Atlylar deňiňden geçse seredip,
Sen oňa kemsinme pyýada ykbal.
Sen söýgini ýüregiňde eredip,
Derýaýy-Nili-de gurmagyň ahmal.
Bilýändirler öýdýär Güni ýöredip -
Gülleri soldurjak ýekeje ahwal,
Ýüpek deý köňlüňi bilermi ýyrtyp.
Bil, kamysdan däl-de zannyň namysdan!
Goý saýsalar saýsyn özlerin artyk
Bu ýolda -
Barybir ornuň seň başga.
... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: OGULJEMAL ÇARYÝEWA Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 14 |

Janyñ ýakma, däl-ä bagyr azapdan,
Derýa boýlap, düre-sadaba ýetmez.
Pysyrdaşyp uçjak bolşy güzapdyr,
Bagdat aşýan şahyr hatara ýetmez.

Ýagşy söze aşyk gülli maýlary,
Duýman göriige berlen aýlary,
Haçan görseñ gurulgydyr ýaýlary -
Ýöne bir gezegem atara ýetmez.

Alawa aýlanyp bilmän tütünden,
Nyrhyn sorar ýörer...gidip getirmez,< ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Baýram JÜTDIÝEW Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 14 |

Üç yklymyň çar künjegine ýaýran oguz iliniň merdana nesilleri bolan türkmenler häzirki wagtda bir-birlerine nähili derejede meňzeýärler?
Olaryň fiziki aýratynlyklarynda bolan umumylyklary nähili anyklap bolar?
Bu soraglara jogap bermek üçin dürli ýerlerde ýaşaýan türkmenleriň suratlaryny deňeşdirip görmekligi makul bildik.
Stambul we Kaýseri boýunça geçirilen barlaglar biri-bi ... Doly oka »

Категория: Edebi makalalar | | Теги: Direliş edebiýat Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 16 |

■ hem-de onuň gadymy edebiýatymyzda teswirlenişi

Dürli taryhy döwürlerde agyr külpetleri başdan geçiren, iň gadymy halklaryň biri bolan türkmen halky uzak asyrlaryň dowamynda beýik arzuw-islegler, geljege bolan uly umytlar bilen ýaşap gelipdir. Ol berkarar döwlet gurmak, halkyň agzybirligi, ar-namysy, ýurdunyň parahatçylygy, il-günüň abadançylygy ugrunda göreş alyp barypdyr.
... Doly oka »

Категория: Edebi makalalar | | Теги: Jora ALLAKOW Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 14 |

Birinji kyssa

• ATDA TAPAGANY GÖREN HATAM TAÝ ÝÖNE BAŞYNY ÝAÝKAP DURMUŞ

Bu dünýäde adamlar däl-de, ynançlar ýaşaýar.
Bu dünýäde adamlar däl-de, ynançlar söýüşýär.
Bu dünýäde ynançlar gürleşýär, ynançlar düşünişýär.
Bu dünýäde ynançlar garpyşýar.
Adamlar — ynançlaryň isleglerini ýerine ýetirijiler.
Ynanç söýgä-de, ýigrenje ... Doly oka »

Категория: Romanlar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 11 |

Kertik aga ýarygije oýandy.
Daşary çykmaly.
Ol daşary çykmajak, çykmalydygyny ýadyndan çykarjak, uklajak bolup çalyşdy. Eýlesine bir agdaryldy, beýlesine-de bir. Haýsy tarapyna agdarylsa-da bolmandan soň, närazylyk bilen ýerinden turup, ýeňlemek üçin mellegiň aýagujuna tarap ugrady.
Alagaraňkylyk. Öňem-ä gözleri çöňňe. Alagaraňkylykda oňly görünýän zat ýok. Ýöne, ýöremeli bola ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 11 |

Esli meýdany tutup ýatan içi şor-kebir, ýönekeý dilde “Ýeroýlan” diýlip atlandyrylýan şol çöketligiň ady Badhyz belentlikleriniň resmi kartasynda “Ýeroýlanduz” diýlip bellenen. Badhyz baýyrlyklaryny etekläp oturan Sarahs etrabynyň ilaty bolsa ol oýa “ýomut gyrlan” diýýär. Oýuň bu adyny olar sowet häkimiýetiniň ilkinji ýyllarynda hökümetden gaçyp Owganystana b ... Doly oka »

Категория: Taryhy makalalar | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 15 |

– Arçmana gidemde şäherimiziň dükanlaryna aýlanmaga wagtym bolmady. Şäherde bary-ýogy on minut töweregi bolandyryn-da. Şähere gidýän bolsaň, Atageldi, balam, meni ýanyň bilen äkit. Sen şäherlik işini bitirýänçäň, men şähere aýlaň-çaýlaň edip çykaýyn. Gaýdaňda-da meni alyp gaýdyber – diýip, Kertik aga şeýle bir gygyryp gürledi, onuň şähere gitjek bolýandygyny eşidip Hemra Illew alakj ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 10 |

Aşyk-magşuk ýüzün sallap ýanaşyk,
Bag astynda oý-pikire çümüp dur.
Asmanyň hem gyzyň ýüzi gamaşyk,
Dymyk howa ýaly, olar dymyp dur.

Birden husyt asman atdy topuny,
Buludyň öýkesi ýazyldy gitdi.
Kineli göwünler açdy sepini,
Ballyja dodaklar çyzyldy gitdi.

Çeşmäň suwy ýaly durudyr ýaşlyk,
Özümem ýaş boldum, ýetik aslyna.
On ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Ýylgaý Durdyýew Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 14 |

Kalbym käte azar berýär tomusda,
Ajy ýatlamalar üstümden gülýär.
Ejizleýän, basmarlaýar gam-gussa,
Şonda-da durmuşda ýaşasyň gelýär.

Maňa balyn hödür edýär balçylar.
«Git» diýýärler Gara deňziň boýuna.
«Saglygyňy dikelt, keýpiň açylar,
Tomaşa eýleseň gülroýyna».

Men durmuşda kän dostlary ýitirdim,
Olaryň ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Ýylgaý Durdyýew Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 17 |

Suratyny alyp köne hramyň,
Daglaryň üstünden syryldy duman.
Içinde ýatan dek, haşamly jamyň,
Güne owsun atýar, durna göz Sewan.

Alysda dumanly daglar görünýär,
Guşlar dury suwda kakýar heşelle.
Ukusyz adam dek, bulut gerinýär,
Köne ýyl öwrümde, bu-da kyrk çille.

Ybadathanada ýüz ýaşly goja,
Ararat dagyna intizar bakýar.
D ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Ýylgaý Durdyýew Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 12 |

Geçeni ýatlamak ynsana kada,
Menem iller ýaly şol kada maýyl.
Ýelýürek jahyldym seniň husnuňa,
Badyhowa göwün bolanda maýyl.

Arzuw kyldym-bahar bolsam bagyňda,
Gözlerimde çakdy otly ýyldyrym.
Iki dünýä sygmady bir gursaga,
Hasabyn kim berer köýen ýyllaryň?

Onuň üçin senden soralmaz hasap,
Menem özüm üçin çykarman kanun.
Ý ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Ýylgaý Durdyýew Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 15 |

Diýýän sözlerime gulak goý, gardaş,
Suw meniň gamymdyr, topragym – tenim.
Garagumuň reňkine çalymdaş,
Meniň güne ýanan goňras bedenim.

Ýedi gat toprakdan nem syzyp ýatan,
Sazagyň köküdirr meniň damarym.
Seň gara synaňa gül ýazyp ýatan,
Bol suwly derýamdyr altyn kemerim.

Çopan ody ýaly közürgär durar,
Maňa meşgeş beren gar ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Ýylgaý Durdyýew Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 20 |

Daglar adamlara meňzeş bolýandyr,
Olaň hem içinde beýgi-pesi bar.
Tebigat daşlara, çal gaýalara,
Terjimehalyny keşdeläp ýazýar.

Ony okap bilýär aňly adamlar,
Aňsyzlar aňmazlar beýle zatlary.
Saňa gürrüň berer nuhuň döwründen,
Ýagyşyňdyr ýagmyryň alamatlary.

Bu joşgunly, akar suw ýaly durmuş,
Daşa ýazýar ynsan terjimehalyn.
... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Ýylgaý Durdyýew Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 21 |

Gadymy Anteýiň aýagyn diräp,
Gyssanan çagynda güýç alan ýeri,
Süňňüm seniň bilen mäkäm badaşan,
Nämäni tutaýyn senden ileri.

Oýarýarsyň säher bilen ukudan,
Daň jemalyn ýüze sylmak ýagşy-la!
Gülleriň gözüňi deşip barýandyr,
Maýsalaň ezilýär bahar ýagşyna.

Egni gök begresli tekiz meýdanlaň
Ak bagtym ýalydyr ak atyzlaryň.
Al ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Ýylgaý Durdyýew Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 14 |

I.

...Bu habar sähel salymda onçakly uly bolmadyk obany öýme-öý aýlanyp, uludan-kiçä  hemmäni laňňa aýaga galdyrdy. Gaharyna her kim degenek taýak agtardy.  Obada eliňi uzadan ýeriň taýak.
Obanyň insizje egri ýollary elleri taýakly, gahar-gazaply adamlardan doldy. Olaryň ugry obanyň ortasyndaky gojaman ýeke tuda tarapdy. Her kim bir zat diýip sögünýärdi, gargynýardy ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 13 |

▶ Atamyň ruhuna

Başyma al bürenjegi büredäm,
Geldim, ugrat, özgä dodak çöwürtmän.
Garabekde ýatyrmysyň, garadag,
Onuň gara topragyny bagyrtlap.

Atam, garyp atam, ýeriň pestinde,
Nirdeligin tapa bilmän bagtynyň.
Ine, bu gün ýoly düşdi üstüňden,
Seň mekansyz entäp ýören agtygyň.

Ýar bolup saçymy sypanda säher,
Köňlüň ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 11 |

Torbasyz gedaý gelipdir,
Döşüňe urma, arkadag!
Sen diýip Hudaý gelipdir,
Git indi durma, arkadag!

Ezraýyl ömrüň kirşini,
Ýolup ýegşertdi gerşimi.
Gama gark bolup ýörşümi,
Sen gaty görme, arkadag!

Munda göge tutup seri,
Aman sypan barmy, ýeri,
Ölüm ýeňmek üçin şeri,
Tapylan tärmi, arkadag!

Nazaryňa düşme ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 13 |

▶ UMYT DÜŞELGESINE
PELSEPELER  SYÝAHATY

Ýürek kalpda heserim,
Göwrede bikararym.
Bu jana derdeserim,
'Eý, ömre bikaramym.

Eý, meň  tylladan tarlym,
Tylla taryň üzerler.
Men saňa dözmesem-de,
Ikimize dözerler.

Ymaratyň ýer bilen,
Ýegsan eder apytap.
Salyp bizi holtumna,
Towlanar çarhy ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 12 |

Ýyllar gitdi geçip,
Pes tutduk pygly.
Ýeri, halyň niçik,
Daýzamyň ogly?!

Nädeýin ýaşyryp,
Bagrym gara gan.
Yzyma düşürip,
Gamgyn kölegäm.

Gidipdim birmahal,
Umytdan düşmän.
Geçmiş sähel-mähel,
Ýadyma düşýä.

Oýnardyk daň bile,
Seçerdik nogly.
Bileje seň bile,
Daýzamyň ogly.

... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 16 |

Beýik türkmen akyldary hem şahyry Döwletmämmet Azady «Wagzy-Azat» eserinde taryhyň türkmen aňynyň öňünde goýan meselelerine jogap bermäge synanyşdy. XVIII asyrda türkmeniň taryhy ýaşaýşynda täze döwür başlanýardy. Täze taryhy döwrüň esasy manysy bolsa geçişe syrygýardy. Halk Merkezi asyrlardan Täze döwre geçýärdi. Şonuň üçin hem Azadynyň öz eserinde goýan hem paýhasynyň çatdygyndan ... Doly oka »

Категория: Filosofiýa | | Теги: Osman ÖDE Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 14 |

1.

Mämmet işden müň küýüniň birine ymykly örklenip, aýaly bilen nähili gürleşmelidigini, näme etmelidigini kemsiz bişirip geldi.
Sadap işden gelen adamsynyň ýüzüne seredenden onuň bir aladajygynyň bardygyny derrew aňdy. Heý, Sadap aňmazmy?!
– Näme habar, Mämmet!
Mämmet soragyň jogabyny bilgeşleýin garaşdyrdy:
– Bu işimden iş bolmaz meniň, Sadap. ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 17 |

Baýry žurnalist Keşik ANNAÝEWE bagyşlaýaryn.

Bu onuň şo gürrüňini beren baýry bolmaly. Men muny şeýleräkdirem öýdýärdim. Bu ýerden seretseň, ha-ana, oba-da eliň aýasynda ýaly. Ho aşakda birtopar çaga oýnap ýör. Olaryň arasynda Nikolaýyň agtyklary hem bar.
Onuň bu sähra ýaşlygy siňipdir. Şu göm-gök öwüsýän baýyrlykda obany synlap ýatyşyny, agnaýşyny gürrüň ber ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 21 |

Ogulmaral ejäniň külçe bişirip ýörşüne howsalasy artdy. Bir ýerde durup karary ýetmedi. Oglunyň ýanyndan aýrylmady. Oňa sargyt etdi. Agşamlaryna gezip ýörmeli däldigi, diňe okamalydygy, puldan kösençlik çekjek bolsa, dessine öýe hat ýazmalydygy barada oglunyň gulagyna guýdy.
Onuň agşam gözüne uky gelmedi. Perzendiniň ýat ýerlerde hor-homsy bolman gurgun gezmegini, okuwa girmegini dileg et ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 18 |

Her toprak öz keşbini döretmegiň ebeteýini tapypdyr.
Türkmen topragy öz keşbini ahal-teke atynda döredipdir.
Türkmenistan – ahal-teke bedewi!
Türkmen topragy öz keşbini halyçy gelin-gyzlaryň eli bilen hala çitipdir.
Türkmenistan – türkmen halysy!
Türkmen topragyny wasp etmekçi ýazyjynyň fantaziýa ýüz urmagy hökman däl. Hakykaty beýan edäýmeli.
Biz ... Doly oka »

Категория: Edebi makalalar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 19 |

Ene oglunyň äkitjek gününe sabyrsyz garaşdy. Indi onuň garaşyp ýörenine bir aýdan gowrak wagt geçdi. Her sapar «Şu ýekşenbede gideris» diýip, ogly söz berýär. Ýöne dynç alyş güni bolsa-da, onuň işi çykaýýar. Soňky wagtlar-a gitmek baradaky gürrüňler selçeňleşdi. Sebäbi her gün diýen ýaly ogluna gitmek barada ýatladyp durmagy ene gelşiksiz gördi. Ýene bir zat, oglam gitmäge onçakly d ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 20 |

Garaşsyz Türkmenistanyñ ilkinji Goranmak ministri, goşun generaly Dañatar Abdyýewiç Köpekow 1933-nji ýylyñ 12-nji maýynda Aşgabat şäherinde doguldy. Zähmet işine Türkmenabadyñ häzirki Seýdi adyndaky pedagogik institutyny tamamlandan soñ başlady. Bäş ýyla golaý wagtlap Balkan welaýatynyñ (şol wagtky Krasnowodsk oblastynyñ) we Aşgabat şäheriniñ mekdeplerinde pedagogik zähmet bilen meşgullandy. ... Doly oka »

Категория: Publisistika | | Теги: Dañatar KÖPEKOW Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 11 |

"Obamyza täze tebip göçüp gelipdir" diýen habar ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Menem lukman bolanymsoñ, bu waka bilen ýakyndan gyzyklanyp ugradym. Tebip diýýänleri menden dört-bäş ýaş uludy. Onuñ baýguşyñka meñzeş tegelek ýüzi bardy. Gözleri içiñden geçip barýardy, etli, ganly daýaw pyýadady.
Men ony bir ýerde gören ýaly boldum. Ýöne hiç hakydama getirip bilmedim. Hawa, oba adaml ... Doly oka »

Категория: Satiriki hekaýalar | | Теги: Şöhrat MÜLKIÝEW Дата: 17.09.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 19 |