19:37

Ysraýyl geçmişi beýle çalt unutdymy? - Taryhy makalalar


Awtor:
Bölüm: Taryhy makalalar
Materýal: Ysraýyl geçmişi beýle çalt unutdymy?

Ysraýyl bir halkyň gözýaşlarynyň üstünde ýurt eýesi bolmaga çalyşýar. Emma ezip-gyrmak syýasaty arkaly bir halky  ýok etmegiň mümkin däldigi üçin ezýet-zulumyň güýji bilen gurulan huzur hem uzak dowam etmez. Muña geçmişde ençeme hasratlary başdan geçiren ýewreý halkynyñ özi gowy düşünýändir..

*  *  *

1933-nji ýylda Germaniýada nasistik hökümet agalygy eline aldy. Mustapa Kemal Atatürk Germaniýa bilen arasynyň  o diýen bir gowy däldigi we daşary syýasatda Angliýa ýakyn syýasaty öňe sürmegi meýilleşdirýärkä, Türkiýede öňden bäri güýçli nemesparaz toparlar bardy. Baş wekil Ismet Inöniniň başlyklygyndaky bu topar Respublikan Halk Partiýasynyň (RHP ýada türkçesi JHP) içinde agalygy öz elinde saklaýardy. Nasistler Germaniýada häkimiýet başyna gelen badyna Türkiýede hem ýewreýleriň garşysyna propoganda ýöredilmäge başlandy. Hökümet öz ilçilerine gelýän ýewreýlere wiza bermezlik barada görkezme berdi. Şeýle-de bolsa, bitaraplyk syýasatyny öňe sürýändigi üçin Ispaniýa we Şweýsariýa bilen birlikde Türkiýe ýewreýler üçin gaçybatalga bolup biljek iň oňat ýurtlaryň biri bolup durýardy.

• BİZİ ÖLDÜRIŇ, ÝÖNE YZYMYZA UGRATMAŇ!

1939-njy ýylda bosguna ugran sekiz ýüz altymyş ýewreýi alyp barýan gämi Izmire gelip saklandy. Ýolagçylaryň “Bizi öldüriň ýöne yzymyza ugratmaň” diýip gygyrýan ahy-nalalarynyň arasynda iki sany polisiýa ekipažy gämini Izmirden çykardy. Şondan bir ýyl geçensoň Rumynyýanyň Köstenje portundan münen üç ýüz kyrk iki ýewreý göçegçi bilen Stambula aralşamak islän kyrk adamlyk “Salwador” gämisi kenara golaýlaşdyrylmady. Ol gämi Siliwri diýen ýere golaý ýerde deňiz harasady zerarly heläkçilige uçrady we iki ýüz on dokuz ýolagçy gark boldy. Halas bolanlardan altmyş üç adam yzyna ugradyldy. Şolardan galanlary bolsa bäşga bir gämi bilen Palestina baryp ýetdi. Ölenleriň ýany talanandan soňra Siliwride jaýlandy. Ýakyn geçmişde Ysraýyl bu mazarlary ýurtduna göçürdi.
Bu pajygalay wakalardan soňra hökümet topary dört müň bäş ýüz bosgunçyny kabul etmeklik üçin görkezme berdi. Şol ýyl ýurtdaky bütin musulman dälleri ýurda uýgunlaşdyrmak maksady bilen harby gulluga çagyrdylar. Harby gullugy tamamlanlar “Barlyk salgydynyň” (Döwletde ýaşaýanyň üçin tölenýän döwlet pajy) agyr ýüküne sezewar boldular. Pajyny tölemedikler Aşkale diýlen ýere sürgün edildi. 1941-nji ýylyň 18-nji iýunynda türk-nemes dostluk şertnamasy baglaşyldy. Nemesparazlar üçin bu ullakan ýeňişdi. Türkiye nemes kontrrazwedkaçylarynyň geçirýän işleriniň merkezi hökmünde faşistlere hyzmat edýärdi.

•  STRUMA HELÄKÇILIGI

1941-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Stambul kenarlarynda bir gämi göründi. “Struma” atly bu gämi üç ýüz çaga we iki ýüz aýal bilen birlikde ýedi ýüz altmyş dokuz ýewreý göçegçini getirýärdi. Faşistler Rumynyýada dört müň ýewreýi gyrandan soňra ýurtdaky ýewreýler gaçmakdan başga çäre tapmadylar. Olara bir bolgar ýolagçy gämisi kömege ýetişdi. Şoil wagt öndürilenine ýetmiş dört ýyl bolan “Struma” ýüz ýolagça niýetlenilen gämidi. Gämä münen ýolagçylardan müň amerikan dollary  ýol hakyny alypdyrlar. Şeýle-de gämä münýärkäler polisiýa gulllukçylary olaryň gymmtbahaly zatlaryny hem alypdyrlar. Gämä münensoň aldanylýandyklaryny duýmasynlar diýip, uly gäminiň gözýetimden uzakda garaşyp durandygyny aýdýarlar. Gämide diňe bir hajathana we dört elýuwulýan ýer bardy. Deňiziň suwy ulanylýardy. Üç günde bir çaý we garbanar ýaly her adama bir apelsin, az-owlak ýerhozy we şeker paýlanypdyr. Aplesin gabyklaryny ýakyp ýylanypdyrlar. Halas ediji enjamlar ýeterlik mukdarda däldi. Ýangyn söndüriş we habar beriji enjamlar işlemreýärdi. Ýagtylandyryş motory gowy işlemeýärdi.
Stambul bogazyna ýetenleride gäminiň motory sandan çykdy. Gämi Saraýburny ýakynlaryna labyr taşlamaga mejbur boldy. Gämiden şol gäminiň jogapkär işgärlerinden başga adama çykmak gadagan edildi. Stambul ýewreýleri hökümetden zordan rugsat alyp on günden soňra gämä azyk önümlerini äkidip bildi. Gäminiň kapitany ýolagçylary düşürip, Bolgariýa äkitmek isleýär. Angliýa bolsa öz golastyndaky Palestina geljekler üçin çäklendirme goýandygy sebäpli, Ankara hökümetine ýolagçylary geçirmezligi ündeýärdi. Angliýa diňe ýigrimi sekiz çaga rugsat beripdir. Emma Ankara hökümeti Angliýany kyn ýagdaýda goýmaklyk maksady bilen olaryň düşlemegini kabul etmedi. Şeýlelikde, altmyş iki gün geçdi. Gämä Gara deňize çykmak barada görkezme berilýär. Ýolagçylar gäminiň bortuna “ýewreý bosgunlar” ýazgyly plakat we “Bizi halas ediň!” ýazgyly ak baýdak asyp başladylar. Muny gören iki ýüz polisiýa gullukçysy gämä çykyp bortda duran ýolagçylary gäminiň aşaky gatyna dykdylar. Gäminiň ýelkenleri ýatyrylyp, Gara deňize tarap çekildi. Ýolagçylar gämi uzaklaşyp barýarka, “Ýaşasyn Türkiýe Respublikasy! Bizi halas ediň!” diýip ýazylan plakat açanam bolsalar, eýýäm iş-işden geçipdi.
Gämi Bosfor bogazyndan 23 mil uzaklyga çekildi we 1942-nji ýylyň 24-nji fewral gijesi bir sowet deňizasty gämisi tarapyndan gark edildi. Gämini mundan beýläk bosgunlar gelmesin diýip Türkiýäniň gark edendigi hem açyk aýdyldy. Gämini halas etmek üçin hiç hili hereket hem edilmedi. Gäminiň deňiz minasyna uçrandygy hem çaklandy. Ýolagçylaryň birnäçesi gark boldy, birnäçesi bolsa sowuk suwlarda doňup öldüler. Ýedi ýüz altmyş dokuz ýolagçydan diňe on dokuz ýaşyndaky Dawid Stoilar halas bolmagy başardy. Ýaş ýetginjek ilkinji gijesini deňiz ýolgörkeziji binasynda geçirdi. Soňra harby gospitala ýerleşdirilip ol ýerdäki palatada üç gün polisiýanyň gözegçiliginde saklanyp sorag edildi.
Gämiden başga halas bolanlar hem bardy. Gämi entek Gara deňize çykarylmanka “Mobil” şereketiniň Rumynýadaky müdiri Martin Segallyň özi, aýaly we iki çagasy Wehbi Koç atly türk işewüriniň arada durmagy arkaly kenara çykarylypdy. Şeýle hem, gany durmaýan bir göwreli aýal “Balat” ýewreý hassahanasyna ýerleşdirilipdir.
Hökümet bu heläkçilikden hiç hili jogapkär däldigini, bikanun ýollardan ýurda aralaşmak isleýänleriň öňüne böwet basmakdan başga hiç zat etmändigini açyklady. 1943-nji ýylda faşistleriň golastyndaky Bolgarýadan gaçan we Palestina gitmek islän ýigrimi müň ýewreý yzyna ugradylypdyr. Gresiýanyň ýewreýlerini hem faşisstik zulum döwründe türk hökümetiniň gurjak lagerinde toplamagy teklip edenem bolsalar, muňa Ankara hökümeti garşy çykypdyr.

• GARA BAZARDA SATYLAN RAÝATLYK HUKUGY

Uruş döwründe daşary ýurtlarda ýaşan üç müňe golaý Türkiýeli ýewreýiň “halas edijilik uruşyna goşulmandygy” ýa-da “bäş ýyldan köp konsullyga gitmändigi” ýaly tutaryklar bilen raýatlykdam mahrum edilipdir. Olardan diňe  bir ýüz on dört sanysynyň Türkiýä gelmegine rugsat berilýär we olar munuň netijesinde genosidden halas bolmagy başarýarlar. Şol wagtlar pasport tabşyrandygyň üçin konsullyklaryň beren türk raýatlygy gara bazarda gapma-garşy gelýärdi. Munuň bilen birlikde uruş döwründe on ýedi müň ýewreýiň Palestina göçmegine rugsat berdi. 1990-njy ýyllarda Struma heläkçiliginiň dokumental filminiň surata düşürilmegi we daşary işler ministrliginiň arhiwinde saklanýan çeşmeleriň ulanylmagyna rugsat berilmedi. Bu nemesparaz syýasat Ismet Inönä syýasy agalygy elden gidermegine we halkyň bolsa demokratiýany gazanmagyna sebäp boldy.

Ekrem  Bugra  EKINJI.

02.06.2010-njy  ýyl.


Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 14 | Добавил: Admin | Теги: Ekrem  Bugra  EKINJI | Рейтинг: 0.0/0
Ekrem  Bugra  EKINJI awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar