12:02

Watan söýgüsi Imandandyr! - Taryhy makalalar


Awtor:
Bölüm: Taryhy makalalar
Materýal: Watan söýgüsi Imandandyr!

Bilbili altyn kapasa salyp goýupdyrlar, bilbil aglap, iñläp şeýle diýenmişin:
"Watanym..."
Watan - bu diñe dogulyp ulalan, atalaryñ jaýlanan, dogan-garyndaşlaryñ ýaşaýan ýerimi näme?!..
"Kuranda" we Hadyslarda "watan" adalgasy bir kişiniñ dogup-ulalan, ýaşan, karar kylan, badaşan ýeri hökmünde agzalýar. Fykh kitaplary bir kişiniñ dowamly ýaşan (watany-asly), wagtlaýyn ýaşan (watany-ikamet) we baran ýeri (watany-sükna) hökmünde üç dürli watandan söz açýar.
Irki ýazyjylardan Jahiz watan söýgüsine degişli rysalasynda watan söýgüsiniñ ezelden gelýän bir duýgudygyny aýdýar we "Watanyñda gören horlugyñ, ýat ýurtda bol-elin ýaşamakdan has gowudyr" diýýär. Ol Hezreti Omaryñ (r.a) "Alla ýurtlary watan söýgüsi saýasynda bina etdi" diýen sözüni rowaýat etmek bilen birlikde iñ watansöýüji milletiñ türki kowumlardygyny nygtapdyr.
"Watan söýgüsi imandandyr" diýen jümle hadysy-şerif hökmünde meşhurlyk gazanan söz düzümidir. Emma bu jümle Möwlana Jelaleddin Rumynyñ "Mesnewisinde" we Ymam Rabbanynyñ "Mektubatynda" hem geçýär. Käbirleri tasawwuf kitaplary hadyslar üçin gollanma bolup bilmez diýýänem bolsa, bütin musulmanlaryñ uly hormat bildirýän bu beýik alymlarynyñ hadys diýip kitaplarynda peýdalanan jümlesi barada bilip-bilmän bir zatlary diýmek nädogry bolsa gerek. Olar hadysdygyna ynanmasalar, kitaplaryna ýazmazlardy.
Hadysşynas Sehawy bu sözüñ Dineweriniñ Esmaýydan rowaýat eden bir hadysydygyny aýdýar:
"Aslyna göz ýetirip bilmedigem bolsam, manysy sahyhdyr. Sopylara görä watan diýmek bilen Allatagala dönmek göz öñünde tutulýar".
Bütin hadyslaryñ ýazga geçirilmeginiñ mümkin bolmaýşy ýaly, ýazga geçirilen her bir hadysyñ hem biziñ günlerimize doly gelip ýetendigini aýdyp bolmaz. Käbir hadyslar ýazgy üsti bilen däl-de, dilden-dile geçip hem biziñ günlerimize çenli ýetip biler. Kese ýurtly basybalyjylaryñ çozuşlary netijesinde yslam dünýäsiniñ ylym merkezleri harap edilipdi, alymlar öldürilipdi, kitaplar ýok edilipdi. Ulamalaryñ arasynda aýdylýan hadyslar babatda hem bu hususlary ýatdan çykarmasak gowy bolardy.

• Altyn kapasadaky bilbil

Hezreti Pygambermiz Muhammet Sallallahy Aleýhi Wesellem hijretden soñra Mekgä ýüzlenip şeýle diýipdir:
"Sen ne ajap ýersiñ. Seni nähili söýýärin! Eger kowmum meni bu ýerden çykmaga mejbur etmeselerdi, senden başga hiç ýerde galmazdym".
Bilal Hebeşi (r.a) nähili agyr zulumlary görendigine garamazdan ýene-de Mekgäni küýseýärmişin. Ol "Ah, haçan Mekge jülgesinde bir gijämi geçirip bilerkäm?!" diýipdir.
Bilbili kapasa salypdyrlar welin, aglap-eñräp zaryn-zaryn "Watanym" diýenmişin...
Megerem, watan hasratyny iñ soñky bolup çekenler öz guran watanlaryndan sürgün edilen Osmanly hanedanlygy bolsa gerek.
Tasawwufda "Watan" ynsanyñ hemişelik galjak ýeri bolan "Ahyret" üçin ulanylýar. Adamyñ dünýäde ýolagçydyna ünsi çekilýär. Bu ýerde ynsan karar tapar, ol ýeri watan ediner. Öwlüýäligiñ iñ ýokary derejesine baryp ýeter.
Ilkinji musulmanlar watan hökmünde musulmanlaryñ ýaşaýan we agalyk sürýän ýerlerine düşünipdir. Olar yslam ýurtlarynda başga-başga häkimiýetler agalyk sürse-de, hemmesini bir watanyñ parçasy hasaplardylar. Hindistanly bir musulman Osmanly döwletiniñ çäklerine arkaýyn girip bilerdi we bu ýerde watandaş hökmünde görlerdi. Said Halym Paşa şeýle diýýär:

"Musulmanyñ watany ahkamy-şeriýeniñ (şerigat hökümleriniñ ýöreýän ýeri) höküm sürýän ýerleridir".

Goşguda aýdylşy ýaly:

"Bir künjegiñ niresinde ady tutulsa Allanyñ,
Iñ uzak künçlerini hem öz watanym saýaryn".


Hut ilkinji musulmanlar hem önüp-ösen dogduk depeleri bolan söýgüli Mekge şäherini bu sebäpli terk edipdiler. Ynançlaryny arkaýynlykda ýerine ýetirip biljek ýerleri bolan Medinäni watan edindiler. Watany goramak, watan üçin janyñy bermek din kitaplarynda öwüldi. Hadyslarda hem "Kim maly üçin göreşýärkä öldürilse, şehitdir" diýildi.

• Alla - Watan - Mälik

XIX asyrda Osmanly döwletiniñ çäklerine watan diýlipdir. Namyk Kemal ýaly şahyrlar watan düşünjesine ýewropa äheñli many çaýypdyr. Zyýa Gökalp bolsa:

"Watan ne Türkiýedir türklere, ne-de Türkistan,
Watan beýik we müdimilik bir ülkedir: Turan!"


- diýen setirleri bilen watan düşünjesine romantiki äheñ gazandyranam bolsa, watan düşünjesi mejbury ýagdaýda ýuwaş-ýuwaşdam daralyp başlaýar. Bu gün arap döwletlerinde-de watan düşünjesinden şol döwletiñ ýurdy göz öñünde tutulýar. Depelerde baýyrlaryñ ýüzüne "Alla-Watan-Mälik" sözleri ýazylýar. Milli gimnleri "Watanym" diýip başlaýar. Wagtyñ geçmegi bilen yslam dünýäsinde bu söz hakyky manysyndan daşlaşyp, başga düşünjedäkileri kesekileşdiren döwlet konseptine laýyk gelýän bir watan söýgüsi görnüşine getirilipdir.
Hezreti Pygamberimiz Muhammet Sallallahy Aleýhi Wesellem:
"Ryzkynyñ watanynda berilmegi kişiniñ sagadatyndandyr" diýýär.
Eklenç üçin ýat ýurtlara gitmek mejbury betbagtlykdyr. Käbir adamlar üçin bolsa watan doglan däl-de, doýan ýeridir.
Zyýa Paşa şeýle diýýär:

"Watana ysnyşanlar bisebäp terki-diýar etmez,
Zerurýetsiz jahanda kimse ýat ýurda gitmez".


Hiç hili garyndaşy bolmasa-da, ynsanyñ öz önüp-ösen ýerlerine aýlanyp görmegi, onuñ kalbynda gozgalañ tapdyrýar. Bu adam ogly üçin iñ belent duýgydyr. Ildeşlik duýgusynyñ düýbünde hem bu bardyr. Hatda bir obada ýaşaýanlaryñ arasynda hem şärikdeş obadaşlyk duýgusy bolýar. Adamlar şonuñ üçin öz obadaşyny adaty watandaşyndan ileri tutýandyr. Ynsan bir ýere ýürekden örklenen ýagdaýdaka, köñlüniñ bir künjünde başga bir watanyñ hasratyny çekip biler.
Bu gün ene ýurtlary Mongoliýada galan türki kowumlar üçin watan nirede?
Hazaryñ gündogaryndan Horasana, ol ýerdenem Anadola çenli aralyga hijret eden türkmenleriñ watany nirede?
Konýadan täze eýelenilen Rumelä ýerleşdirilip, bäş asyrdan soñra Anadola dolanmaly bolan mübärek atalarymyzyñ watany nirede?
Rus basybalyjylaryndan gaçyp Anadola, Rumelä, Siriýa hijret eden Kawkazlylaryñ watany nirede?
Watan diñe önüp-ösen, atalaryñ jaýlanan, hossarlaryñ ýaşaýan ýeri bolmasa gerek. Belki-de, ynsan özüni nirä degişli duýýan bolsa, watany hem şol ýeridir.

Ekrem BUGRA EKINÇI.

11.01.2016 ý.

Terjime eden: Has TÜRKMEN.


Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 9 | Добавил: Admin | Теги: Ekrem BUGRA EKINJI | Рейтинг: 0.0/0
Ekrem Bugra EKINJI awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar