08:39

Dag hem adam - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Dag hem adam

Daglar adamlara meňzeş bolýandyr,
Olaň hem içinde beýgi-pesi bar.
Tebigat daşlara, çal gaýalara,
Terjimehalyny keşdeläp ýazýar.

Ony okap bilýär aňly adamlar,
Aňsyzlar aňmazlar beýle zatlary.
Saňa gürrüň berer nuhuň döwründen,
Ýagyşyňdyr ýagmyryň alamatlary.

Bu joşgunly, akar suw ýaly durmuş,
Daşa ýazýar ynsan terjimehalyn.
Dag ýaly adamlar daýanyp daga,
Göterip ýör uly iliň ykbalyn.


Категория: Goşgular | Просмотров: 22 | Добавил: Admin | Теги: Ýylgaý Durdyýew | Рейтинг: 0.0/0
Ýylgaý Durdyýew awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar