08:33

Aýly gijeler - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Aýly gijeler

Bilýäñmi ezizim, aýly gijeler,
Kim bilen oturyp, gussa çekýänim.
Bilseñ ýadygärlik suratyñ bilen,
Oturyp ikiçäk, gussa çekýärin.

Söýgümiñ, duýgymyñ saýrak bilbili,
Bilmedim, sen nirde perwaz urýarsyñ.
Duýman ýalñyzlygym, hem solýanlygym,
Neçüýn, meni munda ýalñyz goýýarsyñ.

Diwana dek ýadygärlik suratyñ,
Gam bilen gözýaşa ezip otyryn.
Emma surat dymýar, hasratym duýman.
Men saña nalamy niçik ýetirin.

Asmandaky aý hem, çekýän gussama,
Çydaman duwlanýar, buluda sary.
Hökman düýşleriñde, duýup nalamy,
Giden ýollaryñdan gelersiñ bäri.

Sen görersiñ, yşkdan düşen halymy,
Gülmez gözüm, sensiz şeýda bilbilim.
Suwa däl, bolup men yşkyña teşne,
Saralyp hem solan gyzyl güldügim.

Bu gün surat bilen, galsamda ýalñyz,
Sataşdyrar, bu ýollaryñ öwrümi.
Bir öwrümde duşsadyñ sen ömürlik,
Razy bolup, ötirdim men ömrümi.


Категория: Goşgular | Просмотров: 11 | Добавил: Admin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 0.0/0
Gyzylgül Annagylyjowa awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar