12:44

Ýatlamalara gatanç - Ýatlamalar


Awtor:
Bölüm: Ýatlamalar
Materýal: Ýatlamalara gatanç

Arada şahyr Annaberdi Agabaýewiň Gurbannazar Ezizow baradaky “Ezizowyň emri bilen” atly ýatlamalar kitaby çapdan çykdy. Annaberdi şol kitabynyň bir nusgasyny maňa berdi-de, “Oka-da öz pikiriňi aýt” diýdi.
Okadym. Gowy gördüm. Ýöne meniň bu makalam o kitap barada däl. Annaberdi ýaly Gurbannazar bilen maňa görä has içgin, has uzak gatnaşan köp-köp ýigitler barka, şu çaka çenli men özümi o hakda makala ýazmaga haksyz hasap etdim. Ýöne, elbetde gep gatnaşygyň möhletinde däl, birek-biregiň ýüreginden ýer alyp bilmeklikde. Galyberse-de ine, indi Annaberdi ýol açdy. On ýedi ýyllyk ýola ilkinji bolup ýatlamalar kerwenini ýollady. Meniň bu ýola kerwen ugradarlyk ýüküm ýok. Şonuň üçinem maňa şol kerweniň ýüküne öz ujypsyzja ýükümi goşaýmak galýar.
Annaberdi öz kitabynyň soňunda köpçülikden hut şony hem haýyş edipdir.

***
Gurbannazar Ezizow bilen men 1970-nji ýylyň tomsunda tanyş boldum. Ýöne men ony şahyr hökmünde gaýybanasyndan has irräkden bäri tanaýardym. Entek Aşgabadyň çeperçilik uçilişesinde okap ýörkäm, onuň “Ýaş kommunist”, “Edebiýat we Sungat” gazetlerinde çykýan goşgularyny ürç edip okaýardym, gyrkyp alyp ýygnap goýýardym.
Soň Lwowda, institutda okap ýörkäm hut Gurbannazaryň goşgularyna garaşýandygym üçin, “Edebiýat we Sungat” gazetine ýazylýardym. Her gezek gazetiň bararyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardym. Gurbannazaryň goşgularyna illýustrasiýalar edip redaksiýa iberýärdim. Heniz görmedik hem bolsam men onda gaýybanasyndan özüme nähilidir bir golaýlyk duýýardym.
Şo döwrüň gazetleri şonuň ady bilen şöhratlanan hem bolsa, o neresse ömründe oňly kitap görmedi. Aňyrsyndan gün görnüp duran, çelpek ýaly ýuka hem kiçijik “Ynam” atly kitaby çykanda çaga ýaly begenşi, yhlas bilen “ýuwuşy” şu günki ýaly ýadymda. Biziň ilkinji tanyşlygymyzam şol “ýuwha-ýuwulga” gabat gelipdi.
Şol tanyşlykdan başlanan dostluk tä, onuň ömrüniň iň soňky günlerine çenli dowam etdi. Biz onuň bilen köp-köp toýlarda, meýlislerde bolduk. Köp-köp oturylşyklary sowduk.
Häzirki oturylşyklara düýbünden meňzemeýän şol oturyşyklar barada aýtman geçmek mümkin däl. Ol oturylşyklar ýöne bir şagal mesligi däldi. Ol oturylşyklarda göwün-göwünden suw içýärdi, her kim ýadawlykdan, agyr argynlykdan saplanýardy. Seýdi şahyryň: “Ýagşylaryň meýlisinde jeň bolmaz, aýrylşanda bir-birinden hoş gider” diýşi ýaly, Gurbannazarly geçen oturylyşyk her näçe uzaga çeksede hiç kimi ýadatmaýardy. Her kim biri-birinden kynlyk bilen aýrylyşýardy.
Çünki ol otuylşyklarda goşgy okalýardy. Köplenjem Gurbannazaryň özi okaýardy. Onda-da hyruç bilen, tüýs ýürekden okaýardy. Şahyrçylygy hünär edinendigi, kär tutunmandygy oňa diňe gonarar üçin ýa şan-şöhrat üçin baş goşmandygy bildirýärdi. Töweregindäkiler ony edil bagşy diňlän ýaly diňleýärdiler. Dogrusyny aýtsam biz şo mahallar şahyr bilen oturyp goşgy okaşman, goşgy diňlemän turulýandyr hem öýdemizokdyk.
Indi welin... Elbetde bu zatlar barada Annaberdem kitabynda uly ünji we yza bilen ýatlamaklygy unutmandyr. Unutmak mümkinem däl. Munuň şeýledigini häzir hemmelerem aýdýarlar.
Eýsem bu nämedenkä, nämäniň alamatyka? Goşgynyň ýerini boş gybatlaryň, aýdym sazyň ýerini ýalan-ýaşryklardan, myjabatlardan doly haýasyz gürrüňleriň eýelemegi näme sebäplikä?
Ýa aragyň köpelendigindenmikä? Ýa arzanlandygyndanmyka? Ony diýseň arak bolam-a däl. Arzanam däl. Şol döwürdäkisine seredeniňde ýigrimi esse dagy gymmat. Ýa bu hadysa aragyň bol hem arzan wagtlary edip giden oýnumyka? Onda meniň diýýän wagtlarymam-a şonuň dükanlarda daň atdy gün batdy satylýan, bahasynyňam üç Manada-da oňly ýetmeýän wagtlarydy.
Bu zatlaryň barysy Gurbannazaryň ýokdugyndan bolaýmasyn? Ine, şu biçeme däl.

***
Men gatnaşan döwürlerim onuň esasy tirkeşýänleri – Annaly Berdi /Anton/, ýatan ýeri ýagty bolsun Goşjan Seýitmät, Nikolaý Zolotarýow /Kolýa/ dagydy.
Olar biziň ussahanamyza dört tirkeş bolup gelerdiler. Hersi bir häsiýetli bu dört kişi daşyndan seretseň kiçiräk “ýygyna” Gurbannazar bolsa şol ýygynyň serkerdesine çalym ederdi. Bu “ýygyn” biz käte şäherden daşaryk bir ýerde, ýatymlyk surat çekmäge gidýän wagtlarymyz “sap tutup” yzymyzdanam baraýýardy.
Ýöne meniň özümiňem ýazuw-pozuw bilen gyzyklanýandygymy olaryň hiç biri bilmeýärdi. Olar maňa edebiýat muşdagy hem-de gowy dost hökmünde garaýardylar. Meniň şol gizlin syrymy Goşjan Seýitmät 1981-nji ýylda, ýazyjylar soýuzynda ilkinji hekaýalar ýygyndym ara alnyp maslahatlaşylanda bilip galdy. Şol maslahata gatnaşan ýazyjylaryň içinde onuň özem bardy. Şonda ol daş çykyp: “Bäh şunça tirkeşibem şu çaka çenli bildirmän gelşiňi seň...” diýip, başyny ýaýkady. Beýlekilerem şondan soň bilip galdypdylar. Ýöne, Gurbannazar welin meniň bu syrymy bir sebäp bilen has irräk aňypdy. Şonda o-da: “Näme aýtman ýörsüň, hökman getir, barysyny toplada getir” diýipdi.
O wagtlar ol Ýazyjylar siýuzynda edebi konsultant bolup işleýärdi we ýaňky ýaly zatlara gös-göni dahyllydy.
Emma men barybir goşgularymy eltmedim. Henizem eltemok. Onuň sebäbem kän. Birinjiden-ä men özümi şahyr hasap edemokdym, asyl-ha edebiýata baş goşarynam öýdemokdym. Ikinjidenem ýaňy bir okuwymy gutaryp gelen, indi aýaga galmak üçin öýsüz-öwzarsyz, birtopar çaga bilen o jaýdan- bu jaýa entäp ýören adama ýazanja goşgularyny göçürip bir ýere jemläýmegem aňsat iş däl ekeni. Gün – güne, aý-aýa meňzäp geçiberýän ekeni.
Galyberse-de men o neressäniň öz ömrüniň iň soňky çaglaryny paýawlap ýörendigini nireden bileýin. O wagtlar öňümizde ýene-de birnäçe müňýyllyklar ýatan ýalydy. Goşgy okaşmaga-da, bellik edişmäne-de, birek-birege kömek edişmäge-de wagt bardy.
Şol WAGT dogrudanam bar ekeni. Ol WAGT häzirem bar. Ýöne şol WAGTYŇ içinde Gurbannazar ýok.
Ol otuz bäş ýaşynda aramyzdan gitdi. Ol neressäniň: seniň goşgularyň gowy diýen wagtlary men ýigrimi sekiz ýaşymdadym. So-oň, otuz bäş ýaşymda hekaýa ýazyp başladym. Şonça ýyllap edebiýata bolan höwesimi öçürmän saklap, ýüregimde ýöredip-ýöredip, ahyr bir günem imany hemra bolgaý, Ahmet Bekmyradowyň üflemegi bilen kyssa görnüşinde tutaşdyryp goýberen hem megerem onuň şol, iki agyz sözi bolsa gerek.
Olar ýaly adama türkmenler: “Pylanyň mähri-girýany bar”, diýýärler. Mähri-girýany bar adama duçar bolanlaryň ýüreklerindäki ot aňsat-aňsat öçmeýärmişin.

***
Bir gezek Anton, Kolýa, Tokar, Goşjan neresse, Gurbannazar neressäniň özi, kitaphanaçy Esen dagymyz Gökdepä, Gurbannazaryň daýysy Aga ýaşulynyňka myhmançylyga gitdik. Gurbannazaryň käte degşip aýdyşy ýaly Aga Petrowiç ogly gullukdan gelen ekenide, ýoldaşlaryňam alda, gel, diýip sargyt eden ekeni.
Ine, onsoň Gökdepeden Ilmyrat Pudakowam aldyk-da, dagyň iň owadan ýerine baryp çeşmäniň gyrasynda düşledik.
Gün-Günbatara geçip, şöhlesini göwsi gözel guba dagyň gerişlerine gytaklaýyn sanjan wagty daş-töwerek edil döwli oýnuň dekorasiýasy ýaly şeýle bir owadan görnüşe girdi welin, görmeseň dil bilen aýdyp beýan eder ýaly däl.
Hut, şol pursat hem Gurbannazar şol daglara bakyp, özüniň “Daglar” diýen goşgusyny okady. Oňa ony oka diýen bolmady, özünden özi joşup hyruç edip, ýerinden turup okady. Yzyndanam uludan demini aldy-da, öte eşitmedik bolsam:
– O-on ýedi ýaşymda ýazan g-goşgym şü... – diýdi.
Elbetde men çintgäp durmadym. Ýöne geň galdym. Bu adam gaty ir ýetişipdir-ow, diýip oýlandym. Çünki, ol goşgynyň ruhy agramy on ýedi ýaşly ýetginjegiň göterjek ýüki däl.
Men oňa häzirem haýran galyp ýörün. Asyl-ha onuň bary-ýogy otuz bäş ýaşynda gidendigine-de birhili ynanMan ýörün. Çünki ol şol döwürlerem biziň gözümize durugşan adam ýaly bolup görünýärdi. Bu – onuň zehin hem akyl tarapdan ir durugşanlygyndan bolsada ahmal.
Hakykatda welin onuň bizden bary-ýogy bäş ýaş tapawudy bardy.

***
Howwa, olar biziň ussahanamyza hemişe dört tirkeş bolup gelerdiler. Biz olaryň gelýändigini äpişgeden görýärdik. Ýüzleri şat, keýpleri kök. Ussahananyň açykdygyny, biziň bardygymyzy görüp hasam begenýärler. Aýaklary ýeňil gopýar. Olar gapydan girýärem welin ussahananyň içi ala-ýaza öwrülýär. Biziň uzyn günki ýadawlygymyz edil el bilen aýrylan ýaly bolýar.
Şol “ýygyn” o neresse ýogalandan soňam biziň ussahanamyza köp geldi. Ýöne indi olaryň bolup gelişlerinde dabara, şowhun, göçgün ýokdy. Äpişgeden görünenden serkerdesini aldyran agyr goşunyň böleklere dargan, indem nirä barmalydygyny, nirede jemlenmelidigini bilmän, ygyp ýören esgerleri ýada salýardy. Ýüregiňi jigledýärdi. Pytraňňy “ýygynyň” öňüni tartyp gelýän Annaly aýagyny süýrap-süýrap alýardy. Ozaldanam sähel zada ynjap duran ýüzi indi hasam ynjylydy. Çytykdy. Gamaşykdy. Eli bilen häli-şindi böwrüni tutýardy.
Goşjanyňam agzy kepäp, yzly-yzyna dodagyny ýalaýar. Der basýar. Kimdir birine garaşýan ýaly öwran-öwran gapa, açyk duran äpişgä seredýärdi. Kolýanyňam öňki uzyn göwresinden nam-nyşan ýok. Iki büklem. Umuman olar bu ýere öz erklerine däl-de, mejbury iberilene meňzeýär.
Biziňem öňküligimiz ýok. Dert – azaram biri-birimize syr bildirmejek bolýas. Degişjek, gülüşjek bolýas. Bolanok. O-da mejbury ýaly. Ýasama. Çünki bar zat bize Gurbannazary ýatladyp dur. Ony şo pur sat ýatlamagam agyr, ýatlamazlygam. Gel-aý, şu gürrüňi goýalyň-la, birazajyk diýibem, ýene-de şol gürrüňe dolananymyzy bilmän galýas.
“Ýygyn” kem-kemden dagamak bilen boldy. Ilki-ilkiler öňki endik boýunça bolsa-da bilemok ýaňky aýdyşym ýaly üçüjigi bile gelerdiler.
Soň käte üçbir, käte iki bir gelip ugradylar. Ondan soň käte ikibir käte ýekebara gelinşik başlandy. Şeýdibem dagady.
Elbetde, gatnaşyk kesilenok. Gatnaşyk häzirem bar. Goşjan neressede tä, ýurduny täzeleýänçä biziň bilen aragatnaşygyny kesmedi. Ýöne... ýöne öňki jemlik ýok. Serkerde ýok. Goşun henizem serkerdesiz. Her döwürde köpçüligiň başyny jemläp bilýän adamlar bolýar. Gurbannazar ana, şo hili adamlardandy. Häzirki wagtda onuň ýeriniň oýulyp durandygynyň oturylşyklaryň “şowsuz” geçýändiginiň bir sebäbi ana – şol.

***
Onuň öýem uly “ýygnyň” ýygnanýan ýeridi. O ýere barsaň tas bir gije diýen ýaly ýokarky dördüsinden başga Amangeldi Annanam – o-da pahyr boldy, Derýa Baýramgulynam, Annaberdi Agabaýam, Ahmet Gurbannepesem, ahyryýedi abat bolsun, Artyk Yklymam, hudožnikleriňem, kompozitorlaryňam birnäçesini görmek bolýardy. Onsňam men diňe öz bilýänlerimi, öz görenlerimi sanap otyryn. Şäheriň daşyndan, raýonlardan gelip-gidýänleriňem hetdi-hasabynyň ýokdugyny bilýän.
Ol öý şowhunly bazara meňzeýärdi. Ol öý häli-häzire çenli bize ýetdirmän gelýän, derwaýysdygyny birnäçe gezek syzdyrdygymyz bolan DÖREDIJILIK IŞGÄRLERINIŇ ÖÝÜNE meňzeýärdi.
Belki ýazyjylaryň arasynda agzalalygyň artmagam, şol öýüň “ýapylmagy” bilen baglydyr.
Üzüm dalbarynyň astynda oglanlar bilen ala-ýaz bolup oturansyň. Birdenem howlynyň kiçi gapysy açylar-da, gögümtil ullakan gözlerini güldürip Eziz aga girer. Onuň gelmegi oglanlary gysyldyrmaz. Gaýtam meýlise şowhun berer. Ol Anton bilenmi ýa başga biri bilenmi, küşt oýnap başlar. Arasynda oturanlar bilen degişer, gülüşer. Oglanlaryň aragy gutaryp töwereklerine garanjaklaşyberseler dözmez, sekiniň aşagyna elini sokarda öz çakyryndan çykaryp berer.
Käte, kakasy ýok wagty, Gurbannazaryň özüniňem sekiniň aşagyna elini sokaýmasy bardy.
Eziz aga ogluna käte “kürräm” diýip ýüzlenerdi. “Kürresi” ýogalandansoň ol göz-görtele süllerdi. Soňa-baka: “Her gije düýşümde kürrämi görýän. Ýanyna çagyrýa. Kaka gel, bu ýeri gowy ekeni, diýýä” diýmäni çykardy.
Alty aý diýlende-de “kürresiniň” yzyndan gitdi.
Annaberdi öz kitabynda Ezizowlaryň maşgalasy barada hem köp zat aýdypdyr. Men oňa hiç zat goşup biljek däl. Ýöne, şol neressäniň “ogul-aý, ogul-aý” diýe-diýe, ahyram ogluny görmän gidişi, şeýle köp garaşdyran şol ogluň kakasy ýogalandan kyrk bäş gün soň dogulşy henizem ýüregimizi ezýä. Ýöne, her hal, gijem bolsa Hudaýyň oňa şol ogly berendigi welin ýüregimize teselli berýä.

***
Gurbannazar ýeke bir ýalňyz ogluny däl, özüniň ilkinji hem iň soňky, ýalňyz pýessasyny – “Nesiller poemasyny” hem görmän gitdi.
Ýalňyşmaýan bolsam şol pýesanyň premýerasy bolanda şol neressäniň kyrkam ýa sowulmandy, ýa-da edil berlip ýörlen günleridi.
Biz ýanymyzda oturan ýaşulynyňam, sahnadaky ýaşulynyňam Eziz agadygyny bilýärdik. Baş gahryManyň awtoryň özüdiginem aňýardyk. Pýesanyň adynyň Manysyna-da göz ýetirýärdik.
Öňki-öňkülik bolanda ol premýera şowhunly, şadyýan geçerdi. Yzyndan “ýuwha-ýuwluk” bolardy. Tost yzyna tost aýdylardy.
Emma Eziz aganyň öýündäki ýas tomaşa zalynda-da, arakesme wagtlary westibulda-da, dowam edýärdi. Biz Gurbannazaryň dost-ýarlary, dogan-garyndaşlary, tanyş-bilişleri sessiz-üýnsiz iki ýana gezmeleşip ýörşümize biri-birimize näme diýjegimizi, gürrüňi nämeden başlajagymyzy bilmän horlanýardyk. Nazarlarymyz kaklyşanda içimizden sözleşýärdik, gözlerimiz bilen gepleşýärdik. Sessiz-üýnsiz düşünişýärdik.
Teatryň radiosy bolsa tomaşyçylara Gurbannazaryň haýsydyr bir oturylşykda okan goşgusyny eşitdirýärdi. Goşgy tutuksy, güňleç çykýardy. Düşünmek kyndy.
Şondan soň köp wagt geçmänkä, gazetler onuň oglunyň bolandygyny halka buşlap, “Nesiller poemasy” dowam edýär, diýip ýazdylar.

***
Men ýaňy gürrüňimiň bir ýerinde “ýygyn dagady” diýdim. Seredip otursaň şo gürrüň ugrunda baram ýaly, ýogam ýaly. Belli-belli adamlar barada aýtsaň-a dogry. Umuman aýtsaň welin juda beýle-de däl. Çünki, ol henizem öz “goşunlaryny” ýylda bir gezek, käte ondanam kän öz gübürdäp duran ojagynyň başyna ýygnap bilýär. Biz indi Aga ýaşuly bilenem, Ilmyrat Pudakow bilenem şol ýerde gabatlaşýas.
Ol ýygnanyşyk esasan 1-nji matr güni bolýar. Şol gün onuň ähli dost-ýarlary ony ýatlamak üçin, has dogrusy doglan gününi bellemek üçin onuň öýüne ýygnanyşýar.
...Bu gezegem şeýle bolar. Ýöne bu gezek olar onçakly ýekesiremezler. Çünki, mundan on ýedi ýyl öň yzly-yzyna iki inerini aldyran hojalygyň gapysynda bu gün ýene-de direnip duran iner bar.
Ol indi gelene-gidene atasyny küýsetmez. Ol indi birkemsiz ýigit çykdy. On ýedi ýaşady. Är men, diýene bu ýaş az däl. Çünki şahyr Gurbannazar Ezizow on ýedi ýaşynda “Daglar” kimin ägirt goşgyny ýazypdy.

“Ýaş kommunist” gazeti.
29.11.1992 ý.


Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 15 | Добавил: Admin | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Juma Hudaýguly awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar