19:48

Täze ýyl goşgulary çagalar üçin - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Täze ýyl goşgulary çagalar üçin

Aýazly gün

Aýnalary nagyşlap,
Akja garyn bagyşlap,

Daşda aýaz sygyrýar,
Oýnamaga çagyrýar.

Dazlap çykdyk meýdana,
Meýdanda gar, baý, kän-ä!

Gar tokgalap başladyk,
Kem-kem derläp, haşladyk.

Peýda boldy gar adam,
Pälwansypat, zor adam.

Käşir goýduk burnuna,
Kömür – gözüň ornuna.

Köne bedre başynda,
Dostlary bar daşynda.

Myratgeldi Söýegow

 

Gyş

Howa barha sowuk bolup,
Ýapda suwlar doňar gyşda.
Ýer üstüne ak don ýapyp,
Gar-ýagmyrlar ýagar gyşda.

Ördek-gazlar herýan uçar,
Uça-uça ýollar geçer,
Yssy söýýän guşlar göçer,
Ganat ýaýyp gider gyşda.

Oglan-gyzlar buzda taýyp,
Aýazbaba ak don geýip,
Alagarga ganat ýaýyp,
Gygyldaşyp geler gyşda.

Oglan-gyzlar gar atyşyp,
Bir-birine söz gatyşyp,
Oýnar olar gol tutuşyp,
Köp hezillik bolar gyşda.

M. Hydyrow

 

 

Täze Ýyl goşgulary

Ýaşa, ýaşa Täze Ýyl
Ýaşa Ýanwar aýymyz
Bizi ýolka çagyrýar
Eziz Aýaz Babamyz

Aýaz Babamyz geldi
Sakgaly ak gar ýaly
Ýöne welin şadyýan
Ýaňaklary nar ýaly
**************

Aýaz Baba gelsene
Arçamyzy görsene
Bir goşgujyk aýdaýyn
Sowgadymy bersene
***************

Köne ýyl geçdi
Täze ýyl geldi
Şaýlar dakyldy
Arça bezeldi


Категория: Goşgular | Просмотров: 96 | Добавил: Admin | Теги: Myratgeldi Söýegow | Рейтинг: 0.0/0
Myratgeldi Söýegow awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar