07:58

Ýagmyr ýagdyr, Soltanym... - Edebi makalalar


Awtor:
Bölüm: Edebi makalalar
Materýal: Ýagmyr ýagdyr, Soltanym...

Kadyr Alla dökgün nusrat barany,
Ekiniñ hemdesti, ýeriñ ýarany.
Ýeriñ, gögüñ, arşyñ, kürsüñ Subhany,
Rehm eýleýip, ýagmyr ýagdyr Soltanym.
Magtymguly.

Bu dünýäde ähli zatlar biri-biri bilen berk bagly we pugta sazlaşykda ýaşaýar. Aý-Günsüz, Howasyz, Suwsuz bu ýaşaýşy göz öñüne getirip bolmaýar.
Tebigat sazlaşygyny düzýän zatlary birem ýagyş-ýagmyryñ ýagyp, tebigatyñ süññüne dirilik berýändigi mälim. Adamlar ýagyşa gadymyýetden bäri keramat hökmünde seredipdirler. Ony Hudaýyñ nury hökmünde kabul edipdirler. Ýylyñ başynda ýagyş ýagsa Hakyñ kereminiñ joşup, özlerini ýalkadygy hasap edipdirler.
Baryp gadymyýetde gadymy ýegipetliler, gadymy grekler, gadymy rimliler köphudaýlylyga uýanda Asman Hudaýy, Gün Hudaýy, Ýyldyrym Hudaýy, Ekin Hudaýy, Ýagyş Hudaýy diýen ýaly birnäçe hudaýlary bolupdyr. Mysal üçin gadymy ýegipetliler hasylyñ we ygalyñ Hudaýy diýip Hapä çokunypdyrlar. Onuñ şekili bulut ýaly bolup bir elinde suwly gap saklap duran görnüşinde çekilipdir. Adamlar Hapiden ýagyş soranlarynda Nil derýasynyñ suwundan ýokarylygyna sepip ýagyş sorapdyr. Yssy, gurak howada iññän köp adamyñ suw sepmegindenmi asmanda mikroklimat döräp ýagşyñ ýagýan halatlary bolupdyr.
J.Miçell bilen R.Rikardyñ "Феномены книги чудес" diýen kitabynda mälim edilişine görä, ýörite ýagyş ýagdyryp bilýän adamlar bolupdyr. Käbir adamlar bolsa demirgazykdan sowuk howany, günortadan gyzgyn howany çagyryp, ikisiniñ garyşmagynda siklon döredip, güýçli ýagyşly çabgalary getirip bilipdir.
Hýugo Çateris diýen syýahatçy 50-nji ýyllarda Gwineýada gören zatlaryny şeýle beýan edipdir:

"Ilkibaşda ýagyş çagyryjylar dymmak esasynda, ellerini ýokary tutup, barabanyñ hereketine çaýkandylar. Soñra bir zatlar okap, barabançylara has çalt hereket bilen dirižýorçylyk etdiler. Bu ýagdaý agşama çenli dowam etdi. Ilki asmany ak tüsse ýaly zat tutdy. Soñra ýagyşly gara bulut geldi we dynuwsyz ýagyş ýagdy".

Alymlar asmanda howany sarsdyryp hem ýagyş ýagdyryp bilýän eken.
Sankt-Peterburgdaky "Ermitažda" 1555-nji ýylda ýaşap geçen O.Magnusanyñ çeken grawýurasynda şeýle şekil bar. Atyjylar asmana tarap buludy peýkam bilen atyp durlar. Aşagynda bolsa "XVI asyryñ tupan turuzyjy iñ oñat mergenleri" diýen ýazgy bar.
Biziñ eramyzdan öñ 102-nji ýylda bolan söweş barada gadymy grek taryhçysy Plutarh şeýle ýazypdyr:

"Uly, agyr söweşiñ galmagaly asmandan çagba gelmegine sebäp boldy".

Umuman, V-XV asyrlarda adamlar howany sarsdyryp bulut döredip ýagyş ýagdyran halatlary az bolmandyr.
XVI asyrda italýan skulptory Bekwenuto Çellin topuñ nilinden pagtabent atyp howant sarsdyrmagy teklip edipdir we şol teklibiñ netijesini halk görüpdir. Fransiýda bolsa howany sarsdyrmak üçin äpet jañlary gurupdyrlar.
Türkmenlerde-de ýagşy Hudaýyñ nury hasaplaýarlar. Halk yrymynda Nowruz gar ýa-da ýagyş bilen gelse ýyly bereketli hasaplaýarlar. Ýyl gurak gelen halatlary ýagşyñ piri Burkut babanyñ ýoluna janly gurban beripdirler. Has gadymy çeşmelerde Gündogarda Burkut baýramyny geçiripdirler. Adamlar käsäsiniñ içine kümüş atyp bir-birine suw paýlapdyrlar. Şol suwdan asmanyñ, ýeriñ paýyny beren (suw sepeläp) soñra özleri içipdirler. Burkut babanyñ ýoluna soñundan doga okapdyrlar. Şeýle däbi Orta Aziýada dowam etdirýän käbir halklar entegem bar. Türkmenler ýagyşy şatlyk hökmünde kabul edýär. Çagajyklar ýagyş ýaganda:

Ýagyş ýagara geldi,
Gyzlar oýnara geldi.
Ýag ýaganagym,
Guý guýanagym -

diýen ýaly şatlyk, ýagşy niýet bilen garşylapdyrlar.
Türkmenlerde hem ýörite bulut çagyryp, ýagyş ýagdyryp bilýän adamlar bolupdyr. Bar bolan maglumatlara görä Mäne baba ýagyş ýagdyrypdyr.
Ak işan yssy howada namaz okanda üstüne ak bulut kölege bolup durýan halatlary bolupdyr.
Magtymgulynyñ "Ýagmyr ýagdyr Soltanym" diýen şygrynyñ añyrsynda nähilidir bir gizlin hakykat ýatyr. Türkmenlerdr ýagyş görnüşlerine ~ çagba, ýagmyr, jala, jöwenek, öýlänçi diýen görnüşleri bar. Bulutlary hem şekiline görä sypatlandyrypdyr. Gara bulut, ak bulut, çal bulut, sary bulut, ýagmazak bulut, doly bulut diýen ýaly görnüşler boýunça ýagşyñ ýagjagyny, ýagmajagyny öñünden kesgitläpdirler. Adamlar irden we agşamara başlan ýagşyñ siññitli we uzak ýagýandygyny kesgitläpdir. Demirgazykdan gelen buludyñ suwly, günortadan gelen buludyñ gurakdygyny uzak ýyllaryñ synçylygy bilen añypdyrlar.
Türkmen daýhançylygynda güýzüñ aýagynda, baharyñ başlarynda ýagýan ýagyş hasyllylygyñ gözbaşy hasaplanýar. Umuman adamzadyñ paýhasy ýetmedik örän köp syrlar tebigatda bar. Esasy zat tebigatyñ dilini tapyp, onuñ bilen sazlaşykly ýaşamaly.
Alymlar, taryhçylar gadymdan bäri uruş turýan, agzala ýurtlarda ýa gurakçylyk bolýandygyny ýa-da aşa ygal köp gelip sil alýandygyny belläpdir.
Hakyñ garşysyna gitmän, il-güni agzybir ýaşan ýurtlarda ygalyñ tebigat bilen sazlaşykly ýagýandygam köp çeşmelerde bellenipdir.
Köp çeşmeleri okanym üçinmi, täsinliklere ynanýanym üçinmi, şu ýyl türkmen topragyna ýagan ygal agzybir ilime bereket getirdi. Bu biziñ asudalygymyza Hudaý janyñ beren peşgeşi. Hakyñ nury zemine, rehnet nury üstüñize ýagsyn eziz ilim!

Oguljemal ÇARYÝEWA.

"Watan" gazeti, 15.09.1998 ý.


Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 10 | Добавил: Admin | Теги: OGULJEMAL ÇARYÝEWA | Рейтинг: 0.0/0
Oguljemal ÇARYÝEWA awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar