• On bäşinji kyssa

• TOÝ HEKAÝATY

«Köp söz kitapda ýagşy» diýýär türkmen. Türkmen sypaýyçylyk edýär. Aslynda, köp sözüň kitapda-da ýagşy däldigini bilýär ol. Dogry, köp söz kitapda-da ýagşy däl. Kitapda gahrymanlar-a maksat-myratlaryna ýetseler, olaryň maksat-myrada ýetendiklerine okyjylar hem göz ýetirseler, rahatlansalar ýagşy. Şonuň üçi ... Doly oka »

Категория: Romanlar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 01.10.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 21 |

• On dördünji kyssa

• ÇEPIKSIJE ENÄNIŇ SYRY

Atda tapagan tomsuň tüp yssysynda günorta çagy içi her hili tapyndydan doly giň otagda her aýagyny bir tapyndysynyň üstüne taşlap, çiň-arkan myrlap uklap ýatyr. Onuň başujunda ýaşy bir çene baran, çal saçly, çepiksije aýal aglamakdan ýaňa gyzaryp giden gözüniň ýaşyny negada bir sylyp otyr. Ol uklap ýatan päl ... Doly oka »

Категория: Romanlar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 01.10.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 12 |

• On birinji kyssa ýa-da bäşinji kyssanyň dowamy

• MÖJEGE MEŇZEŞ ITIŇ TARYHY

— Mergen aga, meni melisä çagyrdylar.
— Toýa çagyrdylar diýäýme — diýip, çaý içip oturan Mergen aga Atda tapagyň habaryna begenmändigini aňdyrdy.
— Olar it ýitiripdirler.
— Saňa-da bile ýit diýdilermi?
— Köp wagtdan b ... Doly oka »

Категория: Romanlar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 01.10.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 15 |

Akylyndan aşa düşen bu ynsan,
                Ynjan ynsabyna diýýärmi şeýtan?!
                                       ... Doly oka »

Категория: Goşgular | | Теги: Has Türkmеn Дата: 01.10.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 13 |

...Onuň adamzadyň başyna salyp gelen oýunlarynyň köpdügini! Oňa erk etjek, kökerjek bolup niçe çalyşdylar. Ol welin, däli derýa ýaly, garaşylmadyk ýerden böwedi böwsüp, dünýäni alahasyrdy etdi. Kimi bir gysyma, kimi tuluma öwürdi.
Owadan zenana aşyk bolan ýigdekçe ýaly, adam onuň ugrunda sargaryp solup, bütin ömrüni geçirýär. Barybir, ondan ganyp bilenok. Ol bolsa, adamy gyzyl däli edip, ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 01.10.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 17 |

Merw obasy mydama gelim-gidimli mekan bolansoň, myhmany geňläp ýa ýüksünip durmaýar. Şeýle bir hyzmat edýärler welin, başga ýerde şeýle hyzmaty görmedik kişileriň soň ol ýerden eger-eger gaýdasy gelmeýär. Mürzäniň öýüne düşen üç myhmanyň hem düşegi birki sagadyň içinde kemsiz ýumşady. Şu obadan ösüp ýetişen, häzir ýurduň belli alymy hökmünde tanalýan Allan Hallyýewiçiň gelmegi oba adamlaryny he ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 01.10.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 13 |

(“türkmen” sözüniň gelip çykyşy barada)

Bu mesele boýunça alymlar dürli döwürlerde, dürli çaklamalary orta atdylar. Hususan-da, onuň “türk manend”, “tir-keman”, türk-iman” diýen ýaly sözlerden emele gelendigini, şeýle hem onuň ikinji “men” böleginiň manysynyň belli bolup, birinji “türk” böleginiň näbellidigini aýtdyl ... Doly oka »

Категория: Taryhy makalalar | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 01.10.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 19 |

Indi bolsa türkileriň “tur” döwri Turana patyşalyk eden Alp är Afrasyýap barada gürrüň edeliň.
A.Meredow bilen S.Ahallynyň sözlüginde şeýle diýilýär: "Efrasyýap (p. Efra: siýa:b) rowaýarlara görä gadymy Turanyň türki halklara degişli bolan iň beýik hökümdarlarynyň we epiki gahrymanlarynyň biri. Mahmyt Kaşgarlynyň we Ýusup Has Hajybyň ýazmaklaryna görä, ol türk hökümdary b ... Doly oka »

Категория: Taryhy şahslar | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 01.10.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 22 |

Eýsem Awestada turanlylara garşy goýulýan ariler kimler?
Olara nämüçin ariler diýilýär? Olaryň hökümdarlaryny Awestada nämüçin ariý patyşalary, ýurtlaryny bolsa ariler ýurdy , ýagny, Ariana diýlip atlandyrýarlar?
Alymlaryň kesgitlemelerine görä, Merkezi we Günorta Ýewropada ýa-da Gara deňziň we Hazar deňziniň demirgazygyndaky giň sähralyklarda ýaşap, miladydanöňki, IV müňýyllykda du ... Doly oka »

Категория: Taryhy makalalar | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 01.10.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 12 |

Biz oguz taryhynyň başlanyşy bilen, ýunan hudaýlarynyň döreýşi, olaryň jümle-jahany we adamzady ýokdan bar edişi, Aý, Gün, ýyldyzlar, Asman we Asman jisimleri, umuman kosmosyň güýji, şeýle hem “Nuhuň tupany”, baradaky Bütindünýä rowaýatlarynyň arasynda birnäçe meňzeşliklere gabat geldik. Geliň, muňa bir ujundan seredip geçeliň.
Gadymyýetide dürli halklaryň medeniýetini birekde ... Doly oka »

Категория: Taryhy makalalar | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 01.10.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 14 |

Mundan ýüz ýyla golaý öň, türki halklaryň taryhyny Hytaý çeşmeleri arkaly öwrenýän alym Iakinf Biçurin, miladydan ozalky III asyrda, hytaý sebirlerinde döwlet guran Hun serkerdesi Metde hanyň, ýagny Modeniň (hytaý çeşmeleride Mao Dun) Oguz han bolaýmagynyň ahmaldygy baradaky pikiri orta atdy. Oňa başga-da goşulanlar boldy. Soň-soňlar şol pikire türkmen alymlaryndanam gol ýapanlary tapyldy.
... Doly oka »

Категория: Taryhy şahslar | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 01.10.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 16 |

Aga-gara düşünip ugrandan soň, çaga daş-töweregindäki bolup geçýän hadysalara göz ýetirmäge dyrjaşýar. Adamzat hem şeýle. Ol özüniň baryp-ha jahyllyk döwründen başlap dünýä, äleme, onuň döreýiş taryhyna göz ýetirmäge dyrjaşypdyr, şol zatlar barada dürli pikirler ýöredipdir, rowaýatlar döredipdir, jümle-jahandaky gudrat hasap edilip bilnäýjek ähli zatlary öz akylynyň üsti bilen aňlamaklyga çalşy ... Doly oka »

Категория: Edebi makalalar | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 01.10.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 12 |

Halk içinde: "Öňde-de bir ogry halys ogurlara zat tapmasa, öz telpegini özi ogurlap onsoň ýatýarmyşyn...“ diýen gürrüň bar. Şonuňky ýaly, seredip otursaň biziň deredijilik intelligensiýamyzyňam birnäçesiniň juda edere iş tapmasa öten-geçenleriň mazarlaryny ondan-oňa geçiräýesi gelip duran ýäly. Öň-ä onlarça ýyldan soň mazaryny gazyp, süýeklerini lerzana getirip, meşhur sazanda Mylly ... Doly oka »

Категория: Jemgyýetçilik tankydy | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 01.10.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 18 |

Üýtgedip gurmak syýasaty içi aşlap duran howply ýaralaryň ençemesiniň kesmegini kesip aýyrdy. Iriňini çykardy. Haýsy dermanlar bilen bejerip boljakdygyny salgy berdi. Özbaşdak bejermäge ygtyýar berdi.
Günübiriň bejerilmegini talap edýän, melheme zar ýaralaryň birem dil meselesidir. Bu barada SSSR-iň halk deputatlarunyň birinji gurultaýynda-da aýdyldy. Birnäçe respublikalarda ýerli diliň ç ... Doly oka »

Категория: Türkmen dili | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 01.10.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 18 |

Arada şahyr Annaberdi Agabaýewiň Gurbannazar Ezizow baradaky “Ezizowyň emri bilen” atly ýatlamalar kitaby çapdan çykdy. Annaberdi şol kitabynyň bir nusgasyny maňa berdi-de, “Oka-da öz pikiriňi aýt” diýdi.
Okadym. Gowy gördüm. Ýöne meniň bu makalam o kitap barada däl. Annaberdi ýaly Gurbannazar bilen maňa görä has içgin, has uzak gatnaşan köp-köp ýigitler barka, şu ... Doly oka »

Категория: Ýatlamalar | | Теги: Juma Hudaýguly Дата: 01.10.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 14 |

• Dokuzynjy kyssa

• ATDA TAPAGANYŇ ÝALŇYŞY

— Atda jan, derrew gelsin diýipsiň. Uly bir bähbidimden galmaýyn diýip, iýip oturan bal ýalak palawymy taşlap gaýdandyryn. Eýle-beýle zat, ýa alan ýüň ýaglygymyň bahasyny bereýin diýen ýaly ownugrak zatlar üçin çagyrmajagyňy bilýän-ä men seniň. Hemra agamy ýalkaýyn diýdiňmi?
— Hemra aga, sen ... Doly oka »

Категория: Romanlar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 01.10.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 26 |

• Ýedinji kyssa

• HAKYKAT — GULP, ÝALAN — AÇAR

Saganaly obasynyň ilersinden — çöletekden täsin bir kerwen gidip barýardy. Iň öňde Atda, onuň gapdalynda-da başy saman şlýapaly, aýagy brezent ädikli, gözi gara äýnekli, eli kartadyr kompasly bir şilliň uzyn pyýada, bularyň yzynda-da üsti äpet butkaly ýük maşynmydyr, tanka meňzeş traktorm ... Doly oka »

Категория: Romanlar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 01.10.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 16 |

• Dördünji kyssa

• TAPYNDYLAR SERGISINIŇ DABARASY

Gaýyp balygyň karary bilen her bazar güni obanyň adamlary üçin Atageldi Kertikowyň tapyndylarynyň sergisini geçirmek (Tapyndylar sergisi däl, ýok, tapylan zatlary tanap almak mümkinçiligini döretmek) işine girişildi. Başlygyň şol kararyna laýyklykda adamlar Atageldiniň tapan zatlaryny görmeli, ondan gö ... Doly oka »

Категория: Romanlar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 01.10.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 13 |

Ikinji kyssa

• ATDANYŇ ÖZI BILEN IÇDÖKÜŞLIGI

Öz-ä basmaçyly döwür bolmaly: şeýledigi gelen atlylaryň egin-eşiklerindenem görnüp dur. Üçüsem murtly, üçüsiniň murtam Göroglynyň murtuna gaýry dur diýýär. Üçüsiniňem egninde göwşüllän gyrmyzy don, ezýaka köýnek bar. Başlaryndaky seçelenip duran gaba telpekleriniň aşagyndan hiç bir zatdan heder etmeýän, tüýs türk ... Doly oka »

Категория: Romanlar | | Теги: Osman ÖDE Дата: 01.10.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 12 |

"Obamyza täze tebip göçüp gelipdir" diýen habar ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Menem lukman bolanymsoñ, bu waka bilen ýakyndan gyzyklanyp ugradym. Tebip diýýänleri menden dört-bäş ýaş uludy. Onuñ baýguşyñka meñzeş tegelek ýüzi bardy. Gözleri içiñden geçip barýardy, etli, ganly daýaw pyýadady.
Men ony bir ýerde gören ýaly boldum. Ýöne hiç hakydama getirip bilmedim. Hawa, oba adaml ... Doly oka »

Категория: Hekaýalar | | Теги: Şöhrat MÜLKIÝEW Дата: 01.10.2023 | Teswir: (0) Добавил: Admin | Просмотров: 13 |