22:29

Şumer: Şu - ok, Mer - ýaý - Taryhy makalalar


Awtor:
Bölüm: Taryhy makalalar
Materýal: Şumer: Şu - ok, Mer - ýaý

Dünýä ylmy siwilizasiýanyň mundan bary-ýogy bäş müň ýyl ozal dörändigini tassyklaýar. Tigr hem Ýefrat derýalarynyň aralygynda, ýagny häzirki Yragyň territoriýasynda hem-de Nil derýasynyň aşak akymynda – Müsürde.
Siwilizasiýa – bu zähmetiň jemgyýetçilik bölünişigi, antogonistik klaslaryň – ezijiniň hem ezilijiniň döremegi, adamyň adamy ezip başlamagy netijesinde döwletiň döremegidir. Ilkinji dörän döwletler Şumer hem akkad döwletleri hasaplanýar.
«Sozdatelýami siwilizasii w Ýužnom Dwureçýe byli şumeriýsy, narod, ostaýuşşiýsýa do sih por zagadoçnym wo mnogih otnoşeniýah. Tak, naprimer, neizwestno, otkuda oni prişli w etu stranu, kotoraýa ne mogla byt ih rodinoý uže potomu, çto na ih glazah i pri aktiwnom ih uçastii. Şumeriýsy i poseliwşiýesýa sewerneýe ih akkadskiýe semity dali Ýužnomu Dwureçýu nazwaniýe strany Şumer i akkad»1
Wawilon – köne türkmen edebiýatynda hem taryhynda Babyl diýlip atlandyrylýar. Türkmenleriň arasynda Babyl minarasy atly rowaýat hem meşhur. Babyl halky şeýle
köpelip, ösüp, baýap soň-soňlar Hudaý bilen baş dalaşyp ugraýar. Olar asmana çykýan merduwan gurup, Hudaýyň ýanyna barmaga çalyşýarlar. Her gün birnäçe basgançak gurup,

1. W.A.Belýaýewskiý «Wawilon legendarnyý, i Wawilon istoriçeskiý», Moskwa, «Mysl», 1971 g.
olar arşa ýetip barýarmyşlar. Hudaý bendeleriniň bu hokgasyny halaman, günleriň birinde olara göz görkezýär. «Ertir ýene birnäçe basgançak gursak, asmana çyksak gerek» diýip babyllylar uka gidýärler, ertesi tursalar, olaryň her biri bir dilde gepleşýärmiş. Biriniň aýdanyna beýlekisi düşünmän, ahyry gurluşygy bes edýärler. Şeýlelikde, ýetmiş iki millet döräpdir!
Babyllylaryň asman baglary dünýädäki ýedi gudratyň biri hasaplanýar. Özem şumerlileriň siwilizasiýasyndan soň dörän siwilizasiýa döwründe dünýä belli şa Nawuhodonosor tarapyndan aýalynyň hormatyna bina edilýär. Ol baglar asmana uzaýan 200 metrlik hyrly minaranyň gatlarynda äkidilip müň ýyl adamzady haýranda goýýar. Aleksandr Makedonskiý Babyly boýun egdirip, şol bagy göreninde babyllylaryň gudratyna telpek goýupdyr.
Şumerler derýa aralaryna aralaşmazdan ozal Tigr hem Ýefrat derýalarynyň aralygy çaýkanyp ýatan batga eken. Emma ekerançylyga, maldarçylyga ökde şumerliler, eýýäm metal eretmegi, gural ýasamagy bilýän ata-babalarymyz tebigat bilen gidişip, giden meýdanlaryň batgalygyny guradyp, ekinzarlyga öwüripdirler. Olar öz önümçilik güýçlerini döredýär. Karl Marks şumerleriň önümçilik güýjüni «aziýaly» önümçilik güýji diýip atlandyrýar. Olar az salymyň içinde ummasyz uly baýlyklary döredip, ilkinji döwleti dünýä berýärler. Täze önümçilik gatnaşyklary şumerleriň gülläp ösmegine getirýär. Şumerlerden dünýä ilkinji siwilizasiýa hem «Gylgamyş hakda epos» atly poema ýadygärlik galýar. Şumerler öküzi ilkinji zähmet malyna öwren hem hasaplanýar.
Şumerleriň toýun kerpiçlere ýazyp bişirip, toplan kitaphanalary bolupdyr, şol toýun kitaplaryň millionlarçasy häzir tapyldy, emma olar bize elýeterli däl.
Şumerler hakda söz açsaň, beýik gazak şahyry hem alymy Oljas Süleýmenowyň «Toýun kitap» atly göçme manyly poemasyny biygtyýar ýatlaýarsyň. Poemada ikkuz hem daşkuzlar hakda aýdylýar. Olaryň içoguz hem daşoguzdygyny biz bilýäris.
«Gylgamyş hakyndaky epos» dünýä edebiýatynyň genji-hazynasy hasaplanýar. Hut şol poema-eposyň käbir ýerlerinden Injiliň sýužetleriniň alnan ýeri bar. Adam atanyň ýaradylyşy, Nuhuň tupany hakdaky sýužetler Injile hut şol taryhy poemadan alnypdyr. Ony dünýä ylmy tassyklady.


Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 14 | Добавил: Admin | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Osman ÖDE awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar