19:55

Şahyjahan - Hekaýalar


Awtor:
Bölüm: Hekaýalar
Materýal: Şahyjahan

ŞAHYJAHAN

Gijäniň bir wagtyna çenli ussahanadan çykman işläýmek endigim bar. Iş gyssag bolsa ýa halys gümralyk bassa, ýatymlyk galaýdygymam ýok dal. Daş-töweregiň umsümlik. Gündizki goh-galmagaldan nam-nyşan ýok. Goňşy ussahanalardaky uzynly gününi içip geçiren ýoldaşlaryň in soňkusam yraň-daraň öýüne gaýdar. Gapyňdan geçip barşyna, beýdip, gije-gündiz işlän bolup seniňem gala almajakdygyň barada «wazzyk-wuzzuk» söz sözlär. Giň howlynyň bary-ýogy ýigrimi-otuz ädimlikdäki derwezesine ýetýänçä ýarym sagat dagy eglener. Her ädimde durup çilim otlar. Bir gezek sorup-sormanka-da elinden gaçyrar. Öçürer. Seň gapyňa tarap ýüzüni küsserdip durşuna: «Eý-eý, oduň ýokmy-e-eý?» diýip gygyrar. Dik duran ýerinden balagynyň gonjuna syçradyp buşugar. Iliklerini ildiribilmänem ep-esli güýmener. Çermegini çeker. Öwran-öwranam düş-düşüň kerebinden goranýan ýaly, aýasyny ýüzünden ýöredip goýberer. Henizem seniň ot eltip bereriňden tamakin bolup durşuna ellerini kelemenledip: «E-eý enteg-ä elime burnum bildirýär-eý» diýip hikir-hikir eder. Sebäbi şolaryň öz «iş tejribelerine» görä, şeýdeniňde ýüzüň ustünde burnuň bardygy aýaňa bildirse, entek serhoş bolmadygyňmyşyn. Entek-entekler içibermelimişin. Bildirmese welin, ýetjek derejäňe ýetdigiňmişin. Gös-göni öýüňe gaýdybermelimişin. Şonuň uçinem, olar öz aralarynda degşip, köp içýänlere: «buruny», onçakly köp içmeýänlere bolsa «biburun» diýip lakam dakýar. Bu-da bir olaryň öz neşejikleri.
Ine, onsoň şol, in soňky «burunydan» dynybilseň bolany. Şondan soň imisalalyk bolýar. Çekip duran suratyň bilen ýüzbe-ýüz durup pikir ýüwürtmäge, doly manysynda işlemäge mümkinçilik döreýär.
Men bu ýagdaýa werdiş bolan adam. Bir gün däl, bir hepde ýa bir ýyl däl, elmydama şeýle. Dogrusyny aýtsam, başgaça işlemek mümkinem däl. Gündizlerine dagy eli boş pyýadalaryň ellerine bir çüýşe arak alyp ýörite oturmaga geläýdiklerem ýok däl, «Bir gowuja zat duşdy welin, açaryňy bersene» diýip, boýnuny burup oturanam bar. Her kim öz «işiniň» bitenini bilýändir. Aty çykan ýaly ýyrş-ýyrş edip oturyşyna dişiniň suwuny çekip gaýtam, ýene-de şol diýenini gaýtalap oturandyr. Ahyram öýkeläp gider. Seniň bolsa hem wagtyň köýer, hem zehiniň. Işläb-ä däl, arkaýyn oturyp ýa ýatyp dynjyňam alyp bilmersiň.
Şonuň üçinem, iň gowusy, gijräge çenli galyp işlemek.
...Şol günem men işden giç çykdym. Gapynyň agzynda duran maşynymy otladym. Birdenem sowujak ýel öwüsdi-de, gök gürläp, ýagyş ýagmaga başlady. Gel-aý, şu ýerde ýatybereýinem bir diýdim-de, ýene-de niýet edenimden soň yza dönmäni kyn görup ýola düşdüm.
Men şäheriň günorta çetindäki, täze raýonlaryn birine gitmelidim. Ussahanam bolsa şäheriň demirgazyk tarapynda. Şonuň üçinem, şäheri başdan-aýak kesip geçmelidim. Ýagyş gitdigiçe güýjäp başlady. Ýöremek kynlaşdy. Asmandan zemine tarap gyýaklap inýän iri-iri damjalary baharyň porhan ýeli ýanbaşyna dolap alyp ýaňadandan dikbaşşak inderýän pursatlary on ädim öňüňdäkinem saýgaryp bolanok. Maşynyň depesine, kapotyň üstüne palçyldap düşýän dola pisint çabgalar gulagyň agzynda edil, nagra kakýan ýaly güňleç, dygysyz tabyrdy turzup, bir hili kalbyňa wehim salýar. Sürüjilik ukybyňy azaldýar. Aljyradýar. Bir gyra sowulaga-da ýagyş diňýänçä garaşaýasyň gelýär. O zatlaryň üstesine birdenem, ýeri-gögi lerzana getirip gök güburdeýär-de, ýiti, sowuk ýyldyrymyň şöhlesi maňlaýyňy dilip, beýniň daşyndaky çig hamy serpip-serpip goýberýär. Edil depäňden düýrme gylyç inen ýaly yzasy ýüregiňi syhap-syhap gidýär.
Şäheriň ortarasyna golaýlaberenimde mähellesi azalan, çola köçäniň gyrasy bilen iki çagasynyň elinden tutup ylgaşlap gelýän ýaş gelne gözüm düşdi.
Ýaz aýy hem bolsa, bu ezber ýagyşda olaryn eşikleriniň beýle ýukadygy meni geň galdyrdy. Gelin käte aýak çekýärdi, bir zatlar diýip siltenýärdi we çagalarynyň elinden tutup silkeleýärdi. Käte bolsa olary gezek-gezegine goltugyna alýardy, oturyp bagryna basýardy. Aýasyny kelleleriniň üstüne goýup, ýagyşdan penalaýardy. Kimdendir birinden haraý gözleýän ýaly töweregine garanjaklaýardy. Her bir geçen maşynyň çyrasyna tarap ýapyrylyp-ýapyrylyp seredýärdi.
Onuň ysgynsyzlyk bilen elini galdyranyny görüp, maşynyň tizligini ýuwaşatdym. Azajyk geçibem saklandym. Ekiz owlakly jeren ýaly ylgaşlap gelen gelin maşynyň deňine ýetip kürtdürdi.
—Wah, bulam taksi däl ekeni...— diýip, yza serpildi. Eýýämhaçan maşyna münmek üçin gapyny dyrçanaklap ugran çagalarynyň gollaryny gabsadan dartyp aldy. Meniň maşynymyň üstaşyry boýnuny süýndüre-süýndüre ýoluň eýlesine-beýlesine seretdi. Başga-da bir gelýän-gidýän maşyn görunmänsoň, yzky gapyny zarp bilen açdy-da, howlukmaçlyk bilen:
—Bizi wagzala taşlap bilmezmisiňiz, jan dogan?.. — diýdi. — Taksam duranok. Çagalaram gorkjak bolýalar.
— Taşlaýaryn, näme taşlaman, münüň — diýdim. Münýänçäler assyrynlyk bilen syn etdim.
Çagalarynyň ulujasy-ha gyz. Bolaýsa bäş-alty ýaşlarynda. Beýlekisi oglan. Ýöne gyzjagaza görä has ýaş. Ýaňy aýak bitenje diýilýäni.
Gelniň boýy ortamyýanarak. Käte bir asmanyň ýüzüni ýalap gidýän ýyldyrymyň ýagtysyna ýüzüniň akmapraçdygyny aňmak bolýar. Şol aralykda ýalpyldap gidýän ýaňaklary, onuň öl suw bolan eşikleriniň astyndaky beýigi-pesi mese-mälim bolup görünýän endamynyň tep-terjedigini mälim edýär. Alagaraňky hem bolsa men onuň dodaklarynyň ýukadygyny, ýüzüniň inçeräk, burnunyň gönümeldigini, galam degmedigem bolsa gaşlarynyň edil, el bilen çyzylan ýaly nepisdigini, göwsüniň ýaýbaň, babyr bilek, ner but gelindigini aňdym. Gözellik hudaýynyň nazar salan bendesidigine garamazdan, öz öýüniň keşigi bilen başagaý bolup ýören öýdeçi naçardygy bolsa onuň üpül-süpül geýnişindenem bildirip durdy.
Wokzala taşla diýse-de, nämüçindir elinde goş-golam görnenok.
Maşynyň içine girip ýerleşenlerinden soň, men çat manlaýymdaky aýna bakyp, yzky oturgyçdaky üç sany suduryň ortakysyna ýüzlendim.
— Demirýol wagzalynadyr-la?..
— Hä? Wiý, howwa, demirýol, demirýol...
Ýaman zady göwnüňe getirmek gowam däl welin, boluşlaryndan çen tutup, obalaryndan bir sowuk habar gelendir-de, bu-da gyr-gyssag ýetişjek bolup barýandyr, adamsam öýde ýokdur... diýen netijä geldim. Ýöne soramaga çekindim. Bir soran zadym şu boldy.
— Ýaman giçläpsiňiz-le?..
— Aý, howwa, şeýle boldy-da, nätjek-dä...
— Eýgilikmi özi?
— Howwa, howwa, eýgilik. Gowulyk.
Şondan artyk zat soramanymy kem görmeýändigini aňlatmak üçin bolsa gerek, gelin maňa kän bir ünsem bermän çagalary bilen boluberdi.
Wokzala baryp duranymyzdanam yzky gapynyň wagty bilen açylmaýandygyny geňläp, ýene-de aýna seretdim. O ýerini, bu ýerini sermeläp, çagalarynyň gulagyna bir zatlar diýip pyşyrdap oturan gelin birdenkä maňa tarap egildi-de, kynlyk bilen:
— Jan dogan, gyssagara kör-köpüksiz gaýdyberipdiris... — diýdi.
Men güldüm. Dilime gelenem şu boldy.
— Puluňyz bolanda-da men-ä pul alman welin, ýöne otla nädip münjek?..
Gelin esli mahal sesini çykarman oturdy. Böwrüni diňledi. Ýuwaşja, özem diýseň näumytlyk bilen: —Belki, özüňiz ýaly hudaýlykla bende duşaýady-da — diýdi-de, maşyna münenlerine monça bolşup, gaz balalary deý garkyldaşyp oturan çagajyklaryny gyssady. — Goýuň sesiňizi. Duşüň basymrak. Boluň, boluň...
Men içimdäkini daşyma çykardym.
—Bolmasa men size ýol kireý beräýeýin? Bir şäherde ýaşaýan ekenik, haçan gowşuranyňyzda name. Adamçylykda bolýan zatdyr...
Gelii gyssandy.
—Ýok, ýok. Men sizden pul alybilmen. Taňryýalkasyn. Onsuzam az kömek etmediňiz.
Gelin şeý diýdi-de, maşyndan çykdy. Çagalarynam çykardy. Menem çykdym.
Hiç bolman prowodnikleriň biri bilen gurleşip bir bereýin, bular üçin, diýip oýlandym-da, yzlary bilen zala girdim. Haýsy tarapa gitjekdiklerini soradym. Gatnawyň düzgün-tertibi ýazylan tagta seretdim. Olaryň münmeli otlusynyň ýene-de iki sagatdan ugrajakdygyny anykladym. Otlynyň gelmeli wagty golaýlaberendenem, prowodnikler bilen gürleşmekligem goýbolsun etdim-de, häliden bäri ýanyma gelip-gidip: «Jan dogan, sen bir beýdip durmasana, gaýtsana» diýip zowzuldap ýören gelniň çurt-kesik garşylyk görkezmesine garaman, bilet alyp bermek üçin kassanyň agzyna bardym. Nobata durdum. Gezegim ýetiberendenem, gelin ýuwaşlyk bilen ýanyma geldi-de, garamyk deý gözlerini balkyldadyp:
—Bilet alybam oturmaň, jan dogan, biz hiç ýerigem gitmeli däl— diýdi. Meniň uçursyz geň galandygymy aňyp, özi hakda ýalňyş pikir edeýmezligim üçin, gözlerine ýaş aýlap, şeý diýdi: — Aýtmalam däl welin, halys dogan ýaly direnip duraňyzsoň aýdaýaýyn, adamym bilen tersleşdim. Pyçak alyp kowalady. Çagalarymy alyp zordan gaçdym. Hemişe şeýle-de däl welin, içip gelse şeýle-dä.
Gelin dodagyny dişläp aşak bakdy. — Iküç sany dostsuraşyp ýören pulmesi ýoldaşlary bar. Pälleri bozuk. Niýetleri başa barmansoň her hili gep-gürrüňler bilen ärimiň ýüregini çişirýärler. Menem aýdýan, getirme şolary öýe, şolar saňa dost däl diýýän. O bolsa tersine tutýa. Gelmesin diýýäň welin, şolar bilen bir nemäň bardyr seň diýýä. Goňşy-golamlarymyza çenli bizar boldy gykylyk-galmagalymyzdan. — Gelin elini serip duran oguljygyny goltugyna aldy. Dyzyna ýaplanyp duran gyzjagazynyň başyny sypalady. — Şäheriň ilersinde daýzamlar bar. Hemişe şular ýaly-da şolaňka barýadym. Bu gun olarda-da adam ýok ekeni barsam. Tanyş-bilişleriňkä barmaga bolsa çekinýän bu ýagdaýda. Hiç kime syr bildirmejek bolýan. — Gelin köwşüniň ökjesi bilen wokzalyň mermer duşegine «tyrk-tyrk» etdirdi. — Elewräp ýörşume kelläme gelen şü boldy. Şu ýerde iküç sagat gaýrat etsek daňam atar. Oňa çenli o-da açylar. Açylyşy ýaly gözläbem ugrar-la, işigaýdan. — Ol meniň ýüzüme naýynjar seretdi. — Siz indi gaýdyberiň, dogan. Aldady diýmäň. Nädeýin. Başga alajym galmady.
-Bolmasa başga barjak ýeriňiz bar bolsa eltip gaýdaýaýyn. Bu ýerde beýdip otursaňyzam-a bir hili.
Gelin dodagyny dişläp aşak bakdy. Pylan ýere eltäýiň diýibilmedi. Oňa çenli çagalaryň biri «suw» diýse, beýlekisi «nan iýjek» diýşip, myňňyldamaga başladylar. Men bufete ylgadym. Bireýýäm ýapylypdyr. Restoranyň bolsa gapysyndanam garar ýaly däl.
Soňabaka adam köplüginden ýaňa oturara-da ýer tapylmady.
Gelniň baş depäp garşylyk görkezmegine bakman ahyry olary özümiň bir otaglyja külbäme alyp gaýtdym.
...Gelin boş jaýyň bosagasyndan ätländen ýüzüni ak-tam edip gaýra tesdi.
-Hi-i-ih!.. Öýüňizde hiç kim ýokmudy? Hany aýalyňyz? Çagalaryňyz nirede?
Men ýüzümi iki ýana sypajaklatdym.
— Aý... olar üç-dört günlükde oba gidipdiler-de...
Gelin gözlerini tegeledi.
-Onda aýtmaly ekeniňiz-dä, ýaňy. Beýtmeli däl ekeniňiz-dä.
-Wah, gelmelidiler-dä şu gün.
Meniň uly unjä gidendigimi duýup gelin az-kem köşeşdi.
—Ýa bilet dagy alybilmedilermikä? — Ol böwrüni diňledi. Çykyp gidiberjeginem, töre ätjeginem bilmän durşuna duşaly bäri ilkinji gezek ýüzüme ätiýaçly garady.
—Büý-ä gelşiksiz boldy, jan dogan...
—Bolmasa, men oglanlaryň biriniňkä gidäýerin. Ertir irden çykanyňyzda arkaýyn gapyny çekip gidiberiň, özi gulplanar.
—Ol-a hasam bir hili bor. — Gelniň meňzi agaryp gitdi. — Men size göwnügaralyk edemog-a... Ýöne... iliň gepinden çekinýän.
—Kimiň näme işi bar, meň öýüme kimiň gelip, kimiň gideni bilen. Belki, sen meň doganymsyň, belki, garyndaşymsyň...
Gelniň ýüzi ýagtylyp gitdi.
—Ýok, garyndaşyň däl, doganyň!.. Men senin doganyň!.. Doganjygyň.! Sen meniň doganjygym!..
Men çagalaryň goltugyndan göterip töre geçirdim. Eşiklerini çykardym. Wannany, hajathanany görkezdim. Ortarada saçak ýazdym. Barymdan goýdum. Çaý demledim. Hemmesini saçagyň başynda oturtdym. Özümem oturdym. Diňe şondan son gelniň adyny soradym.
Gabaklaryny galdyrman, çagalaryny naharlap oturan gelin dodaklaryny çalaja gymyldatdy.
—Şahyjahan.
—Elhepus, köneden gelen gowy adyňyz bar ekeni.
—Hemme-de şeý diýýä.
Men onuň özi hakda köpräk bilmek uçin gürrüňiň ugruny üýtgetdim.
—Adamyň nirede işleýer, Şahyjahan?
—Yskylatda.
—Nähili sklad ol?
—Bilmedim-dä, dogan. Uly yskylatmyşyn öz-ä. Magazinlere-de şo ýerden ýaýraýamyşyn bar zat.
—Onda günüňiz-ä erbet bolmaly däl.
—Günümiz erbet wagty durmuşymyz gowudy, Ýassyk tapman başymyza gap-çanak goýup ýatan döwrümiz agzymyzam birdi. Aramyzda uruş-sögüşem ýokdy. Günümiz gowulaşyp ugradam welin, durmuşymyz erbetleşip başlady.
—Mesligi göterinibilmändir-dä.
Gelin şol bir aşak bakyp oturyşyna eginlerini ýygyrdy. Aşaklyk bilen meniň ýüzüme seretdi. Ýüzümiň «lap-lap» edip ugranyny aňandanam kirpiklerini aşak goýberdi. — Siz nirede işleýäňiz?
— Ussahanada.
— Siz ussamy?
— Ýok, suratçy.
— Surat alýaňyzmy?
— Ýok, surat çekýän.
— Hudožnikmi?
— Howwa.
— Hm-m... — Ol azajyk dymdy-da, ýüzüme seredip ýylgyrdy. — Şu wagt, ine, şeýdip otyrkak birden çagalaryňyz gapydan geläýse nädersiňiz?
— Men olara: ine, doganjygyňyz geldi diýerin.
— Çagalarynyz-a ynanar welin, aýalyňyz ynanarmyka?
— Ynanmasa-da, ýagdaýyňa düşüner. Aýal aýalyň ýagdaýyna düşunmese bolmaz-a...
— Hemme düşünenogam, jan dogan.
—Hemme düşünmese-de, biziňki düşüner.
Garynjagazlary doýandan, çagalar ejeleriniň dyzyny ýaplanyşyp uka gitdiler. Gelni gysyndyrmazlyk üçin çagalaryna, özüne ýatar ýaly ýer görkezip eýwana çykdym. Yzymdan Şahyjahanyň sesi eşidildi.
— Nireden salmaly bolsa aýdyň, men size-de düşek salyp bereýin.
Bu ses maňa diýseň, ýakymly eşidildi. Ýogsam näme, içinden aýal maşgala girip-çykyp ýörse, bir çüňkde çagajyklar «myrlaşyp» ýatsalar, garyp külbä başga zynat gerek däl ahyryn.
Her niçik-de bolsa, men sypaýyçylyk etdim.
—Ýok, ýok. Özüm salaryn. Şu ýerdejik ýataryn men. Siz arkaýyn ýatyberiň şo ýerde.
Esli mahala çenli aşhanadan ýuwulýan gap-gaçlaryň şakyrdysy eşidildi durdy. Öýde özuňden başga-da janly-jandaryň bardygyny duýmagyň süýji lezzeti meni basym meýmiretdi.
...Gijäniň bir wagty üşäp oýandym. Üstüme ýapar ýaly zat almak üçin içki jaýa boýnumy uzatdym. Görsem, üçüjigem gujaklaşypjyk, uklap ýatyrlar. Penjireden girýän sergin şemalyň ýelginine gelniň çep çekgesinde iki ýana towlanýan şar gara towar saçlaryna, bendi ýazdyrylgy keşdeli ýakanyň içinden akjaryp görünýän alkymyna gözüm düşende dyzmaç göwüslerinden göterilýän süýt gatyşykly hoşroý ys beýnime urdy. Ýuregim joşdy. Yşgym göterildi. Şol dem men bugaryp ýatan gelniň howur berýän ýyly gujagyna tasdanam özümi oklapdym. Bir göwnüm ýeňsämden iterip: «Bar, çekinme, çem gelen döwrany eliňden berme» diýse, bir göwnüm ýeňimden çekip «Nebsiňe haý diý, ynsaba eýer, özüňi hossar saýyp gelen naçaryň namysyna göz dikme, ynamyny syndyrma» diýdi.
Aljyradym, näme gözleýänimi özümem bilmän içki jaýa bir girip, bir çykyp ýörşüme barybir gözümiň gytagyny gelniň gaba göwuslerinden aýryp bilmedim. Öten agşamky, aljyrap ýören biçäre maşgala, göz monjugy ýalyjak çagalara hossar çykyp ýören adam bilen, özüni hossar saýyp öýüne gelen halal maşgala hyýal edip duran adamyň ikisiniňem özumdigine ynanmajak boldum.
Şol wagtam edil, kimdir biri egninden yralan ýaly, gelin böküp ýerinden galdy. Dik oturdy. Alahasyrdy bolup köýneginiň etegini aýaklarynyň uçlaryna tarap çekişdirdi. Ýakasyny ildirdi. Saçlaryny düzedişdirdi. Ýaglygyny daňdy. Aşak bakyp oturdy-oturdy-da, birdenem iki eli bilen ýüzüni tutdy. Aglady. I
Men öňküdenem kyn güne galdym. Baryp köşeşdirjegimem bilmedim, yzyma dönüp ýatyberjegimem. Meniň ejir çekýänimi aňýan ýaly, gelin elini ýüzünden aýyrdy-da, ýaşa dolan humaý gözlerini gözlerime dikip:
—Senem kyn güne goýdug-ow, dogan! – diýdi.
Edil ogurlykda tutulan ýaly boldum.
—Ýok, ýok, arkaýyn ýatyberiň, maňa siziň ýüküňiz ýok — diýsemem ugrum bolmady.
Şahyjahan ýaglygynyň ujy bilen ýüzüni-gözüni süpürdi-de, pert-pert gepledi.
—Ýagdaýyňyza düşünýän, dogan. Erkek tanasyňyz. Göwnüňize her zatlar gelýändir. Ýöne hudaýyň bendesi bolsaňyz ynanyň. Maňa gownügaralyk etmäň. Gümana gitmäň. Meň öýümden, ärimden, şujagaz çagalarymdan başga zat gözüme görnenok. Men sizi dogan saýdym. Şu ýerigem sizden pena islap geldim. Arkadýgym saýyp geldim. Baryň, arkaýyn ýatyň. Azajyk karar etseňiz daň atar, ýüregiňiz giňär, bizem onsoň bu ýerde uzak eglenmeris.
Ýer ýarylmady, menem ýere girmedim.
Ylgap eýwana çykdym. Dik duran ýerimde arkan gaýyşdym-da, gözlerimi ýumup, maňlaýyma ýumrukladym. Oturyp dyzyma urdum. Budumy burdum. Tä ganlar öýýänçä dodagymy dişledim. Emma barybir, puşmandan çykyp bilmedim.
Oňa çenli: «jiş-ş etjek-de, dyz-z etjek» bolşup, çagajyklaram oýandylar. Işlerini bitirip bolanlaryndan soň suwam içdiler. Ejelerinden bir zatlar soraşdyrdylar. Olaryň «wijil-wüjüllerine» gulak asyp ýatyşyma ýene-de ymyzganypdyryn.

* * *
-Bolýa onda, dogan! Biz-ä gitdik. Eden kömegiňize taňryýalkasyn, Alladan gaýtsyn!
Böküp turdum. Görsem, gapynyň agzynda üçüjigem biri-biriniň elinden tutup, gitmäge hyýallanyşyp durlar. Düşekler ýygnalypdyr. Içeri süpürilipdir. Öý goşlarynyň ählisi tertipleşdirilipdir. Men gözümi ýumruk ýaly edip durşuma uky garyşykly gyryljak ses bilen:
- Çaý bir içip gidiň ahyry—diýdim.
- Ýok, dogan, gideli. Eýýäm gözläp ýörendir o görgüsi ýaman bizi. — Şahyjahan şeý diýdi-de, kynlyk bilen yzyna öwrüldi. Çykjak wagty sägindi-de, çagalaryna ýüzlendi. — Hany, daýyňyza sag bol diýiň!
Çagalar ýüzüme seredişip eljagazlaryny galgadyşdylar. «Sawwol, sawwol» diýşip jedirdeşdiler. Indi kakka gideli, kakka, kakka diýşip, ejeleriniň dyzyny gujakladylar. Gözjagazlaryna ýaş aýladylar. Olaryň bolup duruşlaryny görüp, Şahyjahan bozuldy. Menem birhili boldum.
Gapydan çykansoňlaram çagajyklaryň şadyýan sesjagazlary eşidildi durdy.
Men bir pursat doňan ýaly bolup durdum. Dälizden eşidilýän sesler daşlaşdygysaýam ýüregim çalt-çaltdan urmaga başlady. Gyssagara beýnimiň içinde dürli pikirler at saldy. Olaryň haýsy birini eýerläp münjegimi bilmän durkamam, sag elim işigiň tutaryna ýetdi. Men gapydan çykyp, aýlaw-aýlaw basgançaklar bilen aşak düşüp barýan myhmanlara tarap egildim.
-Şahyjahan!..
Gelin saklandy. Ýokaryk seretdi. Çagajyklar gözlerini ýyldyradyşyp maňa seretdiler. Daýy hoşlaşjak bolýandyr öýdüp ýene-de eljagazlaryny buladylar. Men bokurdagymy arçadym.
—Maşynly eltip gaýdaýaýyn, bolmasa?..
—Ýok, ýok, özümiz bararys.
—Dur onda, taksi puly bereýin.
—Ýok, ýok, gerekgä. Taňryýalkasyn. Bizi mundan artyk borçdar etme, dogan. Awtobusa münäýeris. Bildimiz ba...
Ol ýene-de çagajyklarynyň elinden tutup aşak ugrady. Men batlyrak gygyrdym.
—Şahyjahan!— Ol saklandy. Boz-ýaz bolup bärsine bakdy.— Şahyjahan, bir gelip gitsene!
Şahyjahan uludan demini aldy. Bir maňa, bir çagajyklaryna seredip ýaýdandy. Ýuwdundy. Çagalaryna:
—Şu ýerdejik duruberiň, balalar, butnamaň – diýibem, kynlyk bilen maňa tarap ýöräp ugrady!
Garaşyň diýse-de, çagalaram patdyk-sutdyk edişip ejeleriniň yzy bilen gaýtdylar.
Şahyjahan gapa gelip saklandy.
—Näme, dogan?
Men aşak bakyp durşuma ýuwduna-ýuwduna şeý diýdim:
—...Düýn çagalar oba gitdi diýip, menem seni azajyk aldadym. Meniň hiç kimim ýok, Şahyjahan.
Şahyjahan öňküsindenem beter gyzardy. Cecini çykarman yzyna öwrüldi. Nämüçin hiç kimimiň ýokdugy, öýlenip aýrylyşandygym ýa düýbünden öýlenmändigim bilen çigit ýalyjak gyzyklanmadam-da, basgançaklar bilen emedekläp gelýän çagalaryna tarap elini uzatdy.
—Duruň, duruň, ýykylaýmaň, özüm barýan!
Men ýüregimi bire baglap sözümi dowam etdirdim.
—Adamçylykdyr, eger-de adamyňyz gaýra gaýşyp dursa, başga hiç ýere gitjek bolmaň-da, göni şu ýere geläýiň...
Şahyjahan bärsine öwrüldi.
- Siz ýaly ýagşy adamlar has köpräk bolan bolsady, onda dünýäde hiç haçan erbetlik bolmazdy. Men:
- Azažyk garaşyň...— diýdim-de, kürsäp öýe girdim. Bir kagyzjyga işimdäki telefon nomerimi ýazyp, Şahyjahanyň eline tutdurdym. — Kyn görmäň-de, ýagdaýyňyzyň düzelendigini ýa düzelmändigini habar ediň. Hökman habar ediň. Ýogsam men biynjalyk bolaryn.
- Bor, dogan.
Gitdiler.
Bir käse çaý içip-içmän, menem işe gaýtdym. Barmankam jaň edäýmesin diýip howlukdym. Çatryklardaky gyzyl çyra ýaşyl bilen çalyşýança içimi it ýyrtdy. Ýörände öňümden barýan maşynlaryň tizligi juda haýal göründi. Signal bere-bere sürüji barynyň ýagyrnysyny ýagyr etdim. Şahyjahan: «Ärimiň-ä şol bir bolşy» diýip jan etdigi: «Bolaýypdyr! Gaýt! Göni meň ýanyma gel» diýerin. Ýok, gel diýmerin-de, nirede duranam bolsa baryp alyp gaýdaryn. Maňa sen bolsaň bolýa. Çagalaryň bolsa bolubersin. Men olaram edil öz çagam ýaly saklaryn diýerin, iki gezek şowlamadyk maşgala durmuşym barada gürrüň bererin, diýip, hatda aýtjak sözlerime çenli içimden gaýtalap-gaýtalap geldim. Wah, o görgüliniň bar günäsi ýuwaşlygydyr, sadalygydyr, aýagynyň dyrnagyny reňkläp ýörenlerden bolanda ojagaz ärsumak oňa ýaranyp gün görse-de kaýyl bolardy-la diýip, dişimi gyjadym. Şeýle mähriban maşgalanyň, şeýle mährem çagalaryň şeýdip gijeden-gije entäp ýörüşlerine gynandym.
Ussahana baranymdan soňam elim işe barmady. Şo-ol, telefona bakyp imrindim oturdym. Başga biri jaň etse ýokuş gördüm. Gepleşenimde sowuk-sala gepleşdim. «Pohmel» etmek üçin ikiden, üçden üýşüşip ugran «burunlardyr» «biburunlar» bilenem lak atyşmanymy kem görmedim. Biri karz pul sorap geldi, berdim, şonuň bilenem olardan ymykly sowuldym.
Günortanaralar telefondan şol agşamky mylaýym ses eşidildi. Ýöne, ol ses indi agşamky ýaly gussaly däldi. Şadyýandy. Parahatdy. Aňyrdan bir ýerden erkek adamyň ýadaw, zorruk sesi, çagajyklaryň jykyrdysy, telewizoryňmy, radionyňmy, «wagyrdysy» gelýärdý.
Şahyjahan adamsynyň özüni diýseň gowy garşylandygyny, edil aýdyşy ýaly daňdandan bäri özlerini gözläp, dogan-garyndaşlarynyňka aýlanyp çykan ekendigini, gaýdyp içmezlige, gepe gitmezlige, tersleşmezlige söz berendigini, özem bu gezekki söz berşiniň öňkülerine görä has üýtgeşikdigini, hatda çagalaryny bagryna basyp aglandygyny hyjuw bilen, hopugyp-hopugyp gürrüň berýärdi.
—Çagalar dagy, jan dogan bir begendi-i, bir begendi-i, heý goýaý!.. Alýo, alýo! Eşidýäňizmi? Gaýgy edip ýörmäň, hemmesi düzeldi. Sag boluň. Ýene-de bir gezek taňryýalkasyn!.. Alýo, alýo...
Trubkanyň elimden gaçanynam bilemok, özumiň goýanymam. Bir görsem telefonyň üstünden penjeläp oýa batyp otyryn. Gulagymda bolsa Şahyjahanyň soňky sözleri dyngysyzlyk bilen gaýtalanyp dur.
Birdenem gepleşigiň birmahallar kesilendigini hem unudyp, trubkany täzeden göterdim-de, uly ilim bilen:
—Bolýa, doganjygym! Bolýa! Şol güler ýüzli çagajyklar ýetim galmasalar bolýa. Biz näme... Ikimiz näme... Biz... Biz hiç... Biz... Biz... Biz nam bolsak şol bolaly... — diýip gygyrdym.
Öz sesimiň trubkadan aňryk gitmeýändiginem, telefonyň birsyhly «guk-guk» edip durandygynam men diňe şondan soň bilip galdym.

SOŇY.

Juma Hudaýguly


Категория: Hekaýalar | Просмотров: 14 | Добавил: Admin | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Juma HUDAÝGULY awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar