08:49

Bahana - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Bahana

Aşyk-magşuk ýüzün sallap ýanaşyk,
Bag astynda oý-pikire çümüp dur.
Asmanyň hem gyzyň ýüzi gamaşyk,
Dymyk howa ýaly, olar dymyp dur.

Birden husyt asman atdy topuny,
Buludyň öýkesi ýazyldy gitdi.
Kineli göwünler açdy sepini,
Ballyja dodaklar çyzyldy gitdi.

Çeşmäň suwy ýaly durudyr ýaşlyk,
Özümem ýaş boldum, ýetik aslyna.
Onda bu men-menlik, bu gözi açlyk,
Kimden miras galan adam nesline?

Bu näme, horanlar gaty köpeldi,
Göze-başa düşýär harsydünýäler.
Häzir-ä giden ýok, iki köpünli,
Öňküsinden üýtgäp ýörmi dünýäler.

Kemine köneje donuny geýip,
Baranmyşyn bir husydyň toýuna.
Sylag-hormat edilmändir «gel» diýlip,
Şahyr göwün ynjap gaýdan öýüne.

Baranmyş ertesi täze don geýip,
Çekilipdir altyn tabak öňüne.
«Iý, donum» diýipdir mekirje şahyr,
Çalaja ýylgyryp, garap ýeňine.

Bizem şol husyt dek adamçylygy,
Ölçeýän bolmalyň wezipe bilen.
Dokçulykda azar adam gylygy,
Ynsaby çalyşmaň, hapysa bilen.


Категория: Goşgular | Просмотров: 15 | Добавил: Admin | Теги: Ýylgaý Durdyýew | Рейтинг: 0.0/0
Ýylgaý Durdyýew awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar