22:38

Kabul eýle - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Kabul eýle

Kalbymda kök urup, şinesin ýaran,
Aýdaýyn syrlarym diñlesene ýar.
Saña bolan yşkym etse diwana,
Meniñ bu halymy geñleme sen ýar.

Duýañokmy, ýa diýmadyk bolýañmy,
Öz janymdan eziz görüp söýýänim.
Gözlerime bakyp, bagryña basyp,
Aýdaýsañ söýgüñi aýnar diýýämiñ.

Ýok aýnaman, seniñ aýtjak sözlerim,
Ömürboýy garaşýanym ahyry.
Sen aýtmasañ aýtma, barýan ýanyña,
Diñle sen, ugruñda ýanan şahyry.

Emma, syrym açyp, seniñ ýanyñdan,
Gaýda bilmen,yza tarap öwrülip.
Ynan sözlerime, şübhelenme ýar,
Kabul eýle, öz ýanyñda ömürlik.


Категория: Goşgular | Просмотров: 15 | Добавил: Admin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 0.0/0
Gyzylgül Annagylyjowa awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar