19:36

Gyzyl Alma nirede? - Taryhy makalalar


Awtor:
Bölüm: Taryhy makalalar
Materýal: Gyzyl Alma nirede?

Gyzyl Alma taryhda türk häkimiýetininiň idealyny aňladýan bir simwol bolup durýar. Bu idealyň esasy yslam hakykatlaryny ýaýmak maksady bilen alnyp barylan göreşleriň ruhundan emele gelendir. Bu bolsa Yslam dininiň her ýerde ýaýylmagyny üpjün etmek diýmegi aňladýar. “Gyzyl Alma” ideýasy gadymy türklerden bäri hökümet adamlarynyň, harby gullukçylaryň, halk köpgüliginiň habarly bolan idealy bolup durýardy.

♣  “HAKYŇ MENI UGRADAN ÝERI”

“Gyzyl Alma tarap öňe!” diýen jümle esgerleri ýeňişe ruhlandyrýan sözdi. Ýöne “Gyzl Alma” näme, nämäni aňladýar we nirede? Käbir taryhçylaryň pikirine görä, “Gyzyl Alma” Wizantiýa tagtynyň üstünde ýa-da “Aýasofýa” binasyndan sallanan we Hezreti Isa pygambere degişlidigi aýdylan altyn topdyr. Emma “Aýasofýanyň” öňünde Imperator Ýustinianusyň heýkeliniň elindäki altyn şar sebäpli, Stambula “Gyzyl Alma”  hökmünde baha berilýär. Stambulyň eýelenmeginden biraz öň bu şar ýere düşüpdir we gaýdyp öňki ýerine goýmak başartmandyr. Muňa bolsa Wizantiýanyň ýykylmagynyň alamaty hökmünde garalypdyr. Üstesine hem imperatoryň eli täze ýeňijileriň ýurdy bolan gündogary görkezýärdi.
Stambulyň eýelenmeginden soňra Papalyga  degişli San-Petro buthanasynyň goňras reňkli gümmezi ýa-da mährabyndaky altyn şar sebäpli Rim “Gyzyl Alma” hasap edildi. Rimiň eýelenjegine degişli hadyslaryň bardygy üçin musulmanlar gelejekde Rimi basyp almaklygy özlerine maksat edip goýupdyrlar. Munuň üçin “Gyzyl Alma” adalgasy iň köp Rim üçin ulanylypdyr. Soltan Ýyldyrym Baýezidiň tagta çykmagyny gutlamak üçin gelen daşary ýurtlylara ol “Rime çenli gidip, atymy  “San Petro” buthanasynyň mährabynda iýmlejekdirin” diýipdir.
Wagt geçip ýurtlaryň eýelenmegi bilen “Gyzyl Alma” düşünjesi hem özgeripdir. Öwlüýä Çelebi “Gyzyl Almanyň” dünýä häkimiýetini göz öňünde tutýan idealyň maksadyny görkezýän we hristianlygyň merkezi pozisiýasynda ýerleşen alty meşhur Pereň şäherlerini aňladýandygyny belläp geçýär. Olar “Gyzyl Alma” köşküniň ýerleşen ýeri bolan Budin, “Gyzyl Alma” buthanasynyň ýerleşen ýeri bolan Estergon, Istolni Belgrad, jaňynda altyn şar asylgy San Stefano buthanasy ýerleşen Beç (Wena) we Kýoln ýaly gelejekde basyp almagy meýilleşdirilen şäherlerdir. Ilkinji üçüsi Wengriýada, ikisi Awstriýa korolynyň paýtagty bolup durýardy. Budin eýelenende şahyrlar patyşany “Gyzyl Almany” alandygy üçin öwgüläp şygyrlar ýazypdyrlar.
Üç yklymyň birleşen ýerinde döwlet gurmazdan owal Osmanlylar muny öz milli wyždanlarynda gurupdyrlar we bütin hemlelerinde ol beýik maksadyň barha artan çäklerine tarap okdurylypdyrlar. Watana her künjekden giňelip barýan karta çyzylýan ýaly bolupdyr. Kalplardaky bu kartanyň dürli künjeklerindäki uly merkezlerine hemişe “Gyzyl Alma” diýilipdir. Omar Seyfeddin 1917-nji ýylda ýazan “Gyzyl Alma” atly hekaýasynda Kanuny Soltan Süleýmanyň dilinden “Gyzyl Almany” “Hakyň meni ugradan ýeri” diýip beýan edýär. Şeýle-de bu patyşa esgerleriň çadyrlaryna baryp olar bilen iýip-içermişin, soňra olaryp bulgurlaryny puldan doldurarmyşyn. Çadyrdan çykanda bolsa “Gyzyl Almada” duşuşarys” diýermişin. Esgerler hem  “suw gabyna gurşun atarys, keçä gylyç çalarys, Patyşahym seniň bilen biz “Gyzyl Alma” çenli gideris” diýipdirler. Ýahýa Kemal hem bu barada şeýle diýipdir: “Çykdy Otranto sary ýer sarsdyryp Ahmet Paşa, Tuglar parlasa gerek "Gyzyl Alma” barýança”.

♣  GYZYL REŇK MAKSAT-MYRADY AŇLADÝAR

Gyzyl reňk we alma gadymy türk däplerinde çuňňur manylary aňladýar. Alma öňde goýlan maksady aňladýar. Tymsallar hem “Gökden üç alma düşdi” diýip soňlanýar. Baýdak gyzyl reňkdedir. Gelinlik gyzyldyr. Çille düşegi gyzyldyr. Gyzyl her gün doganynda jahana dirilik we umyt beren güneşiň reňkidir. Dogýarka we batýarka altyn şar şeklindedir. Gadymy toýlar oglanyň öýünde baýdak dikmek bilen başlaýan ekeni. Depesine gyzyl alma ýerleşdirilen baýdak toý gutarýança gyzyň öýüne dikilip, soňra gaýtadan oglanyň öýüne getirilipdir. “Gyzyl Alma” şol bir wagtyň özünde “Altyn top” diýmegi aňladýar. Çünki gyzyl sözi altyn üçin hem ulanylýar. Şeýlelik-de ýörişiň olja paýlaşmak pursadyna hem yşarat edip, dabarany hasam artdyrardy hem-de urşujylary ruhlandyrardy.
Grek mifologiýasynda Atlasyň dört gyzy (Hesperida) altyn alma agajyny goraýar. “Altyn Alma” (şar) her ýerde bolşy ýaly türk mifologiýasynda hem dünýä patyşalygyny aňladýar. Halk döredijiliginde-de bu bu bilinýär we birnäçe ýerlerde dile getirilýär. Dessanda şeýle diýilýär: “Atamdan öwrendim ata münmäni, Pirimden öwrendim gylyç çalmany, Dilärin Möwladan Gyzyl Almany, Ýan enem ýan, maňa diýrler ýaş Osman.”
“Saltyknamada” Ýewropanyň merkezine edilen bir ýöriş beýan edilýär: “Bir uly şähere çykdylar. Bir uly buthananyň üstünde altyn şar bardy. Şol wagt Sary Saltyk “Bu näme?” diýip sorady. “Muňa gyzyl alma diýerler”diýip jogap berdiler. Sary Saltyk ol uly altyn şary ýere indirmäge niýet etdi. Şol pursat Hydyr Ata peýda boldy we şeýle diýdi” Hezreti Muhammediň halyfy geler we ol indirer” diýdi”.
Şeýle-de nemeslerde bir rowaýat bar: “Kyýamat golaý döwürde türkler Kýolnyň altyn almasyna (“golden apfel”) çenli gelip atlaryny buthananyň sütünlerine daňjakmyşynlar. Emma birdenem ýitirim bolýarmyşynlar” Bu legendar çaklamanyň adyna “Lihtenşteýn weliligi” diýipdirler. Hatda Anadoly urşundan sähel öň käbir grekler “türkleri Anadolydan tä Gyzyl Alma çenli kowup çykaralyň” hem diýipdirler.

♣   ARZUWDAN GÖWNÜÇÖKGÜNLIGE TARAP

“Gyzyl Alma” Ýanyçarlar Gwardiýasynyň ýatyrylmagy bilen göwnüçökgünlige uçrapdyr. Şahyr muny şeýle beýan edipdir: “Gyzyl Alma” gapysyn açan kesgir najagy*, Ne rowadyr bozuldy,  Hezreti Bekdaş ojagy”. (Najak* - gysga saply palta).
Soňky döwürde Ziýa Gökalpyň ýolbaşçylyk eden “Täze milletçilik” taglymatynda “Gyzyl Alma” indi “türki kowumlaryň dünýä agalygynyň simwolydyr”. Ol 1913-nji ýylda ýazan şygyrynda şeýle diýýär: Budur meger türküň Gyzyl Almasy, Şeýle ýazmyş Oguz hanyň ýasasy*.  (ýasa*-kanun) Taryhyň dürli döwürlerinde mydama diýen ýaly günbatara gönükdirilen  türk ýörişleriniň  ugry indi  Orta Aziýadyr.  Ýagny  “Gyzyl  Alma- Turandyr” diýmek islenýär. Derýalaryň gündogara akýandygy dogrudyr, emma şäherler hemişe günbatara gönügip ulalýar.

Ekrem  Bugra  EKINJI.

27.10.2010-njy ýyl.


Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 16 | Добавил: Admin | Теги: Ekrem  Bugra  EKINJI | Рейтинг: 0.0/0
Ekrem  Bugra  EKINJI awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar