13:02

Ariana - Taryhy makalalar


Awtor:
Bölüm: Taryhy makalalar
Materýal: Ariana

Eýsem Awestada turanlylara garşy goýulýan ariler kimler?
Olara nämüçin ariler diýilýär? Olaryň hökümdarlaryny Awestada nämüçin ariý patyşalary, ýurtlaryny bolsa ariler ýurdy , ýagny, Ariana diýlip atlandyrýarlar?
Alymlaryň kesgitlemelerine görä, Merkezi we Günorta Ýewropada ýa-da Gara deňziň we Hazar deňziniň demirgazygyndaky giň sähralyklarda ýaşap, miladydanöňki, IV müňýyllykda dumly-duşa pytran taýpalara ylymda indoýewropa halkyýetleri diýilýär. Şolaryň gündogara tarap gaýdan bölegine bolsa, indoiranlar diýilýär.
Indoiranlar häzirki Eýranyň hem-de Orta Aziýanyň çäklerinde ýaşapdyrlar. Olaryň belli bir taýpa ýa halka degişli bolandygy, ýöne antropologiýa we jyns taýdan dürli-dürli bolandyklary çaklanylýar.
Olaryň arasynda “arýa” sözi ýörgünli bolupdyr. Bu söz asylly, pähimli diýen manyny aňladýpdyr. Bu ady hususan-da öňe çykan we ýolbaşçylyk roluny oýnan taýpalaryň serdarlary, şeýle hem olaryň ýakyn adamlary göterendir diýip çak edilýär. Şonuň üçinem, indoiranlar ylymda “ariler” diýlip atlandyrylýar. Şeýle hem “arýa” sözi etniki däl-de, sosial, syýasy düşünje hasap edilýär. Ýer ýüzünde hiç haçan “arýa” diýen halkyň bolmandygy, ýaşamandygy tekrarlanýar.
Ariler gelmezden öňem Eýran topragynyň dürli taýpalardan ybarat bolandygyny bellemek gerek. Eýranyň has irki ýaşaýjylary Orta Aziýadan ýa-da Gara deňziň demirgazyk ýakalaryndan gelendirler diýlip güman edilýär. Geň ýeri XI asyrda bu ýere gündogardan gaýdyp gelen oguzlaryň bir bölegi ýene-de Gara deňziň demirgazyk ýakalaryna tarap yňýarlar we rus hem-de ukrain halklarynyň halk hökmünde kemala gelmegine öz goşantlaryny goşýarlar.
Miladydanöňki II müňýyllykda indoiranlaryň bir bölegi Hindistana gidýär. Olara indoariler diýilýär. Galan bölekleri bolsa Gündogar Ýewropada, Orta we Merkezi Aziýada dürli Eýran taýpalaryny – skifleri, midiýalylary, parslary, saklary we beýlekileri emele getiripdirler.
Alymlaryň tassyklamalaryna görä, Iran (Eýran) sözi hem edil, Tur:an sözi kimin, Ari:an diýen düýp we goşma sözden emele gelipdir. Ýagny ariler ýurdy. Ariana – Eýran daglyklarynyň gadymy adydyr. Iran – şol bir sözüň has soňky görnüşidir. Arian – Iran – Eýran. Şeýle hem, “Ariana” sözi Eýranyň diňe häzirkiçäklerinidäl-de, has giň möçberdäki meýdany öz içine alýar.
Indoariler günorta tarap gidenlerinde, häzirki Eýranyň we Owganystanyň üsti bilen geçendirler, hereket eden ugurlary bolsa esasan häzirki Tejen derýasynyň boýlarynyň üstünden düşendir diýlip çak edilýär.
Bu bolsa öküzleriň – turlaryň öz asly mekanlary bolan Öküz (Tejen) derýasynyň boýunda we soňraky süýşen ýerlerinde ariler bilen medeni we etniki taýdan garyşyp-gatyşandyrlar diýmäge doly esas berýär.
Çünki, oguzlar Öküz derýasynyň boýundan miladydanöňki IVmüňýyllykda giden bollaýanlarynda-da, indoiranlaryň asly mekanlaryndan örňäp Eýrana we Orta Aziýa aralaşan döwürlerine gabat gelýär. Eger-de oguzlar käbir alymlaryň çak edişi ýaly, Öküz derýasynyň boýundan miladydanöňki II müňýyllykda giden bolsalar, onda-ha olar bu ýerde ariler bilen tas, iki müň ýyla golaý garyşyp-gatyşyp oturandyrlar diýip oýlanmaga mümkinçilik döredýär.
Aslynda turlar-öküzler nämüçin Öküz derýasynyň boýundan gitdilerkän?
Biziň pikirimizçe, bu zatlaryň aňyrsynda düşnükli hadysa ýatyr. Ýagny, ariler täze dini-taglymatlary-zoroastrizmi döredýärler. Turlar bolsa oňa uýmaýarlar. Olaryň öz totomlary bar: Asman, Gün, Aý, Ýyldyz. Dogry, şol zatlara arilerem uýýarlar. Hatda Awestada şol zatlaryň hersine bagyşlanan ýörite gimnleri hem bar. Ýöne otparazçylyk dinini esaslandyryjy Zaratuştra şolaryň ählisini bir ýere jemläp, olary ýeke-täk Hudaýyň – Ahura – Manýanyň garamagynda goýýar. Ot – Hudaýyň ogly diýip yglan edýär. Aýam, GünemÝyldyzlaram, ýer-suwam diňe Ahura – Mana uýan adama hyzmat eder, uýmadygy betbagtçylyga uçradar diýen düşünje ýaýradýar. Olar üçin kim Ahura – Mana uýmasa, jyna-arwaha gol beren, döwlerden sapak alan, tersa, has takygy dünýädäki ähli gowluklaryň we hakykatyň duşmany bolan Anhra – Manýanyň şägirdi. Olar üçin turlaram şeýle. Awestada olar hatda turlaryň watanynam – döwleriň, arwahlaryň mekany hökmünde suratlandyrýarlar. Hut şonuň üçinem, tur serkerdesi Afrasyýabya mukaddes Hwarnony ele salmak başardanok. Awestany öwreniji alymlar tarapyndan häzirki Aral deňzidir öýdülýän Worokuşa deňziniň düýbünde gizlengi ýatan, ele salan bol suwly, mes toprakly, bol suwly ýerlere, mala, baýlyga eýe edýän adamy mukaddes “Hwarno” diňe arilere, ari patyşalaryna nesip edýär. Hususan-da Zaratuştranyň täze taglymatyny ilkinji bolup goldan şa Wiştasp Hwarnony ele salmagy başarýar. Şondan soň “hwarno” arileriň kawiler dinastiýasyna (Şanamada Keýanitler) yzly-yzyna howandarlyk edýär.
Turlaryň – öküzleriň Öküz derýasynyň boýundan örňäp gündogara tarap süýşmeklerine sebäp bolanam şol, Awestadan görünýän dini gapma-garşylyklar bolaýmasyn? Öküzleriň Öküz derýasynyň boýundan örňemeklerini käbir alymlar miladydanöňki II müňýyllygyň ahyrlarynda ýüz beren gurakçylyk sebäplidir öýdýärler. Ýöne, şol gurakçylygyň Öküz derýasynyň Eýran tarapdan bilkastlaýyn beklenmegi zerarly bolandygyny çak edýänlerem bar. Turlar bilen arileriň arasynda täze din zerarly düşen gapma-garşylygy nazarda tutsaň, soňky çaklama hakykata has golaý görünýär.
Bu ýerde-de geň galyp oturasy iş ýok. Islendik din dünýä inende ägirt uly garşylyklara sezewar bolýar. Çünki, din – bu külli adamzat möçberindäki syýasy öwrülişik. Öňki din hem öz ornuny “mesaňa” diýäge-de beräýenok. Asyrlarboýy beýnisinde berç bolan köne ynanjy adamlaryň aňyndan çykarmagam aňsat däl. Hut, şonuň üçinem, täze dini ýaýradyjylar, hususan-da onuň pygamberleri, köplenç öňki ynanja uýýanlaryň pidasy bolupdyr. Zaratuştranyň özem Hudaýa mynajat edip duran wagty, pyçaklanylyp öldürilipdir. Isa pygamber bolsa haça çüýlenipdir. Muhammet pygamber birnäçe kynçylyklara sezewar edilipdir. Öňki ynanjy gorap, täze dine garşy baş göteren Afrasyýabyň, külli tur halkynyň şol, taryhy hereketlerem tebigy, kanunalaýyk ýagdaýdyr we türkmenleriň gadymyýetde otparazçylyk dinine uýandyklary baradaky pikir iňňän şübhelidir. Bu – şol bir territoriýada haýsy möwrütde haýsy halkyň mekan tutandygy bilen baglydyr.
Galyberse-de, öküzleriň – turlaryň Öküz derýasynyň boýundan otparazçylyk dini döremezden öň giden bolmaklaram mümkin.
Çünki, Änewden, Göksüýriden Mesopotizmiýa gidip, soň ol ýerde şumerler-sümerler adyny alan halklaram bu ýerden hut şol döwürler ýagny, otparazçylyk dini döremezden öň giden hasap edilýär. Bu-da hususan, arileriň şu topara aralaşan döwrüne gabat gelýär. Ýöne, her näme bolaýanda-da turlar Gündogara tarap süýşselerem öz taryhy örülerinden – Turandan çykyp gidenoklar.
Asylha-da arilerem turlaram, Eýranam, Turanam biri-birine gaty bir ýat halk ýa ýat ýurt däldir. Olaryň ikisem Eýran, Turan atly taryhy, mähnet gazanyň içinde gaýnap bişen, köp gezekler garyşyp-gatyşyp, iňňän ýakynlyk bilen kemala gelen halklardyr.
Türkmen halkynyň gelip çykyşyny öwrenijiler, oguzlar XI asyrda Türkmenistanyň häzirki çäklerine ikinji gezek gaýdyp gelenlerinden soň, Eýran dilli birnäçe ýerli taýpalar bilen garyşyp, türkmen halkyny emele getiripdirler diýýärler.
Ana, şol Eýran dilli, ýerli diýilýän taýpalar – saklara, parslara, midiýalylara we başga-da şolar ýaly birnäçe halkyýetlere öwrülen gadymy arilerdir. Şol taryhy gatylmaklyk, öňem bir gezek garyşyp-gatyşyp turan we eýran halkynyň indi ikinji gezek bir gazana gapgarylyşydyr.
Gadymy akkatlar, elamlar bilen bir hatarda saklar, parslar, midiýalylar hem häzirki eýran halkynyň kemala gelmeginde görnükli rol oýnapdyrlar. Eýran halkynyň kemala gelmeginde, diliniň kämilleşmeginde medeni taýdan ösmeginde türki taýpalaryňam (seljuklar, gyzylbaşlar, gajarlar, mongollaryňam, (huligirler), araplaryňam täsiri uludyr.
Ýeri gelende aýtsak, XVI asyrda Eýranda dörän güýçli, sefewiller dinastiýasyny tagta çykaranam ýokarda ady tutulan türki taýpalardyr.
XVII asyrda bolsa, Eýranda türkileriň gajarlar dinastiýasy berkarar edilýär.

Watan gaz. 2-nji sentýabr. 1997ý.


Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 12 | Добавил: Admin | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Juma HUDAÝGULY awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar