08:18

Öçmejek şöhrat - Publisistika


Awtor:
Bölüm: Publisistika
Materýal: Öçmejek şöhrat

Garaşsyz Türkmenistanyñ ilkinji Goranmak ministri, goşun generaly Dañatar Abdyýewiç Köpekow 1933-nji ýylyñ 12-nji maýynda Aşgabat şäherinde doguldy. Zähmet işine Türkmenabadyñ häzirki Seýdi adyndaky pedagogik institutyny tamamlandan soñ başlady. Bäş ýyla golaý wagtlap Balkan welaýatynyñ (şol wagtky Krasnowodsk oblastynyñ) we Aşgabat şäheriniñ mekdeplerinde pedagogik zähmet bilen meşgullandy. Ýörite okuw jaýlaryny tamamlanyndan soñ döwlet howpsuzlygy organlarynda otuz ýyldan gowrak gulluk etdi, kiçi operupolnomoçennilikden Türkmenistanyñ Döwlet howpsuzlygy komitetiniñ başlygynyñ orunbasarlygyna, soñra-da birinji orunbasarlygyna çenli ýoly geçdi.
1991-nji ýylda D.A.Köpekow Türkmenistanyñ Döwlet Howpsuzlygy komitetiniñ başlyklygyna bellenildi.
1992-nji ýylda Türkmenistanyñ Prezidentiniñ Permany bilen D.A.Köpekow Türkmenistanyñ Goranmak işleri baradaky ministri wezipesine bellendi. Şol ýyl hem ol ministrlik Türkmenistanyñ Goranmak ministrligine öwrüldi.
Goşun generaly D.A.Köpekow Türkmenistanyñ Ýaragly Güýçleriniñ döredilmegi we esaslandyrylmagy üçin özüniñ bütin güýjüni we başarnygyny orta goýdy. Ol milli ofiser kadrlaryny taýýarlamaga saldamly goşant goşdy. 1993-nji ýylda harby institutyñ rektory wezipesine hem bellendi. Ol bu wezipede we Goranmak ministri wezipesinde 1998-nji ýylda pensiýa gidýänçä işledi.
Goşun generaly D.A.Köpekow milli kadrlary döretmäge we taýýarlamaga goşan şahsy goşandy üçin Türkmenistanda ilkinjileriñ hatarynda Türkmenistanyñ Prezidentiniñ Permany bilen "EDERMENLIK" medaly bilen sylaglandy.
Şöhratly türkmen taryhyna adyny altyn harplar bilen ýazdyran gahryman serkerdämiz, goşun generaly D.A.Köpekow 2011-nji ýylyñ 21-nji sentýabrynda Aşgabatda aradan çykdy.


▶ ÖÇMEJEK ŞÖHRAT

Faşizmiñ iñ bir reaksion we agressiw toparlary tarapyndan taýýarlanylan we tutaşdyrylan ikinji jahan urşy öz çägi, gazaplylygy, adam pidasy we material harajatlary boýunça ozalky uruşlaryñ hiç birine meñzemeýärdi. Ol öz çägine Ýer şarynyñ bäşden dört bölegini alypdy, ähli uruşlaryñ iñ bir gan döküşiklisi, iñ bir weýran edijisi bolupdy.
Ikinji jahan urşunyñ ody alty ýyllap lowlapdy. Ýaragly söweşler Ýewropanyñ, Aziýanyñ, Afrikanyñ 40 ýurdunyñ territoriýasynda, giñ kontinental, deñiz we okean harby hereketleriniñ  "teatrlaryna" alnyp barlypdy. Adamzat özüniñ ähli taryhynda reaksiýanyñ güýçleri bilen jemgyýetçilij progresiniñ güýçleriniñ arasyndaky şeýle ýiti garşylygy başdan geçirmändi.
Nesilleriñ añ-paýhasy, eli bilen ýüzlerçe ýyllaryñ dowamynda döredilen zatlaryñ hemmesi urşuñ mizanyna mündürilipdi. Örän köp güýç sarp edip, gan döküp, gara başlary goýup faşizmden üstün çykyp, Beýik Ýeñşi gazananlaryñ deñi-taýy bolmadyk edermenligi minnetdar adamzadyñ hakydasynda baky orun aldy.
Ikinji jahan urşy tamamlanaly bäri ýarym asyr geçdi. Uruş odunyñ tutaşan ýerlerinde onuñ Zemine salan ýaralary bitdi, şäherler we obalar harabalykdan we külden çykyp dikeldiler. Planetanyñ ilatynyñ ýarysyndan köpüsi uruşdan soñ doguldy we ösüp ulaldy. Ýöne onuñ taryhy, netijeleri häzirki halkara ýagdaýyna, jemgyýetçilik prosesine täsir etmegini dowam etdirýär, onuñ biziñ esgerlerimiziñ harby-watançylyk terbiýesinde hem ähmiýeti bardyr.
1941-1945-nji ýyllaryñ Beýik Watançylyk urşy Sowet Soýuzynyñ halklary üçin watançylyk, azat edijilik urşy bolupdy. Ol ilkinji günlerden ählihalk häsiýetine eýe bolupdy we döwletiñ işiniñ ähli taraplaryny hem-de sferalaryny gurşap alypdy. Faşistik Germaniýadan we militaristik Ýaponiýadan üstün çykylyp gazanylan ýeñşe ähli halkyñ ~ işçiler klasynyñ, kolhozçy daýhanlaryñ, intelligensiýanyñ, ähli halklaryñ we milletleriñ tagallasy bilen ýetildi. Front bilen tyl bir bütewidi. Sowet adamlarynyñ zähmet edermenligi sowet esgerleriniñ söweş edermenligi bilen utgaşyp, bir maksada ~ agressory derbi-dagyn etmäge gönükdirilipdi.
Beýik Watançylyk urşunda ozalky Sowet Soýuzynyñ ähli halklarynyñ, ilkinji nobatda-da rus halkynyñ wekilleri bilen Türkmenistanyñ ogullarynyñ, gyzlarynyñ 200 müñden köpüsi egin-egne berip, gahrymançylykly söweşipdi. Şeýlelikde, olar faşistik Germaniýanyñ derbi-dagyn edilip, Beýik Ýeñşiñ gazanylmagyna mynasyp goşant goşdular.
Türkmenistanly esgerler Beýik Watançylyk urşunyñ ähli frontlaryndaky iri söweş operasiýalaryna gatnaşdylar. Olar ýurduñ günbatar serhetinde-de, Moskwanyñ, Leningradyñ diwarlarynyñ ýanynda-da, Stalingrad söweşinde-de, otly Kursk tirseginde-de, Dneprde-de söweşdiler. Ukrainanyñ, Belorussiýanyñ, Pribaltikanyñ ýerlerini basybalyjylardan azat etdiler, faşistleri Günorta Ýewropa ýurtlaryndan kowup çykardylar. Olar duşmanyñ şäherlerini, faşist basybalyjylarynyñ süreni Berlini zabt edenleriñ arasynda-da bardylar. Türkmenistanlylaryñ ençemesi partizan otrýadlarynda söweşdi. Ýewropa halklarynyñ garşylyk görkeziş hereketlerine, militaristik Ýaponiýanyñ goşunlarynyñ derbi-dagyn edilmegine gatnaşdylar. Öz dogduk mekanlaryndan uzakda söweşseler-de, olar öz eziz Türkmenistanyny ýatlap, öz öýleri, halkynyñ azatlygy we bagty üçin söweşýändiklerini bilýärdiler, ýatda saklaýardylar.
Uruş ähli Sowet Soýuzy we onuñ Ýaragly Güýçleri üçin iñ kyn, şonuñ bilen birlikde-de iñ gahrymançylykly synag boldy. Agyr synaglaryñ ýyllarynda biziñ halklarymyzyñ taýsyz edermenligi, ýanbermez durnuklylygy ýokary watançylyk we internasioal duýgusy, Watana bolan beýik wepadarlygy görülmedik güýç bolup ýüze çykdy. Urşuñ ilkinji ýyllarynda türkmen topragyna ýurduñ günbatar raýonlaryndan harby akademiýalar, uçilişiler, mekdepler we kurslar gelip başlady. Olaryñ arasynda Orlowyñ harby-pyýada goşun uçilişesi (Çärjew), harby-ýuridik akademiýa (Aşgabat) we beýlekiler bardy. Okuw jaýlary harby kadrlary taýýarlamak işini tiz ýola goýar ýaly, ähli mümkinçilikler döredildi.
1942-nji ýylyñ başyndan front üçin ýolbaşçy kadrlary taýýarlamak işine uly goşant goşan harby uçilişeler döredilip başlandy. Aşgabatda harby-pyýada goşun uçilişesi özüniñ işlän döwründe 3 müñ adamdan ybarat 11 goýberişi amala aşyrdy. Mundan başga-da uçilişe tarapyndan kiçi komandirleriñ 5,5 müñüsi fronta iberildi. Onuñ uçurymlarynyñ dördüsi frontda komandowaniýäniñ söweş tabşyrygyny göreldeli berjaý edenligi üçin Sowet Soýuzynyń Gahrymany diýen ada mynasyp boldy. 1944-nji ýylda uçilişe Gyzyl Baýdak ordeni bilen sylaglandy. Aşgabadyñ harby uçilişesinu frontdaky söweş edermenligi köp orden-medallar bilen bellenen Seýitnyýaz Ataýewiç Ataýew hem tamamlapdy. Hormatly il ýaşulysy, "Gaýrat" medalynyñ eýesi, ýazyjy Seýitnyýaz Ataýew häzirki döwürde Türkmenistanyñ Milli Galkynyş hereketiniñ işine uly goşant goşýar, Türkmenistanyñ uruş we zähmet weteranlary guramasynyñ geñeşine ýolbaşçylyk edýär.
Maryda we Guşguda döredilen 1-nji, 2-nji Türkmenistan uçilişelerinden hem fromta köp ofiserler ýollandy. 1943-nji ýylda türkmen topragyndaky pulomýotçylar uçilişesini gazak halkynyñ şöhratly ogly, Sowet Soýuzynyñ Gahrymany, goşun generaly, Gazagystanyñ Goranmak ministri Sagadat Kejaahmedowiç NURMAGAMBETOW hem tamamlapdy.
Soýuz we awtonom respublikalaryñ birnäçesiniñ, şol sanda Orta Aziýa respublikalarynyñ we Gazagystanyñ zähmetkeşleriniñ milli goşun bölümlerini döretmek baradaky watançylyk başlangyjy uruş ýyllarynda ägirt uly ähmiýetli waka bolupdy. Goranmak baradaky döwlet komiteti halkyñ bu inisiatiwasyny goldady we 1941-nji ýylyñ 13-nji noýabrynda milli harby bölümleri döretmek barada karar çykardy.
Türkmenistanda 87-nji we 89-njy aýratyn türkmen atyjylyk brigadalary hem-de 97-nji we 98-nji türkmen atly goşun diwiziýalary döredildi. Täze birikmeleri we bölümleri döretmek kyn iş, ýöne 1941-nji ýylyñ aýagyndan 1942-nji ýylyñ başyndaky agyr aýlarda içki resurslaryñ we plandan daşary artyk önümiñ hasabyna olary döretmek has-da kyn bolupdy. Şeýle-de bolsa birikmeler, ilkinji nobatda, bellenilen wagtda döredilip, zerur harby taýýarlygy geçdi we fronta ugradyldy.
Staraýa Russodan, gadymy Nowgorod topragyndan Elbanyñ kenarlaryna çenli söweş ýoluny Gyzyl Baýdakly, Suworow ordenli 76-njy atyjylyk Ýelnýa-Warşawa diwiziýasy 87-nji aýratyn türkmen atyjylyk brigadasynyñ söweş baýdagy astynda onuñ şöhratly söweş däplerini dowam etdiriji bolup geçdi. Watanymyz birikmäniñ Staraýa Russonyñ, Ýelnýanyñ, Orşyñ, Mogilewiñ, Kowalyñ, Warşawanyñ, Berliniñ eteklerinde, Elbanyñ boýunda gaýduwsyz söweşen esgerlerini jomartlyk bilen sylaglady. Birikmäniñ esgerleriniñ we komandirleriniñ 5 müñden gowragy orden-medallar bilen sylaglandy, 9 esger Sowet Soýuzynyñ Gahrymany  diýen ada mynasyp boldy. Häzirki wagtda birikmäniñ weteranlarynyñ hatary seýrekledi, olar bary-ýogy 300 adam töweregi bolup galdylar. (1995 ý. -t.b.) Ýöne şeýle-de bolsa olar egindeşleri general-maýor Bagşy Ataýewiñ ýolbaşçylygynda Garaşsyz Türkmenistanyñ ösmegi we berkemegi üçin goşant goşmaklaryny dowam etdirýärler.
Beýleki bir iri birikme bolsa, ilkinji türkmen generaly derejesini 1941-nji ýylda Moskwanyñ eteginde bolan gazaply söweşlerde alan Ýakup Kulyýewiñ döreden 97-njo türkmen atly goşun diwiziýasy.
Söweşjeñ taýýarlygy geçeb diwiziýa Stalingrad frontuna iberilýär we 4-nji atly goşun korpusynyñ düzümine girýär. 97-nji atly goşun diwiziýasynyń terbiýelänleri, Türkmenistanyñ edermen atlylary şöhratly söweş ýoluny geçdiler we ganym duşman bilen bolan tutluşyklarda mertligiñ, gahrymançylygyñ nusgasyny görkezdiler. Esger ýigitleriñ 5 müñden gowragy sylaglara mynasyp boldy, 15-si Sowet Soýuzynyñ Gahrymany diýen ýokary ady aldy, şolaryñ 11-si türkmendi, olardan ikisi hem "Şöhrat" ordeniniñ doly derejesiniñ kawaleri boldy.
Ýokarda ýatlap geçişimiz ýaly, türkmenistanly esgerleriñ 200 müñden gowragy fronta gitdi, zenanlaryń 1500-si erkek kişiler bilen bilelikde söweşjeñ hatarda durdular. Esgerleriñ köpüsi Watanyñ sylaglary bilen sylaglandy.
Beýik Watançylyk urşunyñ bütin dowamynda Türkmenistandan 70 müñden gowrak adam orden-medallar bilen sylaglandy.
Sowet Soýuzynyñ Gahrymany diýen ýokary ada türkmenistanly esgerleriñ 104-si mynasyp boldy, 13 adam bolsa "Şöhrat" ordeniniñ doly derejesini aldy.
Uruş uruş bolýar, arman, türkmenistanly esgerleriñ hemmesine urşuñ ganly meýdanlaryndan öz mähriban ojaklaryna dolanyp gelmek miýeaser etmedi. Söweşlerde olaryñ 70 müñe golaýy wepat boldy, atsyz-sorsuz ýitdi, harby keselhanalarda aradan çykdylar. Olaryñ ählisiniñ atlary "HATYRA" kitabyna giriziler.
Urşuñ öñ ýanyndaky ýyllarda sosial-ykdysady potensialynyñ gowşak ösendigine garamazdan, urşuñ başlanmagy bilen Türkmenistanyñ ykdysadyýeti intensiw ösüp başlady. Ozal parahatçylyk döwrüniñ önümlerini çykarýan senagat kärhanalary ýaragyñ aýry-aýry görnüşlerini, ok-därileri, harby egin-eşikleri we fronta gerekli hem-de goranyş maksatly zatlary çykarmaga geçirildi. Türkmenistan ýurduñ wagtlaýyn basylyp alnan we frontýaka raýonlaryndaky öndüriji güýçleri, front üçin niýetlenilen ýükleri Gündogarda ýerleşdirmek baradaky jogapkärli wezipäni çözdi.
Ýurduñ Ýewropa bölegi bilen gündogar raýonlarynyñ arasyny baglaşdyryjy baş zweno hökmünde hem-de ägirt uly geçiriji baza öwrülip tyl bilen fronty baglanyşdyrýan Krasnowodsk deñiz portuna we Aşgabadyñ demir ýoluna uly rol degişlidi. Bu ýerden Gyzyl Goşunyñ Stalingrady, Kawkazyñ günorta serhetlerinu, Bakuwyñ, Groznynyñ nebitini goraýan bölümleri ýarag, ok-däri, ýangyn, azyk bilen üpjün edilýärdi. Soýuzdaşlaryñ lend-liza boýunça iberýän daşary ýurt ýüklerini Eýranyñ portlaryndan daşamakda Krasnowodskiniñ portçularynyñ hyzmaty örän uly boldy. 1942-nji ýylyñ tomsunyñ dartgynly günlerinde Krasnowodsk porty demir ýol bilen bilelikde ýurduñ günortasyndaky esasy we ýeke-täk transport arteriýasyna öwrüldi. Urşuñ ähli ýyllarynyñ dowamynda Krasnowodskiniñ transport kärhanalary tarapyndan halk hojalyk we harby ýükleriñ 32 million tonnasy daşaldy.
Türkmenistanyñ nebiti gaýtadan işleýän we nebit çykaryjy senagatynyñ zähmetkeşleri tarapyndan hem goşant goşuldy. Diñe Krasnowodskiniñ nebiti gaýtadan işleýän zawody frontuñ we ýurduñ halk hojalygynyñ hajatlary üçin 1500 eşelon nebit önümlerini berdi.
1941-nji ýylyñ aýagynda we 1942-nji ýylyñ başynda Türkmenistana Günbatardan ewakuirlenen kärhanalar gelip başladylar. Olar önümçilik jaýlary, goşmaça işçi güýji bilen üpjün edilip, önüm çykarmagy gaýra goýmazdan dikeldýärdiler. Käbir ýagdaýlarda bolsa göçürulip getirilen zawod-fabrikler respublikanyñ özleri bilen ugurdaş kärhanalary bilen birikdirilýärdi. Kiýewden, Kremençukdan, Woroşilowgraddan, Rostowdan, Odessadan, Tuapseden, Podmoskowýeden we ýurduñ beýleki şäherlerinden göçürilip getirilen kärhanalar gysga wagtda guralyp işe başladylar.
Uruş ýyllarynyñ dowamynda respublikada 50-den gowrak senagat kärhanalary gurlup ulanylmaga berildi. 100-den gowrak görnüşli senagat önümlerini çykarmak özleşdirildi, şolaryñ 70-den gowragy goranyş ähmiýetlidi. Türkmenistanly zähmetkeşler ozalky soýuzyñ beýleki regionlarynda goranyş üçin işleýän kärhanalara kömek berdiler, öz zähmetleri bilen duşmandan üstün çykylmagyna goşant goşdular. Türkmen işçileriniñ 25 müñden gowragy merkezi Russiýanyñ, Uralyñ, Günbatar we Gündogar Sibiriñ kärhanalaryna, täze gurluşyklaryna iberildiler. Russiýa Federasiýasynyñ kärhanalarynda işlemek bilen, türkmen halkynuñ wekilleri rus we beýleki halklar bilen agzybirlikli gatnaşykda bolup, agzybirligi, dostlugy, doganlyk hyzmatdaşlygyny berkidip, birek-birege iş ýüzünde kömek berdiler.
Uruş ýyllarynda respublikanyñ oba hojalygy agyr synagy başdan geçirdi. Kynçylyklara garamazdan, oba hojalygyndaky işler harby döwrüñ talaplaryny nazara alyp täzeden guraldy. 1942-nji ýylda däne ekmek üçin meýdanlar 100 müñ gektardan hem köp giñeldildi. 1943-nji ýylda respublikanyñ gallaçylary urşuñ öñ ýanyndaky ýyllardan hem iki esse köp dänäni tabşyrdylar. 1941-nji ýylyń awgustynyñ ikinji ýarymyndan başlap, frontýaka etraplarynyñ ilatynyñ ewakuirlenmegi bilen baglanyşyklykda respublikada uly işler alnyp baryldy. Müñlerçe çagalary, aýallary, garrylary myhmansöýer türkmen topragy garşylady. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylyñ raýonlaryndan ewakuirlenen parahat ýaşaýjylaryñ 25 millionynyñ ömri halas edildi. Türkmenistanda bolsa ewakuirlenen graždanlaryñ 3 müñüsi kabul edildi we ýerleşdirildi. Soñ adamlaryñ onlarça müñüsi üçin biziñ respublikamyz ikinji Watan boldy. Olaryñ köpüsi öz ömürlerini mähirli türkmen topragy bilen hemişelik baglanyşdyrdy. Türkmenistanyñ uruşda ýaralanan we maýyp bolan esgerlere beren kömegi hem bahasyzdyr. Respublikanyñ territoriýasyna front ýakalaryndan harby keselhanalaryñ 29-sy getirildi. Diñe 1941-nji ýylyñ noýabrynyñ ikinji ýarymy bilen 1942-nji ýylyñ fewraly aralygynda respublika harby-sanitar otlularynyñ 20-si geldi we ýaralylaryñ 7,5 müñüsi kabul edildi. Tutuş uruş ýyllarynda bolsa Türkmenistanyñ territoriýasynda ýerleşýän harby keselhanalar tarapyndan ýaraly esgerleriñ ww komandirleriñ 43,5 müñüsi kabul edildi. Olardan 20 müñ töweregi adam söweşjeñ hatara dolanyp bardy, müñlerçesi bolsa gutulyp, zähmet işini dowam etdirdi.
Ýurduñ birnäçe şäherleriniñ inisiatiwasyna seslenip, Türkmenistanyñ zähmetkeşleri goranmak fonduny döretmek baradaky watançylyk hereketine gerim berdiler. Respublikanyñ işçileri, kolhozçylary, intelligensiýasy goranmak fonduna pullaryny, gymmatbahaly zatlaryny, döwlet zaýomynyñ obligasiýalaryny, ýyly geýimlerini tabşyrdylar, frontçular we ewakuirlenen ilat üçin sowgatlary taýýarladylar. Uruş ýyllarynyñ dowamynda goranmak fonduna 460 put (7392 kg.) gyzyl-kümüş tabşyryldy. Tanklary, söweş samolýotlaryny ýasamak we beýleki ýaraglar üçin Türkmenistanyñ ilaty goranmak fonduna 170 million manat berdi. Bu summa şol wagtky tas 1700 samolýotyñ ýa-da 895 tankyñ bahasydy. Mundan başga-da döwlet zaýomlarynyñ obligasiýalarynyñ 110 million manatlygy iberildi. Türkmenistanyñ zähmetkeşleriniñ serişdeleriniñ hasabyna dürli görnüşli söweş samolýotlarynyñ 7 eskadrilýasy, 5 tank kolonnasy döredildi, köp mukdardaky ýaraglar alyndy. Köp zähmetkeşler, aýratyn-da kolhozçylar şahsy süýşürintgileriniñ uly bölegini tabşyrdylar. Meselem, Duşak oba sowetiniñ başlygy Lallyk Hanowyñ pul serişdesiniñ hasabyna alnan T-34 rank T.S.Rybalkowyñ tank armiýasynyñ bölümleriniñ birine berildi we ol Berline çenli baryp ýetdi. Aşgabat raýonynyñ Swerdlow adyndaky kolhozynyñ zwenowody Sadap Nyýazowanyñ alan 760094 nomerli topy türkmen milli diwiziýasynda söweşýän topçy doganyna gowşuryldy we ol Berlin ugrundaky söweşlere gatnaşdy. Şeýle mysallar az däl.
Respublikanyñ zähmetkeşleri uruş ýyllarynda 6 eşelon (300 wagona golaý) dürli eginbaşlary we iýmiti, ýyly geýim-gejimi umumy agramy 160 tonna bolan 10 müñ sany şahsy posylkalary fronta ugratdylar. Duşman tarapyndan okkupirlenen territoriýalar azat edilenden soñ, Türkmenistandan ol ýerlere senagat we transport enjamly, gurluşyk materially, geýimli we azykly birnäçe eşelon ugradyldy.
Türkmenistanyñ tyldaky zähmetkeşleriniñ ýeñşe goşan uly goşantlaryna ýokary baha berildi. Işçileriñ, kolhozçylaryñ, gullukçylaryñ, ylym, medeniýet, sungat işgärleriniñ tas 160 müñüsi "1941-1945-nji ýylllaryñ Beýik Watançylyk urşundaky edermenlikli zähmeti üçin" diýen medal bilen sylaglandy. Köpler orden-medallara, has tapawutlananlar bolsa Sosialistik Zähmetiñ Gahrymany diýen ada mynasyp boldular.
Ikinji jahan urşy, onuñ netijeleri halklar üçin uly synag boldy. Ilkinji nobatda-da uruşlaryñ adamzat ähline howp salýandygyny düşündirdi.
Türkmenistanyñ Prezidenti, ýurdumyzyñ Ýaragly Güýçleriniñ Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow ýurduñ Goranmak ministrliginiñ ýolbaşçylarynyñ we bölümleriñ hem-de birikmeleriñ komandirleriniñ öñünde eden çykyşynda:

"Uruş halkara jedellerini çözmegiñ ýoly bolup bilmez we bolmaly däldir. Uruşlar millionlarça adamlaryñ ömür tanapyny üzýärler, şäherleri we obalary küle öwürýärler, ýerleri tozdurýarlar, halklaryñ we ýurtlaryñ arasyndaky ykdysady, medeni we beýleki gatnaşyklaryñ arasyny üzýärler, demografik we ykdysady prosesi bozýarlar" diýip nygtapdy.

Bu güm adamlar Beýik Watançylyk urşunyñ wakalaryna şeýle ýagdaýyñ gaýdyp hiç wagt gaýtalanmazlygy üçin, faşistik Germaniýanyñ we militaristik Ýaponiýanyñ derbi-dagyn edilmeginiñ täze, has elhenç harby tragediýanyñ awantýuristik planlaryny çekýänlere sapak bolmagy üçin ýüzlenýärler.
Türkmenistan garaşsyz döwlet hökmünde Prezident Saparmyrat Türkmenbaşy tarapyndan işlenip taýýarlanylan pozitiw bitaraplyk syýasatyny ýöredýär we "10 ýyl abadançylyk" programmasyny durmuşa geçirýär. Garaşsyz döwletiñ atributy hökmünde öz Ýaragly Güýçlerini döredip, Türkmenistan hiç bir döwlete duşmany hökmünde garamaýar, öz Ýaragly Güýçlerini we beýleki goşunlaryny öz goragyndan başga hiç bir döwletiñ garşysyna ulanmaýar.
1992-nji ýylyñ 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyñ Prezidentiniñ Permany bilen Goranmak işleri baradaky ministrlik döredildi. Bu ministrlik özüniñ işlän döwründe ozalky SSSR-iñ Türkmenistanyñ territoriýasyndaky goşun bölümleriniñ işini koordinirleýärdi, Türkmenistanyñ harby komissarlyklarynyñ, graždan goranyş bölümleriniñ hem-de goranmaga ýardam ediji jemgyýetçilik guramalarynyñ işleri bilen baglanyşykly birnäçe guramaçylyk-ştablaýyn çäreleri geçirýärdi.
Türkmenistan öz Ýaragly Güýçleriniñ döredilmegi bilen Türkmenistanyñ Prezidentiniñ Permanyna laýyklykda Goranmak işleri baradaky ministrlik Goranmak ministrligine öwrüldi we Türkmenistanyñ Ýaragly Güýçleriniñ Baş ştaby döredildi.
Türkmenistanyñ Prezidentiniñ Permany bilen 1993-nji ýylyñ 1-nji sentýabrynda Aşgabatda harby institut açyldy. Şu günki gün bu institutda harby talyplaryñ 600-si okaýar. Türkmenistanyñ Ýaragly Güýçleri üçin bu kadrlar GDA-nyñ döwletlerinde, Türkiýede, Päkistanda, Germaniýada hem taýýarlanylýar.
1994-nji ýylyñ 25-nji martynda Türkmenistanda Goranmak we milli howpsuzlyk soweti tarapyndan oñlanylan Harby Doktrinanyñ esasy düzgünnamasy kabul edildi. Harby Doktrinada BMG-nyñ Ustawynyñ, halkara hukuk normalarynyñ we prinsipleriniñ berjaý edilmegi kepil geçilýär. Harby Doktrinanyñ esasy düzgünnamasy Türkmenistanyñ Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyñ aýdyşy ýaly, özüniñ kabul edilen gününden başlap güýje girýär we 50 ýyl üçin niýetlenilýär. Ol syýasy-hukuk dokumenti bolup durýar.
Türkmenistanda Ýaragly Güýçleriñ gurluşy üçin esas: Konstitusiýa, goranmak hakyndaky kanun, harby gullukçylar we olaryñ maşgala agzalary baradaky status hem-d sosial goraglylyk hakyndaky kanun kabul edildi. Pozitiw bitaraplyk, halkara jedellerini, parahatçylykly ýol bilen çözmek prinsiplerine goldanyp, döwletleriñ özbaşdaklygyny, territorial bitewiligini hormatlap, Türkmenistan döwletleriñ hereket edýän prinsiplerini, olaryñ berkararlygyny we halkara hukugynyñ umumy ykrar edilen prinsiplerini ykrar edýär. Türkmenistanyñ Ýaragly Güýçleri Konstitusiýa, Türkmenistanyñ kanunlaryna we normatiw aktlaryna laýyklykda ulanylýar.
Türkmenistanyñ Ýaragly Güýçleri Guryýer goşunlaryndan, Howa hüjüminden goranmak goşunlaryndan, Harby howa güýçlerinden, şeýle hem Harby-deñiz güýçlerinden ybaratdyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyñ Ýaragly Güýçleri 1992-nji ýyldaka garanyñda 19.158 adama çenli azaldyldy. Halkara praktikasyna laýyklykda Türkmenistanyñ Ýaragly Güýçleriniñ adam sany ýurdumyzyñ umumy ilatynyñ 1 prosentine barabardyr. Türkmenistanyñ Ýaragly Güýçlerine we beýleki goşunlaryna umumy ýolbaşçylygy Türkmenistanyñ Prezidenti, ýurdumyzyñ Ýaragly Güýçleriniñ belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyñ Konstitusiýasyna we hereket edýän kanunçylyk aktlaryna laýyklykda amala aşyrýar. Türkmenistanyñ Ýaragly Güýçleriniñ we beýleki goşunlarynyñ ýagdaýyna ýurduñ hökümeti jogap berýär. Türkmenistanyñ Ýaragly Güýçlerine gönüden-göni ýolbaşçylygy Türkmenistanyñ Goranmak ministri amala aşyrýar. Ýaragly Güýçleriñ operatiw ýolbaşçylygynyñ esasy organy Türkmenistanyñ Ýaragly Güýçleriniñ Baş ştabydyr. Beýleki goşunlara ýolbaşçylygy bolsa ministrlikleriñ we wedomostwalaryñ ýolbaşçylary amala aşyrýarlar.
Türkmenistan ýadro ýaragsyz döwletdir we ol öz Ýaragly Güýçleriniñ köpçülikleýin gyryş ýaragy bilen üpjün edilmegine ýol bermez.
Beýik Ýeñşiñ 50 ýyllygy mynasybetli şu çykyşymdan peýdalanyp, Türkmenistanyñ Ýaragly Güýçleriniñ we beýleki goşunlarynyñ ähli düzümini, Garaşsyz döwletimiziñ ilatyny şu şanly sene bilen gutlaýaryn. Türkmenistanyñ Ýaragly Güýçleriniñ atalarymyzyñ şöhratly ýoluna wepaly bolup, ony mynasyp dowam etdirjekdiklerine ähli türkmenistanlyny ynandyrmak isleýärin.

Dañatar KÖPEKOW,
Garaşsyz Türkmenistanyñ ilkinji Goranmak ministri, goşun generaly.


Категория: Publisistika | Просмотров: 12 | Добавил: Admin | Теги: Dañatar KÖPEKOW | Рейтинг: 0.0/0
Dañatar KÖPEKOW awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar