08:41

Ýatlama - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Ýatlama

Geçeni ýatlamak ynsana kada,
Menem iller ýaly şol kada maýyl.
Ýelýürek jahyldym seniň husnuňa,
Badyhowa göwün bolanda maýyl.

Arzuw kyldym-bahar bolsam bagyňda,
Gözlerimde çakdy otly ýyldyrym.
Iki dünýä sygmady bir gursaga,
Hasabyn kim berer köýen ýyllaryň?

Onuň üçin senden soralmaz hasap,
Menem özüm üçin çykarman kanun.
Ýyllar hem etjegin soraman eder
Höküm bolar eken beýle-de zabun.

«Ölseň-de mazara bile giderin»,
Diýip, batly sözläp goýduň azara.
Dirilikde aýry dünýäde ýaşan
Ölende sygarmy ýeke mazara.

Kä durýaň gaşymda, ýüzüňde ünji,
Ümürli howadan gaýyp gelýäň-de,
Hyýalymda ýaşasa-da ruhuň,
Saňa orun ýokdur meniň dünýämde.

Ýöne, ýolda-yzda göräýsem käte
Üýtgeýän, köne dert gozgaýar meger.
Ýogsam, terk edilen dünýäni ýatlap,
Beýle, lowlap-lowlap ýanmazdyň, jiger!

Wagt ýüreklere salýar sowuklyk,
Şonda-da käýarym gaýnaýan-daşýan.
Guwanýan dünýäde seň barlygyňa,
Ýyllar daşlaşdykça sen golaýlaşýañ.


Категория: Goşgular | Просмотров: 16 | Добавил: Admin | Теги: Ýylgaý Durdyýew | Рейтинг: 0.0/0
Ýylgaý Durdyýew awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar