08:33

Gyzlarym - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Gyzlarym

Gyzlarym ömrümiñ, bahary-ýazy,
Gara gözüm, gurban size didelem.
Bu durmuşda dowam edip yzymy,
Alyslara, alyp gitjek ýodalam.

Gyzlarym, bu ýollar iñçedir örän,
Çarkandaklar juda-juda, kän munda.
Şirk ýetirmän, abraýyña-adyña,
Büdremän gidäýmek, örän kyn munda.

Eger gyşyk basaýsañyz ädimi,
Atañyzyñ belent başy egiler.
Biliñ gyzlam, abraýyñyz dökülse,
Başga zat däl, ölüm bilen deñeler.

Hat-da ölümdenem beterräk gören,
Aryn-namysyny, ene-mamalañ.
Siz bolsa şolardan, nusgalyk galan,
Döwrümiñ keşdesi, boluñ balalam.

Halal süýdi, gandyrypdym gursakdan,
Bolsun diýip, halallyga gönezlik.
Guwanaýyn, guwandyryñ hemişe,
Durmuşyma çaýyñ mydam gözellik.

Razy ellerimiñ, şirin dilimiñ,
Gyzlam sizde goýup bilsem nusgasyn.
Bir dilegim, gyzly bolup gyzaryp,
Atmasyn ýüzümiz, utançdan gasyn.


Категория: Goşgular | Просмотров: 8 | Добавил: Admin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 0.0/0
Gyzylgül Annagylyjowa awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar