22:37

Ýollaryñ bar - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Ýollaryñ bar

Diñlesem taryhyñ ýañyn,
Kerwen geçen ýollaryñ bar.
Şu güniñde, geçmişiñde,
Şan-şöhratly illeriñ bar.

Nazar salsam geçmişiñe,
Mert pederleñ ýolun yzlap.
Buýsañçdan doludyr başym,
Gutarma ýok, waspyñ sözläp.

Tirsegine galdy belki,
Türkmen ruhy, jana gelip.
Geçmişiñden ylham alyp,
Joş Watan, heýjana gelip.

Birmahalky ýitip giden,
Ýodalaryñ, kerwen geçen,
Öwürip ýör, ak ýollara,
Arkadagym, hakdan içen.

Arkadagym şu güne hem,
Eýe çykyp geçmişime.
Ynam bilen alyp barýar,
Ak ýollardan, geljegime.


Категория: Goşgular | Просмотров: 17 | Добавил: Admin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 0.0/0
Gyzylgül Annagylyjowa awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar