12:48

Dil - halkyñ baýlygy - Türkmen dili


Awtor:
Bölüm: Türkmen dili
Materýal: Dil - halkyñ baýlygy

Üýtgedip gurmak syýasaty içi aşlap duran howply ýaralaryň ençemesiniň kesmegini kesip aýyrdy. Iriňini çykardy. Haýsy dermanlar bilen bejerip boljakdygyny salgy berdi. Özbaşdak bejermäge ygtyýar berdi.
Günübiriň bejerilmegini talap edýän, melheme zar ýaralaryň birem dil meselesidir. Bu barada SSSR-iň halk deputatlarunyň birinji gurultaýynda-da aýdyldy. Birnäçe respublikalarda ýerli diliň çykgynsyz ýagdaýa düşendigi öwran-öwran nygtaldy. Doganlyk respublikalaryň köpüsi milli dilini döwlet diline öwürmek üçin gurultaýdan öň aladalanan bolsa, birnäçesi bu barada hut gurultaýyň dowamynda ençeme gezek agzady.
B.Oleýnigin, I.Druseniň, Ç.Aýtmatowyň, E.Ýewtuşenkonyň öz çykyşlarynda dil baradaky aýdan sözleri köpleriň ýadyndadyr. Olar her bir respublikanyň döwlet diliniň hökmany suratda ýerli dil bolmalydygyny, şeýle edilmeginiň diňe peýda getirjekdigini, diňe şeýdeniňde respublikalaryň pese gaçan medeniýetini täzeden dikeldip boljakdygyny degerli deliller bilen düşündirdiler. Subut etdiler.
Iki dilliligiň tarapyny tutup çykyş edenlerem boldy.
TKP MK-nyň birinji sekretary S.A.Nyýazow hem öz çykyşynda şol pikirdedigini beýan etdi. Ýöne onuň: „Biz halk bilenem maslahatlaşdyk, biziň halkymyzam iki dilliligiň tarapdary“ diýmegi welin bizi örän geň galdyrdy.
Ýoldaş Nyýazow şol sözüni 3-nji iýulda, Aşgabatda, saýlawçylar bilen bolan duşuşygynda-da gaýtalady. Hakykatda welin halka hiç hili sala salynmandy. Aýdanyňa hä diýäýjek bäş-on sany ýazyjy ýa alym bilen geçirilen özara gürrüňçilik ähliumumy maslahat bolanok. Telewideniýe boýunça çykyş edip öz pikiriňi aýtmaklygam halka sala salyndygy bolanok.
Hut şonuň üçinem, halk günlerde bir gün ir bilen radioda ýa gazetde: „Öten agşam respublikamyzyň ýolbaşçylary üýşüp, ikidilliligi kabul etdiler“ diýen ýaly sözleriň tussumandan peýda bolaýaryndan gorkup başlady. Dagy nätsin? Şular ýaly halka sala salynman, kabul edilen kararlar, çykarylan buýruklar eýsem öň az boldumy?
Bolsa-da, 15-nji iýulda, türkmen telewideniýesi boýunça eden çykyşynda, TKP MK-nyň ideologiýa boýunça sekretary Hudaýberdi Durdyýew, halka proýekt hödürlenmän, dil barada hiç hili kanunyň kabul edilmejekdigini anyk aýtdy.
Diňe şondan soň halk az-kem köşeşdi. Öz üstünden bökülip geçilmejekdigine ynandy.
Ýöne şol proýekt nähili boljak?
Ikidillilik baradamy?
Türkmen diline döwlet dili hukugyny bermek baradamy?
Ýa şol pikiriň ikisem orta oklanyp, haýsam bolsa birini saýlap almak baradamy?
Ine, şu welin entek belli däl. Ýöne onda-munda edilýän gürrüňleriň gidişinden çen tutsaň-a proýekt köplenç „ikidillilik“ barada bolaýjak ýaly bolup dur.
Beýle bolsa birinjiden-ä ýerli dile döwlet dili hukugyny bermek baradaky alternatiw pikir orta atylman galar, plýuralizm ünsden düşüriler, ikinjidenem halk köpçüligi şol berilenje temanyň çygryndan çykyp-da bilmez. Köp ýerde-hä çykmalydyram öýtmezler. Ýene-de birwagtlarky ýaly kimdir biriniň diýdimzorluk etmeginde nämäniň nämedigne düşümän el galdyrarlar, anketa doldurarlar, şeýdibem giden bir halkyň ykbaly çig-çarsy çözüler.
Şonuň üçinem, öňi bilen halka „ikidillilik“ näme, „ýerli dile döwlet dili hukugyny bermek“ näme, şonuň haýsynda nämeler utup boljak, haýsynda nämeler ýitiriljek, ine, şuny düşündirmeli. Halkyň şol ikisiniň haýsyny isleýändigini doly aýyl-saýyl etmeli. Diňe şondan soň ýa ikidillilik barada, ýa-da ýerli dile döwlet dili hukugyny bermek barada, proýekt düzmeli we halk köpçüligine hödürlemeli...
Biziň pikirimizçe, ikidillilik boljak bolsa her kim iki dilem – ýerli dilem, rus dilinem biläýmeli. Eger-de şeýle boljak bolsa, respublikanyň içinde ýaşaýan her bir adam iki dilde-de arkaýyn gürläp biljek bolsa, onda ikidillilik bilen ýerli dile döwlet dili hukugyny bermekligiň arasynda hiç hili tapawudam ýok. Bu ýerde diňe: „türkmen diline döwlet dili hukugyny bermeli“ diýen sözden gorkulýan bolaýmasyn? Ikidillilik – kimdir biriniň: „şeý diýsem-ä sözlerimden milletçilik ýokundysyny tapyp bilmäýseler gerek diýen gorky astynda tapan sypjyk söz aňlatmasy bolaýmasyn?
Şeýledir. Ýogsam beýdip bir zada iki at berilmezdi. Oýlanyp görüň: ýerli halkyň-a türkmen diline döwlet dili hukugy beriläýende-de rus dilini öwrenmän, özleşdirmän gitjek ýeri ýok. Her bir döwrebap adam ony edil öz ene dilini bilişi ýaly biläýmelidigine düşünýär. Şol dili bilmedik adamyň dünýä edebiýatyndanam, sungatyndanam, ylmyň ýeten derejesindenem bihabar galjakdygam görnüp dur. Ol dili biz milletara gatnaşyk dili hökmünde mundan bu ýana-da ürç edip öwreneris. Oňa giň ýolam açarys. Ýeke bir rus diline däl, respublikamyzyň içinde ýaşaýan beýleki halklaryň dillerine-de giň ýol açarys. Bu hakda hiç hili jedel bolup bilmez.
Görşüňiz ýaly „ikidillilik“ sözüni „ýerli dile döwlet dili hukugyny bermeli“ diýen söz bilen arkaýyn çalşyryp boljak. Bu ýerde hiç hili gorkuly zat ýok.
Bu ýerde diňe öz çagalaryna türkmen dilini öwretmedik, özlerem bir gönendirip barmaýan, çinownikleriň hususy bähbitleri ýatyr. Çünki durgunlyk ýyllarynda-da, ondan öňem diňe şolar ýaly adamlar ýolbaşçy işlere çekilipdiler. Rus dilini suwara bilmese ýa partiýa agzasy bolmasa, demi bilen daş ýarýanam bolsa hiç kimi ýolbaşçy bellemediler.
„Ikidillilik“ diýen bolup, dil meselesini ýene-de öňki-öňkülige tarap çekýän ine, şolar.
Olar şeý diýerler-de birbada, göwnümiz üçin, onda-munda iki dilde ýazylan şygarjyklar asan bolarlar, edaralaryň, köçeleriň atlaryny iki dilde ýazan bolarlar, käbir ýerde iki dilem bilýän adamy goýan bolarlar, şonuň bilenem möwsüm tamamlanar.
Netijede ýerli dil ýene-de ikinji orna geçer. Abraýdan gaçar. Müzzerer.
Aslynda biz ozalam ikidillilik ýagdaýyndadyk ahyryn. Biz şu günem ikidillilik ýagdaýynda. Biz ozalam iki dil bilýärdik, häzirem bilýäs. Gelejekde-de bileris.
Ýerli däl halklar welin türmen dilini öňem bilenokdylar, ýerli dile döwlet dili hukugyny bermeseň, döwlet edaralaryny millileşdirmeseň, mundan bu ýana-da bilmezler.
Türkmen diline döwlet dili hukugyny bermeklik – türkmen dilini rus diliniň garşysyna goýmaklyk ýa respublikanyň içinde ýaşaýan beýleki halklaryň duýgusyny kemsitmek däldir. Bu düşünje nädogrydyr.
Gaýtam ýerli halkyň öz ene diline döwlet dili hukugyny bermezlik, ýerli halkyň guýgusyny kemsitmekdir.
Ony milli hukugyndan we buýsanjyndan mahrum etmakdir.
Türkmenleriň içinde henize çenli kemsidilen halk ýokdur. Bardygeldi kemsidilen bolsa-da, onda şol halk ýerli halkyň özüdir. O-da öňi bilen dil zerarlydyr.
Howwa, dil zerarly biz köp kemsindik. Köp kösendik. Köp horlandyk. Emma şonda-da syr bildirmedik. Çydadyk.
Pasportlarymyza atalarymyzyň, enelerimiziň ady, öz adymyz ýoýulyp ýazylanda-da, köne galalarymyzyň, şäherlerimiziň, beýik-beýik şahyrlarymyzyň atlary düýbünden ýalňyş tutulan-da, garry-gurtlarymyz, gara zähmetden başga zady bilmeýän sada daýhanlarymyz şowhunly şäherlerimize gelip dükandan-däkana, uly-uly edaralara, arz jaýlaryna aýlana-aýlana „adam dilinde“ gürläp bilmeýändikleri sebäpli ýüzleri alnyp, it ýaly dalanyp kowulanlaryn-da , öz ilinde özlerini ýat saýyşyp, ýaýdanşyp ýörüşlerini gözümiz bilen görenimizde-de, birinji klasdan tä onunja çenli pagtanyň içinden çykman, pestisit ýuwdup gelen çagajyklarymyz öz ene dillerinde bilbil ýaly saýrap durkalaram rus diliniň diktantyndan ýykylyp, göwün söýen kärine ýetibilmän köýüpler gidenlerinde-de, okuw jaýlarynda türkmençe okudandygymyz üçin partiýanyň şäher komitetine çagyrylyp, hamala jenaýat eden ýaly : „Dagy-duwwara şular ýaly iş edäýseň gowulyga garaşma“ diýen ýaly sowukdan sowuk sözleri eşdip, ýeňsämize käýenç ýelmedip gaýdan gezeklerimizde-de, içinde türkmençe düşünýän ýekeje adamyňam ýokdugy zerarly, şäher edaralaryna türkmençe ýazylan arzalarymyzy, sprawkalarymyzy, hat-peteklerimizi aldyrybilmän gözümize ýaş aýlaşyp ýören gezeklerimizde-de, çagajyklarymyzy ýerleşdirer ýaly türkmençe mekdep tapybilmän, Aşgabadyň içinde egnimizi gysyp entän gezeklerimizde-de sypaýyçylyk üçin syr sakladyk. Çydadyk. Awtobyslaryň, otlularyň / samolýot hakda-ha gürrüňem ýok/, taksileriň içinde, köpçuligiň üýşen ýerlerinde ne magnitafon, ne radio türkmençe aýdym aýtmalydyr ýa geplemelidirem öýtmedik. Wah o zatlar-a baýaky, asyl gepleşmelidirem öýtmedik. Gepleşäýsegem kimdir biriniň „goý“ diýäýerinden çekinip, gözlerimizi tegeleşip gorka-gorka gepleşdik. Telewizorlarymyzyň içinde ata-baba süňňümize ýat bolan wejeralyklary görkezenlerinde-de : „şu zatlary nirede görkezseňiz şonda görkeziň ýöne bize bir görkezmaň, biz beýle halk däl“ diýibilmedik. Kem-kemdenem şol zatlara öwrenişdik. Bar zat şeýle bolaýmalydyr öýtdük. Yzasy depämize çykyp gitse-de dişimizi gysdyk.
Ine, şol dişgysdylygymyzam bizi şu güne saldy.
Eger-de dişimizi mundan bu ýana-da gyssak, onda mundanam beter güne düşeris. Häzirki syýasatam bizden geçen ýyllardaky goýberilen ýalňyşlyklaryň ählisinii öz elimiz bilen düzetmegimizi talap edýär. Şonuň üçinem biziň batyrgaýrak hereket etmegimiz gerek.
Kimdir birini kemsiderin diýen gorky bilen öz halkyňy kemsitmeklik ýaly kemlik ýokdur.
Gynansak-da, türkmen diline döwlet dili hukugyny bermekligiň zerur däldigini käte türkmen diliniň kämil dil däldihi bilen , käte onuň respublikamyzyň içinde ýaşaýan beýleki halklaryň üstünden agalyk ediji dile öwrüläýmek howpunyň bardygy bilen, käte bolsa rewolýusiýadan öň türkmen halkynyň çar tarapdan urulyp-çapylyp gelnen, bütewi döwleti bolmadyk çarwa halk ekendigi bilen düşündirjek bolýanlaram bar.
Geliň gowusy düşünişeliň!
Birinjiden-ä diliň kämil ýa näkämili, beýigi ýa näbeýigi bolmaz. Timar berseň hemme dilem kämildir. Galyberse-de ýetmiş ýyl bäri dil üstünde işläp gelen onlarça, alymlaryň çeken zähmetleri nirä siňipdir? Ähli türki dilleriň özeni bolup duran dile, müňlerçe ýyllyk taryhy arka atan kämil dile, „kämil dil däl“, diýmek günädir. Eger-de onda näkämillik bar bolsa, biz ony düzederis. Gerek bolsa täze-täze sözlerem ýasarys. Ýatdan çykarylan gadymy sözlerimizi tapmak üçin, birmahallar serhet baryny söküp giden babadaşlarymyzyňka gezmäge gitmäge-de ýaltanmarys. Öz dilimizi hiç bir diliň öňünde kemem saýmarys. Saýdyrmarysam. Onuň döwlet dili bolup biljekdigini aňry ýany bilen subudam ederis.
Ikinjidenem öz öýünde, öz topragynda, öz halkynyň döwlet diline öwrülen dil, nädip agalyk ediji dile öwrülýärmişin?
Kimiň üstünden agalyk ediji dile öwrülýärmişin? Ol özüni baryp biriniň boýnuna atanok ahyry. Ýa basybalyjylyk syýasatynyň netijesinde özüni başga bir ýurduň döwlet dolanyşygyna zor bilen saljak bolanok ahyry. Bu dil häzir bary-ýogy bir wagtlar üstünden atanak çekilen hakyky hukugyny almak isleýär, Dogrusyny aýtsak şu mesele barada gürrüň bolmalam däl. Bu zat aslynda edil iki-ikiň dört bolşy ýaly bolaýmaly zat. Siz, Ýaponiýada döwlet dili Ýapon dili bolmalymy ýa başga bir dil bolmalymy, diýen soragy göz öňüne getirip görüň.
Uly bolsun, kiçi bolsun türkmen halkam ýer ýüzünde bar halk. Sanynyň köpdügine ýa azdgyna seredip halkyň hukugyny kemeldip ýa ulaldyp bolmaz. Döwlet diýlip, Respublika diýlip yglan edilen bolsa, özbaşdak döwlet gerbi, döwlet gimni, döwlet baýdagy bar bolsa, nämüçin ala-böle onuň öz dili öz döwlet dili bolmaly dälmişin? Bu hakda hiç hili iki pikir bolup bilmez.. Ikidillilik hakda-ha gürrüňem bolup bolmaz. Dil bir ýa bäş-on sany adamyňky däldir. Ol halkyňkydyr. Ol meseläni çözmelem, çözjegem halkdyr. Bu meselede hökmürowanlyk etmäge hiç kimiň haky ýokdur.
Agalyk etmek baradaky pikirimizi jemläp aýtsak bolsa W.I.Leniniň : „Ähli respublikalarda rus dilini döwlet dili kökmünde girizmeklik — rus dilini beýleki dilleriň üstünden agalyk ediji dile öwürmeklik bolardy“ diýen sözlerini ýatlamaklyk ýeterlikdir.
Hernäçe progressiw syýasata ýugrulan bolsa-da, agalyk ediji rola eýe boldugy, şol diliň ýerli dil üçin agressiw häsiýete öwrülýändigini özüniň „Tillerim“ atly goşgusynda 18-nji asyryň görnükli şahyry Şeýdaýy hem taryhy nukdaý nazardan aýdyp geçipdir. Gulak salyň :
... Arap, Ajam her bir zada goşuldy,
Sanly düzgün bilen saýran tillerim...

...Arap dili boldy sözler güýesi,
Dartyşyp dört ýana süýrän tillerim...
Şeýdaýy bu ýerde diňe arap dilini göz öňüne tutanok. Ol „Ajam“ diýmek bilen şu toprakda hökmürowanlyk edip, ýerli halkyň dilini, däp-dessuryny, medeniýetini „zorlan“ ähli halklaryň eilnden dat edýär. Onuň içine araplaram, parslaram, mongollaram, greklaram girýär. Emma biz gynansak-da Şeýdaýy ýaly gönümizi aýdyp bilemizok. Gorkýas. Eger-de Şeýdaýy şu günki gün ýaşan bolsady, onda şol agzalanlaryň içine gürrüňsiz, ruslaram girerdi. Çünki ak patyşa Orta Aziýany basyp alandan soň rus intelligensiýasy Orta Aziýa işe gaýdýan çinowniklerden bar zady öňi bilen ýerli dili öwrenmekden başlamalydyklaryny talap edipdirler.
Bu şeýle-de bolupdyr.
Bu asyl respublikamyzyň ilkinji ýyllarynda-da şeýle bolupdyr, 1928-nji ýylyň 16-njy maýynda, Türkmenistan Merkezi Ižrakomynyň /ikinji çagyrylyş/ üçinji sessiýasynda döwlet edaralaryny millileşdirmek /ýerli dile geçirmek/ meselesi barada N.Aýtakowyň hut özi doklad edýar. Maslahat geçirýär. Şol maslahatdan soň 31 punktdan ybarat karar kabul edilýär. /Ol punktlaryň käbirini filologiýa ylymlarynyň doktory, Tagangeldi Täçmyradow žurnalist Täçmämmet Hürmenow bilen eden gürrüňçiliginde hem agzap geçýär. „Türkmenistan agitatory“ žurnaly №8 1989/. Şol punktlaryň köpüsinde, respublikanyň içinde ýaşaýan her bir adamyň hökmany suratda ýerli dili bilmelidigi, ýerli dili öwrenmekden ýüz öwren ýolbaşçylaryň gullukdan boşadyljakdygy, hatda jogapkärçilige çekiljekdigi öwran-öwran nygtalýar. Özem şol dokument henizem ýatyrylanok. Öz güýjünde/.
Emma gynansak-da soňky ýyllarda milli syýasat, şol sanda dil meselesi hem köp halatlarda ýoýulmalara, bozulmalara sezewar boldy. Rus dili W.I.Leniniň aýdyşy ýaly assa-ýuwaş beýleki dilleriň üstünden agalyk ediji dile öwrülip başlady. SSSR-iň territoriýasynda ýaşaýan birnäçe kiçi halklaryň dilleri tas ýiteňkirledi. Birnäçesiniňki ýitdi.
Orta asyrlarda arap diliniň türki dilleri babatynda bolşy ýaly rus dilem agyr melamata golaýlaşdy. Onuň üstüne taryhyň öňünde ýüzügara bolmaklyk howpy abandy.
Ýerli dillere döwlet dili hukugyny bermeklik bir tarapdan rus dilini hut şol agyr melamatdan, howpdan halas etse, başga bir tarapdan SSSR halklarynyň gil meselesi zerarly pese gaçan medeniýetini, sungatyny dikeltmeklige ýardam eder. Üýtgedip gurmak syýasatynyň iň bir progressiw taraplarynyň birem şudur. Ol syýasat bizdenem häzir şu meseläniň gaýragoýulmasyz çözgüdini talap edýär.
Üçünjiden: „Rewolýusiýadan öň türkmenler nadan bolupdyr, hatsyz, sowatsyz bolupdyr diýen ýaly kemsidiji sözlerden biz ýetmiş ýyl bäri bizar bolduk.
Ýeri onsoň gel-gel indi şu günki günem: „Düýn-öňňun dälmidi sizi Buhara emiriniň, Hywa hanlygynyň, eýran şalarynyň urup-uşadyp ýöreni dil dawasyny edýänçäňiz-ä oturyň şu günüňize kaýyl boluň-da“ diýip, ýüzümize basyp dursalar näme diýip näme aýtjak?
Bu ýerde-de düşünişmeli, aýyl-saýyl edişmeli zat juda kän.
Mysal üçin: Türkmen halky çarwa bolsa-da, edil bu günki gün „sen bir otursana“ diýer ýaly geçmişde gaty bir görenden gep çekip ýören nalajedeýin bolaýanam däldir. Atarmanlygy, çaparmanlygy zerarly gaýtam ýokarky agzalan hanlyklaryň, emirlikleriň özleri şulardan dat eden bolaýmasynlar?
Eýrandan topy-tophanasy bilen gelen Hemze Mürze-de, Hywa hany Mädemin hanam şu toprakda amana gelendir.
Ak patyşanyň goşunam Orta Aziýa boýunça diňe şu halkdan gaýtawul görendir.
Onsoňam bolup geçen çap-ha-çaplyklary hasaba aljak bolsak geliň onda Gökdepe galasynda bolan gyr-ha-gyrlygam ýatlalyň.
Biziň düýn-öňňun çarwaçylyk edendigimizi ýüzümize basjak bolup duran adama biz gerek bolsa türkmen halkynyň baryp-ha orta asyrlarda Hytaýdan tä Kiçi Aziýa çenli, Gruziýadan tä Yraga çenli aralygy öz içine alýan beýik imperiýany – Seljuklar imperiýasyny döredendigini hem ýatladyp bileris.
Ýatlajak bolsaň ýatlan şekilli ýatlasaň ýagşy. Bolmasa-da ýatlamadygyň ýagşy.
Türkmen halky birentekleriň pikir edişi ýaly düýbünden hatsyz, sowatsyz, medeniýetsiz bolan halkam däldir. Bu halk geçmişde dünýä ajaýyp arhitektorlary, çüýşegärleri, zergärleri, şahyrlary, batyr serkerdeleri beren, özbaşdak şekillendiriş sungaty, hatda özbaşdak elipbiýi, ýazuw grafikasy bolan halkdyr.
Bu pikirimizi biz ýene-de şol Şeýdaöynyň „Gözel ýigrim bäş“ atly goşgusynyň üsti bilen düşündirip bileris.
...Ýedisinden owaz çykyp,
On sekizin tartar çekip,
Üç müň ýaşda ömrüň ýakyp,
Geçirdik gözel ýigrim bäş...
Diýmek bilen ol şol elipbiýiň ýigrimbäş belbiden ybarat bolandygyny, näçesiniň çekimli, näçesiniň çekimsiz bolandygyny, üç müň ýyllap dowam edendigini, „ömür sürendigini“ birin-birin aýdyp dur.
...Şeýdaýy diýer bar beterler,
Seniň üçin ýas tutarlar,
Şu wagt kem-käs tutarlar,
Ýiter sen gözel ýigrimi bäş...
diýmek bilen bolsa, şol elipbiýiň ýitip barýandygyny, basym düýbünden ýitip gitjekdigini uly pygan bilen beýan edýär.
Bujagaz mysal biziň geçmişde bisowat bolmandygymyzyň subutnamasy. Şu ýerde ýerini peýläp ýatsak, eger-de ylymlar akademiýasynda ýörüte topar döredilip, şol topar ýaňam bir ýerde belläp geçişimiz ýaly, taryhy sebäplere görä türkmen halkynyň ýaýran ýurtlaryna saparlara iberilse, Orhon – Ýeniseý ýazgylarylarynyň üsti bilenmi garaz şol grafikany tapmak mümkin. Eger şol tapylaýsa, onda arap grafikasyna geçmelimi, latyna geçmelimi ýa krilisa bilen oňubermelimi diýen ýaly jedelleriňem soňuna çykyljakdygy ikuçsyz.
Arap grafikasyna geçmekligi-hä biz şu wagtam unamaýarys. Çünki o-da biziň öz „gandüşer“ grafikamyz däl. Boýnumyza dakylan. Onuň bize haçan gelenem, kim tarapdan getirilenem görnüp dur.
Biz diňe „gözel ýigrim bäşi“ gözlemeli. Şony tapmaly. Diňe şondan soň haýsy grafika geçmek barada gürrüň gozgamaly. Ondan bärde gozgamaly däl. Bardy-geldi başga grafika geçilmeli bolaýanda-da biz-ä latyna geçilmeginiň tarapdary. Öňi-soňy amanat geýim geýjek bolsaň gelşiklirägini geýeniň ýagşy.
Öz dilimize döwlet dili hukugynyň berilmegini talap etmek bilen, respublikamyzyň içinde ýaşaýan beýleki halklara kembaha garamak islemeýändigimize, gaýtam diňe şeýtmek bilen hakyky agzybyrligi, oňşuklylygy gazanmak isleýändigimize bolsa her bir yüregi päk adam düşüner.
Çünki, dil adamy ysnyşdyrýar. Mährem edýär. Mähribanlyga getirýär. Öz diliňde gürläp oturan adama asla başga millet diýmäge diliňem baranok.
Eger-de her bir sowet graždany özüniň ymykly baran ýerinde ýerli dili öwrenip, däbini-dessuryny tüýs ýürekden sylan bolsady, onda şu günki ýüze çykýan näsazlyklaryň hemmesi-hä diýmäýin weli köpüs-ä bolmazdy.
Rewolýusiýadan, Beýik Watançylyk urşundan öň, Türkmenistanda ýaşaýan, işlän, türkmen dilini we türkmen halkynyň edim-goýumyny bäş barmagy ýaly bilen, sylan rus alymlarynyň ajaýyp ömürleri muňa aýdyň mysal bolup biler.
Olardan akademik, ajaýyp gündogarşynas, ýeke bir ýerli dili bilmek bilen çäklenmän, eýsem Hojaly molla bilen oba-oba aýlanyp ýören wagtlary türkmen geýiminem geýen A.N.Samoýlowiçiň, folklorçy, köne döwür edebiýatyny öwreniji, türkmen obalaryna her ýylda üç-dört gezek ylmy ekspedisiýa guran, Ata Salyh, Ata Gowşudow ýaly tebigy zehinleriň ýüze çykmagynda uly rol oýnan A.P.Poseluýewskini, Ata Gowşudow, Nazar Kürräýew dagy bilen toplan türkmen ertekileriniň ýer ýüzüne ýaýradan N.A.Sakalinyň, O.I.Şadskaýanyň, N.F.Lebedewiň, N.K.Dmitriýewyň, obama-oba aýlanyp türkmen aýdym-sazlaryny toplan W.A.Uspenskiniň atlaryny tutmak ýeterlikdir.
Türkmen halky bilen hakyky manysyndaky ysnyşygyň şol alymlary durmuşda-da, ylymda-da näderejede ýokary göterendigini okumuş adamlar bilýändirler.
Nebsimiz agyrsada sowet häkimetiniň soňky ýyllarynda şeýle adamlaryň atlary barha we barha seýrekledi..
Saragt raýonynda ýaşaýan nemesleriň toýda bagşynyň dyzyny penjeläp, aýdym diňläp oturan pyrsatlaryny men özümem köp gördüm. „Maňa köneden aýdyp ber!“ diýip, bagşa pul zyňyp oturanlarynam gördüm. Şonda men her gezek olara seredip içimden: „Ine, hakyky dogan şular ýaly bolmalydyr“ diýerdim. Guwanardym. Öz ene dilimiň başga halkyň ogul-gyzlarynyň dilinde hem edil öz ene dilleri ýaly arassa çykýandygyna buýsanardym.
Altmyşynjy ýyllaryň ortalarynda Saragt raýonynyň „Leninizm“ kolhozynda ýaşaýan uruş weterany Gylyçýaz Saparowyň öňünde çaý içip otyrkak, Gylyçýaz aga oturanlara ýüzlenip: „Öten agşam daňdanaralar daş çykdym welin, aý batmaga adam boýy galan ekeni. Görsem aýyň sag tarapyndan edil bir gulaç ýaly uzyn, ýagty zolak çykyp dur. Meniň-ä aklym haýran galdy şoň nämedigine. Ýa gözüme dagy görünäýdimikä“ diýdi. Hiç kimden ses çykmady. Ahyram häliden bäri sesini çykarman oturan bir nemes ýigidi çalarak gobsundy-da „Gylyçýaz aga, öňa türkmenler aý gulaklapdyr diýýäler“ diýdi. Şol pursat heniz ýadymdan çykanok. Çykmazam. Öz özboluşlylygyňy ýitirmän, bütin durkuň bilen ýerli halkyň süňňüne siňmek ýaly ajaýyp häsiýetiň ýokdugyna men baryp-ha şol wagtlar göz ýetirdim.
Şu babatda buýsandyryjy faktlar respublikamyzyň beýleki obalarynda-da, şäherlerinde-de kändir. Türkmen dilinde gürleýän ermeniler, kürtler, azerbaýjanlar, ruslar,tatarlar Aşgabatda-da, hat-da biziň öz edaramyzda-da kän.
Eger-de türkmen diline döwlet dili hukugy berilse, başgalaram türkmen dilini öwrenerler. Netijede mähribanlyk artar. Ýokarky getiren tymsallarymyz ýaly ýakymly wakalar köpeler. Bu ýerde diňe utuş bar. Bu utuşy gazanmak gerek. Muny bizden häzir döwür talap edýär.
Geliň ýüzümizi halka tarap öwüreliň! Wezipe, iş, kürsi barybir bizden gider. Bir gün öň gitmese bir gün soň gider. Özümizem gideris. Halkymyz bolsa ýaşamaly. Ösmeli. Kämilleşmeli. Ýene-de million, milliard ýyl geçensoňam özüniň haýsy halka, degişlidigini aňlatmagy üçin, öňi bilen ene dilini gorap saklamaly.
Halkyň daş keşbi üýtgäp biler, geými, oturşy, hatda döwre görä hüý-häsiýetem üýtgäp biler, ýöne dili welin saklanmalydyr.
Şol mesele, mukaddes borç şu günki gün biziň boýnumyzda. Şu gün aýgytly öwrüm etmesek, ýöwsellesek, gelejekki nesillerimiziň öňünde edil ekologiýa we ýadro ýaraglary babatyndaky ýaly ulllakan günä iş etdigimiz bolar.

Aşgabat. Iýun, iýul 1989 ýyl.
Türkmen radiosynyň birinji programmasy.


Категория: Türkmen dili | Просмотров: 19 | Добавил: Admin | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Juma Hudaýguly awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar