eşitdirdi. Üñüziñ boýuny syryp barýan ymgyr göç öz kasdyna iberilen başdan-aýak ýaragly, pulomýotly jeza beriji eskadrondan gutularmykan ýa gutulmazmyn-aý, nesibede näme bolsa görübermeli bolar-da.

* * *

Bol suwly kaky bolan Garagurbanyñ oýunda ilkinji ýazlaga çykan täze sowhozyñ sagymçylary nyzam bilen sap-sap bolup gelýän atly gyzyl goşuny görüp, añk bolup, agyzlaryny açyp galypdy. Beýle geñ zady bular ömründe görmändi. Gumuñ gädiginden oýa aralaşýan zürrük budýonnowkaly, mañlaýy gyzyl ýyldyzly, billeri gylyçly, eginleri tüpeñli esgerleriñ seslerini goşup, ýognas orlaşyp aýdym aýtmasynda güýjüne baýrynýan ýeñijiniñ dabarasy, haýbaty, hemlesi eşidilýärdi. Çopan-çoluklar, sagymçy aýal-gyzlar, ylgaşyp garşy çykan çagalar giñ oýuñ içine ýañlanyp düşýän aýdymyñ del sözlerine kän bir düşünibem baranokdylar.

Aklaryñ soñky daýanjy,
Primorýäni almaga,
Derelerden hem daglardan
Diwiziýa gitdi öñe!
Guma garyp samuraýy,
Ýepbekläp Kolçak şerraýy,
Böwsüp geçip kän derýaýy,
Eskadron gitdi öñe!..

Merkezden uzakda, çölüstanyñ jümmüşinde täzelikde guralan "Ordžonikidze" sowhozy birki gün bäri ürkeýän Öwgi baýyñ hem onuñ arkalanýan iküç sany atly-ýaragly ýaranlarynyñ haýbaty zerarly dargamaga ýakynlapdy, sowhozyñ ilaty bolsa häzir gyzyl goşunyñ gelmeginu beladan halas bolanyń begenji bilen garşylaýardy.
- Ýoldaş kemendir! - diýip, sowhozyñ direktory Gylykly Öwejow süñklek hor ellerini owkalaýşy hem gara gözlerini gyrp-gyrp edişi bilen özüni dogumly, öjemel adam däldigini añdyryp, Aşyr komandire arzy-halyny aýtmaga durdy. - Hanha, görýäñizmi, oýuñ añry ýakasynda öý dikip, goş basyp oturany. Öwgi baý şol, bizden ýaña içi tütäp durandyr. Onuñ içiniñ ýanýany: oturymly oýy, öri meýdanlary, kaklary-guýulary, on bäş müñ dowary zor bilen elinden alnyp, hökümet tarapyndan biziñ "Orjo" sowhozymyz döredildi. Millet köne hojaýynyñ adyny "Ögi baý" diýip tutýa. Päli-öwzaýy, gowy däl şonuñ. Düýn däl, öññin gelip düşdi. Baryñyzy paýhynlap, malymy sürüp giderin diýýä. Ýaragly basmaçylary hem häli-şindi ýanyna gelip dur. Sagymy duruzdy. "Süýt ýerine ganyñyzy içersiñiz" diýýä.
- Gaty sürünýär-ow peläket! - diýip, bir aksakgal goja kişi hem gapdaldan goşuldy. - Hökümetiñ goýan adamynam äsgerenok. "Men saña "Gylykly" diýmen, "Hyllykly" diýerin, burny sümükli pyşgy goýun diýerin" diýýä. Iki gün bäri goýny, guzyny seçdirenok. Janawerler şu golaýda emşip otlap ýörler. Şeýle-de bolýan iş. Nätjegimizi bilýän däldiris. Hanha, görüñ, baý öýünden çykdy. Itini üýrdürip dur bize bakan. Aýallary, çagalaram çykdy.
Ýaşulynyñ aýdany ýaly, egni gyrmyzy donly, başy gaba telpekli, ýogyndan deşlek Öwgi baý at ýatagynyñ ýanynda, hamala, gorky-ürküsi ýok ýaly, arkaýyn bärsine garap dur. Gaýtam ol: "Ýekesini iýmäge dözmän, ömrüm boýy köpelden malymy siz meniñ elimden mugtuna gañryp alarsyñyz-da, ýene men siziñ öñüñizde müzzererinmi?!" diýýän ýalydy. Mähnet ala köpegi hem, eýesiniñ jaýyna bakan lowh-lowh üýrýärdi.
Öremet komissar: "Sowet hökümetiniñ zarbyny görkezerismi?" diýen manyda eskadron komandiriniñ ýüzüne soragly garady. Aşyr komandir onuñ ümüne düşünip, başyny atdy. Ata ýüklenen pulomýodam tümmegiñ üstünde gurlup, okly lentasy dakylyp taýyn edilipdi. Öremet komissar aldaýjy ýaragyñ syrtyna geçip çemelendi-de, "Üç ýüz elli metr" diýip çaklady. Onsoñ ullakan burny bilen pezzik murtuny ýaraga ýaplap, gaşlak ala gözleriniñ birini ýumup çenendi-de, gysmaly ýerini gysdy welin, pulomýodyñ gulak gapyjy pakyrdysy gumlularyñ haýýadyny göçürdi. "Bäh, gök gübürdän ýaly eken-ow!" diýip, käbiri gorkusyna aşak ýapyrylanynam duýmady. Gapdalky kümelik, çatmalygyñ ýanynda ýatan birki sany köpek aýylganç wañkyryşyp, oýdan zuwt gaçyp gitdiler.
Nyşana alnan ýere doly ýagan ýaly bolup sowrulan oklaryñ turuzan tozany ýatyşansoñ, görseler, Öwgi baýyñ özem, ala köpegem, ownukly-irili çagalarynyñ iki sanysam ýere serlip ýatyrdy. Aman galanlary özlerini öýe atyp gizlenipdi. Baýyñ ýaralanan tohum aty bolsa, ýatagynda aýagyny kakyp urnup ýatyrdy.
Öremediñ bitiren işini esgerler hem gumlular: "Berekella! Kimiñ kimdigini görkezdiñ!" diýip, wagyrdy turzup oñladylar. Bettan bolsa gylyjynyñ baljagyna elini ýetirip:
- Komandir! Rugsat ber! Galanynam kerçäp gaýdaly! Meniñ bilen diñe meýletinler gidýä! - diýip, hyjuwly seslendi.
Aşyr komandir "eñiñ!" diýen manyda elini salgady. Bettanyñ baştutanlygynda bir toplum ýigit gylyçlaryny syryp, atlylaryñ üstünde ýapyrylyşyp, takyryñ ýakasy bilen gykuwlaşyp eňdiler. Baýyñ maşgalasyndan diri galanlary ~ orta ýaşan aýal, garry kempir, ýigit çykan oglan, ýaş gelin, gulpakly gyz - öýden çykyp, guma ýarmaşyp gaçdylar. Bagty ýatan bendeler gumdan aşmanka, olaryñ üstünde atlar harlaşyp, gazap bilen inip-çykýan ýalañaç gylyçlar ýalpyldaşyp, baryny leýs edip taşlady. Bettan, Annak, Gurby, Mäti, ýene birnäçe gylyjyny gana boýan esgerler, toplary bilen haşlaşyp, ýeñleri bilen ýüzleriniñ derini süpürişip, şowhy göterilmeden ýaña hähhildeşip gelende, komandir olara "sag bolsun" yglan etdi.
- Gadyrly ýurtdaşlar! - diýip, Aşyr komandir gelşikli ak ýüzüne şadyýanlyk çaýyp, epläp tutan gamçysy bilen ädigine pat-pat kakyp, esgerlere hem sowhoz işgärlerine ýüzlendi. - Biler bolsañyz, şu gün birinji maý! Bütin ýer togalagynyñ zähmetkeşleriniñ toý toýlaýan Beýik baýramy! Şu mahal Sowet Watanymyzyñ paýtagty gyzyl Moskwanyñ hem-de Türkmenistanyñ ýüregi gözel Aşgabadyñ köçelerini bir göz öñüne getirip görsediñiz! Topar-topar, sap-sap geçýän toýçy mähelläniñ gollaryndaky gül desselerinden, pasyrdaşýan gyzyl baýdaklardan, transparantlardan ýaña tutuş şäher çog bolup lowurdap gözüñi gamaşdyrýandyr. Belentde ýañlanýan aýdym-saza, çagalaryñ hem ulularyñ şowhunyna ürküp uçýan guşlar süri-süri güsürdeşip, gonara ýer tapýan däldir. Gaýşarylyşyp asmana garasañ, göm-gök howada perwaz urýan ak ganat kepderileri görersiñiz! Hemmeleriñ ýüzünde şadyýanlyk, gözlerinde guwanç!..
- Şu gün bütin dünýä zähmetkeşleriniñ güýç birikdirýän güni! - diýip, Öremet komissar komandiriñ aýdanlarynyñ üstüni ýetirdi. - Biziñ bolşewistik partiýamyz näme diýýär? "BÜTIN ÝER ÝÜZÜNIÑ PROLETARLARY BIRLEŞIÑ!" diýip çagyrýar. Edil häzir kapitalistik ýurtlaryñ proletarlary Londonyñ, Parižiñ, Berliniñ, Nýu-Ýorkuñ köçelerinden gyzyl baýdak göterişip, gorkman-çekinmän geçip barýarlar. Gaýtam, gan içen baýlar, ekspluatatorlar olardan eýmenip, öýlerinde zagyrdyklaşyp otyrlar. Ýok bolsun baýlar, basmaçylar, molla-işanlar ~ milletiñ ganyny sorýan sakyrtgalar, mütürikler! Şolary ýok etmän, Garagumda täze durmuş gurap bolmaz! Synpy duşmany kerçemeli bolanda, biz hiç haçan dözmezlik etmeli däldiris! Ine, ýoldaş Bettanyñ topary ~ batyr ýigitler ~ siziñ gözüñiziñ öñünde ajaýyp görelde görkezdi! Hawa, biz size joşgunly, şatlykly baýram getirdik! Toý toýlañ! Keýp çekiñ! Göneniñ! Gül boluñ!..
Päh, şundan soñ sowhozyñ ýoz dowar sürüsinden on janly diýmän, on bäş janly diýmän, soýha-soý başlandy. Howlukmaç jaz-juz edilýän bagröýkeniñ, çybykda örtenýän çişligiñ, gazanda bygyrdaýan buglamanyñ, ýahnalyk gaýnadylýan pudar-pudar bölekleriñ, başga-da dürli tagamlaryñ ysy oturymly oýa dolup, uzakdan timisgenip aýlanýan tilki-şagallaryñ agzyny suwardyp, agyzlarynyñ gyllygyny akdyrýardy. Bahym agşam düşüp, töwerekdäki gum depeleri garañka gaplananda, sowhozyñ kümesiniñ gapdalynda ýedi-sekiz ýerde ot ýakylyp, her oduñ başynda aýratyn topar ornaşyp, işdämenlik bilen toý nahary iýlip başlandy. Esgerleriñ gaty-gaty gürleşmesi, bir-birine gep atyşmasy, jak-jak gülküsi goşulyşyp, tutuş wagyrda-galmagala öwrülýärdi. Naçalnik ak gurşawly ýylmanak çelekden "üzüm suwy" paýlap başlansoñ-a, kelleler sämäp, göçgünli sesler Garagurban oýuny göçüräýjek boldy.
Mähelläniñ bir çetinde, kiçeñräk toparyñ arasynda, Suhanberdi molla şu mahal bu şadyýanlyga goşulman, başyna agyr iş düşen adam ýaly, gussa çekip otyrdy. Esgerleriñ hara urup iýýän baýramçylyk nahary oña, hamala, ölä edilýän düşek aşy ýaly görnüp, bokurdagyndan geçmeýärdi. Mollany hemra tutunan, günä-sogaby bilýän, ýuwaş häsiýetli Melebaý halypasynyñ nä sebäbe gussa çekýänine düşünip, özem gaty perişan haldady. Munuñ sebäbi hem, oýuñ gündogar ýakasynda Öwgi baýyñ hem onuñ tutuş maşgalasynyñ läş bolup serlip ýatyşydy. "Eý, toba! Müñ keren toba - diýip, molla owhuldap, ýüreginiñ harasady içine sygman, Hudaýa mynajat edýärdi. - Ýa Ýaradan! Bularyñ şu bolşy gurt-guşuñ meýdanda galan meýide çozuşy ýaly dälmi?! Gurt-guşuñ añsyz edýän işini bular heşelle kakyp bilgeşlän edýä! Ynsanyñ wagşylygy has ýaman bolar eken-ow! Elheder aman!.."
Mähelläniñ bir ýerinde esger bagşynyñ "Hudaý jan, ha-aw!.." diýip çirkin ses bilen aýdyma gygyrmagy meý-mes bolan jemagatyñ şowhuny göterip, ony däli-porhanlyk hetdine ýetirdi. Ýigitleriñ esriklik duýgularyny atlandyrýan aýdymlar olary bagşydanam gaty gygyryp orlaşmaga, zöwwe-zöwwe ýerlerinden turmaga, ha-aw - ha-aw diýip zowlatmaga mejbur edýärdi. Şo barmana Öremet komissar bilen Bettan orta çykyp, lezgi tansyna tutdular welin, olaryñ uçganaklap, şatanaklap hereket edişi oduñ ýalp-ýalp ýagtysyna hakyt aldaýjy melgunlaryñ oýnuna meñzedi.
Mesirgeşip, orlaşyp ýatan peläketler gijäniñ birmahaly oturan-oturan ýerinde gapdalyna ýykylyp uklap galdy. Sowhoz işgärleri bolsa, has öñ kümelerine hem çatmalaryna siñipdi. Agraslyk bilen göterilen gädik aýyñ gyzyl şuglasyna tutuş dünýä gana boýalan ýaly göründi. Bu görnüşi haýran galyp synlaýan Suhanberdi molla bilen onuñ hemrasy Melebaý takyryñ gaýra ýakasyndaky kak hem suwdan doly bolman, gandan dolumykan öýtdüler. Olar gyzyl ýaýryt bolup ýatan esgerleriñ arasyndan saýlanyp, kümeçiligiñ öñünden hersi bir pil tapyp alyp, Öwgi baýyñ özüni hem maşgalasyny guma duwlamak üçin, oýuñ gündogar ýakasyna ugradylar.

Dowamy bar >>


Категория: Hekaýalar | Просмотров: 15 | Добавил: Admin | Теги: Sapargeldi Annasähet Iner ogly | Рейтинг: 0.0/0
Sapargeldi Annasähet Iner ogly awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar