08:28

Ýeñiş güni - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Ýeñiş güni

Ýeñiş güni, enem düşýär ýadyma,
Söwer ýara gözün dikip garaşan.
Juwan wagty urşa ýollap ýaryny,
Ýola bakan, gözlerine garasañ.

Görersiñ gözünde öçmän, alawlan,
Hakyky söýgüniñ öçmejek odun.
Ýigitlikde aldyrsa-da, ýaryny,
Garaşýar, gaýtalap ýarynyñ adyn.

Ýyllar gül ýüzüne, salypdyr gasyn,
Saçlaryna sepeläpdir, ak gary.
Enem bolsa,ýola dikip gözlerin,
Garaşýar, bir ýerden çykjak deý ýary.

Saklap ýar yzynda, öýün-ojagyn,
Hem bäbekkä, ýalñyz galan dikraryn.
Wepalylyk nusgasyna öwrülen,
Enem señ öñüñde, başym egýärin.

Juda gymmat düşen ýeñiş günüñi,
Desse güller bilen gutlaýyn menem.
Geljek nesillere, nusgalyk galan,
Enem, bu ýeñişde, haklysyñ senem...


Категория: Goşgular | Просмотров: 9 | Добавил: Admin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 0.0/0
Gyzylgül Annagylyjowa awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar