08:35

Yşarat däl, aýan eýle - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Yşarat däl, aýan eýle

Bu dünýä bir kerwensaraý,
Goş ýazdyryp, düşledigim.
Bäş günlik däl, baky saýyp,
Munda göwün hoşladygym.

Imrinip gezdigim dünýäñ,
Gözelligi ne, ajaýyp,
Iman däl-de, pul gözledim,
Munda has zerurym saýyp.

Çapdyryp hyýal atymy,
Çapdym, çar ýana galgadym.
Şunça ýyl döwran sürsemem,
Neçüýn gelenim añmadym.

Geldigim syr, gitdigim syr,
Bu dünýäme, düşelgäme.
Oýan, oýlan, pikir eýle,
Ynsanlygyñ syry näme.

Diýip, kakyp gursagyna,
Diñ salyp, diñşirgäp duran.
Naçaryña yşaratmy,
Ylahy düýşleri gören.

Yşarat däl, aýan eýle,
Dünýe syryn çözläýin men.
Eý Biribar, ýodalardan,
Öz ýolumy gözläýin men.


Категория: Goşgular | Просмотров: 8 | Добавил: Admin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 0.0/0
Gyzylgül Annagylyjowa awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar