15:03

Kertik agañyz üýtgeşik adamdyr - Hekaýalar


Awtor:
Bölüm: Hekaýalar
Materýal: Kertik agañyz üýtgeşik adamdyr

– Arçmana gidemde şäherimiziň dükanlaryna aýlanmaga wagtym bolmady. Şäherde bary-ýogy on minut töweregi bolandyryn-da. Şähere gidýän bolsaň, Atageldi, balam, meni ýanyň bilen äkit. Sen şäherlik işini bitirýänçäň, men şähere aýlaň-çaýlaň edip çykaýyn. Gaýdaňda-da meni alyp gaýdyber – diýip, Kertik aga şeýle bir gygyryp gürledi, onuň şähere gitjek bolýandygyny eşidip Hemra Illew alakjap geldi:
– Goňşy, şähere gitseň, menem size goşulyşyp gidibereýin?
– Käşgä, senem biz bilen gidäýseň! Ine, şüý-ä tüýs bolaýdy – diýip, goňşusynyň sokulyp gelmesini halamadyk, ýöne halamandygyny zoraýakdan gizlemäge çalyşýan Kertik aga böwrüne diň saldy. Goňşusyny «çüýlemek» islän Kertik aga ýylgyrandan boldy. – Ýöne, göwnüňe almasaň, bir zat aýdaýyn.
– Haý, göwnüne bir zat getirensiň-ow. Göwnüňe näme getirseň şol bolýar. Men kän gezek gördüm-ä...
Kertik aga Aýjan ejäniň eşitmegini islemedik bolarly, sakgaldaşyny bir çete çekdi.
– Hemra, senem meniň bilen gitsene! Göwnüme bolmasa, maşynymyz şäherde awariýa düşäýjek ýaly bolup dur, içigar galmyş. Senem meniň bilen gitseň, belki, awariýa bolmaz?! Mün maşyna!
Hemra Illew serpmeden gaýdan dek boldy. Haýdan-haý çykalga gözläp ugrady:
– Kertik jan, hiç zadam bolmaz. Ýasy ýanyň ýerde bolsun! Sen hökman git! Menem seniň bilen gideýin, ýöne häzir öýe baryp gaýdaýyn. Bäş minudyň dowamynda gelmesem, onda siz maňa garaşman göni gidiberiň. Öýde ol-bu aladam bar. Häzir şähere gidere elim degmezmikä diýip durun. – Hemra Illew duýdansyz gelşi dek, duýdansyzam gözden gaýyp boldy.
Indi birki gün bäri raýon içeri işler bölüminiň naçalnigi Atdany ýanyna çagyrýardy. Şonuň üçin ol-a göni milisiýa gitdi. Ol şäheriň içine oňly girmän, gurluşygy entek doly gutarmadyk bäş-alty jaýyň deňinde maşynyny saklady.
– Kaka, men uzak eglenmerin. Men gelýänçäm sen dükanlara aýlan. Şu köçäniň ugry durşuna dükandyr. Ýöne uzaga gitmegin.
– Nätdiň-aý, oglum? Şäheri senden gowy bilýän ahyryn men.
– Ine, şu ýerem duşuşjak ýerimiz bolsun. Kim öň gelse, şu ýerde garaşyp durubersin.
– Sen meni alada etme. Howlugýan ýerim ýok, men garaşar oturaryn. Seni gowulyk üçin çagyran bolsunlar-da hernä!
– Onda gepleşdik, kaka.
Atda gidensoň Kertik aga içi termosly sumkasyny göterip dükanlara aýlanmaga ugrady. Dükanlaryň ilkinjisine girende garrylygyň ilkinji alamaty – huşsuzlyk onuň barja keýpini uçurdy. Jübüsinde kör-köpük bolmasa nädersiň?! Barja puluny öýünde goýup gaýdyberipdir. Bu ýeri oba däl, «Kertik aga, ýanynda puluň bolmasa, soň getiräýersiňiz-dä» diýjek satyjy ýokdur saňa şäherde.
«Munça gelenime görä dükanlara aýlanyp göreýin, harytlaryň bahalaryny bileýin, almaly zadym bar bolsa, Atageldi bilen başga bir gün geläýerin» diýen pikir bilen Kertik aga dükanlara aýlanmagy ýüregine düwdi.
Ýanyndaky dükanlaryň birine girdi. Owadan satyjy gyz Kertik aganyň obadan gelendigini aňandyr-da, aljak zadyny saýlap bilmän kösenip ýörmesin diýýän dek, ýylgyrjaklap onuň ýanyna geldi:
– Hoş geldiňiz, ýaşuly! Näme almakçy bolýaňyz?
– Edil häzir-ä näme aljagymam bilemok, dogrusy.
– Size bolar ýaly egin-eşigimiz kän biziň. Haýsy reňki halaýaňyz?
Kertik agany şagga der basdy:
– Menmi? Mele.
– Mele reňkli kostýum bar. Mele reňkli köýnegem bar. Laýyjak bor ýalysyny getirip bereýin size. Hersinden biri bolarmy ýa ätiýaç üçin birki jübüt aljakmy? Pikiriňizi aňyp durun, örän dogry pikir edýärsiňiz. Soňundan kösenip ýörmez ýaly kostýumdanam, jalbardanam, köýnekdenem jübüt-jübütden alsaňyz, örän gowy bolar. Obadan gelen adamlaryň köpüsi edil siz ýaly...
– Ýok, ýok... Öýde ýigrimi-otuz kostýumym, ýigrimi-otuz köýnegim bar. Men özüm üçin hiç zat almaýyn.
– Dogry pikir edýäňiz. Egin-eşigiň köp bolanynyň zyýany ýok. Ýok bolsa, ine, iň erbedi şol. Toýda geýmek nesip etsin! Meniň size berjek bolýan kostýumlarymy, köýneklerimi geýseňiz ähli kişiň size gözi gider. Size örän gelişjekdigine güwä geçýärin.
Kertik aga aljak däl diýmegi gelşiksiz görüp, satyjynyň ünsüni sowmak isledi:
– Sizde köwüş ýokmy?
– Tüýs size şaplajaýjak mele köwüşlerimiz bar. Örän dogry pikir edýärsiňiz. Kostýum alyp, köýnek alyp, köwüş almasaňyz bolmaz ahyryn. Näçe sany köwüş getireýin?
– Maňa häzirlikçe bir jübüdem bor-la. Köwüş mende, elbetde, kän-le. Ýöne, gowusy bar bolsa, seredidäýse kem däl...
– Bize Italiýadan, Fransiýadan täze köwüşler geldi. Her ýurduňkydan bir jübüdini alsaňyz, örän gowy bolar. Siz örän dogry pikir edýärsiňiz. Siz, ine, görüň köwüşleriň gowudygyny.
– Şu köwüşmi? Munyň-a gowy däl. Oglum Atda jan maňa mundanam gowusyny alyp berdi.
– Bular gaty berk. Bu köwüşler hakyky gaýyşdan. Käbir köwüşleri ýelim bilen berkidýärler. Görüň, bu köwüşleriň aşagynyň çüýlerini. Kyrk ýylda-da tozjak köwüşler däl bular!
Kertik aga owadan, alçak satyja naýynjar nazar aýlady. Bu yhlasly gyza: «Zadyňy aljak däl» diýer ýaly däl-ä!
– Maňa adam ömrüne dalaş edýän köwüş gerek däl. Köwüş diýeniň birki ýylda tozsa gowy.
– Skladymyzda uruş weteranlary üçin, ýokary wezipeli adamlar üçin ýörite saklap oturan köwüşlerimiz bar. Men size häzir üç-dört jübüt köwüşem getireýin. Siz örän dogry pikir edýärsiňiz.
Kertik aga satyjy gyzdan nädip sypjagyny bilmän örtendi. Wah, ýanynda puly bolanlygynda Kertik aga şu yhlasly gyzyň göwni üçin jübüsinde ýeke köpügem galdyrman baryny bererdi. Ýöne muny satyjy gyza aýdyp bilenok. Satyjy gyzam obadan ýörite gelen ýaşuluda kör köpük pul ýokdur diýip pikir edenok. Çykgynsyz güne galan goja zol-zol maňlaýynyň derini süpürdi. Birki ýola giren gapysyna seretdi. Bahana tapyp bilmejegini aňyp, birden gapa tarap okduryldy.
– Daýy, daýy, hiç zat alman gidiberjekmi? Mele kostýumyňyz bilen, mele köýnegiňizi äkidiň-ä.
– Men häzir geljek, jigim, häzir geljek. Pully haltam maşynda galypdyr.
Kertik aga dükandan çykyp şeýle bir gaýtdy welin, Atda garaşyp duraýanda-da şeýle gaty ýöremezdi. Yzyna garaman gaýtdy. Yzyna garadygy satyjy gyz ýetip geläýjek ýaly boldy.
– Kimi satyjy goýjagyň-a bilipdirler zaluwatlar! Pulumyň ýokdugam gowy boldy. Ýogsam dagy hojalygymy lüt goýjak ol – diýip, Kertik aga oglunyň düşürip giden ýerine gelip aýak çekdi, uly bir beladan sypan dek, uludan öwhüldedi.
Indi onuň hiç ýerik gidesi, hiç kime görnesi gelenok. Hälki satyjy gyz Kertik aganyň şäheriň dükanlaryna aýlanmak höwesini sähelçe salymyň içinde aňry ýany bilen kanagatlandyrdy oturyberdi.
Kertik aga gapdalyndaky geçip barýanlara hem gorka-gorka seretdi. Geň, ertir öýden çaý içip gaýdypdy. Ençeme günüň teşnesi deýin, agzy gurap dur. Sumkasyndaky termosyny barlaşdyrdy. Termosy bar. Esasy zat – termos. Şuny galdyrmandyr hernä. Galan gapjyk, edilmeli söwda bolsun! Çaý içip töwerege tomaşa edip oturaryn diýen pikir bilen, Kertik aga özüne teselli berdi.
Goja gutarylmadyk gurluşygyň kölegeli, amatly ýerini oturmak, çaý içmek üçin saýlady, üç-dört tagtany aşagyna düşek edindi. Telpegini çykaryp armatura ildirdi-de, aşak çökdi. Eýýäm ýadandygyna geň galdy.
«Hawa, gözüňe söweýin, barmagyňy degirmäge dözer ýaly däl perizady gözellige oňly düşünmeýän bir salpyaýak alar. Şeýle gyzlary depäňe täç edinmeli ahyryn! O gyz meniň ýaşlygymy ýadyma saldy. O gyz men hakda näme pikir etdikä? Aňkasy aşan göherdiň bir köpügem ýok eken. Belki, meni öýsüz-öwzarsyz bir diwana hasaplandyr?! Oňa: «Men öýsüz-öwzarsyz diwana däl» diýseň üstüňden güler...»
Iki sany daýaw pyýada Kertik aga oňly ornaşyp-ornaşmanka gaşynda häzir boldy. Olary gören Kertik aganyň keýpi gaçdy: «Bu ýerde oturmak gadagan» diýerler-ow. Äl, şäherde gerek zatdan gadagan zat kän. Atda gelýänçä köçede dik durup geçmeli bolaýarmyka?
– Ýaşuly, biz-ä dileg bilen gelendiris ýanyňyza.
– Men bir garry adam. Bir termos çaýym bar. Şony bir rahat içere goýuň-how meni! Şu ýerde çaý içenimiň size, gurluşygyňyza näme zyýany bar? – diýip, Kertik aga ýerinden turmaly boljagyna gaharlandy.
– Oturyň, ýaşuly, oturyň, hemme işi özümiz ederis. Bize diňe razylyk berseňiz bolany.
– Bar niýetim arkaýyn oturyp birki käse çaý içmek öz-ä meniň.
– Çaý içiň, noş bolsun! Biziň dilegimizi siz oturan ýeriňizde-de bitirip bilersiňiz.
– Çaýym bilen telpegime dileg salmasaňyz oňjak.
– Ýok, ol ikisine dawamyz ýok. Isleseňiz, size üç-dört telpek getirip bereli. Siz bu ýerde köp oturmaly bolarsyňyz. Öýümiz şu ýerde ýakynda. Isleseňiz derrew getirip bereli.
– Aý, ýok, oglum yzymdan gelmeli. Oglum gelýänçä termosymdaky bilen oňaryn.
Gürrüňe goşulman duran ikinji kişi esasy gürrüňe geçdi.
– Ýaşuly, siz baý ýaly-la?
– Baýlyk näme işlesin?! Jübimde it uwlaýar!
– Jübiňizdäki itiňizi uwlamaz ýaly etmäge geldik biz, ýaşuly. Itiň iň soňky uwladygy bolar şu gün.
– Sizden çykar şeýle gowy iş!
– Ýaşuly, siz armatura baý ekeniňiz. Bize on bir metrlikden on sanysy gerek. Gaýrat ediň!
– Be, nätdiňiz-aý, ýigitler? Bu görýän armaturlaryňyz meniňki däl.
– Wah, bilýäs siziňki däldigini. «Bu armaturlar döwletiňki» diýjek bolýansyňyz?
– Elbetde, döwletiňki.
– Sen, ýaşuly, sesiňi çykarmasaň bolýar. Sesiňi çykarmasaň, jübiňde it uwlamaz. – Gelenleriň biri Kertik aga bir penje pul uzatdy.
– Bu näme?
– Äl, şunuň nämedigini bilýän dälsiňiz-ow?! Şunuň puldugyny biz indi size düşündirmelimi?
– Düşündirmeseňizem bolar. Ýöne bu puly näme üçin maňa berjek bolýaňyz diýýän?
– Haý, ýaşuly, mönsüremegi gowy görýän ekeniňiz-ow. Hemme zat üçin düşündiriş talap edip otyrsyňyz. Pensiýadan öň siz bir ýerde derňewçi bolub-a işlän dälsiňiz? – diýip, dolmuş kişi närazylygyny ýaňzytdy.
– Giňräk bolsana. Özüň-ä dileg edýäň – diýip, ýoldaşy dolmuş kişiniň synyndan çekdi. – Ýaşuly, biz size bu puly ýeriňden gozganman çaý içmegiň, garşyňyzdaky iki sany görmegeý kişi on sanak on bir metrlik armaturyňyzy alyp gidende görmedikden bolmagyň, sesini çykarmazlygyň üçin berýäs.
Dolmuş kişi puly Kertik aganyň sumkasyna saldy. Kertik aga olaryň bolşuna öweldi galdy. Pul beren kişiler biraz arkaýynlaşdylar. Olar on bir metrlik armaturalardan alaşakyrdy edip süýräp ugradylar.
– Duruň, duruň-how, ýigitler. Edýäniňiz näme siziň?
Dolmuş kişi ylgap geldi-de, ýaňy turjak bolup ugran Kertik aganyň egninden basdy.
– Ýaşuly, az gördüňmi?
– Munyňyz ogurlyk ahyryn.
– On sanak diýdik, on sanagyny-da aldyk, näme, öz gara gözliňe ynanmajak bolýaňmy? Men-ä seniň ýaly müňkür adamy ömrümde göremok.
Kertik aga sumkasyna salnan pullary çykardy-da, dolmuş ýigidiň ýoldaşyna uzatdy:
– Pulyňy yzyna al, ýigit.
– Ýaşuly, bu armaturlar tylladan däl, demirden ýasalan. Bahalary ýetdi şularyň. Eger şundan gymmada satjak bolsaň, onda gurluşyk materiallary satylýan dükanlarda hem bar armatur. Biz seniň ýanyna dükan bahasyndan biraz arzaňrak bolsun diýip geldik. Üstüne ýene bäş-on manat goşsak, özüň öýümize-de eltip berersiň.
– «Kem-kem muhur hemişe muhur» diýýär parslar. Birden doýjak bolma, ýaşuly – diýip, dolmuş kişi gaharyna bäs gelip bilmän gygyrdy.
– Baý, gaharjaň ýigitler ekeniňiz-aý siz.
– Özüň mejbur edýäň – Dolmuş kişi Kertik aganyň beren pulunyň üstüne ýene biraz goşdy-da, ýoldaşynyň ýanyna gitdi.
Olar armaturalaryny süýräp obýektden çykdylar. Beýleräkde duran maşynlaryna armaturalary ýükläbem gözden ýitdiler.
Kertik aga sumkasynyň daşyndan pullary barlady. Az däl, ep-esli bar. Ine, saňa gerek bolsa! Goja haýdan-haý pullary sumkadan çykardy. Sanamaga durdy. Görmese-de, kimdir biriniň gelýändigini aňdy. Pul sanamasyny goýdy-da, başyny galdyrdy.
Hana, ýaşy durugşan, gözi äýnekli bir kişi göni Kertik aga bakan gaty-gaty ýöräp gelýär. O kişi gelýänçä Kertik aganyň aňynda gopan harasat birki aýyňkyny jemläniňde-de ýokdur. Ol özüni eýýäm türmede ala-mula eşikli adamlaryň arasynda duýdy. Şähere gaýtjak diýen pikirine nälet okady. Aýalyny günäkärledi. «Eý, çal, şäherde görüň ýok, gapdalymda otur» diýenliginde, heý, şu zatlar bolarmy? Atda garaşar, garaşar: «Häzir kakam geler» diýer. Kakasam, Hudaý bilýär, bäş ýyldan geljekmi, on ýyldan? Elindäki pullary pytradyp zyňsa nähili bolarka? «Çykmadyk janda umyt bar» diýýärler. Kertik agada-ha şol umydam ýok. Türme uzakdamyka? Kertik aga uzak ýola bolanok ahyryn.
– Ýaşuly, salawmaleýkim!
Kertik aganyň sesi sandyrap çykdy:
– Inim, men bir akyly çaşan garry. Menden hiç zady aýp-syn etmäň. Men hiç kime pul ber diýmedim. Hälki iki ýigidiňem özleri goýup gitdi. Men olara «Eý, ýigitler, men halal, arassa adam. Maňa hiç zat bermäň» diýdim. Olaram: «Ýaşuly, şu berenlerimizi az gördüňmi? Bu armaturalar altyndan däl, demirden» diýýärler. «Senden biraz arzanrak almak hantamaçylygy bilen geldik. Gymat bahadan aljak bolsak, gurluşyk materiallary satylýan dükanda-da bar» diýýärler.
– Maňa armatur-a gerek däl, agam.
– Bilýän saňa armaturyň gerek däldigini. Gözüňe seredeniňden bilýän men kime nämäniň gerekdigini. Men obada garawul bolup işleýän. Dükan garawuly. Üç günden bir gezek durmaly. Meniň gynanýan ýerim, on sany armatur üçin gözenegiň aňyrsyna geçmek. On ýyl ýaşajagym-ýaşamajagym gümana meniň. Wah, jan inim, maňa olaryň puly gerek däl. Galanja ömrümi rahatja ýaşap geçirmek isleýän men. Hökümet, Hudaýa şükür, pensiýamy berip dur. Garawulçylykdanam alýan.
– Onda, ýaşuly, şunam alyň, halalja puldur.
– Ýok, ýok, meniň dek başymy depirjik äre berjek bolma.
– Bu gün bazar güni bolansoň, dükanlar işlänok. Menem şu gün ussa çagyrdym. Kuhnýama kafel goýdurjak bolýan. Şoňa bir halta sement ýetenok. Agam, şoňa gaýrat et, mugt soramok. Ine, saňa pul.
– Wah, jan inim, mende sement ýok. Bolsa, bir halta sementi seniň ýaly gowy oglana mugtuna-da bererdim.
– Sag boluň! Ýöne maňa mugtuna gerek däl, puluma beräýin.
– Men seniň puluňy näme edeýin?
– Zyýan etmez. Arkaýyn bolaýyň, gerek ýeri tapylar.
– Özüň-ä halal adama meňzeýäň...
– Hoş sözüňiz üçin sag boluň! Maňa ýarty halta berseňizem ýeter-le.
– Nätdiň-aý, inim?! Mende sement ýok.
– Sizde ýokdugyny bilýän.
– Onda, ýok zady men saňa nädip bereýin?
– Hana, şo ýerde kän-ä – diýip, gözi äýnekli kişi birinji gatyň otaglaryna elini salgap goýberdi.
– Be, nirede näme barynam bilýäň-ow!
– Bilmesem geljek däl-ä – diýip, ýaşy durugşan äýnekli kişi elinde saklap duran puluny ýene Kertik aga uzatdy: – Alsana, ýaşuly!
– Maňa puluň gerek däl.
– Gerek däl diýmäň, jan agam. Puluň gerek däl ýeri, gerek däl adamy bolmaz. Eger puluňyz artykmaçlyk etse, köplük etse – men size adresimi goýaýyn – ýarygije bolsa-da göni öýüme eltäýiň.
– Aý, ýok, seni azara goýup ýörmejek bolaryn.
– Ine, munyňyz bolýar. «Ak düýäni gördüňmi?» diýlende «Göremok» diýmeli» diýip öwredipdi siziň ýaly ýaşulular bize. Sizem bilýänsiňiz-le şony – diýip, äýnekli kişi elindäki puly Kertik aganyň sumkasyna saldy-da, sement bar diýen ýerine ýumlukdy. Biraz salymdan üst-başyny duw-ak edip çykdy. Sähel salymda hem gözden gaýyp boldy.
Kertik aga sumkasyna elini sokdy. Termosyny çykardy-da, käsesini süpürişdirdi. Maksat – nesip edeniňden bir käse çaý içmek.
– Essalawmaleýkim, hormatly hem mähriban goja! Ertir irden turanymda ýüregim üýtgeşik galpyldady. Türkmeniň çöregi deýin nurana ýüzli goja duşjagymyň alamaty eken şol. Siziň ýaly nazarkerde gojalary görenimde, depäm gök direýär. Size ýüregimdäkini aýdaýyn, siz giň göwrümli, pähim-paýhasly, parasatly, geçirimli goja bolmaly.
– Inim, şu sözleriňi ýene bir gaýtala, galan ömrümde eşiderinmi-eşitmerinmi, şeýle owadan sözleri. Gulagym bir gansyn, inim. Bir gaýtala, inim. Eşitmedim, gulagym agyrrak meniň. Diline guwanaýyn. – Kertik aga ýüzi-gözi gülüp duran ýigdekçä bir käse çaý uzatdy.
– Alla kessin, agam jan, men gara çynymy aýdýan. Siz pähimdar goja bolmaly.
– Nädip bildiň? Dogry, dogry.
– Siziň öwüt-ündewleriňizi bir aý diňläp bolsa, uniwersitetde, akademiýada okandan müň paý gowy, peýdaly bolar. Siz türkmeniň janly ensiklopediýasy bolmaly. Ýüzüňizem aýdyp dur siziň uçursyz gowy gojadygyňyzy. Ýüregimdäkini aýdanlygym üçin siz meni günäkärläp bilmersiňiz-ä?!
– Äl, gowy kişi ekeniň. Ýüregimdäkini bilip dursuň.
– Siziň ýaly kalby röwşenli adamdan işiň betmese-de zyýany ýok. Siziň ýaly paýhaslar hazynasy bilen gürleşeniň özem million dollar gazananyndan million esse gowy. Siziň ýaly atasy bolan kişä, ynanyň, juda gözüm gidýär. Men görip adam däl, ýöne bagty getiren ogullaryňyza, agtyklaryňyza, ynanaýyň, göriplik edýärin. Siziň ýaly atasy bolan kişiniň ýüreginde jinnek ýalagam arman galmaz.
– Bä-ä! «Mylaýym söz süňk döwer» diýseler, ynanman ýördüm. Seniň sözüň demirem döwjek!
– Şu ýigidiň işini bitirmedim diýip, atam, birjigem gyýylmaň. Goý, ol bitmejek iş bolsun!
– Wah, inim, saňa gerek zat bolsa, arkama alyp öýüne eltip bererin. Sen, ine, ýene bir käse çaý iç, soňundan men içerin.
– Meniň bitmedik işimiň aladasyny etmäň, atam. Siziň janyňyzyň saglygy – iň esasy zat. Maňa şondan uly baýlyk ýok!
– Aý, inim, men çaý içjegem däl. Bary seniňki bolsun! Getir käsäni, ýene guýup bereýin. Telpegimem al, inim. Äl, gowy ýigit ekeniň. Şu pullaram saňa bereýin. Ýöne, inim, gatyrak gürle. Eşidemok. Gelnejeňem eşidäýse boljak ahyryn seniň sözleriňi.
– Ömrüňiz uzak bolsun, atam! Men şu günler özüme jaý gurýan. Jaýym bitdigi men sizi nirede bolsaňyzam taparyn. Siz meniň arzyly myhmanym bolsaňyz, soň meniň dünýäde armanym ýok.
– Agzyňdan hudaý eşitsin, inim.
– Sizi depämde götererin, atam. Siz toýumyň arzyly myhmany bolsaňyz, gelşigi bolsaňyz, meniň begenjimiň çägi bolmaz.
– Diliňe döneýin, inim! Saýrap duran şol dillerine döneýin! Toýuňa hökman bararyn.
– Siziň ýaly köpi gören gojadan tamam hem şeýledir, atam.
– Toýuň haçan?
– Toýum size bagly bolup dur, atam.
– Toýuň maňa bagly bolsa, şu gün başlaber.
– Wah, başlajak welin, atam, özüňizem bilýänsiňiz, jaý gurjak bolsaň, oňa çykýan puluň hem hetdi-hasaby ýok.
– Puluň gutardymy? – diýip, Kertik aga tarhanlyk bilen sumkasyna elini sokdy. – Aýt, näçe gerek, inim? Seniň ýaly goç ýigidiň derdine derman bolup bilsek, armanymyz galmaz. – Näme üçindir, Kertik aganyň hem dabaraly sözleri aýdasy geldi. – Adam adama başyna iş düşen mahaly gerekdir. Bar hanymanymy, isleseň, saňa bereýin.
– Ýok, ýok, atam. Ine, şujagazy alyň, menden az görmäň. Täze rozugär. Aýlyga ýaşap ýören adam men.
– Ynanýan-la.
– Şuny az görmäň. – Ýigit bir penje puly Kertik aganyň sumkasyna saldy.
– Eý, inim, «az» diýip berýäniň gaty kän-le?
– Ýaňsylajak bolýaňyzmy, mähriban, atam?
– Hudaý saklasyn!
– Bazara barsaň, bu puluň iki essesini tölemeli boljak. Elim ýuka bolansoň, siziň ýanyňyza geldim, mähriban atam.
– Seniň işiňi bitirmeli bolar.
– Onda men alybereýinmi?
– Saňa näme gerek?
– Wiý, aýtmadymmy? Maňa on dört sany penjire gerek.
– Sen menden ýok zady soraýaň-da, inibatyr.
– Siz ýeriňizden turman otursaňyz bolýar. Penjiräniň nirededigini men bilýän. Özüm alaryn. Men maşyn tutup geldim.
– O penjireler meniňki däl-dä.
– Bilýän, mähriban atam, bilýän. Men: «Ol penjireler siziňki» diýemog-a. Meni görmedikden bolup çaý içip otursaňyz bolany. On dörtden artyk almaryn. Çaýyň üçinem sag bol, atam.
Şirin dilli ýigit yşarat edenden ýük maşyny geldi, üç-dört kişi ýerli-ýerden haýdaşyp, penjireleri maşyna ýüklediler.
Sumkasy galňan Kertik aganyň nebsi otukdy. Ol özi bilen heserdeşräk, edil Kalinine meňzäp duran gojanyň gapdalynda aýak çekmesini halamady. «Aý, bu garry göhertden-ä pul çykjaga meňzänok».
– Sakaldaş, aýdyber, çekinme, saňa näme gerek?
– Ýaňy bir maşyn gitdi şu ýerden. Näme üçin geldi ol bu ýere? Aňmadyňmy?
– Men-ä sakaldaş, düýäniň agyňam göremok, garasynam. Özlerinden sorasaňam: «Hiç zat görmedik» diýerler. Gowy ýigitler eken.
Kalinine meňzeş goja Kertik aganyň gapdalynda dyz epdi.
– Çaý içýäňmi?
– Çaý içäýmeseň, garrylyk maza berenok. Içerin diýseň, saňa-da bir käse çaý bereýin. Köp-ä berip biljek däl, barja çaýymy o dili senalyja ýigit sokga sorup gitdi. Öz-ä bir käse-ýarym käse çaýym galypdyr.
– Öýde içip gaýtdym.
– Meniň çaýymdanam içip gör. – Kertik aga çaýyň soňuny heserdeşine uzatdy.
– Ýaňky maşyny tanamadym. Öz-ä ýat maşyn.
– Sen geçeniň gürrüňini etme. Näme haýyşyň bolsa, çekinmän göni aýdyber.
Atda geldi. Keýpi kök.
– Seni köp garaşdyrdym. Meni bu gün gaty hormatladylar. Yzymdan Gaýyp giýew gelip birinji sekretaryň ýanyna eltdi. Olam meni ýer gurluşyk edarasyna naçalnik edip oturyberdi. Meniňki şu gün şowuna, kaka.
– Aý, meniňkem kemçe-kerdem däl, oglum – diýip, Kertik aga ýerinden ýeňil gopdy.
– Sakgaldaş, gitseň käsäňi äkit – diýip, Kalinine meňzeş goja – şu ýeriniň gutarylmadyk obýektiň garawuly käsäni göterip Atdanyň maşynynyň ýanyna geldi.
– Haý, sakgaldaş, gaty maýdaçyl ekeniň-ow. Bir käsäniň-iki käsäniň adamydyrynmy men? Käse menden saňa sowgat bolsun. Şondan hergiz çaý içende: «Bu maňa Kertik baýyň goýup giden ýadygärligi» diýip ýatlagyn. Biz – oba adamlary şeýleräkdiris...
Kertik aga ýeňil-ýeňil basyp Atdanyň maşynyna mündi. Sumkasyny barlaşdyrdy.
– Bir zadyňyzy galdyrypsyňyzmy, kaka?!
– Galan zat ýokdur, oglum, sürüber.
Kertik aga yzyna öwrülip, gurluşygy gutarylmadyk jaýa, ýanýoldan geçip barýan adamlara nämälim nazaryny aýlady.
Ine, ýoluň iki ýany giden dükan. Geň-enaýy zatdan doly olaryň hemmesi.
Kertik aga sumkasyna elini sokup, ýene bir ýola pullaryny barlaşdyrdy.
– Sakla, oglum, Atageldi jan. Sakla!
– Näme boldy, kaka.
– Hana, şol dükany görýäňmi? Ana, men şol dükandan ony-muny almasam bolmaz.
– «Ony-muny» diýýäniň näme?
– Häzir görersiň. – Kertik aga maşyn entek doly durmanka düşdi-de, göni owadan, alçak satyjynyň ýanyna ugrady. Dükana kürsäp girip, owadan satyjyny gözledi. Be, ol-a ýok.
Bir eýjejik gyz Kertik aganyň ýanyna geldi.
– Hoş geldiňiz, ýaşuly! Näme almakçy bolýaňyz?
– Edil häzir-ä näme aljagymam bilemok , dogrusy.
– Size bolar ýaly, egin-eşigimiz kän biziň. Haýsy reňki halaýaňyz.
Bu eýjejik gyza näme jogap berjegini bilmän, Kertik aga aljyrady. Maňlaýynyň derini syldy:
– Menmi? Mele.
– Mele reňkli kostýum bar. Mele reňkli köýnegem bar. Laýyjak bor ýalysyny getirip bereýin size. Hersinden biri bolarmy ýa ätiýaç üçin birki jübüt aljakmy? Pikiriňizi aňyp durun, örän dogry pikir edýärsiňiz...
– Dur, dur, jigim dur – diýip, eýjejik gyzyň elinden tutdy. – Maňa hiç zat gerek däl.
– «Gerek» diýdiňiz-ä.
– Ine, şu ýerde häli bir gyz işläp durdy. Ana, şol gyz gerek maňa. Şol gyz nirede häzir?
– Häzir taparyn – diýip, eýjejik gyz Kertik aga geňirgenme bilen serede-serede daşlaşyp gitdi. Sähel salym içinde hem şol owadan, alçak gyz bilen tirkeşipjik geldi.
– Men geldim, gyzym.
– Siz näme almakçy, ýaşuly?
Owadan gyzyň sowalyna Kertik aga ýene aljyrady. Näme jogap berjegini bilmän aljyrap dur ol. Ol bir owadan satyja, bir sumkasyna seretdi. Soňam sumkasyny owadan gyza uzatdy:
– Men muny näme edeýin, ýaşuly?
– Aç!
Owadan satyjy sumkany açdy. Içindäki termosy çykardy.
– Muny näme edeýin, ýaşuly?
– Ýene çykaryber – diýip, Kertik aga biraz gaýşaryldy.
Owadan satyjy bir penje pul çykardy.
– Ýene çykaryber, kändir içinde.
– Indi ýok.
– Kändir, kändir! Çykaryber. Ol pullaryň näçedigini bilemok. Men hiç wagtam sanap pul sowýan adam däl.
– Başga ýok, ýaşuly.
– Kän bolmaly mende pul.
– Az-a däl eken.
– Aýtdym-a men pulum kändir diýip. Ine, ant iç diýseňiz antam içeýin, şu pullaň näçedigini bilemok men. Pul kän mende. Eý-ho, meniň şu ömrüme sowran pullarym ikiňiziňem agramyňyzdan kändir. Ikiňizden iki esse agyrdyr. Gyzlarym, siz meni tanaňzok. Meniň adym Kertik.
– Kertik aga, siz bu pullaryňyza näme almak isleýäňiz?
– Maňa hiç zadam gerek däl. Meniň, Hudaýa şükür, kem zadym ýok. Bir gyzym, üç oglum bar. Körpe ogullarymdan özgesi öýli-işikli.
– Kertik aga, size näme gerek?
– Maňa sumkamy beriň. Termosymam içine salyň. Ýogsam gelnejeňiz maňa iňirdäp gün bermez.
Hilbir iş eden dek, Kertik aga sumkasyny göterip gapa bakan ugrady.
– Kertik aga, Kertik aga, bu näme etdigiňiz boldugy?! Siz nirä barýaňyz?!
– Men öýe barýan. Gelnejeňiziň ýanyna barýan.
– Puluňyzy alyp gidiň-ä. Ýa gerek zadyňyzy alyň.
– Wah, gyzlarym, meniň kem zadym ýok. Men puluň adamy däldirin. Siz maňa, dogrymy aýtsam, ýaşlygymy ýatlatdyňyz. Men ýaşlygymda siz ýaly gözel gyzlara gaty kän sowgatlar beripdim. Eý-how! Oň hasabyny Hudaýam bilýän däldir. Siz gurjak ýalak gyzlar. Bagtyňyz açyk bolsun! Akylly, gurply ýigide ýar bolmagyňyzy arzuw edýän! Siz hemişe häzirkiňiz ýaly owadan boluň. Hemişe owadan bolmagyň ýeke-täk ýoly bardyr.
– Ol haýsy ýol, Kertik aga?
– Siz maňa ynanaýyň. Gözelligi saklamagyň ýeke-täk ýoly öýgüdir, gyzlar. Söýlüp, söýüp ýaşasaňyz mydama häzirkiňiz ýaly owadan bolarsyňyz. Söýgi – owadanlykdyr, gözellikdir, gyzlar! Mende gürrüň kändir görseňiz. Şu pullardan özüňize sowgat alyň. Sowgadyňyzy her gezek ele alanyňyzda: «Kertik aganyň sowgady» diýip meni ýatlaň. Meniň sözlerimem ýatlaň. Siz meniň sözlerime geň galdyňyz. Sizi geň galdyrjak sözler kän bizde. Biz – oba adamlary şeýleräkdiris.
– Oba adamlary üýtgeşikmidir?!
– Elbetde, üýtgeşik. Oba adamlary siziň ýaly – surat ýaly gyzlary depelerine täç edinýärler. Özem oba adamlary gelin-gyzynyň gazanjyna hiç mahal gözügara bolan däldir. Döwür geler, siziň heriňiz bir öýüň ýaraşygy bolarsyňyz. Siz işlemeli dälsiňiz. Siz mynasyp ýigitleriňiziň göwünlerini ganatlandyrmalysyňyz. Sizi işletmäge dözer ýalak däl-ä.
– Biziň işläsimiz gelýä-dä.
– Türkmen gelin-gyzlary ylahydyr. Olar erkek kişileriň ganatydyr.
– Siz üýtgeşik adam ekeniňiz.
– Hawa, siziň Kertik agaňyz gaty üýtgeşik adamdyr!
 


Категория: Hekaýalar | Просмотров: 11 | Добавил: Admin | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Osman ÖDE awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar