19:40

Ýyldyzlar urşumy ýa ýyldyzly asman? - Geň-taňsy wakalar


Awtor:
Bölüm: Geň-taňsy wakalar
Materýal: Ýyldyzlar urşumy ýa ýyldyzly asman?

''Mälim bolşy ýaly informasiýanyñ azatlygy hakyndaky kanun boýunça hökümet guramalarynyñ hiç biriniñ NLO (UNO) baradaky materiallary ýaşyrmaga haky ýokdur''
(Nýu Meksikanyñ üstündäki heläkçilik)
''Stroitelnaýa gazeta'' 15.02.1989 ý.)

''Taraplar gözegçilik ediş sistemalary tarapyndan näbelli obýektler ýüze çykarylan halatynda dessine birek-biregi habarly etmegi borç edinýärler''.
(SSSR bilen ABŞ-yñ arasyndaky ýadro urşy howpuny döretmek boýunça çäreler hakyndaky 1971-nji ýylyñ şertnamasynyñ 3-nji punkty)

NLO ㅡ galaktiki Korabyllary baradaky kontinentara barlag setiniñ prezidenti Kolman fon Kewiskiniñ baş memorandumy ABŞ-yñ prezidenti Jorj Buşa we SSSR ýokary Sowetiniñ başlygy Mihail Sergeýewiç Gorbaçýowa 1990-njy ýylyñ ýanwarynda ýollanypdyr.
M.S.Gorbaçýewa ýüzlenmek bilen Kawiskiý şeýle ýazýar: ''Hormatly prezident Gorbaçýew: ''Men halkara harby işgär hem-de galaktiki korabyllary baradaky kontinentara barlag ýolbaşçysy hökmünde geçen 37 ýylda gelmişekleriñ (NLO) güýçleriniñ hemme taraplaýyn işini we olaryñ aktiwligini harby analitiki öwrenmäge synanyşdym. Biziñ halkara setimiz degişli milli bilelikdäki pionerler we olaryb guramalary bilen soýuzda çykyş edýär. Şol guramalar ýaraglanan tarap dünýäniñ bigünä milletleri üçin zelel boljak heläkçilikli kosmiki urşy ökükdirmezinden öñ... başga planetalylaryñ harby adamlar tarapyndan tassyklanan NLO güýçleriniñ üsti bilen Galaktiki häkimýet bilen resmi aragatnaşygy ýola goýmakda siziñ hormatly hökümetiñize-de höwes döretmek ugrunda BMG-de onlarça ýylyñ dowamynda çalşyp gelýärler.
Hormatly Jenap Prezident: ''Biziñ Asman Jisimimiziñ howpsuzlygy hem-de ýokary Galaktiki häkimýetler bilen düşünişmek üçin, olaryñ ýeriñ golaýyndaky hereketlerinde gelmişekleriñ (NLO) güýçleri bilen gatnaşygy we aragatnaşygy gözlemek üçin örän gijikdirilen, ýöne zerurlyk we milleti halas etmek bilen bagly bolan kosmiki işleriñ bütindünýä departamentini ýola goýmaly...
''Parahat asmany'' gorap saklamak we ähli milletleriñ Kosmiki urşunyñ ejirini çekýän pidalary bolmagynyñ öñüni almak maksady bilen gelnen karar hakynda aýdylanda bolsa, onda aşakda gol çekýän alymlar we NLO barlagynyñ pionerleri Sowet Sosialistik Respublikalary Soýuzynyñ tanymal Hökümetiniñ Birleşen Ştatlar bilen bilelikde başda howpsuzlyk boýunça halkara kongresini çagyrmagyny gazanmaga özlerini borçly saýýarlar. Şol kongrese her bir millet şu aşakdakylar bilen gatnaşyp bilerdiler:

a) harby güýçler we howpsuzlyk gulluklarynyñ güýçleri:
b) kosmiki agentlikleriñ we milli ylymlar akademiýalarynyñ doly hukukly wekilleri:
w) NLO barlag guramalarynyñ pionerleri:

Öñ biziñ näbelli obýektler problemasynyñ çözgüdini gözlemek boýunça konstruktiw aksiýalarymyza Birleşen Milletleriñ we hökümetleriñ äsgermezçilikleri garaýandyklaryny, iñ gowy bolanda olaryñ maglumat üçin kabul edilendigi baradaky sypaýy jogap bilen ''begendirilendigimizi'' biz nygtap geçmekçi.
Jenap prezident, bize jemgyýetçilik üçin howpsyzlygyñ bu ýiti we hatarly problemasy derekli. Siziñ Zenewadaky we Maltadaky ylalaşyklaryñyzy ruhunda abraýly beýannama bilen çykyş etmegiñizi towakga edýäris. Aşakda atlary getirilýän alymlaryñ we guramalaryñ adyndan biziñ bu zatlary çyn ýürekden aýdýandygymyza ynanyñ.
Hormatlamak bilen
ostawkadaky maýor Kolman Fon Kewiskiý, harby-tehniki ylymlaryñ magistri''.

Bu hata GFR-iñ, Wengriýanyñ, Daniýanyñ, Şwesiýanyñ, Beýik Britaniýanyñ, ABŞ-nyñ, Kanadanyñ, Argentinanyñ, Braziliýanyñ, Çiliniñ, Perunyñ, GAR (Günorta Afrika Respublika) Hytaýyñ, Ýaponiýanyñ, Awstraliýanyñ, Täze Zelandiýanyñ, SSSR-iñ alymlary we barlag institutlarynyñ wekilleri (SSSR (gündogar) Wekil: Waleriý Wiktorowiç Dwuzilnyý (adaty däl hadysalar boýunça Uzak gündogar komiteti), SSSR (günbatar Wek: Nikolaý Georgiýeeiç Lebedew (barlagçy, Leningrad) gol çekipdirler.
Memorandumyñ goşmaça dokumentlerinde ýagdaýyñ çynlakaýdygyny görkezýän täze faktlar getirilipdir. Iññän möhüm bolandygy üçin A goşmaçasynyñ mazmunyny dolulygyna getirýäris. Oña Günorta Afrika HHG-niñ başga planetanyñ korabylynyñ (NLO) Kalahari çöllüginde heläkçilige uçraýşy hakda gürrüñ berýän bütinleý gizlin dokumentleriñ kopiýalary girizilipdir. Bu dokumentler has dogrusy, doklad ýörite barlagçylaryñ we öwrenmeleriñ departamentu tarapyndan düzülipdir. Dokladyñ taýýarlanan wagty 1989-njy ýylyñ 7-nji maýy Gelmişeklerib korabylyny ewakuirlemek we barlamak boýunça operasiýanyñ ady ''Gara at'' Düzülen ýeri: Walhalla (Pretoriýa) HHG (XXГ)-niñ bazasy.
Şeýlelikde:
1989-njy ýylyñ 7-nji maýynda Grinwiç boýunça 13:45-de harby deñiz flotunyñ (HDF), fregaty (originalda gäminiñ ady galdyrylypdyr) radio boýunça Keýptauntdaky HDF-niñ ştabyna hasaplama görä sagatda 5746 deñiz mili (1063 km/sag ㅡ (makalanyñ awtorynyñ belligi) tizlik bilen demirgazyk-günbatar tarapdan Afrika kontitentine uçup barýan näbelli obýektiñ radiolokasiýon ekranlarynda peýda bolandygyny habar beripdir.
HDF-nyñ ştaby habaryñ gowşandygyny bildirip, obýekte mundan hem başga howa bazasynyñ radarynda, gury ýer goşunlarynyñ RLS-de we Keýptaundaky halkara aeroportynyb ''Milan'' tipli RLS-de gözegçilik edilendigini tassyklapdyr. Obýekt günorta Afrikanyb howa giñişliginde Grinwiç boýunça 13:52-de aralaşypdyr. Radio boýunça gatnaşygy ýola goýmaga synanyşyk edilipdir, ýöne olaryñ ählisi biderek bolupdyr. Walhalla, HHG-niñ bazasy habardar edilipdir we ''Miraz'' istrebitelleriniñ ikisi asmana galdyrylypdyr (indeks ýok). Obýekt birden harby samalýot üçin mümkin bolmajak ýagdaýda uly tizlikde ugruny üýtgedipdir.
Grinwiç boýunça 13:59-a alyp baryjy galdyrylypdyr) obýekti şeýle we radiolakatoryñ ekeranynda görýändigini habar beripdir. Oña samalýotda goýlan ''TOP-2'' eksperimental lazer topy peýdalanmak we obýekt boýunça ot açmak baradaky buýrugy berlipdir. Buýruk ýerine ýetirilipdir.
Alyp baryjy (ady galdyrylypdyr) obýektden birnäçe gözüñi gamaşdyryjy ýalnyñ çykandygyny habar beripdir. Obýekt ýene-de demirgazyk tarapa heteket etmek bilen çaýkanyp ugrapdyr. Grinwiç boýunça 14:02-de obýektiñ minutda 3000 fut (minutda 914) tizlik bilen aşaklap başlandygy habar berlipdir. Soñra ol uly tizlikde 25 gradus öwrüm berip, Günorta Afrikanyñ Botswana bilen serhedinden 80 km-lik demirgazygynda Kalahari diýen at bilen belli bolan çöllükde ýere gaçypdyr. Alyp baryjy (ady galdyryldy) obýekt tapylýança şol raýonuñ üstünde uçmak barada tabşyryk alypdyr. HHG-niñ razwdkasynyñ ofiserler komandasy barlap gaýtmak üçin medisina we tehniki personal bilen obýektiñ gaçan ýerine çalt etlilipdir.
Ýüze çykarylan zatlar şulardan ybarat:

1. Diametri 150 metre we çuñlugy 12 metr bolan krater (oýulan ýer).
2. 45 gradus eññit bilen kratere süsñän kümüşsow reñkli tegelek görnüşli obýekt.
3. Güýçli gyzandygy zerarly obýektiñ töwereginde çäge gara köýük bolupdyr.
4. Obýektib töwereginde dörän intensiw elektromagnit we radioaktiw ýagdaý HHG-niñ elektron enjamynyb hatardan çykmagyna getiripdir.
5. Toparyñ ýolbaşçysy soñraky barlaglar üçin obýekti HHG-niñ gizlin bazasyna geçirmegi teklip edipdir bu ýerine ýetirilipdir.

Bu ýerde bolup geçen hadysanyñ ähli subutnamalaryny ýaşyrmak üçin oýulan ýere daş dökülip, gum sürülipdir.
Aşakda getirilýänler bolsa harby howa bazasynda geçirilen deslapdaky barlagda ýüze çykarylan anyk detallardyr.
Korablyñ tipi: näbelli - çaklanylşyna görä başga planetanyñky.
Tanamak üçin belgisi ýok: korablyñ bir tarapynda metala basylan haç kysymly nyşany bar.
Ölçegleri: uzynlygy-20 ýard (18,2 metr) töweregi, beýikligi ㅡ 9,5 ýarda (8,64 metr) golaý.
Agramy ㅡ 50000 kilograma golaý.
Konstruksiýanyñ materialy ㅡ näbelli - mundan beýläkgi labarotoriýa netijelerine garaşylýar.
Obýektiñ üstki gatlagy: tekiz, ýylmanak, tutuksy kümüş reñkde.
Korablyñ daşky ýa-da içki üstki gatlagynda göze görünýän sep ýüze çykarylmady.
Dartyş güýjüniñ çeşmesi: näbelli ㅡ labarotoriýa netije ýerine garaşylýar.
Bellik: gidrawliki tipli gonuş enjamy doly goýberilipdir. Bu obýektiñ awariýa uçramagynyñ elektron näsazlygy zerarly bolandygyny çaklamaga mümkinçilik berýär. Munuñ korablyñ ''TDP 2'' lazer top bilen oka tutulmagy netijesinde bolan bolmagy mümkin.
Barlag koçandasy HHG-niñ bazasynda obýekti gözden geçirýärkä güýçli ses eşidilipdir. Korablyñ bir tarapynda gapynyñ ýa-da lýugyñ çala açylandygyny, ýöne soñlugyna galdyrylandygy göze ilipdir. Şol aralyk soñra kuwwatly gidrawliki enjam bilen giñeldilipdir. Şondan soñra:
a) Endamyna syrlaşyp duran çal eşikli iki sany adamsypat jandar peýda boldy we olar dessine medisina merkezine ýerleşdirildi.
b) Korablyñ içindäki dürli obýektleri analiz üçin alyndy. Netijä indi garaşylýar.
c) Korabl steril şertlerde ýerleşdirildi.
Adamsypat jandarlar hakda medisina doklady.
Gelip çykyşy: näbelli, çaklanyşyna görä, başga planetadan.
Boýy: 4-4,5 fut (1,22-1,37 metr).
Ýüzüniñ reñki: çalymtyl-gök, derisi ýylmanak, diýseñ çeýe.
Tüýi: bedeninde hiç hili tüý ýok.
Kellesi: Adamyñky bilen deñeşdireniñde uly.
Kelle süñki: tüññi, kellesiniñ daşynda garamtyl gök menekler bar.
Ýüzi: ýañaklarynyñ süñki çykyp dur.
Gözleri: Uly çekge tarap biraz ýokarlygyna keserýär. Gözüniñ bäbenegi: görnenok.
Burny: adamyñky bilen deñeşdireniñde örän inçe.
Göwresi-elleri: Uzyn we inçe tas dyzyna ýetip dur.
Goşarlary: üç barmakdan ybarat, penjireleri, dyrnaklary ýiti.
Gursagy: döşüniñ we garnynyñ derisi durşuna diýen ýaly ýygyrt-ýygyrt.
Butlary: gysga hem inçe.
Jyns organkary: daşyndan jyns organlary ýok, göze ilenok.
Dabany: dyrnaksyz: üç sany barmakdan ybarat, barmaklarynyñ arasy perdeli.
Bellik: gumanoidleriñ agressiw häsiýetdedikleri zerarly ganynyñ we derisiniñ nusgasyny alyp bolmady (olaryñ biri doktora topulyp, onuñ ýüzünde we döşünde çuñ dyrnaçak yzlaryny goýdy) Dürli iýmitleri hödürlense-de, olary iýmekden ýüz öwürdiler.
Aragatnaşygyñ usuly näbelli çaklanylyşyna görä, telepatiki bolmly.
Gumanoidler HHG-niñ bazasynyñ 6-njy gatynda gorag astynda saklanýar. Had çuñ barlamak we öwrenmek maksady bilen iki gumanoid üçin hem ABŞ-nyñ HHG-niñ Raýt Patterson bazasyna göni aşmaga rugsat soraldy.

A) Hiç hili netije bolanok.
Obýekt we Gumanoidler has çuñ barlamak üçin ABŞ-nyñ HHG-niñ Raýt Petterson bazasyna ýerleşdirdiler.

S) Iberilen wagty ㅡ 1989-njy ýylyñ 23-nji iýuny.
Bellik: Netijä gelnenok.
Bu dokumentde deslapky dokladyñ başky maglumatlary berilýär, soñraky detallara Günorta Afrikadaky we HHG-niñ Raýt Patterson bazasyndaky barlaglar tamamlanandan soñ garaşylýar.

Çykgyt: Gumanoidleriñ we başga planetalylaryñ korablynyñ suraty Baş dokladyñ ýanyna goşuldy. Şu stadiýada obýektiw ''NORAD''-nyñ gözegçilik edendigi barada bize habar berildi.
Ýokarda beýan edilen doklad NLO-ny öwrenijiler Günorta Afrikanyñ HHG-niñ razwedkasynyñ ofiseri tarapyndan berildi. Ol öz bitiren ýer planetasynyñ Grazdanine mynasyp işine aşakdaky beýannamany goşdy:
''...Men (galdyrylypdyr)...Günorta Afrikanyñ HHG-niñ razwedkasynyñ ýörite barlaglar Departamentiniñ çleni, meniñ öýüm (galdyrylypdyr) Günorta Afrikada Gizlinlik hakda Resmi Aktyñ 5 dokumentine 1989-njy ýylyñ 7-nji maýynda we 1989-njy ýylyñ 29-njy iýulynda gol çekdim, olarda bu aýratyn gizlin operasiýa dahylly maglumatyñ başga ýere berilmeginiñ nämelere getirjekdigi we bu maglumatyñ her hili üstüniñ açylmagy Günorta Afrika garşy dönüklik hökmünde garaljakdygyny maña açyk duýduryldy. Men bu maglumatyñ aýan edilmeginiñ ähli adamzadyñ garşysyna dönüklik boljakdygyna berk ynanýandygym. üçin ony jemgyýetçilige aýan etmegi ýüregime düwdüm''.
1989-njy ýylyñ 23-nji sentýabrynda polisiýa ofiseri Antoni Dodd bilen fizik Genri Azadedel tarapyndan guralan we geçirilen konferensiýa üçin taýýarlanan çykyş.
Ol Goranmak Ministrliginiñ NLO-nyñ Gizlinlik hakda Resmi Akta girmeýändigi barada Goranmak Ministrliginiñ sitatalary bilen başlanýar...
Men, Toni Dodd we meniñ dostum Genri Azadedel. Biziñ ikimiz ㅡ doktor Genri we men ilki NLO boýunça öz geçirýän işlerimiz barada gürrüñ etmegi niýet edinipdik, emma Günorta Afrikada ''Heläkçilige uçran NLO'' baradaky çaklama bilen baglylykda bize birnäçe hepde mundan öñ gelip gowşan maglumaty çuñ öwrenmäge köp wagtymyzy sarp etdik. Barlaglaryñ çylşyrymly häsiýetdedigine görä, wakalary bolup geçişi ýaly yzygiderlilikde beýan etmek umydy bilen, doktor Genri we men çalşyp durarys.
Size bize gelen käbir dokumentleriñ slaýdlary, şeýle hem maglumaty beren adam görkeziler. Gynansagam käbir atlary we ýerleri galdyrmak zerur boldy. Bu biziñ maglumatçynyñ şahsyýetini goramak üçin gerek boldy. Ol eýýäm mundan beýläk bu ýurtda däl. Ol özüniñ Günorta Afrikanyñ harby howa güýçleriniñ razwdkasynyñ ofiseridigini we özüni tanatsa oña öz ýurdunda döwlete dönüklik etmekde günä ýüklenjekdigini aýtdy. Men bu adam bilen uzak wagtyñ dowamynda hat alyşdym, ýöne onuñ razwedka bilen baglanyşygynyñ bardygy hakda soñky birnäçe hepdä çenli habarym bolmady.
Şu stadiýa men öñ hem aýdyşym ýaly, biziñ bermekçi bolýan gürrüñimizde belli bir goýup gitmeleriñ bolmalydygyny gaýtalamakçy bolýan. Biziñ maglumatlarymyzyñ çeşmeleriñ, hut olaryñ özleriniñ howpsuzlygy üçin, doly goragly bolmagy diýseñ wajyp.
Maglumatçylary şeýle usulda goramak bilen biz beýleki razwedka çeşmeleri öñe çykar we belki, bolup geçýän zatlaryñ doly kartinasy peýda bolar diýip umyt edýäris. Soñra hem, haçanda biz bu çaknyşygyñ detallaryny aýdyp bolanymyzda, soraglara jogap bermek bagty üçin bize wagt galýar. Emma biz eger maglumatlaryñ çeşmesi hakda soraglary dowam etdirmegimiziñ olara zyýan getirjekdigini duýsak, onda biz jogap bermezlik hukugyny özümizde galdyrýarys.
Iýulyñ birinji hepdesiniñ dowamynda men jenap H-den hat aldym. Ol Kalahari çöllüginde NLO-nyñ heläkçilige uçrandygy we Günorta Afrikanyñ harby personalynyñ komandasy tarapyndan HHG-niñ gizlin bazasyna eltilendigini habar berdi. Amerikan harby personalynyñ gelip, barlaglary kontrollyga alandygy barada hem bu hatda aýdylýar. Şeýle hem resmi dokumentiñ göçürmesini maña iberip biljekdigini, ýöne ony biraz soñra hat bilen, eger hat bilinse-de kimiñ iberendigi belli bolmaz ýaly edip iberjekdigini aýdypdyr (2-nji slaýd). Bir hepdeden soñ men ýüzünde Günorta Afrikanyñ HHP-niñ haty bolan, bäş sahypadan ybarat dokument aldym. Dokumentiñ sahypasynda ''Aýratyn gizlin'' diýen belgi bardy (3-nji slaýd). Dokumentde şeýle gürrüñ berilýärdi (4,5,6,7,8 slaýdlar)...
Indi bolsa tutuş çaknyşygyñ eýýäm belli bolan maglumatlary gaýtalamazdan käbir takyklanan detallary (makalanyñ awtory tarapyndan gysgaldyldy). NLO uly krateriñ eññidine süsñäp urdy...
bir teleskopik aýak korablyñ bir bortundan çykyp durdy, bu urgudan şeýle bolan ýalydy. Uly halas ediji wertolýotlar wakanyñ bolan ýerine tarap uçdylar. Birinji bolup baran we 500 fut (152 metr) beýiklikde obýektiñ üstünden geçen wertolýot dessine togtady we heläkçilige uçrady. Ekipazyñ bäş çleni wepat boldy. Obýekte golaýlaşýan apparatlaryñ dwigatellerinde obýektden gaýdan intensiw elektromagnit meýdany sebäpli näsazlyk döremändigi ýüze çykaryldy. Ahyrsoñy bu ýerde reñke meñzeş kompaund getirlip ''obýekte '' çalyndy. Ol megerem magnit meýdanynyñ güýjüni gaçyran bolmaly. Iñ soñunda obýekt XXI-niñ bazasyna äkidildi, ýerastynyñ altynjy gatynda goýuldy. Şol wagt ol düýbünden bitindi (makalanyñ awtorynyñ belligi). Bularyñ hemmesi HHG-niñ Raýt Patterson bazasyndan amerikan komandasy gelýänçä bolup geçdi.
Halas ediş komandasy we alymlar obýekt barada pikir edip durka birden korablyñ bir tarapyndan eşidilen galmagal olaryñ ünsüni çekdi. Olar bortda nämäniñdir açylandygyny gördüler. Bu çalaja açylan gapydy. Gapyny doly açmaga synanyşyk edildi, ýöne başa barmady, şonuñ üçinem gidro enjamyñ güýji ulanyldy. Gapy açylan badyna iki sany kiçijik başga planetaly jandar yranyp çykdylar we bu ýerdäki howpsuzlyk agentleri tarapyndan tussag edildiler. Wagtlaýyn medisina merkezi döredildi. Başga planetadan gelenleriñ biri, megerem agyr ýaraglanan bolmaly, ýöne başga planetadan gelenleriñ biri doktora hüjüm edenden soñra doktorlar gaçyp, gelenlere soñ golaýlaşmadylar. NLO-ny we gelmişekleri HHG-niñ Raýt Patterson bazasyna (Daýton, Ogaýo, ştaty, ABŞ) gowşurmak üçin hemme zat edildi. ''Ýük ''Galaktika C2'' tipli samalýotlarda amerikan harby-howa personalynyñ ugramagynda 1989-njy ýylyñ 23-nji iýunynda uçuruldy''. Başga planetalylaryñ korably günorta afrikan razwedkasynyñ ofiseriniñ çeken suratynda görkezilen (Gonuş aýaklaryny rekonstruksiýa eden - makalanyñ awtory).
Başga planetanyñ korablynyñ suratynyñ aşagynda 25 ýyl mundan ozal polisiýanyñ naçalniginiñ orunbasary Lonni Zamora amerikan HHG-si üçin 1964-nji ýylyñ 24-nji aprelinde Koloharidaky korablyñ belgisine meñzeş belgi bar: gümmeziñ aşagyndaky ýaý, ujypsyzja tapawut üç nokadyñ ýokdugy Günorta Afrikan HHG-niñ ýanyndan synlap has takyk çekmeginiñ netijesi bolup biler''.
''B'' goşmaça hakda aýdylanda bolsa ''Appolon ㅡ II''-niñ ''Aý missiýasyna degişli. Günorta Afrikan razwedkasynyñ ofiseriniñ hereketi nädereje grajdançylykly bolsa, grajdan adamsynyñ ''Appolon II''-niñ komandiriniñ, kosmonawt Armstrongyñ özüni alyp barşy şonça-da gelşiksiz. Ol Amerikan ýörite gulluklary tarapyndan gorkuzylyp we olaryb puluna satyn alynyp, jemgyýetçilige Aýda gören zatlary hakda hakykaty şu güne çenli aýdanok. Ine, astronawt Armstrongyñ ýakyn kömekçisi 1989-njy ýylyñ 24-nji maýynda ýazan hatynda nämeleri habar berýär.
''Gadyrdan Kolman... Aýa tarap ýoluñ dörtden birinde üç sany NLO olara ýakyn bardy. NLO üç fut (0,91 m) daşlykdadylar. Olar NLO-ny surata aldylar. Olar NLO-nyñ içindäki başga planetalylaryñ kölegelerini görüp bilýärler. Olar Hýustona habar berdiler. Aýyñ orbitasyna çykanlaryndan soñ olar NLO-ny ýitirdiler. Modul Kratere gonmak üçin aşaklan wagtynda 3 sany NLO krateriñ gyrasyna gondular. Modul gondy. Başga planetalylar NLO-dan çykdylar. Olar kosmiki skafandadylar. Hýuston üç sebäbe görä çykmazlyk barada Armstronga habar berdi.

1. Sebäbi ol komandir.
2. Gelmişeklerden gorky we olaryñ näme etjek bolýandyklarynyñ näbelliligi.
3. Ol harby adam däldi.

Armstrong buýruklary ýerine ýetirmän, Aýa aýak basdy. Ol munuñ üçin kosmiki programmadan kowuldy. Şu wagtyñ içinde NLO fotolaryñ we wideofilmleriñ ähli görnüşleri surata düşürildi. NLO-nyñ iñ uly diametri 50-100 futdy (15-30 metr).
Ýokarda beýan edilen maglumat NLO boýunça belli iñlis eksperti ýazyjy we skripkaçy Tomiti Guduñ ''Gizliniñem gizlini'' atly kitabynda hem tassyklanylýar. Bu kitap 1988-nji ýylda Günbatarda çap edildi, ýöne gynansagam, bu täsin kitap rus dilinde çap edilenok. ''B'' Goşmaça 1973-nji ýylda W.G.Azazanyñ APN-iñ işgärleriniñ öñünde eden belli çykyşyna hem salgylanylýar. Ýöne W.G.Azazanyñ ''Apollon ㅡ II''-niñ missiýasy barada öz maglumatynyñ çeşmesini görkezmänligi üçin, makalanyñ awtory ony galdyrmaga özüni hakly hasap edýär.
Gürrüñimi jemläp bir zat soramakçy: biz hemmämiz nämäniñ tarapynda? Ýyldyzly asmanyñmy ýa-da ýyldyzlar urşunyñ?
SAKKFONYÑ prezidenti, synagdan geçiriji lýotçik, zapasdaky polkownik, alym aýallaryñ Bütindünýä assosiýasiýanyñ prezidenti ''SSSR-iñ ylmy we Inzener jemgyýetleriniñ soýuzynyñ adaty däl hadysalar boýunça komissiýasynyñ býuro çleni M.L.Popowiçiñ goşmaça kommentarisi:
''Aýa uçup gelenden soñra Armstrong biziñ ''Zwýozdnymyza'' geldi. Biz, elbetde oña başga planetalylar barada hem soraglar berdik. Hat-da özümiñ ''Dogryñy aýt, seniñ olar ''Ýok'' diýip aýtmagyñ üçin saña köp tölän bolsalar gerek'' diýip soranym ýadymda. Ol güldi-de: ''Eger hatda tölän hem bolsalar, emma men hakykatdanam olary gören bolsam, durup bilmän aýdardym'' diýip jogap berdi. (Kosmonawtlaryñ) nerwileriniñ bozulmagy barada aýdylanda bolsa men kosmosa uçuşdan soñra kosmonawtyñ ukyplarynyñ has doly açylan halatlaryny bilýärin. Megerem her näme-de bolsa Ýeriñ çäginden çykmak çendenaşa ägirt uly sargsyn bolsa gere. Meselem Borman 20 kilometr beýiklikden maşynlaryñ nomerlerini görüp başlady. Janybekowyñ döredijilik ylhamy ganat bekledi. Ol öñem surat çekýärdi. Ýöne ''Mir'' stansiýasyny ''janlandyrmagyñ'' azaplaryndan, ummasyz güýç sarp edenden soñra spesialistleriñ pikirine görä, ajaýyp suratlar çekip başlady.
Mitçel pikirdäki obrazlary ''geçirip'' ýerüsti gulluklaryñ speratorlary bilen synag geçirýärdi. Amerikanlaryñ aýtmagyna görä, operatorlaryñ jogaplarynyñ 80 prosenti onuñ pikirlerine gabat gelipdir. Ýeri gelende aýtsak öz wagtynda Mitçel kosmonawtikadan gitdi. Ýöne kosmos ýaraglanyp başlandan soñra gitdi.

"Ýaş kommunist" gazeti, 17.04.1990 ý.


Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 9 | Добавил: Admin | Теги: Kosmos dünýäsi | Рейтинг: 0.0/0
Kosmos dünýäsi awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar