08:36

Durmuş - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Durmuş

Sergezdan deý, selpeden,
Durmuş sen bir salgymmy.
Ýaşap ýörenim üçin,
Bergimmi ýa algymmy.

Arkamda agyr ýüküm,
Gezip ýörin bergili.
Aljak bolup alakjap,
Ýörkäm diýýän, algyly.

Illeñkiden artyk zat,
Islemen bereniñi.
Hakdan özgä ellerim,
Görkezme serenimi.

Bolup her kese mätäç,
Sermesem men ellerim.
Mynasyp däl mährime,
Tirmese meñ güllerim.

Eñkim agyp açlykdan,
Agmasa ezenegim.
Haýa, namys öñünde,
Synmasa gözenegim.

Besdir durmuş,razy men,
Algym şudur ömrüme.
Bergim bolsa yzymda,
Yzlar goýsam döwrüme.


Категория: Goşgular | Просмотров: 11 | Добавил: Admin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 0.0/0
Gyzylgül Annagylyjowa awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar