15:05

Ýeroýlanduz nalasy - Taryhy makalalar


Awtor:
Bölüm: Taryhy makalalar
Materýal: Ýeroýlanduz nalasy

Esli meýdany tutup ýatan içi şor-kebir, ýönekeý dilde “Ýeroýlan” diýlip atlandyrylýan şol çöketligiň ady Badhyz belentlikleriniň resmi kartasynda “Ýeroýlanduz” diýlip bellenen. Badhyz baýyrlyklaryny etekläp oturan Sarahs etrabynyň ilaty bolsa ol oýa “ýomut gyrlan” diýýär. Oýuň bu adyny olar sowet häkimiýetiniň ilkinji ýyllarynda hökümetden gaçyp Owganystana barýan müňlerçe bosgunlaryň, şol oýda gyzyl esgerler tarapyndan uçdantutma gyrylandyklary, özleriniňem esasan ýomut türkmenlerinden ybarat bolandyklary bilen baglanyşdyrýarlar.
Gadym eýýämlarda bolup geçen elhenç ertekä ýa-da gorkunç rowaýata çalym edýän şol waka barada biz üzlem-saplagragam bolsa çagalygymyzdan bäri eşidip gelýärdik. Ýöne, geň ýeri gürrüňçileriň köpüsi gyzyl goşuny däl-de bosgunlary günäkärleýärdiler. Olaryň pikiriçe bosup barýanlaryň barysy halkyňam, hökümetiňem synpy duşmany bolan baýlar ekeni-de, eger-de azar bermän geçirip goýberen bolsalar onda halk ep-esli baýlykdam mahrum boljak ekeni. Emma şehit bolanlaryň ahy-nalasynyň şol oýdan soň-soňlaram eşidilip durandygy, ejesiniň çakyr süňküni gujaklap ýatan çaga skeletjagazlarynyň çaşyşyp, gyzyl, gök, ýaşyl gaşly saçýüzleriniň reňkem solmadyk örüm-örüm gara saçlaryň guýlunyşyp ýatandygy barada tüýs ýürekden gynanyp parahat barýan göçüň şeýle naýynsaplyk bilen gyrylmagyny barypýatan wagşylyk hasaplap, ýöne birneme çekinibräk gürrüň edýänlerem ýok däldi. Wakany dolulygyna, jikme-jik beýan edibilýän welin ýokdy.
Ters yzyny çalmagy, arhiwleri dörmäge bolsa döwür mümkinçilik bermeýärdi.
Ýöne, “Ýeroýlan” wakasy nämüçindir gizlinlik döreden şol sisteManyň synmagy bilenem yş beribermedi. “Gökdepe urşy, Gazawat urşy, umuman rewolýusiýa, sowet häkimiýeti baradaky hakykaty halk ahyrsoňy bildi. Emma “Ýer oýlan” tragediýasy barada welin hiç hili dokument ýatlama çap edilmedi.
Elbetde, serhet gullugynyň ýa-da şol wagtky GPU-nyň arhiwinde “Ýer oýlan” wakasy dogruçyl we jikme-jik beýan edýän dokumendiň ýok bolmagy ýa-da henize bu güne çenli hiç kime elgertmän ýatan bolmagy mümkin. Ýöne, gynançly ýeri goý gyzyllar tarapyndan bolsun, şol waka gönüden-göni gatnaşan adamlaryň hiç berem ýa-ha Amerikan žurnalisti Mak Gahanyň “Gazawat urşy, Grodekowyň, Baranowskiniň we şol urşa gatnaşan beýleki ors ofiserleriniň, soldatlarynyň Gökdepe urşy barada ýazan ýatlamalary kimiň hiç hili ýatlama galdyrmandyrlar ýa-da şol ýatlamalar hiç ýerde çap edilmändir.
Eýsem-de bolsa “Ýer oýlan” tragediýasyny gözi bilen görenlerden hakykatdan-da diri galan adam ýokmyka? Şeýle uly betbagtçylyk hakykatdan-da yzsyz-sorsuz ýitip gidibermelimikä?
Göraýmäge şeýle ýaly. Emma wagt diýlen zat bir hökmürowan. Ol ähli zady howlukMan, öz ýerli-ýerinde goýup gidip otyr . Üstüne gum sürlen hakykatlar edil ýagyşdan soň kömelekleriň çykyşy ýaly iru-giç güberçekleşip çykýarlar. “Ýeroýlan” tragediýasy bilenem hut şeýle boldy. Ol ahyry yş berdi. Perde syryldy.
...Bir gün belli folklorçy Ümür Esen öýe geldi-de: “Sarahsyň Ata obasynda “Ýeroýlan” gyrgynçylygyny gözi bilen gören adam bar. Oňa Çoluk aga diýýärler. Sen şony hökman gör. Amanmuhammet Nepes ikimiz-ä ýanyna baryp gaýtdyk” diýdi.
Etrapdaş bolsagam Çoluk aga bilen içgin tanyşlygymyz ýokdy. Onda-munda adyny welin eşidýärdim. Ýöne, ol düýbünden şaýatsyz hasap edilýän “Ýeroýlan” wakasyna gatnaşandyr diýip welin ýadyma-oýuma-da düşenokdy. Şonuň üçinem, 1998-nji ýylyň 12-nji maý güni men onuň ýanyna bardym. Ol kelte boýly, agajet, tegelekden gelen garaýagyz ýüzi hemişe aladaly görünýän, ýetmiş bäş ýaşlaryndadygyna garamanan, diýseň galjaň, synçy, gürlände howlukman, pessaý gürleýän ýatkeş adam ekeni. Meniň “Ýer oýlan” wakasy bilen gyzyklanýandygymy bilensoň ol: “Hm-m... Şeý diýsene... Gowy edýäň... Öňrägem gelip gitdiler...”, diýdi-de, ortara-da duran dürli-dümen tagamlardan gyr-gyssag garbanyp şehitleriň ruhyna aýat okady. Bolan wakany göz öňüne getirjek bolýan ýaly esli mahal gözlerini süzüp oturdy.
– Müň dokuz ýüz otuz biriň goç-teke aýrylýan aýlary bolmaly şol... – diýdibem, söze başlady. – Oňa “kelte açlyk” ýylam diýýädiler. Özümem ýedi-sekiz ýaşlarymdaky oglandym. Başda Tejen derýasynyň aýagynda, “Garajagulakda” oturýardyk-da, güýze golaý demirgazyga, “Akmolla” ýaýlasyna tarap çekildik. Çünki, şol wagtlar Daşhowuzyň “äňallasyna” çenli Ahalyň öri meýdanydy. Bosgun şo tarapdan gaýdansoň, köpleriň ony ýomutlardyr öýden bolmagy mümkin. “Ýomutgyrlan” adam ýalňyşlyk bilen şondan galan bolmaly. Ýöne, bosgunyň içinde türkmeniň hökümetden gaçyp guma çykan ähli taýpalaryndanam bardy.
Bosgun öňürti “Akmolla” ýygnandy. Şoň öň ýany Owganystandan üç-dört sany atly geldi. Ýolbaşçylaryna Annaguly han diýýän ekenler. Ol ter gara sakgally, başyna ak ýaglyk daňynan, kyrk bäş ýaşlaryndaky, daýanykly, dogumly, diýseň mergen adam eken. Ol “Akmollanyň” ekabyrlaryny ýygnap, özüniň gum içindäki guýularyň köpüsine aýlanandygyny, galanlaryna-da indi aýlanjakdygyny, guma siňen türkmenleriň ählisini Owganystana çagyrjakdygyny aýtdy.
“Sizem pikir ediň. Oýlanyň. Zorluk ýok. Ýöne ol ýere näçe köp bolup barsak şonça-da gowy. Sebäbi owgan hökümedi özbaşymyza bir welaýatlyk ýer berjek. Öz elimiz, öz ýakamyz boljak. Hanam Gurbanmämmet serdar boljak. Jüneýt han diýip eşidýän bolsaňyz ana, şol. Menem şoň egindeşleriniň biri. Sag-aman aşybilsek hor-zar bolmarsyňaz. Bu ýerde galsaňyz welin özüňiz-ä Sibire sürgün ederler, aýallaryňyzy eliňizden alyp, ähli zatlaryňyzam ortak ederler” diýdi. Köp eglenmänem beýleki guýulara tarap gitdi.
Şondan soň köp wagt geçmänkä “Akmolla” ýaýlasyna Garagumyň dürli ýerlerinden kejebeli, süri-süri mally, agyr-agyr göçler, atly-ýaragly adamlar inip başladylar. Öňi bilenem “Ýerbendiň” adamlary geldi. Ýaýlanyň içinde mal-gara şeýle bir köpeldi welin, her dürli öý haýwanlarynyň başly-barat çykýan garjaşyk seslerinden ýaňa tutuş Garagumyň içinde kimdir biri äpet pianinony aýakaldygyna “waňňyrdadyp” oturan ýaly boldy.
Gum içindäki guýulara şo döwür gyzyllaram at tezegini guratMan gatnaýardylar. “Aldanaýmaň. Gepe gidip o ýan, bu ýan göçäýmäň. Göçseňiz hor bolarsyňyz. Gowusy hökümede goşulyň, kolhoza giriň, diýip, wagyz-nesihat edýärdiler. Emma, “türkmeni göçürjek bolsaň gapdalyndan göç geçir” diýenleri boldy. Günüň-gününe dowam edip duran erew-de berewlik “Akmollanyň” oturymly ilatynam goşa ýapyşmaga mejbur etdi. Annaguly hanyň yzyna gaýdyp gelmegi bilenem ýola taýýarlyk işleri başlandy. Birnäçe düýe soýup ýol azyk taýýarladylar. Çünki, azyk ýüküňi gowurdakdan tutaýmasaň çörek ýok diýen ýalydy.
Ugraljak güni ýükçidüýeleri çörekip hersiniň üstüne “ýürek etdiler. Hersiniň içine-de iki zenany çaga-çugalary bilen ýerleşdirdiler. Biz ýaly ýortMançaraklary bolsa leňňerine gaçyp galmaz ýaly düýäň gapdalyna daňdylar. “Ýürege ýetişen gyzlardanam müneni boldy, ýöne köpüsi pyýada gitdi. Göçe ýolbaşçylyk etmegi Annaguly han öz üstüne aldy.
Ugrumyzyň Owganystan, onuňam Hyrat welaýatynyň haýsydyr bir etrabydygyny ulularyň özara gürrüňlerinden aňýan. Göçüň ähli ýerindäki gymyldy-hereketleri bolsa düýäň gapdalyna daňylgy ýerinden görýän.
Göçüň umumy möçberini aýtsam, häzirki obalaryň tutýan meýdanyça-ha bar. Düýelerem biri-birine päsgel bermez ýaly hatar-hatar gidip barýa. On-ýigrimi hatar dagy bar.
Ugraýşymyz ýaly: “Ahaldan kowgy gaýdypdyr” diýen habar geldi. Ýoldaky guýulara bolsa eýýäm gyzyl esgerlerden saklawlar goýlupdyr. Şonuň üçin her guýunyň deňine baranymyzda içjek suwumyzam urşup, zabt edip almaly bolýady. Alybilmän, indiki guýa çenli ýolumyzy suwsuz dowam etdirýän gezeklerimizem bolýady.
Bir göçüm edip “Minaraly” diýen ýere gelenimizde Annaguly han öldi. Suw üstündäki çaknyşykda ok degdi. Ony musulmançylygyň ähli düzgünleri boýunça hormat bilen jaýladyklar. Mazaryny tekizläp üstündenem mähälläni sürdiler. Bolşewikleriň mazary açyp Annaguly hanyň kellesini alyp gitmezlikleri üçin şeýdendiklerini men kän wagt geçenden soň ululardan eşitdim. Şol gün güýçli ýel turdy. Şondan soň göçe Annamyrat potra diýip eşiden bolsaňyz şoň dogany Agdarhan potra ýolbaşçylyk etdi.
Gidip barşymyza ekabyrlar göçüň o çetinden bu çetine, bu çetinden o çetine at segredip ýörüşlerine gündizlerine tüsse çykarmazlygy, gije ot ýakmazlygy, gykylyk-galmagal etmezligi bosgunlardan haýyş edýärdiler. Kim gulak asmasa abyr-zabyr edýädiler. Käýeýärdiler.
Mysal üçin, bir gezek goş ýazdyran mahalymyz biriniň düýesi botlady. Ekabyrlar ondan köşegini öldürmekligi haýyş etdiler. “Ýogsam bozlap bizi masgara eder” diýdiler. Emma mal eýesi olara gulak asmady. “Ýolugruna öldürip gidiberer ýaly üýşüp ýatan malym ýok” diýdi-de, düýesiniň üstüne “ýürek” edip, şoňa köşegini ýükledi. Köşek welin aýdyşlaryndanam bäş beter, üznüksiz bozlap, şo-ol agyr-agyr gollara ýaň saldy gitdi oturdy. Ahyram baştutanlardan biri geldi-de, mal eýesine: “Köşegiňi öldür, ýogsam böwrüň gyzýa...” diýdi. “Jojukla” baranymyzda bolsa biri ýörüte başbozarlyk etdi.
“Jojukly” şo wagtlar giden bir takyr meýdandy. Ana, şoňa gelenimizde çyrasynyň ýagtysy bilen garaňkylygy parran dilip gelýän otly öňümizi kesdi. Ekabyrlar göçi sakladylar. “Ümsüm duruň, sesiňizi çykarmaň...” diýdiler. Emma birden-kä tüpeň sesi çykdy-da, otlynyň äpişgeleri “pagyş-puguş” etdi. Aýnalary “jaňňyrdap” ýere döküldi. Ekabyrlar ok atanyň kimdigini biljek bolup kän elewreşdiler. Erbet-erbet sögünişdiler. “Kim atanam bolsa göçüň barýanyny bildirmek üçin atandyr, dönükdir, içalydyr” diýip gygyryşdylar. Olaryň çaky dogry bolup çykdy. Otly Maryny gozgady. “Şehitli” diýen ýere ýetenimizde Marydaky korpusdan kowgy geldi. Ahaldan gaýdan kowgam olara gelip goşuldy. Şol ýerde uly çaknyşyk boldy. Biziňkiler göçüň daşyny gallap uruş etdiler. Mal-gara, aýal-erkek, çaga-çuga köp gyryldy şo ýerde. Ejesiniň elindekä ok degip ölýän çagalaram gördüm. Gyzyl ketenili negözel gelinleriň gyzyl ary ýaly ýer bagyrtlaşyp ýatanlarynam gördüm. Ýigitler welin dälilik hetdine ýetýärdiler. Sebäbi güýç deň däl. Göwnüňdäkini edip bolanok. Käbirlerinde iňlisleriň onbiratay, bäşatary bar diýäýmeseň, biziň ýigitlerimiz kileň gylyç, agzyndan oklanýan hyrly, peşeňli bir ok sygýan berdanka bilen ýaraglanan. Kowgyçylaryň ok-ýaraglary gurgun. Şoň üçinem söweş wagty olar atanlarynda-ha pulemýotlary “ta-ta-ta-ta”, “ta-ta-ta-ta” edip saýrap dur, biz tarapdan bolsa käte bir “tark-turk”, “park-purk” edip ses çykýa. O-da nirä gidýä, kime degýä belli däl. Ana, hut şoň üçinem ýigitlerimiz keçikýärdiler. Dişlerini gyjaşyp özlerini öllüräýjek bolýadylar.
Ýöne, kowgy soňabaka ýeke bir ýer bilen däl-de, asmandanam gelip başlady. Şonda bize zakyja garga iňňän gowy kömek etdi. Her gezek samolýodyň, öz-ä däl, entek sesem gelmänkä şol guş al-asmana galaga-da, ganatlaryny pasyrdadyp, howsalaly gygyryp başlaýar. Samolýot üstümize gelýänçä düýeleri çökerip mäl-garalary bukyrak ýere sürmäge, aýal-ebtatlary, çaga-çugalary gizlemäge, göçi maskirowka etmäge, mümkinçilik bolýa. Samolýod gözýetimde görnüp ugrandanam ýigitler orta çykýalar-da, çylawlaryny eýeriň gaşyna ildirip tüpeňlerini ellerine alýalar. “War-war” edip gelýän ganatly bela göçüň üstüne kölege salyp ugrandanam çiňarkan gaýyşýalar-da, tüpeňleriniň ujyny asmana çoçjaýdyşyp başly-barat atyp başlaýalar. Ýöne, tüpeň bilen atyp samolýoda kär etmek kyn ekeni. Şeýle-de bolsa bir gezek bir samolýodyň perinden urdylar welin kän weji bolmady. “patyr-putur”, “patyr-putur” edip iki baka ýaýkanjyrap gitdi-gitdi-de, allaowarralarda gözden ýitdi. Ýöne ýykylmady.
Samolýot her gezek gelip depesinden ok ýagdyryp ugranda mähelläniň düşýän ýagdaýyny söz bilen beýan eder ýaly däl. Her gezekki “paýyrdydan” soň gyzlar, gelinler, çagalar, garry-gurtular al ganlaryny akdyryp ak çägäniň üstünde kakynyşyp ýatandyrlar. Kömek sorap gygyryşýandyrlar. Ellerini serýändirler, indiki hüjümden goranmak üçin, ýaraly hallaryna has howpsuzrak ýere tarap süýşenekleýändirler. Balalarynyň üstüne kükreklerini gerişip oturan kürteli gelinler bolsa aýalaryny asmana seriň: “Waý ganym, gidu-u-uw, giduw-w...” diýşip gygyryşýälar. Çagalarynyň şalkyldap ýatan jansyz jesedini bagryna basyp, haýsydyr bir tarapa ümdüzine tutduryberýänlerem bolýa. Ak ökjeleri bilen ak çägäni basalap, oýtum-oýtum yz galdyryp baryşlaryna olar hiç kimiň “haýt-haýtyna, “gaýt-gaýdyna” gulak asanoklar. Yzlaryna dönenoklar. Ylýotjyklar bolsa şolar ýalyny keýp edip kowalaýalar. Pulemýodyň oky bilen daş-töweregine keşde çekip baryşlaryna gaçyp barýana tarap ellerini uzadyşyp gülüşýäler, gygyryşýalar. Al gana boýalan elwan köýneklerini ykjadyp kä ýüzün, kä arkan, käte bolsa gülle giren bykynlaryny tutup buruljyrap ýykylýan gollary gymyldysyz bäbekli gelinleriň iň soňky hereketlerinden lezzet alýalar.
Apyla-sapyla sowlup, göç täzeden ýola düşerem welin, düýeleriň üstünde el çarpyp, saç ýaýyşyp, perýat edişip oturan naçarlaryň tükeniksiz nalyşlaryndan ýaňa asman-zemin lerzana geler. Ol yzlaşyga ýerden ýöräp barýan gyzlaram goşular. Kim ýap-ýaňyja ýere duwlanan agasyny, kim kakasyny, ýene kim balasyny, umuman, her kim öz ölüsini ýatlap nala çeker. Goh dik asmana galar. Şonda ekabyrlar olaryň ýanyna baryp: “Goýuň uýalar! Goýuň jigiler! Sesiňizi goýuň. Aglamaň. Beýtseňiz duşmana kömek edersiňiz, Göçüň ugruny bildirersiňiz...” diýişýärdiler. Ýalbar-ýakar edişýärdiler.
O zatlaryň üstesine diňe gara jyzzyk bilen oňup gelýän adamlary suwsuzlygam heläk edip başlady. Uly-kiçi halys surnukdy. Ýaş çagalaryň “suw-w-suw-w...” diýip özelenýän sesleri ulularyň ýürek-bagyrlaryny ölüm-ýitimdenem beter ezdi. Guýulara zabt etmek bolsa gitdigiçe kynlaşdy. Sebäbi olaryň güýj-ä köpelýä biziňki bolsa azalýa. Hälem bagtymyza “Gamakly” diýen ýere baranymyzda çöpe gyraw düşdi. Adamlar şony kakyp alyp eretdiler. Gowy ganybilmesegem bolşuna görä bokurdagymyz-a ölledik.
Kowgy bolsa şo-l ökjämizi sydyrdyp gelýändir. Ýöne, göçe gaty bir batyrynybilenoklar. Ýigitlerimiziň gözsüz batyrlyklaryndan gorkýalar. Çekinýäler.
Biziň ýigitlerimiziň olja üçin käte olaryň öz üstlerine çozýan gezeklerem bolýady. Köplenjem gije çozýadylar. Şonda olar basa-baslykda biri-birine gylyç salmaz ýaly ýa ok atmaz ýaly boýunlaryndan aşyryp ak mata daňýadylar. Birgiden ok-ýarag, azyk getirýädiler. Pulemýot süýräp gelýän halatlaram bolýady. Ýöne, ulanybilenoklar. Ok ýok. Oky bolsa-da atybilenoklar. Ugruny tapanoklar. Şoň üçinem guma gömýäler ötägidýäler. Azyk ugrundan köplenç daşy akja galaýydan ýasalan “tuşýonka” getirýäler. Içini iýýýäs-de daşyny kürüşge edinýäs. Çilimkeşler üçin papiros getirýänlerinem bilýän.
Bir guýunyň deňine baranymyzda şyr-ak takyr ýerde duran samolýodyň üstüne çozdular. Bir sallat rezin ädik bilen samolýodyň motoryna suw guýup dur ekeni. Gözi ullakan äýnekli başga biri bolsa samolýodyň içinde otyrdy. Biziňkiler gykuwlaşyp ugrandan suw guýup duran sallat elindäki ädigi taşlady-da, ur-tut samolýodyň perine ýapyşdy. Pyrlady. Motor “tar-tar” edip ugrandanam böküp ýoldaşynyň ýanyna mündi. Şondan soň samolýot duran ýerinde birküç ýola aýlandy-da, alatozan turzup aňyrlygyna bakan zymdyryldy. At üstünde dim-dik oturan ýigitler bäş-üç gezek “tark-turk” edýänçälerem parlap asmana göterildi. Üstümizden birnäçe gezek aýlanybam güw gitdi. Şol guýudan biz mallary ýakdyk, ýöne özümiz içibilmedik. Ajy ekeni. Telim gün bäri ýatMan, dynç alMan gelýän adamlary soňabaka ukusyzlyk belasam basmarlap başlady. Düşlän göç gozganan wagty ukudan oýanybilmän ýatyp galýanlaryň sany köpeldi. Soň eşidip otursak olary yzdan gelýän kowgyçylar ýygnap Guşga iberýän ekenler.
Samolýot hüjüm edende oýanybilmän heläk bolýanlaram bardy.
Iň ýamanam her uruşdan soň uruşýan adamlaryň sany azalýady. Şonuň üçin gyzlara-da tüpeň atMany, nyşana urMany öwretdiler. Soňraky söweşlerde olaram ýigitler bilen bir hatarda durup, kowgyçylara garşy uruş etdiler.
Ýörüşiň bütin dowmynda wepat bolan ýigitleriň, gyzlaryň howul-hara eşikleri zady bilen jaýlanýanlaryny bilýän. Ýöne kimdir biriniň jynazasyz jaýlananyny welin bilemzok. Özem merhumyň her birine aýratynlykda jynaza çykýadylar. Jynaza mahaly mollalaryň, ahunlaryň daşy ýaragly adamlar tarapyndan goralýardy.
Şeýdip barşymyza bir gün ikindinaralar “Ýeroýlanyň” oýuna indik. “Ind-ä owgan daş däldir, şu gije barjak ýerimize barsak gerek” diýen sözler eşidildi. Garaňky düşdem welin, töwerek-daşymyzy ýere degip duran goýy, çal duman gurşap aldy. Ýol-ýoda saýgarar ýaly bolmady. Şonda-da ýörişi dowam etdirmeli diýen karara geldiler. Uzynly gije ýöredik. Daň saz beriberende duman sabady. Görsek şol, ilkiagşamky ugran ýerimizde durus. Maňlaýymyzdanmy ýa “Jojuklydaky” ýaly içalynyň eli bamy, gijesi bilen şol bir aýlanan ýerimizde aýlanyp durupdyrys. Käbir adamlaryň gaharly seslerinden saklawlarymyzyň gije göçi taşlap gidendiklerini aňdym. Göçüň bir gijeläp bir duran ýerinde aýlanyp durmagynam ekabyrlar şolardan gördüler. “Jojuklydaky” haýynçylygam şolaryň işidir”, diýişdiler. Esasanam Gara Ýowşan diýlen adamyň adyny köp agzadylar.
Dumanyň dagamagy bilen Owganystana geçilýän gädik göründi. Göç oýdan çykyp, şoňa tarap gymyldap ugrady. Guşluk bolanda gädige golaýladyk. Birdenem zakyjalar ala-goh bolşup asmana galdylar-da, pelesaň urşup başladylar, dagyň serheti syryp gidýän tarapyndan dört sany samolýot göründi. Olar göçi gapdallap gelýärdiler. Gaçyp gutularys diýen umyt bilen bolsa gerek göç bu gezek saklanjagam bolmady-da, öňe süýşmegini dowam etdiriberdi. Aýallaryň arasyndan: “Ýa Alla! Ýa Hudaý! Ýa Biribar! Özüň kömek et! Janybaşgaň eline berme! Gül ýüzli ýigitlerimizi namysa goýma!...” diýen ýaly janagyryly sesler eşidildi.
Meret tentek, Kadyr han, Baýram bukawly, Weli beg dagy ýaly başdanaýak edermenlik görkezip gelen batyrlar ýerli-ýerden üzeňňä galdylar-da, gollaryny bulaýlaşyp aýallary, çagalary gorkmazlyga, aljyramazlyga, her niçik hem bolsa ýoly dowam etdirmeklige ýigitleri, gyzlary merdana bolmaklyga, iň soňky katra ganlaryna çenli göçi goramaklyga çagyrdylar. Özlerem ur-tut atlarynyň jylawlaryny eýerleriniň gaşlaryna ildirdiler-de, arkalaryndaky tüpeňlerini kakyp alyp atyşmaga häzirlendiler. Emma “gyrgylaryň” ýüki bu gezek başga zat ekeni. Öň pulemýotdan ok sepeleýän bolsalar, indi olar birgiden bigünä çagalaryň, aýal-gyzlaryň, garry-gurtylaryň, mal-garalaryň üstünden bomba taşlap başladylar. Her samolýodyň üstünden iki adam agyr-agyr bombalary el bilen aýagaldygyna zyňyp otyr. Bir sowlan ýalam edýäler-de, öwrülip gelip ýene-de depämizden inderip başlaýarlar.
Bu ýagdaý bosgunlary öňkülerindenem beter aljyraňňylyga saldy. Her kim duran-duran ýerinden dürli tarapa dagady. Baýram bukawly dagy bolsa: “Gädige tarap! Gädige tarap gaçyň!..” diýip gygyryşdylar. Gyzyl-ýaýyrt bolşup ýatan goş-golamlary, jansyz jesetleri; ýaralylary basgylaşyp ýören sygyrlar nirä gitjeklerini bilmän uzyn-uzyn molaşdylar. Goýundyr-geçiler tar-tar boldylar-da ertirki dumanyň giden ugruna bakan tazykdylar. Art aýaklary ýolunan bir dor at bolsa syrtyny ýere urupdyr-da, iki öň aýaklaryny kelemenledip burunlaryny ýellendirip, gözlerini petreýdip ik ýaly pyrlanýa, horgurýa, demi-demine ýetmän içikýä. Urunýa. Galjak bolýa. Oňa çenlem içegelerini süýpär, “bar-bar” bagyryp gelýän üsti boş “ýürekli” gara iner onuň üstüne gürpüldäp ýykyldy.
Bir seretsem ho-ol beýleräkde iç goşy ýere dökülen oral aýal jan teslim edibilmän, hanasyndan çykara gelen gözlerini dik asmana dikip penjeleri, aýaklary bilen ýer peşäp ýatyr. Başga bir gelniň bolsa bomba gyýçagy tutuş bir ýan kibtini alyp gidipdir. Daş-töweregindäki jesetleriň arasyndan basymrak saýlanjak bolýamy ýa il deňinde gädige ýetjek bolýamy, kä togalanýa, kä çabalanýa, birdenem abat egni bilen ýer süsňäp öňe tarap omzaýa.
Mähelle gädige golaýlaşdygysaýy asmandan inýän bombalaryň arasy ýygjamlaşdy. Märeke göz-görtele azaldy. Şonuň üçinem, urşup ýören gyzlaryň arasynda galan sanlyja ýigitleriň biri sesinde baryny edip: “Haý, millet elinje gyrlyp gutarýaň, dön yzyňa!..” diýip gygyrdy. Sözüni soňlap-soňlamanka-da atynyň boýnuny gujaklap aşak egildi. Ýüzünden-gözünden joralanyp akýan gyrmyzy gan gyr atyň çalymtyl gerşini bir demde garamtyl gyzyl reňke boýady.
“Dön!” diýen sözden soň ähli göç bilen bilelikde bizem yzymyza öwrüldik. Her gezekki “gümmürdiden” soň münüp barýan düýämiziň diňgögüne bakyp kellesini iki baka ýaýkaýşy, agzyndan ak köpük saçyp eýmenç-eýmenç arlaýşy şumadam göz öňümde dur. Kakam bolsa güýjünde baryny edip onuň owsaryndan çekýä, silkeleýä, ýöretjek bolup dyzaýa. Bize bakyp: “Gorkmaň, Alla bardyr...” diýýä. Ýaňy bir ýola düşüp ugranymyzdanam golaýymyzda ýene bir bomba ýarylýa-da, ýene-de şol, öňki ýagdaý gaýtalanýa.
Gädikden mazaly saýlananymyzdan soň samolýotlar üstümizden sowuldylar. Ýene-de ertirki ugranja ýerimize geldik. Görsek, kowgyçylar öňümizi saklap durlar. Men olar bizi ýesir alarlar, urarlar, sögerler, ýöne boýun sunup gelinenden soň onça mähelläni beýdip edil käkilik pürrelän ýaly pürrepäýmezler öýtdüm. Olaryň welin biz bilen gepleşeslerem gelmedi. Hemmämiz oýuň içinde jem bolanymyzdan soň öňürt-ä usullyk bilen, “gyrmyl-gyrmyl” etdiler-de, ýarym aýlaw görnüşinde daşymyzy gabadylar. Öň hatarlarynda birgiden pulemýotlaryň agzyny bize bakdyryp goýdular. Onda-munda agzyndan oklanýan minomýodam goýdular. Olar bu zatlary juda arkaýynlyk bilen etdiler. Bizem durus soýuljak mal ýaly. Aýallaryň: “Ýa Alla-a-a... Ýa Huda-a-aý...” diýýän pyşyrdylaryndan başga ses-seda eşidilenok. Her kim ýagşy zady tama edýä. Sallatlar welin birden-kä ala-goh boluşdylar-da, sen-men ýok bize tarap atyp başladylar. Hem tüpeňden, hem pulemýotdan, hem minemýotdan ot sowurýalar. Ählisi diýen ýaly aýal-gyz, çaga-çuga, garry-gurtydan ybarat bolup galan mähelle gara gazanyň içine oklanan bir gysym gowurga ýaly oýuň içinde şeýle bir urunýa welin, şo wagt: “Kyýamat näme” diýip sorasalar islendik adamyň: ine, şü, diýip oýuň içine barmagyny uzatjakdygy çyn. Ýaman dert gaçara-da ýer ýok. Öňüň-ä gabalgy. Bir gapdalyňam dag. Gädige tarap gaçsaňam ýene-de üstüňden bomba taşlajaklar. Urşujylardan bolsa diňe gyzlar galdy diýen ýaly. Ana, şo naçar görgüliler mähelläni mal-garasy bilen birlikde oýuňam has oýtagrak ýerine saldylar-da, özleri biziň üstümiz aşry atyşyp başladylar. Öň göç-gon aladasy bilen bolup gelýän garry-gurty adamlaram ýerli-ýerden ýaraga ýapyşyp olara kömege ylgadylar. Kakamam şo tarapa ylgady. Ýöne ýanlaryna ýetibilmedi. Bäş-on ädim ädip-ätmänkä “Kyrk” etdi-de, arkan ýykyldy. Ejem ikimiz ony süýrekläp düýämiziň pena tarapyna getirdik. Görsek ýagyrnysyndan minomýodyň gyýçagy giren ekeni. Ozaldanam ýaryk-ýaryk bolup duran dodagy tebsiräp gara-ört bolupdyr. Bize seredip bir zatlar diýjek bolýa, tamşanýa, diliniň ujy bilen dodagyny ýalaýa. Suw soraýandyr öýdüp ejem gyssagara bir ýerden bir owurt suw tapyp agzyna tutdurdy. Emma kakam içmedi. Sebäbi agzy beklidi. Bende şeýdip iň soňky deminde-de öz ygtykadyna ygrarly bolup gitdi.
Çabga deý ýagýan oklaryň “juwwuldysyndan”, pulemýotlaryň “tatyrdysyndan”, minomýotlaryň kesgir gyýçaklaryndan heder etmän, sowuk gumy ýassanyşyp ýatan elleri tüpeňli, owadan gyzlaryň kä giňden gelen ak maňlaýlaryny, kä gülgün ýaňaklaryny şor topraga goýup, dünýäniň azabyndan yzly-yzyna dynyp gidip baryşlary, ok degenden janhowullaryna ilk-ä dim-dik bolup, soňam ýeňilen goşunyň baýdagy kimin pasyrdap ýere ýykylyşlary göz öňümden bu dünýede-hä däl, o dünýede hem gider öýdemok.
Jüýjelerini gyrgydan goraýan sülgün ýaly jigim ikimiziň üstümize kökenek bolup oturan ejem: “Ýa Alla! Şojagaz naçarlara özüň kuwwat ber”, diýip, agzynyň ýetişdiginden dileg edýä. Häli-şindem ýa sagymyzda, ýa solumyzda minomýodyň oky ýarylýa. Ýa-da pulemýodyň okundan ýaňa endam-jany eleme –deşik bolan bosgunçylaryň biri güpürdäp üstümize ýykylýa. Şonda çöküp oturan düýämiz patanaklap ýerinden turýa-da ulyili bilen bagyryp başlaýa. Gaçjak bolýa. Ony saklamak, gaýtadan çökermek ejem ikimize iş bolýa.
Birdenem atyşyp ýatanlaryň arasyndan: “Haý, türkmen seňki bolmady! Ajaldan gaçyp ölümiň agzyna geldiň. Indi saňa bulardan aman ýok! Gyrlyp gutarmankaň bos gädige tarap, ölseň öleniň, galsaň galanyň! – diýen ses eşidildi. Ejem zöwwe ýerinden galdy-da, bir-ä gana bulaşyň ýatan kakama, berem bize seretdi. Bosgunlar mal-garalaryny idekleşip, iki tarapymyzdan ätmerleşip ugrandanam kakamyň başujyna çökdi-de: “Waý, men seni taşlap nirä gideýin!..” diýip gygyrdy. Aglady. Ahyram aýasyny kakamyň maňlaýyna goýup: “Razy bol... Kysmatyňdan gör. Men bujagazlary bir otdan alyp çykjak bolaýyn...” diýdi-de, gyz jigimiň elinden tutdy. Maňa-da: “Ýör guzym! Belki şirhuda ýar bolup ajalyň agzyndan sypaýadyk-da” diýdi. Ýaňy bir ylgap ugrandanam tüwdürilip gitdi-de, baryp bir düwrüň düýbündäki urpak guma süsdürildi. Ozaldanam çyr-çykylyk bolup gelýän jigim ýüregi ýarylan ýaly özüni ejemiň üstüne zyňdy. “Tur eje, gideli, gaçaly...” diýip aglady. Menem baryp ejemi gujakladym. Jigimiň sözlerini gaýtaladym. Emma ejem eýýäm bizden arany açypdy. Gözleri açygam bolsa hiç zady saýgaranok. Gulaklary eşidenok. “Juwlaşyp” gelip henizem endamyna çümdürilýän duran oklaryň yzasyny duýanok.
Biz näme etjegimizi bilmän eňreşip otyrkak beýleräkde zogdurylyp akýan ganyny eli bilen saklajak bolýan ýaly, ýüzüni çytyp, baldyryny gysymlap oturan ak ýüzli, görmegeý, daýaw gyz “hyk-çok” edip: “Gaçyň jigiler! Başyňyzy gutaryň. Siziň indi ejeňize edibiljek kömegiňiz ýok. Menem ine gol doly maşgaladan ýeke özüm galdym. Ýöne nätjek, sag-aman sypyp, bularyň bu ganymçylyklaryny erte il-güne gürrüň berer ýaly gören gözem gerek ahyry...” diýdi. Eteginden ýyrtyp alan matasy bilen howul-hara ýarasyny daňybam agsaklap-towsaklap bosgunyň yzyna düşdi. Her towsanda örüm-örüm gara saçlarynyň hallan atyp gidişini ýatlanymda heniz-henizlerem uýanyny süýräp barýan ýadaw, ýaraly agsak at gözümiň öňüne gelýä.
Ol gyzyň aýdan sözleri, bolup barşy meni şol pursatyň özünde uly adama öwürdi. Gözlerimiň ýaşy bada-bat kepedi. Göwrämde ýaş çaga mahsus bolmadyk dogum, güýç, kuwwat peýda boldy. Men bokurdagyma tegek bolup duran ýumruny ýuwutdym-da, tarsa ýerimden turdum. Ejeme, birgiden maslyklaryň arasyndan çalaja saýgardýan kakama taýly gezek nazar aýladym-da, jigimiň elinden tutup gädige tarap ylgadym.
Merdana gyz welin uzak gidibilmedi. Ýa-ha ýene ok degdi, ýa-da gany köp gidip ysgyndan gaçdy, bir seretsem ýanyny ýere berip ýatyr. Özem: “gidiň, gaçyň, eglenmäň”, diýýän Manyda birsyhly bize tarap elini salgaýa.
Ok ýeterden arany açyberenimizden soň ýene-de depämizde samolýotlar aýlanyşyp başladylar. Ýöne indi olardan bukulýan ýok. Pulemýotdan atýalarmy ýa bomba zyňýalarmy oňa-da üns berýän ýok. Asla hiç kim hiç zada üns berenok. Her kim şo-ol, gädigi nazarlap eňip gidip otyr.
Men şonda bir zada düşündim: Hiç haçan ölümdenem, okdanam gorkmaly däl ekeni. Allanyň özi goramajak bolsa gorkynyň şoňa peýdasy ýok ekeni. “Kyrk ýyl gyrgynçylyk bolanda-da, ajally öler, biajal galar” diýenleri çyn ekeni. Jigim ikijigimizem terslin-oňyn ýatan maslyklaryň üstünden üçürdikleşip barýas welin, hem ýerden, hem ýokardan “juwwuldaşyp” gelýän oklar öňümizden barýana-da, yzymyzdan gelýäne-de, gapdalymyzdan ylgaşlaşyp barýanlara-da degýä, edil aýaklarymyzyň arasyny tozadyp goýberýän gezgem, doly ýagan ýaly “şabyrdap”, öňümizde ýarym töwerek ýasap gidýän gezeklerem bolýa. Emma bize degenok.
Şeýdip barşymyza garaňky gatlyşyberende gädikden geçdik. Ölmän sypanlaryň hemmesi şol ýerde jemlendi. Bosgunlaryň arasyndan: “Aý, owganlaryň goýnuny bakarys, daýhançylyk ederis, hor bolmarys...” diýen ýaly “hümmi-sümmiler” eşidilip başlady. Köpüsi welin yzynda galan ölüleriniň agysyny aglaşyp otyrlar. Menem bir çetde gyz jigimi gujaklap aglap otyryn. Göwnüme: “Wiý, siz asyl bu ýerdemidiňiz, biz bolsa sizi o ýerden gözläp ýörüs...” diýäge-de kakam bilen ejem ikisem zompa çykaýjak ýaly garaňkylyga garap delmurýan. Agşamyň aýazyna jigimiň eňejikleri “şakyr-şakyr” edýä. Öz ýagdaýymam onuňkydan gowy däl. Birdenem: “Pylanylardan adam bamy...” diýip, kimdir biri kakamyň adyny tutdy. Men ylgap bardym. Görsem enebaşga doganym at üstünde ýanyn otyr. Bize ana, şol eýelik etdi. Gitdik. Ene saýyň içi bilen uzynly gije ýol ýöredik. Şol gije ýagyş ýagdy. “Şehit bolanlaryň mährem suwudyr bi, bendeleriň jaýy jennetden boljakdyr” diýen tutuksy ses eşidildi. Hemmeler “omyn” diýişerler öýtdüm. Emma hiç kimden ses çykmady. Çünki, o wagt adamlar jennet bilen dowzahyň, o dünýä bilen bu dünýäniň tapawudyny unudypdylar.
Ilki baran ýerimizde men goýun bakdym. Soň Hyrada göçdük. Ol ýerde baý bilen garybyň tapawudyny sellesindenem bilip bolýan ekeni. Baýlaryňk-a ýüpekden, garyplaryňky bolsa biýzden ekeni. Ýöne, biz o ýerde-de uzak eglenmedik. Seýit baý diýen biri alyp gaýtdy-da, eker ýaly ýer, mal, ulag, tohum berdi. Şeýdip birmeýdan daýhançylygam etdik. Gowy hasylam aldyk. Ýöne nirä barsagam, näme kär etsegem yzymyzy, ýolda galan mähremlerimizi, merdana ýigitlerimizi, kyn pursatda är kimin durup, ýar deregine gara ýeri guçan görmegeý gyzlarymyzy ýatlap ýaş dökdük. Bosgun hökmünde hemişe horluk çekdik. Ahyram watanzarlyk üstün çykdy. Müň dokuz ýüz otuz ýedide yzymyza dolandyk... – Çoluk aga öz beren gürrüňleriniň täsirinden çykybilmän esli mahal böwrüni diňläp oturdy. Soň meniň ýüzüme seretdi-de: – “Hakykat ýerde ýatmaz” diýenleri çyn eken-ow... – diýdi. – Dogrusyny aýtsam men bu hakykatyň ile äşgär bolaryndan tamam üzeňkirläberipdim... –Çoluk aga uludan demini aldy-da, öňküsindenem pessaý gürledi. – Ýazyň! Goý, ol bigünä bendeleriň ruhlary ýerde ýatmasyn. Çünki, olaryň köpüsi hakykatdanam aldawa düşüp giden sada adamlardy. Kemine aýdýar-a: “Baýlar-a bähbidin arar, pukara hupbul watan...” diýip. Ana, şol çyk ekeni. Her niçiksi bolsa-da il-güni, ýurdy terk etmeli däl ekeni. Sebäbi biz ýaňky aýdyşym ýaly o ýere barybam bu ýerdäkiden gowy gün-ä görmedik. Onsoňam hökümet ýaman etse şolaryň bäş-on sanysyny bäş-on ýyllyk Sibire sürgün ederdi. Ataýanda-da bäş-on sanysyny atardy. Ýöne, şol oýuň içinde edişi ýaly uly-kiçi diýmän, aýal-erkek, çaga-guça diýmän, garryny-gurtyny, mal-garany saýgarman uçdan-tutma-ha gyrmany. Emma o wagtlar şeýdip oturaga-da şo zatlar barada ine-gana pikir öwürmäge, zyýanyň iň bolmanda bähbitliräk tarapyny saýlap almaga adamlarda aň-düşünje bolmasa näme. Asla o zatlary öwrüp-çöwürmäge pursatam ýog-a. Şeýle-de bolsa utulanyny, ýat iliň mysapyrçylygyny boýnuna alyp, bir ýurtdan bir ýurda bosup barýan agyr bir göçi şeýdip uçdantutma, keýp edip gyrmaga şol adamlaryň nädip ynsaplary çatdyka? Şolar ýaly ganhorçylykly hereketlerden soňam şol hökümet nädip özüni dünýä mazlumlarynyň hossary hökmünde görkezip bildikä? Nädip özüni ýer ýüzüniň tas barysyna diýen ýaly ykrar etdirip bildikä? Men ine, şoňa düşünip bilemok. Şol göçi gepsiz-gürrüňsiz geçirip goýberäýende-de şolaryň ýitirýän zatlary-ha ýokdy. Galyberse-de, bosgunlaryň köpüsi barybir yzyna gaýdyp geljegem eken-ä... – Çoluk aga çygjaran gözlerini menden gizlemek üçin bir gyra bakdy-da, elini çen bilen Badhyz belentliklerine tarap salgady. – Sen inim, wagt tap-da ýene bir gel! “Ýer oýlana” gideli! Men saňa şu zatlary şo ýerde, wakanyň bolan ýerinde-de gürrüň bereýin. Sebäbi şol oýa barsaň şehitleriň “suw-w-w–suw-w-w...” diýip yzlaşýan zaryn sesleri henizem eşidilip dur. Agşam düşensoň bolsa çekip-çydap bolmajak ahy-nala, dady- perýat başlaýa. Belki şolaryň şol ahy-nalasam sowet hökümediniň başyna ýetendir... – Ýaşuly sözüne dyngy berdi-de, oturan ýerinde çalaja gobsundy. – Ençeme ýyl geçenden soň men şol bosgunçylyga gatnaşan ekabyrrak adamlaryň birine duşdum. Tötänden. Tötändenem tanyşdym. Şonda men: “Düýeler, goýunlar, sygyrlar-a gidip baryşlaryna duş gelen ot-çöpi iýip oňýadylar welin, atlary otladar ýaly otam ýokdy, otladara maý hem ýokdy. Şolary näme berýädiňiz, diýip soradym. Şonda ol: “Öz iýjek gowurgamyzdan berýädik”, diýdi. Şonuň aýtmagyna görä, başga bir ötermen takmynan iki-üç hepde geçenden soň bir sebäp bilen şol oýuň üstünden barypdyr. Görse, bir çaga emedekläp, daşyny çöp-çalam basan ullakan ýylgynyň arasyna sümüp-çykyp ýör ekeni. Golaý baryp görse ýylgynyň içinde bir ýaş gelniň jesedi ýatyrmyşyn. Göwresiniň ýary daşarda bolansoň ýaşyl ketenisiniň bilinden aşagyny Gün alypdyr. Ap-ak bolup dur diýýä. Galan ýeri bolsa edil täzeligindäki ýaly ýalpyldap durmuşyn. Eme çagasyna bolan yhlas gelniň ömrüni birnäçe güne çenli uzaldan bor-a çemeli. Ol ölüm halynda bolsa-da, jan teslim edibilmän telim günläp çalajan ýatypdyr. Ýöne, guş-gumursydan ätiýaç eden bor-a çemeli, süýrenjiräp özüni çöp-çalamyň içine-hä atypdyr. Çaga-da näme, ara-çola enesini emip oňan bolmaly. Ötegçi baranda gelniň endamy ýaňy sowan ekeni. Çaga welin şonda-da sokjap ýatyr diýýä. Ötegçi gelni jaýlap çaganam alyp gaýdypdyr. Siňekleşip ýatan beýleki jesetleriň bolsa golaýyna-da barar ýaly däl ekeni.
...Çoluk aga ýadady. Ýetmiş ýyla golaý mundan öň bolup geçen elhenç wakany ýatlamaklygyň oňa aňsat düşmändigi, her bir sözünde ruhy yza çekýändigi daşyndanam bildirip dur. Şonuň üçinem men irginsiz soraglarymy bes etdim-de, öz aýdyşy ýaly ýene bir gezek gelmekligi, “Ýeroýlana” bile gitmekligi söz berip hoşlaşdym.

“Ýaş kommunist” gazeti.
noýabr 1998 ý.


Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 14 | Добавил: Admin | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Juma Hudaýguly awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar