Göwnüñ ýukalypdyr çaga mysaly,
Şonda-da, dag deýin, arkamda berk sen.
Baranymda didaryñy küýsegläp,
Kaka, kalbyma hem öýüñe görk sen.
Biraz ýegşeripdir, durmuş ýükünden,
Arkalaryñ, çaga wagtym hopbalan.
Çaga wagtym diýen bolýanam welin,
Indi berin ýük däldir-ä, balalañ.
Herimiz bir öýde gitsegem örñäp,
Ýagyrnyña ýa henizem ünjü
...
Doly oka »
|
Kalbymda kök urup, şinesin ýaran,
Aýdaýyn syrlarym diñlesene ýar.
Saña bolan yşkym etse diwana,
Meniñ bu halymy geñleme sen ýar.
Duýañokmy, ýa diýmadyk bolýañmy,
Öz janymdan eziz görüp söýýänim.
Gözlerime bakyp, bagryña basyp,
Aýdaýsañ söýgüñi aýnar diýýämiñ.
Ýok aýnaman, seniñ aýtjak sözlerim,
Ömürboýy garaşýanym ahyry.
...
Doly oka »
|
Diñlesem taryhyñ ýañyn,
Kerwen geçen ýollaryñ bar.
Şu güniñde, geçmişiñde,
Şan-şöhratly illeriñ bar.
Nazar salsam geçmişiñe,
Mert pederleñ ýolun yzlap.
Buýsañçdan doludyr başym,
Gutarma ýok, waspyñ sözläp.
Tirsegine galdy belki,
Türkmen ruhy, jana gelip.
Geçmişiñden ylham alyp,
Joş Watan, heýjana gelip.
...
Doly oka »
|
Gijäň birmahallary aýalym howsala bilen meni ukudan oýardy:
– Gyw, tur! Bir-ä derwezäni ýumruklaýar. Öýüňe tigir dakyp, süýräp gitselerem biljek gümanyň ýok. Tur-a!
Men äm-säm bolup, dikelip oturdym.
– Bar, gör-ä indi. Özüni öldürdi, eşdeňokmy şakyrdysyny?
– Eşidýän… Kim ol?
– Ärim! – diýip, aýalym janyýangynly hüňürdedi. Yz ýan
...
Doly oka »
|
Jogap bermän, ýeke agyz geplemän,
Sen nämüçin ýigidi kän kösediñ.
Zaryñy çekipdir telim hepdeläp,
Halyña dözmedim, synlap keseden.
Siziñ ýanyñyzdan geçipdir ýoly,
Işe, toýa, garaz, nirä gitse-de.
Hamana, ol göze ilmeýän ýaly,
Yşk derdini ýeñletmänsiñ pisseçe.
Bileñok, gedemlik ~ akmagyñ däbi,
Sen onuñ ýüzüne äñetmänsiñem.
...
Doly oka »
|
Dünýä ylmy siwilizasiýanyň mundan bary-ýogy bäş müň ýyl ozal dörändigini tassyklaýar. Tigr hem Ýefrat derýalarynyň aralygynda, ýagny häzirki Yragyň territoriýasynda hem-de Nil derýasynyň aşak akymynda – Müsürde.
Siwilizasiýa – bu zähmetiň jemgyýetçilik bölünişigi, antogonistik klaslaryň – ezijiniň hem ezilijiniň döremegi, adamyň adamy ezip başlamagy netijesinde döwletiň
...
Doly oka »
|
Meniň enem örän okumyş. Şindizem gözüne äýnegini dakynyp, gowuja kitap bolsa dessine okap çykýar. Ol ýakynda şeýle rowaýaty gürrüň berdi:
– Gadym zamanda bir baýyň üç sany ogly bolupdyr. Ogullary alamançylyga gidipdir. Alamanyndan gelip her kim getiren zadyny kakasyna görkezipdir.
– Pah-pah, kaka, meniň getiren baýlygyma bir bak! – diýip, uly ogly demirdir polatlar
...
Doly oka »
|
DURMUŞ
Ýaşym 12...
Ne-hä boý ýeten gyzdym.
Ýok, çaga-da däldim bökjekläp ýören.
Çekinerdim ogşamaga kakamy,
Hem ejemiň gujagynda ýatmaga...
Geňsi tüýsler bardy kalbymda örän –
Bukardym zülpümi ýaglygym bilen
Belki, bu adatdyr oba gyzlarna?!
Bilmedim,
ozal täzeje köýnek geýäýsem,
Güjeñlärdim goňşularmyñ baryna.
...
Doly oka »
|
Biz Allatagalanyň eradasy bilen dünýä giç geldik. Taýyn aşyň üstüne geldik. Magtymguly atamyz aýtmyşlaýyn, «çeşmesi içilmiş laýa sataşdyk». Birentek alymlaryň diýeni bolanynda bize çenli eýýäm dünýäde ahyrzaman bolup geçmelidi. Ýadyňyzda bolsa, hut geçen ýyl hem Ukrainada dünýäniň žurnalistlerini ýygnap bir är-heleý ahyrzamanyň başlanjak gününi, sagadyny aýdyp Şeýtan tomaşasyny kyld
...
Doly oka »
|
Rim Papasynyñ "Isanyñ çagalygy" atly täze ýazan kitaby Hezreti Isanyñ haçan doglandygy baradaky hemişe dowam edip gelýän jedelleri hasam gyzyşdyrdy.
Taryhy we dini çeşmelerde bu barada hiç hili maglumat duş gelmeýär. Hezreti Isanyñ ne doglan güni, ne-de doglan ýyly bellidir.
Muña garamazdan 24-25-nji dekabr gijesi bolan Noel gijesini Hezreti Isanyñ doglan güni diýip hasap
...
Doly oka »
|
BOLŞEWIK BELASY
hem-de oña duçar bolan ahunlar
SSSR atly "gyzyl aždarha" geçen asyryñ başlarynda türkmeniñ däp-dessuryna, edim-gylymyna, din-imanyna talañ salyp, halky agzyna garadyp bilýän men-men diýen saýlantgy ogullaryny, talantly ýazyjy-şahyrlaryny, sahawatly baýlaryny, ahun-mollalaryny gyrgyna berdi. Olaryñ şu günki nesilleri bolan biz we gelejekki nesi
...
Doly oka »
|
Gadyrly ýoldaşlar, toýdaşlar! Ýaş çatynjalaryñ şu günki tutýan dabaraly "komsomol" toýuny tüýs ýürekden gutlamak bilen birlikde men "Göz etmän, gaş etmez, deñ etmän, duş etmez" diýenleri ýaly, durmuş gurýan ýigit bilen gelnimiziñ, edil bir almany iki bölen ýaly, bir-birine diýseñ mynasypdygyny belläp geçmekçi. Daşyndan görseñ, "Şu ýigidiñ gazan ýaly kellesi akyl-paýhasy
...
Doly oka »
|
|