13:03

Afrasyýap - Taryhy şahslar


Awtor:
Bölüm: Taryhy şahslar
Materýal: Afrasyýap

Indi bolsa türkileriň “tur” döwri Turana patyşalyk eden Alp är Afrasyýap barada gürrüň edeliň.
A.Meredow bilen S.Ahallynyň sözlüginde şeýle diýilýär: "Efrasyýap (p. Efra: siýa:b) rowaýarlara görä gadymy Turanyň türki halklara degişli bolan iň beýik hökümdarlarynyň we epiki gahrymanlarynyň biri. Mahmyt Kaşgarlynyň we Ýusup Has Hajybyň ýazmaklaryna görä, ol türk hökümdary bolup, Eýranda Efrasyýap, türki halklaryň arasynda bolsa Tunga Alp är ady bilen meşhurdyr. Efrasyýabyň kakasy Peşeň Turanyň uly patyşalarynyň biri bolupdyr. Turanda Efrasyýap hökümdarlyk eden döwründe Eýran şasy Keýkawusyň ogly Siýawuş kakasyndan öýkeläp, onuň köşgüne barýar. Efrasyýap ony oňat garşylaýar we öz gyzy Ferengisi nikalap berýär. Emma, soň dogany Gersiweziň gep gezdirmegi zerarly Siýawuşa betgüman bolýar, ahyrsoňunda-da ony öldürýär. Şu waka Eýran bilen Turanyň arasynda köp uruşlaryň bolmagyna sebäp bolýar. Firdöwsiniň “Şanamasynda” Efrasyýap Turanyň esasy gahrymanlarynyň we serkerdeleriniň biri hökmünde Eýran hökümdarlarynyň garşysyna gaýduwsyz göreşýär, emma Rüstemiň zarbasyna çydaman ýeňilýär".
Sözlükde türk hökümdary diýilse-de, Afrasyýabyň tur halkyna baş bolup arilere garşy göreşýän tur serkerdesi bolandygy barada Awestanyň “Hwarno hakda aýdym” atly ýaştynyň-gimniniň 56-njy inişinde hem aýdylýar. Şujagaz mysalyň özem “tur” hem-de “türk” sözüniň bir çeşmeden syzyp çykandygyny, sözlükde “tur” sözüniň has giçki, ösüşe sezewar bolan görnüşiniň ulanylandygyny subut edýär.
Afrasyýap barada gürrüň gidende XVII asyr taryhçysy we döwlet syýasatçysy, Hywa hany Abylgazy Bahadur hanyň “Şejereýi teräkime” kitabyndaky seljuklar barada aýdan bir pikirini ýatlaman geçmek bolmaz. Ol şeýle diýýär: “Seljuklar türkmen bolup, garyndaşymyz diýip ilge we halka faýdasy tegmäý, patyşa bolgunça türkmeniň kynyk tigen urugyndan biz tiýdiler. Taky patyşa bolgandan soň Efrasyýabyň bir ogly Keýhusrowdan gaçyp, türkmeniň bir kynyk urugynyň içine baryp onda galyp turur. Biz anyň oglanlary we Efrasyýab neslinden bolupmyz tiýp atalaryny sanap otuz bäş arkada Efrasyýaba ýetgurdiler”.
Şu aýdanlardan ugur alyp, käbir adamlar, hususan-da Abylgazynyň özi, seljuklar türkmendiklerinden ýüz öwürendirler, şeýle hem Afrasyýabyň nesil Şejeresi türkmen-oguz Şejeresinden sowa düşýändir öýdýärler.
Emma bu beýle däl.
Öňi bilen-ä bu ýerde Afrasyýabyň Turan, Keýhusrowyň bolsa Eýran patyşasy bolandygyny bellemek gerek.
Afrasyýap döwri Turan bilen Eýranyň gapma-garşylykda durandygy hak. Eýran şasy Keýhusrowyň kakasy, Keýkawusyň ogly Siýawuşy öldürenem Afrasyýap bilen onuň dogany Kersawazda. (Şanamada Gersiweza). Şonuň üçinem, Afrasyýap ýogalandan soň onuň haýsydyr bir ogly gan algyly Keýhusrowdan gaçyp kynyklaryň arasyna barandyr, seljuklaram hakykardan-da şol oglanyň neslidir diýäýenimizde hem türkmenler bilen Afrasyýabyň garyndaşlygyny gümana goýara hiç hili esas ýok. Çünki, ýokarda ýanjap geçişimiz ýaly, tur serkerdesi Afrasyýap ähli türkileriň, şol sanda oguz-türkmen taýpalarynyňam atasy. Kynyklaram oguz taýpasy. Hut şonuň üçinem Afrasyýabyň ogly kowgudan gaçyp öz gandüşer garyndaşlarynyň – kynyklaryň arasyna barypdyr. Şeýlelikde, Afrasyýabyň oglunyň gaýdan ýerem, baran ýerem Turan ýurdunyň, Tur halkynyň, ýagny, oguzlaryň soňraky türkmenleriň içi.
Umuman, seljuklaryň Afrasyýaby özlerine ata-baba tutunmaklarynda hiç hili syýasy we etniki ýalňyşlyk ýok.
Bu – meseläniň bir tarapy. Ikinji tarapy – seljuklaryň arkasy barybir otuz bäş arkada Afrasyýaa ýetmeýär. Çünki, Abylgazy ýokarky sözüniň dowamynda, her müň ýylda kyrk arka ötýändigini belleýär. Her arka 25 ýyl. Kyrk arkadan bäş arkany aýyrsak, seljuklar bilen Afrasyýabyň arasy 875 ýyl bolýar. Seljuklaryň tagta çykan wagty 1040-njy ýyl. 1040-dan 875-i aýyrsak 165-i galýar. Diýmek, Abylgazynyň öz çakyndan çen tutaýanymyzda-da, Afrasyýap takmynan biziň eýýamymyzyň 165-nji ýyllarynda, seljuklardan 875 ýyl ozal ýaşap geçen adam bolýar. Hakykatda welin, Afrasyýap ondanam has irräk döwrüň “möjegidir”. Çünki, ol baryp-ha otparazçylyk döwrüni beýan edýän Awestanyň baş gahrymanlarynyň biri. Otparazçylyk dini bolsa biziň eýýämymyzdan öňki I we II müňýyllyklaryň örküji. Şonuň üçinem, Abylgazynyň salgy berýän döwri bilen, Afrasyýabyň ýaşan döwri aralykda ýene-de müň ýyldanam gowrak wagt ýatyr.
Üçünjiden, türkmenlerde ýedi arkadan soň gan saplanýar diýen düşünje bar. Şonuň üçinem, seljuklar Afrasyýap nesli bolup, Afrasyýabam türkmenler üçin gany başga bolaýanlygynda-da, 875 ýylyň dowamynda olaryň edil, deňze gaçan bir düwür duz kimin kynyklaryň içinde eräp gitjekdiklerine hiý, şek-şübhe bolup bilermi?
Onsoňam bir halkyň içinde müň ýyla golaý oturansoň, sähelçe akly bar adam aslym pylanydyr diýip, bildirkini orta atmaz. O-ol, gelipdir diýilýänem tutuş bir taýpa ýa urug däl-de ýekeje oglan bolsa-ha asylam.
Şu zatlardan çen tutsaň asla, seljuk soltanlarynyň şol sözi aýdandyklaryna-da gaty bir ynanasyň gelip baranok.
Abylgazynyň tur serkerdesi Afrasyýap döwründe oguz taýpasy bolan kynyklaryň adyny tutmagy welin, biziň turlary oguzlardyr öýtmegimiziň esassyz däldigine ýene bir gezek goltgy berýär.


"Watan" gazeti, 02.09.1997 ý.


Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 22 | Добавил: Admin | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Juma HUDAÝGULY awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar