12:41

Tapagan -4 - Romanlar


Awtor:
Bölüm: Romanlar
Materýal: Tapagan -4

• Ýedinji kyssa

• HAKYKAT — GULP, ÝALAN — AÇAR

Saganaly obasynyň ilersinden — çöletekden täsin bir kerwen gidip barýardy. Iň öňde Atda, onuň gapdalynda-da başy saman şlýapaly, aýagy brezent ädikli, gözi gara äýnekli, eli kartadyr kompasly bir şilliň uzyn pyýada, bularyň yzynda-da üsti äpet butkaly ýük maşynmydyr, tanka meňzeş traktormydyr — uly sürrene, alatozan.
Öňdäki iki pyýada dursa — maşyndyr traktorlaram durýar, ýörese — ýöreýär.
— Bu ýollary biz öňem geçdik, barladygam. Asyl, bu ýerlerden nebit çykjaga meňzeş däl welin, şonda-da ýolbaşçylarymyz «Ýok, şo ýerden tapmaly, bu biziň bäşýyllyk planymyzda bar» diýip, ýer depişip durlar. Biziň, ynha, günümiz şu-da! — diýip, şilliň uzyn pyýada jibrindi.
— Men-ä, how, şol nebit diýen zadyňyz bilen birinji gezek iş salyşýan. Ýöne özelenip duraňyzsoň, gaýdyberdim. Galanynam näme, nesibäňiz bilýä...
— Sen türkmen Urisisiň. Menem saňa bir welilik sataýyn. Uri nebit magnatlaryna nirede nebitiň bardygyny aýdyp baý bolan bolsa, sen Türkmenistandaky nebit bilen gaz känleriniň nirededigini aýdyp tütjar baý bolarsyň. Sen yzraýylly Uridenem zor bolarsyň, enşallasa!
— Nebit tapylsa hemme üçin bähbitli. Il bähbitli iş bitirip bilsek, başga armanymyz ýok. Ýöne size ýüregimi aýdaýyn. Men hemişe adamlara ýok diýip bilmän, soňundan bela galýan. Ine, siz birgiden adam, uly ynam bilen gelipsiňiz. Size ýok, aýdanyňyzy etjek däl, gaýdyberiň diýmek aňsat däl. Ýöne men içki ynanjym boýunça şony diýmelidim. Diýip bilmedim. Indem siz bilen gidip barşyma haçan metdi-masgara bolarkam diýip oýlanyp, garaşyp barýan.
— Biri göwnüňe degipdir seniň. Ýöne işimiz şowly bolsa, biz seniň sylagyňy ýetireris. Masgara bolmarsyň. Gaty arkaýyn bol.
— Meniň berk ynanjym bar.
— Şonuň barlygyna şükür et. Ýok bolandan, bar bolany gowy. Ýöne şu ömrüme men «Berk ynanjym bar» diýen adama gabat gelmändim.
— Häzirki döwürde iň uly abraý, iň uly bagt, rahatlyk — hiç zat tapmazlyk. Her bir tapan zadyň yzy biabraýlyk bilen gutarýar.
— Ine, men seniň munyňa nähili ynanjyň bolsa-da hä diýip biljek däl.
— Arada bir düwünçek tapdym. Içem durşuna pul. Düwünçegiň eýesi köpeldi. Üç sany eýe tapyldy. Turdy bir dawa, turdy bir dawa. Üç kişi üç ýerden biri-birine ýumruk salýar. Biriniň kellesini ýardylar. Meni bir aýlap milisiýa gatnatdylar. Düşündiriş ýazyp ýadadym. Başga bir kişiniň zadyny tapyp berdim. Onuňam asly ogurlyk eken. Onuň üçinem düşündiriş ýazmaly boldum. Nikolaý aga, kelläňi agyrdyp nädeýin, şeýle wakalar mende kän boldy. Tapan zadym başyma bela bolup dur. Şonuň üçin iň uly bagt — tapmazlyk diýen netijä geldim. Men Owganystanda sapýor bolup gulluk etdim. Şonda oglanlaryň gürrüňem şeýledi. Mina tapmak — päliňden tapmak. Tapylan minany zyýansyzlandyrjak bolup gaty kän oglanlarymyz asmana uçup gitdiler. Gullukda bolanymyzda bar arzuwymyz tapmazlykdy. Eger tapmasaň bolmaýan bolsa, onda diňe bahana tapmaly.
— Ynanaý, Ataşka jan, ýeriň aşagyndan tapan nebitiňden biabraýlyk gelmejekdigine men garant.
— Aý, indi maňlaýymyzda näme bar bolsa görübiýris. Meni wagtynda öýüme eltseňiz bolýa. Gijä galsam-a, soň gürrüň köp bolar.
— Seni öýüňe islän wagtyň hökman elteris. Gerek bolsa, iki gözüňi dört edip elteris. Sen ýaş ýigit, bizde-de ýaş gyzlar bar.
— Aý, Nikolaý aga, olaryňyz garadskoý ýaly-laý bary?! Biz bolsak, bir sada oba ýigidi...
— Ýok, ýok, beýle däl, Ataşka! Olaryň içinde siziň obaňyzdanam biri bar...
— Haýsy?
Atda tapagan gaty geň galdy. Içindenem: «Allajan, hernä şol bolaýbilsedir, şo bolaýbilsedir, şo bolaýbilsedir» diýip, aldygyna gaýtalady. Ýüregem şol bolaýbilsedir diýip, gürs-gürs edip gaýtalady durdy.
— Hä, şomy?.. Onyňyz-how, hol tewtonlaryň atlysy ýaly, diňe gözi görünýär-ä. Men näbileýin...
Bu ikisi düýn tanşypdy. Atda tapagan Gözel bilen duşuşyp bilmänsoň, lapykeç halda öýüne gelipdi. Hyýalynda Gözel bilen duşuşýardy. Gözel näme diýersiň diýip onuň ýüzüne bakdy durdy. Ol bolsa, tapagam bolsa diýere söz tapanok. «Äl, tapagan bolaýşyňy!» diýip, Atda tapagan öz-özüne igendi. Gapdalynda bir ýassyk goýdy. Özüne-de bir ýassyk aldy-da aşak çökdi. Gapdaldaky ýassygyň näme üçin getirilendigi belli däl. Gözeliň gelip tirsek urmajagy belli.
Atda tapagan oňly oturyp-turmanka daşardan hümürdi eşidip, ýerinden turdy.
Ynha, daşarda şilliň uzyn çypar pyýada dur. Yzam tankly diwiziýa ýaly, durşuna tehnika!
Şilliň uzyn kişi arzyny aýtdy.
— Maňa Nikolaý Zolotarýow diýýärler. Özüm geologiýa ekspedisiýasynyň naçalnigi. Biz şu töwerekden — çöletekden nebit gözleýäris.
Soň Zolotarýow geljekde şu töwerekden uly bir nebit turbasynyň geçjekdigini, eger şu töwerekdenem nebit tapylyp, o-da şol turba çatylaýsa, onda bu turbanyň bäşýyllyk planda göz öňünde tutulan derejesine ýetjekdigini düşündirdi. Eger şony edip bolsa, Saganaly obasynyň gülläp ösüp, şähere öwrüljekdigini ýatlatdy. Öňünde topografik kartany ýazyp, çak edilýän ýerleri görkezdi. Atda tapagan hem uly goşun serkerdesi Žukow deýin karta göz gezdirdi. Köçede bolsa bir giden tehnika Atda Kertikowiçiň geljek netijesine garaşyp sary sadylla bolup dur.
— Niýetiňiz gowy eken — diýip, Atda ekspedisiýa naçalniginiň hasabatyny diňläp, gelen netijesini aýtdy.
— Biz ýanyňa haýyş bilen geldik, Ataşka. Saňa tapagan diýdiler. Bize seniň kömegiň gerek. Ekspedisiýamyzyň ähli agzalary bilen ýanyňa geldik.
Atda Kertikowiç kartadan başyny galdyrdy-da, köçede hataran duran maşynlara nazar aýlady. Maşynlaryň üstem boş däl. Olaryň üstünde jinsi balakly, ýüzleri ýaglyk bilen daňylan aýal maşgalalaram bar.
— Be, men, dogrusy, şu wagta çenli diňe ýeriň üstündäki zatlary tapýardym, ýeriň asty eýgerdermikä?
— Maňa gowşan ynamdar informasiýa görä, saňa eýgerdäýmeli. Ýeriň asty gaty ýönekeý-ä, üsti bulaşyk munuň, üsti!
— Ýoldaş Nikolaý aga, beýdip atly-ýaragly, tehnikaly, ýörite geleňizsoň, men size berlen ynamdar informasiýanyň garşysyna gidip durmaýyn. Oňa haçan gitmeli?
— Želatelno, ertir!
— Ertir sagat on iki nol-nolda meniň örän möhüm duşuşygym bar. Ondan gijä galsam-a, Nikolaý aga, bolmaz.
— Biz irden gideli. On ikiniň ýaryna-da biz seni öýüňe getireli. Möhüm duşuşygyň gutaransoň ýene gidibiris. Nähili, boljakmy?
— Boljak. Hany, onda çaý içip gidiň.
— Ýok, Ataşka, biz — köplük.
— Köp bolanyňyzda näme? Jygaly babamyz bir sygyr bilen kyrk galandary gaýtarypdyr-a, bizem taparys sygyr...
— Sen gowy oglan, babaňam ýagşy adam eken. Biziň öz bazamyz bar, şoňa gideris, ertirem alty bolmanka geleris…
Şol gepleşik bilenem Atda tapagan çöle çykdy. Atdanyň üsti adamdan doly ýük maşynynyň öňräginde, ýüz-gözi ak ýaglyk bilen daňylan, başy ullakan saman şlýapaly, egni kombinzonly bir çepiksi zenan maşgalanyň gapdalynda oturtdylar.
Atda tapagan Owganystanda sapýor bolup gulluk edişini ýatlady. Sapýoryň guraly niçik bombanyň — demriň üstünden bardygy gyzaryp signal berip ugraýar. Çepiksije gyzyň ýanynda oturandan Atda tapagan gyzaryp signal berýän sapýoryň guralyna öwrülene döndi. Atda tapagyň sag tarapy — gyzyň oturan tarapy gyzyp ugrady. Gulagyna şol birmahalky tanyş signal eşidildi.
Atda zähresi ýarylan dek böküp ýerinden turdy-da, çepiksi gyza ýüzlendi.
— Sizde bomba barmy?
Çepiksi gyz ör-gökden gelip, Atdanyň ýüzüne seretdi.
Ýigidi gorkuzan bomba çepiksi gyzyň didesinde eken.
Ýigidiň nazary bomba — didä düşdi.
Bomba ýaryldy.
Gözden çykan bombanyň gyýçaklary Atda tapagyň ýüregini gyýym-gyýym etdi.
— Bomba diýdiňizmi? — diýip, çepiksi gyz gyzardy.
Maşynda oturanlar welin, Atda tapagyň sözüne gyzyl-gyran gülüşdiler.
Atda tapagan ömründe hiç ýerde-de şeýle utanan däldir. Belki, utanandyr. Ýöne her sapar şeýle oňaýsyz ýagdaýa düşüp utananda, ömründe birinji gezek şeýle ýagdaýa düşenden bolýar. Onuň maşyndan böküp düşüp, zut gaçasy geldi. Turjak boldy. Geň, aýaklary oňa ilkinji gezek, keseki deýin ikilik etdi: gozganmady. Göwresi oňa ikilik etdi: gozganmady. Hyýaly welin, maşyndan böküp düşüp, masgaraçylykdan gaçdy. Allowarra gaçdy. Hyýaly oňa wepaly bolup çykdy. Ýöne wepadar hyýalam uzaga gaçman eken, geldi yzyna. Hyýaly beterinden-beterini tapýar. Ine, şu oturan perizat seniň söwer ýaryň bolar diýýär. Ony bagryňa basarsyň, ballyja dodagyndan şeýle bir sorarsyň diýýär. Ter mämelerini döşüňe basarsyň diýýär ol. Başga-da kän zat diýýär ol. Utanman diýip otyr ol.
— Biziň perizatlarymyzyň gudratyny sen entek bileňok. Bir garaýyşda, Mähri jan kalbyňa bomba düşen ýaly edäýendir görseň — diýip, Zolotarýow güldi.
Çepiksi gyz boýnundaky altyn zynjyrjygyň ujundaky bombanyň şekilini görkezdi.
— Siz muny nädip bildiňiz? — diýip, çepiksi gyz geň galmasyny ýaşyrjak bolup durmady.
— Men ony bilemok — diýip, Atda tapagan boýun aldy.
— Mende şundan başga bomba ýok — diýip, çepiksi gyz birgeňsi ýylgyrdy.
Çepiksi gyzyň nazaryna ikinji gezek nazary kaklyşan Atda tapagan simap deýin eräp akandyryn öýtdi. Ol nazaryň öňünde demrem bolsaň, daşam bolsaň, poladam bolsaň eräp akaýmaly. Megerem, adam demirdenem, daşdanam, polatdanam gaty bolmaly.
«Be, bujagaz gyzyň gözleriniň owadandygyny!». Atda geň galdy. Ol «Be, bujagaz gyzyň gözleriniň üýtgeşik owadandygyny!» diýip, içinden aýdypdy ahyryn! Içinden aýdan sözüňi daşyňdan aýdaýan bolsaň, bu gije düýşüňde şeýtana aldanan ýaly bir zat bolýar ahbetin! Atda tapagan görgüliniňki ýene bolmady!
— Biziň gyzymyza göwnüýetmezçilik etjek bolýaňmy? — diýip, maşynda oturan ýigitleriň biri Atdanyň al-petinden aldy.
— Men hiç zat diýmedim-ä.
— Näme, bizi kerdir öýdýäňmi?
— Men içimden aýtdym.
Maşyn saklandy. Ähli kişi maşyndan düşdi. Atda tapagan otyr. Wah, ol turjak-la, turup bilse. Onuň göz öňünden şol mährem gözler aýrylanok. Ol gözler seredip durka-da ýeriňden turar ýaly däl. Atda tapagan gözüni ýumdy.
— Eliňi uzat, oglan!
Eý, Hudaý, Atda tapagyň gaşynda çepiksi gyz gözlerini güldürip dur. Özem ol perizat öz dilleri bilen, hakyt öz mährem dilleri bilen: «Eliňi uzat, oglan!» diýýär.
Atda tapagan, heý, onuň ýaly peri-peýkere elini bermezmi! El dagy näme, gerek diýse kellesinem sogrup berer ol periniň eline, ýüreginem! Başga-da haýsy synasy gerek bolsa soguryp-ýolup berjek ol. O gyzyň diliniň geplän ýeri bolýar! Atda tapagyň eli dagy näme, dünýäni bermezmi oňa Atda tapagan! Ol bu mahal ho özüniň tapyndylar sergisindäki göwheri bermedik Atda däl: ýaranyp bilse, Ýer şarynam bir desse gül deýin geirip şu perizadyň eline elin gowşurjak!
— Me, alyň! — diýip, Atda çepiksi gyza gataňsy elini hil bir zat berýän dek uzatdy.
Çepiksi gyz — Mähri onuň elinden emaý bilen çekdi. Çekdi. Atda edil gop berlen dek laňňa galaýdy ýerinden! Dert beren Hudaýjan dermanynam bile berjek eken. Dermanyňa döneýin, Hudaýjan! Şeýle derman döredişiňe aperin, Hudaýjan! Şeýle dermanyň elini maňa uzadyşyňa döneýin, Hudaýjan! Hudaýjan Mähriniň eli bolup, Atda elini uzatdy. Indi onuň açylasy gelip, ýöne açylmanyň ebeteýini tapman duran bagty çarpara açylar ötägider. Hudaýjanyň ediberişine döneýin!
Ine, Atdanyň bagty. Bu bagty sypdyrmaly däl. Atdanyň bihal ýigit däldigini bu gözele nädip görkezip bolarka Alla janlarym!
Atda tapagan maşyndan sypyrylyp düşjek bolup durmady. Ol bu gözel gyza özüniň ökdedigini görkezmeli ahyryn. Maşyndan sypyrylyp düşse, onda ondan Atda boljakmy?! Ol edil suwa böken ýaly, aşak böküp goýberdi. Hudaý diýen ýeri bar eken, hiç ýeri agyrmady ýa agyrsa-da Atda ony duýmady.
— Bir ýeriňi agyrdarsyň, oglan.
— Menmi? Ýo-ýok, men hiç ýerimi agyrtmaýan. Men hemişe maşyndan şeýdip böküp düşýän. Samolýotdanam şeýdip bökýän men.
— Owganystanda öwretdilermi?
— Kim öwretsin?! Özüm öwrendim.
Atda öz-özüne käýindi: «Kim senden nädip bökýäniňi sorady. Nä jypdyryp dursuň? Samolýotdan bökýän diýmäň näme, eý sähne. Haçan samolýotdan bökdüň sen?».
— Owganystanda samolýotdanam bökdüňizmi? Desant bolduňyzmy?
Ýok, bolamok, jypdyrdym diýmelimi? On-a diýip bolmaz. Atda tapagan şagga derledi:
— Desant boldum. Men hemişe birinji bolup bökýärdim. Ýanymdakylara siz duruň diýip men bö-öküp goýberýärdim. Men hiç gorkmaýardym.
Batyr ýigid-ä äl gürledi! Ä, gorkaňokmy sen? Ökde ekeniň onda. Atda hyrçyny dişledi. «Samahyllama» diýip, özüne käýindi. Zolotarýow geldi-de, Atda tapagy masgaraçylykdan halas etdi.
— Urijan, ine, biziň çak edýän ýerimiz. Biz häzir şu ýerde durus — diýip, naçalnik galam bilen kartadan görkezdi.
Şondan soň ikisi maşynyň öňünden pyýada ýöräp ugradylar...
Zolotarýow käte aýak çekip, elindäki karta seredýärdi-de, galamy bilen bir zatlar belleşdirýärdi.
«Şyhymyň» ileri tarapynda ýagjaryp ýatan ýer bar diýýärdiler. Bularyň agtarýany hem şol ýagjaryp ýatan ýer bolaýmasyn?» diýip, Atda oýlandy. «Göni şol ýere äkideýin».
— Nikolaý aga, hany, ilerik gideli.
— Äh-ä, biljek bolýaňmy?
— Äý, ýok, enteg-ä... Ýöne göreli!
Bir belent alaňyň üstünde Atda tapagan aýak çekdi-de, elini gözüniň üstünden kölegeledip, birsalym daş-töweregi synlady. Soňam:
— Hany, Nikolaý aga, sen şu taýda birsellem dynjyňy al, men bir aýlaň-çaýlaň edeýin! — diýdi-de, aşak düşüp gitdi.
Atda tapagan öň görmedik oýunyň üstünden bardy. Bu oý, megerem, şol gürrüňi edilýän, ýagjaryp ýatyr diýilýän oý bolmaly. Ýöne oýa özüňe hem ulagyňa gaty göwnüň ýetäýmese, girip-çykar ýaly däldi.
Atda oýuň ortaragyna bardy-da, töweregine garanjaklady, soň eýläk-beýläk ýöräp, aýak çekdi, aşak oturdy, edil dokumental kinolaryndaky ýaly! Bir gysym çägäni alyp ysgap gördi.
Atda tapagan alaňyň üstünde keýerilip duran Zolotarýowa elini bulady. Zolotarýow bürgüt kimin alaňdan aşaklygyna şaglap gaýtdy.
— Hany, Nikolaý aga, demir diwiziýaňy sür şu taýa! Gazyp göreli sisterna ýaly ullakan gapda nebit bara meňzeýär.
— Dogry aýdýaň, ýeriň aşagynda nebit, gaz edil äpet bir sisternaň içinde ýaly bolup durýar — diýip, Zolotarýow nebitiň ýeriň aşagynda ýerleşişini düşündirdi. — Biziň bir ýylda tapyp bilmän ýören zadymyzy sen iki sagadyň içinde tapaýdyňmy? Gör-ä munuň aňsatdygyny! Ine, ökdelik diýip şuňa aýtmaly. Sowet sistemasy Uri ýaly, seniň ýaly ökde ýigitlere ýol berenok. Böwet kän. Ýogsam, meniň özüme galsa-ha, müň işgäre derek diňe seni saklajak. Tapan baýlygyň 20 göterimini berjek. Wah, biziň ministrligimiz ederini bilenok. Walla, bilenok. Müňläp geolog saklap ýörmän, mahmal düşekçäniň üstünde çaýyňy-suwuňy ýetirip, diňe seni saklaýmaly ahyryn.
— Entek belli däl...
— Belli! Belli! Sen sypaýyçylyk saklaýaň, hormatly türkmen Urisi! Görnüp dur-a, ýerasty zapas ýüze çykypdyr. Çäge ýagjaryp dur — diýip, Zolotarýow çägäni ep-esli köwdi. — Görýäňmi, bu ýöne bir dökülen ýag däl. Munuň ýatagy has aşakda, Uri jan!
Zolotarýow rasiýa bilen diwiziýasyny çagyrdy. Uly zenzele turuzyp, maşynlar olaryň deňinde saklandy.
— Mähri, şeýle ajap fenomeniň bardygyny näme üçin öň aýtmadyň. Kösenip ýörmeli däl ekenig-ä! Iki sagadyň içinde seniň gudratly obadaşyň nebit ýatagyny tapyp berdi. Berekella saňa, türkmen Urisi! Ýok, Uri hem sençe ýokdur. Sençe bolup biljek kişi ýokdur!
Geologlar hem edil Zolotarýowyň edişi dek, ýeri köwüşdirip ysgaşdyryp gördüler. Olaryň soragly ýüzlerine ýaz çaýyldy. Şeýle bir uly şowhun bilen Atda tapagy gujakladylar, ýokary göterip gapdylar. Mähri hem gül-gülälek bolup açylypdyr. Indi onuň bir ýüzi däl, bugdaýreňk ýüzi lowurdap dur. Rafaeliň sikstin madonnasy ylla janlanan ýaly bolaýypdyr. Mähri hut şol madonna meňzeýär. Görüň-ä beýle meňzeşligi! Türkmen hudožnikleriniň bagtlydygyny! Olar gyz owadanlygyny çekjek bolsalar, Mähri ýaly gyzyň suratyny çekäýmeli. Olaryň çeken suratyna dünýä ýüzi haýran galar! Suraty million-million dollara satyn alarlar.
Atda Mähriniň kaddy-kamatyna aňk bolup galypdyr. Aşaky äňi Brežnewiň äňi dek tas ýere gaçan eken. Zolotarýow ony wagtynda saklaýdy.
— Atageldi Kertikowiç! Hormatly we mähriban türkmen tapagany! Ine saňa maşyn! Biz seni şu günden başlap işe alýarys. Sen geolog! Eşidýärmiň? Men seni özüme geolog edip işe alýan. Başlyklar bilenem özüm gürleşerin. Mende maşyn bar, şonuň üçinem saňa öz maşynlarymyň birini berýän. Sen sylaga-hormata mynasyp adam. Ilki bilen-ä, täze wezipäň bilen gutlaýan, ikinjiden hem şu «GAZ-69» seniň gulluk maşynyň bolar. Ynha, şu ýigit hem seniň şofýoryň. Nirä sür diýseň, şol ýerik hem sürer. Şofýoryň ýigidiň gülüdir. Ýöne şofýorymy täzelejek diýseň hem özüň çöz. Maňa tapawudy ýok. Häzirki şofýora özüm başga iş taparyn. Sen häzir oba git. Duşuşygyňdan gijä galma. Duşuşmaly ýaşulularyň bilen duşuşanyňdan soň, ýene gel. Biz saňa garaşarys.
— O nähili ýaşulular bilen duşuşyk?!
— Onda gyz bilen duşuşygyň barmy? Duşuşygym bar diýdiň-ä?
— Men diýäýdimmi?
Onuň aljyramasyna üns beren bolmady. Zolotarýow burawa başlamak bilen başagaýdy.
Atda çekinjeňlik bilen «GAZ-69»-yň gapysyny açdy.
— Ýoldaş geolog, biz size garaşarys!
Bu mährem sözleri kim aýdandyr öýdýärsiňiz?
Bu sözleri diýen hakyt Mähri!
Hakyt Mähri diýdi bu sözleri ýylgyryp!
Hakyt sikstin madonnasy diýdi şony ýylgyryp.
Atda Kertikowiç maşyndan düşdi ýylgyryp!
Oba gitjege-de meňzänok ol indi. Agzyny açyp gitjegem däl ol. Ýeke agyzam gürlänok ol. Bir başarýan zady ýylgyrmak onuň. O ýylgyrmasynda-ha eger-eger kemini goýanok. Agzyny açyp, durşuna eren bolup dur.
— Gijä galaýmaň, Atda Kertikowiç!
Bu sözleri ýene Mähri diýdi mähir bilen!
Täze geolog Mährä bakan birki ädim ätdi.
Mähri indi gürlese, Atda tapagan ony baryp garsa gujaklajak asyl!
Arman, Atdanyň içini ýakyp Mähri garaşyp durmady-da, burawa bakan messan-messan ýöräp gidiberdi.
Atdanyň aýaklary Mähriniň yzyna kelte tirkelen ýaly bolup barýar. Atda aýaklarynyň gidip barýanyndan bihabar täze başlygynyň aljyraňňylygyny aňan bolsun gerek, şofýor birki gezek signal berip gygyrdy:
— Başlyk gideli, sagat on bir boldy!

Başlyk yzda otyr. Aňynda öňde bolsa mähirli Mähri!
— Başlyk, magnitafony işledeýinmi?
— Ony işledip bolmaz. Işletmäge dözer ýaly däl-ä ol. Ony depäňe täç etmeli. Gorbaçýowyň bir kemçiligi bar: olam şulary işledýänligi. Ata-babalarymyz, oguzlar bulary işletmändir-ä! Bizem işletmeli däl. Aý, ýok, işledip bolmaz.
— Näme işletmän. Dedesini ýandyrybam işledip bor. Gowy aýdymlar aýtdyraýynmy?
— Aýdym aýt diýseň, aýdyberýärmi ol?
— Näme aýtman, bökerem. Aýdym aýtdyrmajak bolsam, almasamam bolýar. Çölüň içinde içiň gysýar. Onsoň men-ä muny ýanymdan aýramok, islän wagtym diňleýän.
Atda täze şofýoryna nägilelik bilen bakdy. Ony halamady. Zolotarýow şeýle nejis, baý-feodal garaýyşly adamy näme üçin ýanynda sakladyka diýip oýlandy. Heý, mundanam bir ýigidiň güli bolarmy?! Bu ýigit bilen uzak oňşup bolmaz.
Dogrusyny aýtsaň, Atda Kertikowyň oba gidesi, bu edepsiz şofýory barada oýlanasy gelenok. Gaýta oýdan daşlaşdygyça ýüregine dowul düşýär. Özi maşynyň yzky oturgyjynda amanat ýaly bolup oturan hem bolsa, onuň bar küýi-köçesi, huşy-düýşi mähriban Mähriniň ýanynda! Näme üçin şeýle gyzgalaňly pursatda oba gitmeli?! Näme üçin ol üzümiň suwy ýaly gyzyň ýanyndan gitmeli?! Ol kowmady ahyryn. Gaýta ol: «Men saňa garaşjak» diýdi. Näme üçin şeýle gözel gyzy garaşdyrmaly. Obada näme işlemeli! Ä? Atda tapagyň nebit çogduryp duran kellesi oba näme üçin barýandygyny teý bilmedi.
— Biz nirä barýas? — diýip, ol gelşiksizem bolsa şofýoryna ýüzlendi.
— Oba — duşuşyga barýas.
— Obamy? Duşuşygamy? — Atda tapagan agyr oýa batdy. Bildi. Onuň göz atuwynda Derkar ýegen peýda boldy:
«Daýy, meniň öwreden zatlarymy ýadyňdan çykaran-a dälsiň-dä?»
«Ýok, ýadymdan çykaramok. Onam, heý, ýatdan çykaryp bolarmy, Deýkaý ýegen».
Şofýor başlygynyň ýüzüne gözlerini petredip seretdi-de, tormoza basdy.
Başlygyň daýaw göwresinde walla agram ýok eken, ol kellesini hyýalynda — öňde Mähri gyzyň oturan ýerindenem geçirip aýna hütüledip urdy. Maşynyň aýnasy kül-uşak boldy.
— Başlyk, başlyk jan, size näme boldy? — diýip, şofýor zähresi ýarylan dek bolup elewredi.
— Maňlaýymy ýardyň — diýip, Atda maňlaýyndan akýan al gany eli bilen saklap, şofýoryna alarylyp bakyp, onuň bimahal beren sowalyna jogap berdi. — Adyň näme seniň?
— Taňňymyrat. Taňňy diýseňizem bolar.
— Meniň maňlaýymy taňňyrdyr öýtdüňmi, Taňňymyrat? Bu ýüzüm, maňlaýym bilen nädip oba baraýyn? Etmişiňe gynanaňogam sen.
— Gaty gynanyp durun men. Ýöne hiç kim ýüzümden hiç zat aňyp bilenok, meniň ýüzüm şeýleräk.
— Meniň ýüzümem özüňkä meňzetjek bolýaňmy?
— Meňkä meňzemegi üçin ýene ýedi awariýa gerek.
— Şu edeniňi az görýäňmi?
— Ýok, ýok, az göremok. Indi beýle zatlar gaýtalanmaz. Men size düşünmedim. Derrew durmalydyr öýtdüm.
— Dur diýemde, maňlaýymy ýaryp durmalymy? Onsoňam men dur diýemok.
— «Onam heý ýatdan çykaryp bolarmy, Deýkaý ýegen» diýdiň.
— Senem-ä ýatdan çykaryp bolmaz ýaly etdiň?
— Bagyşla, başlyk, bagyşla. Tötänleýin boldy. Öz-özüň bilen gürleşýändigiňi bilmändirin.
Atda Kertikowiç maňlaýyny tutup, ýene yzky oturgyçda oturdy.
— «Beýle ýagdaýda Gözele görnüp bolarmy? Ol näme diýer? Iň gowusy, men barmaýyn. Aý, meniňki boljak däl öýdýän. Gözel näme diýer?»
«Hiç zadam diýmez. Arkaýyn bolaý». — Derkar ýegen ony köşeşdirdi.
«Beýdip barsam halamaz-a».
— Kim ol halamajak, başlyk?
— Näme kim? — diýip, geolog şofýorynyň soragyna geňirgendi.
— «Beýdip barsam halamaz-a» diýdiň. Kim ol halamajak?
Atda tapagan içki pikirini daşyna çykaranyna düşündi. «Eý, Hudaý, meniň aljyraňňylyga düşerligim ýog-ow. Aljyraňňylyga düşsem, syrtym açylaýjak meniň. Indi muňa näme diýse bolarkan? Hiç zat diýemok diýip kes-kelläm boýun gaçyraýsam näderkä?»
«Onsoňam bu sülçümi ýa şofýor?»
— Men şofýor. Seniň şofýoryň, başlyk.
— Onda men senden zat soramasam şükür et.
— Düşnükli, başlyk, düşnükli.
— Menden hasabat sorasaň, kim ol diýjek bolsaň, geplesem maňlaýymy ýarsaň, ikimiz uzak işleşip bilmeris.
— Dagy-duwara gaýtalamaryn, başlyk — diýip, Taňňymyrat sandyrady.

Taňňymyrat — ýigrimi bäş ýaşlaryndaky lopuş kişi. Gürlemegi, süýji-süýji iýmegi, maşynyny syryp-süpürip, abat saklamagy gowy görýär, başarýar. Köp şofýora ýetmeýän artykmaç ukyby bar: başlygyna ýaranjaňlyk etmegi, onuň öýüniň ähli keşigini çekmegi, başlygynyň syryny saklamagy başarýar. Şonuň üçinem ony başlyklar gowy görýärler.

«Dagy-duwaga gaýtalamaryn» diýse-de, men geolog boljak bolsam, şofýory täzelemeli bolaryn. Bu Taňňyr-tuňňur goňşy obadan bolmaly. Şofýor öz obamyzdan bolsun, islän wagtym iş buýrar ýaly. Hemem aňyrsyna belet adamymy işe alaýyn. Allajanlarym, kimi alsamkam? Iň gowusy, öz garyndaşym bolaýsa.
Atda tapagan öz garyndaşlarynyň, ilen-çalanlarynyň içinden özüne şofýor bolup kimiň işläp biljekdigi hakda oýlandy. Özüne şofýor bolup biljek garyndaşynyň, ilen-çalanynyň ýokdugyna gynandy. Soňundan öz köçesiniň erkek göbeklilerini birin-birin ýatlap ugrady. Ilki köçäniň sag tarapyny öýme-öý dörüp çykdy, soň köçäniň çepine geçdi. Ýadyna düşen göwnemakul şofýor bolmady. Adam bar, ýöne olaryň işläp ýören ýerleri gowy. Ýük maşynyny sürýän dört sany ýigit bar. Olar sürýän maşynlaryny diňe öz peýdalaryna gije-gündiz durzanoklar. Plan edarada işleýär diýer ýaly däl olara. Onsoň olar pulluja işlerini taşlap, aýlygy gowy eken, başlygy gowy eken diýip, seniň maşynyňa işe geçmezler.
Onda näme etmeli?
«Hemra illew näme? Ýaşuly adam. Ýaş wagty çölde şofýor bolup işläpdir-ä. Iki adamyň başy birikse, bar gürrüňi çöl. Bar arzuwam şofýor bolup çöle çykmak. Suwçulykdan elli bizar ol. Goý, Hemra illew şofýorym bolsun. Ýöne men maşyny özüm süreýin, Hemra illew bolsa aýlygyny alybersin. Şeýtsem, kakamyň ýanynda-da dilim uzyn bolar. Dostuny işe alsam, ol menden — körpe oglundan minnetdar bolar-a. Ine, şu pikirim-ä gowy» diýip, Atda tapagan gelen netijesine begendi.
— «Indi men garradym, bu ýaşdan soň maşyn sürüp ýörmäýin diýse nätsemkäm?»
— Kim ol men garradym, bu ýaşdan soň maşyn sürüp ýörmäýin diýjek? Haýsy maşynyň gürrüňini edýäň, başlyk? — diýip, Taňňymyrat başlygyndan sorady.
Atda tapagan geň galdy:
— Men Hemra agany şofýor edinjegimi daşymdan aýdaýdymmy?
— Hemra aga indi garry adam ahyryn.
— Başga adam tapmadym-da — diýip, Atda tapagan boýun aldy. Soňam öz-özüne käýindi. «Näme samahyllap otyrsyň. Sen nä şofýora hasabat bermäge borçlumy?» — Onuň bilen işiň bolmasyn.
— Işim bolmaz, başlyk.
Maşyn Kertik agalaryň öýüniň deňinde saklandy.
— Sen näme üçin öýe geldiň? Men saňa näme diýdim? Ýa ol eýýäm kelläňden çykdymy? — diýip, Atda tapagan gaharlandy.
— Sür diýen ýeriňize sürdüm men-ä, başlyk.
— Indi sen meni näme diýenini bilmän ýören samsyk hasaplaýaňmy?
— Beýle hasaplasam bolmaz-a, başlyk.
— Onda näme sür diýen ýerime süreňok?
— Başlygyň öýüne sür diýdiň. Ynha-da gelşim.
— Başlygyň öýümi indi şü?
— Elbetde, başlygyň öýi.
— Bu biziň öýümiz.
— Meniň üçin diňe bir başlyk bar. Olam siz, hormatly Atda Kertikowiç!
Atda ýalňyşyna düşündi. Biygtyýar samyrdady.
— Şeýlemi? Dogry öz-ä...
— Meniň üçin sizden başga başlyk ýok, ministrem. Siz meniň üçin başlyk, ministr. Siz näme et diýseňiz, hut şonuň ýaly-da ederin, Atda Kertikowiç!
Atda tapagan şofýoryny ilkinji gezek görýän dek çiňerilip bakdy. «Bu zaňňar dogrusyny aýdýar».
— «Samsyk däl ýaly-how şu».
— Samsyklygymy bagyşlaweriň, başlyk. Men häzir nirä süreýin?
— Kolhoz başlygynyňka.
— Ýest, başlyk — Atda Kertikowiç!
Atda Kertikowiçiň ini jümşüldäp gitdi. Ol duşuşyga barýar ahyryn. Özem Gözel diýseň, tüýs Gözel gyz bilen, seredip on-on bäş ýylda ganyp bolmajak gyz bilen duşuşyga barýar. Galpyldy ony ýene gaplady. Derkar ýegeniň pendini ýatlap, özüni ele aljak boldy. Aňsat däl-how. Derkar ýegeniň ýanynda bolsa, duşuşygyň mügili ýok. Ap-aňsat edip otyr. Hernä, şonuň barlygam gowy. Ýogsam dagy ol Gözeliň ýanynda nädip, näme diýip gürlejeginem biljek däl eken. Derkar ýegeniň öwreden zatlary asyl Atda tapagyň kellesine geljek sözler däl-ä.
Düýn Senemlerden öýüne gaýdyp rahatlygy bolmandy. Galypdy bir uly basga. Onsoň, ýüregini bire baglap, Derkar ýegeniň yzyndan çapar iberipdi. «Köp duşuşyp gören goç ýigit bolýan bolsaň, sen maňa nädip gürleşmelidigini, nämeler diýmeli däldigini öwret!»
«Gorkýaň-ow. Kakaň bilen gürleşýän dek arkaýyn gürleşibermeli-how».
«Wah, ýönekeý warsaky bolsa, men gyzlar bilen dünýäniň ýok gürrüňinem edişerin. Ýöne söýgi hakda gürleşmeli bolsa, onda, duranja ýerimdir. Oňaramok» diýip, Atda tapagan boýun burdy.
«Onda wadalaşaly. Sen maňa ertirden başlap, ýoldan pul tapmagy öwredýäň, menem saňa gyz bilen gürleşmegi öwredeýin. Meniň programmam boýunça gyz bilen duşuşsaň, şol gyzy islän minudyň ogşabam bilersiň, duluňa geçiribem. Ondan başga-da göwnüňde näme bolsa, onam edip bilersiň.
Meniň programmam Gitleriň Barbarossa plany ýaly, ýyldyrym çaltlygynda maksadyňa ýetmek. Onuň üçin diýmeli sözleri bolsa ýat tutmaly».
«Hany, onda başla Barbarossa planyňa. Men sagat on ikide barýan, olam garşymda sülmüräp dur. Men oňa «Salam, Gözel» diýýän. Onsoň näme diýeýin? Yzyny özüň dowam etdir, hany».
«Sen oňa «Salam, Gözel» diýeňok. Sen çalaja ýylgyryp baş atýaň. Hany, egil. Ýok, ýok, bu bolşuň bolanok. Içiňde gazyk barmy seniň? Hany, gatyrak egil. Ýüzüň nähil-aý seniň. Ýylgyr-da biraz. Bu ýüzüň bilen ýasa-da eltmeýärler. Ýasama ýylgyrýandygyň bildirýär. Ýürekden ýylgyr. Agzyňy açyp ýylgyrma, dişiň köp görünmesin. Hany, täzeden gaýtala. Egil biraz, çalaja ýylgyr».
«Baş atyp diýme, eglip salam bermeli diý-de, gutar-da. Ondan, «Salam, Gözel» diýenim gowy dälmi?
«Onyň suhoý bolýar».
Derkar ýegen üç sagatlap repetisiýa geçdi. Atda tapagam ýadady, Derkar ýegenem. Ýadap, soňundan oturyp çaý içdiler. Özüňi nädip alyp barmak baradaky öwrediş gutaransoň, Gözel gyza diýmeli sözleri ýat tutmak başlandy. Atdanyň ýatkeşligi işi ýeňilleşdirdi. Wah, olar soňam repetisiýa täzeden başlajakdylar welin, gapyny kimdir biri gaty-gaty kakdy.
«Atda, aç gapyny».
Atda gapyny açdy. Görse, garaňky düşüp gidipdir. Daş işikde Gaýyp başlyk dur gözlerini elek-çelek edip.
«Derkar, sen näme iş edýäň bu ýerde. Derrew öýe ugra. Atda, şu ýumruk ýaly çaga bilen dostlaşyp ýörmüň?!»
«Atda daýym maňa matematikadan öý işime kömekleşdi».
«Atda, kömekleşme. Goý, özi etsin. Derkar, öýe ugra. — Derkar çykyp gidensoň, Gaýyp başlyk töweregine garanjaklap howatyrly gürledi. — Men seniň ýanyňa möhüm bir tabşyryk bilen geldim. Ýöne ol barjak ýeriň hakda, duşuşan adamyň hakda hiç ýerde kelam agyz gürlemeli däl. Düşnüklimi?».
«Näme üçin gürlemeli däl?»
«Tabşyryk şeýle. Ýaşuly gürrüňiň il arasyna ýaýramagyny islänok».
«Haýsy ýaşuly?»
«Raýonda iki ýaşuly ýok. Ýeke ýaşuly bar. Raýkom. Onuň seniň bilen gürrüňi bar. Sen ertir sagat on birde hökman onuň ýanyna barmaly».

— Hormatly Atda Kertikowiç, kolhoz başlygynyň öýüne geldik.
Dogrudanam, gelipdirler. Senem başlyk daş işikde onuň maşyndan düşerine garaşyp dur.
— Wah, wah-heý, Atageldi jan, doganjygym, maňlaýyňa näme boldy?
— Gözel geldimi?
— Maňlaýyňa näme boldy?
— Gözel geldimi?
— Geldi.
— Gözel nirede?
— Içerde. Üst-başyň gan-la seniň?
— Gözel kän garaşdymy?
— Ine, munyňy haladym...
Atda tapagan içeri girdi. Onuň içeri girenini gören Gözel sarç keýik deýin keýerjekläp ýerinden turdy. Atda tapagan eglip, «dişinem juda bir görkezmän» Gözele salam berdi.
Atda derledi. Dym-gyzyl boldy. Gürrüňi nähili başlajagyny bilmän derledi. Derkar ýegeniň öwreden sözlerini aňynda birin-birin ýatlady. Ýadyndan-a çykmandyr, Derkar ýegeniň öwreden zatlarynyň bary ýadynda dur. Ýöne ony sen-men ýok başlabermegiň ebeteýini tapmady. Birden gelşiksiz bolaýsa, Atdanyň aýdan sözleriniň üstünden gülse näme? Derkar-a üstüňden gülmez, arkaýyn bolaý diýip ony gaty ynandyrypdy. Ýa sen-men ýok, başlabersemmikä?!
Ine, Gözel perizat sülmüräp otyr. Özi başlabermeli ahyryn. Atdany horlap oturman. Içeri dym-dyrslyk. Näçe wagt geçdikä?! Beýdişip dymşyp oturmag-a bolmaz.
Ep-esli wagt geçensoň Atda utana-utana, ýaýdana-ýaýdana dillendi:
— Gözel!..
— ...?!
— Özüňem gürle-dä!
— Men-ä seniň gürläriňe garaşýan. Iller saňa dymma diýseler, men ynanmandym.
— Aý, men juda bir dymma däldirin. Ynha, görersiň häzir.
— Görkez-dä onda dymma däldigiňi.
— Onda başlabereýinmi? — diýip, Atda töweregine garanjaklady.
— Nämä başlajak bolýaň?
— Saňa aýtmaly gürrüňlerime başlabereýinmi, Gözel... Gözel jan?
— Isleseň, başlaber.
— Isleýän. Başlasam, onda şeýle, Gözel! Hawa, Gözel, şeýle. Sen, Gözel, şeýle, onsoň. Gözel, aýtsam ynanmarsyň, men seni üç aý mundan öň ýoldan gyzlar bilen geçip barýarkaň görüpdim. Ondan seniň habaryň ýokdugynam bilýän. Ýöne şondan bäri men ylla asmanda ýüzüp ýörün. Men, ana, şol güne çenli durmuşa düşünmändirin. Ýöne şonda — üç aý mundan öň gyzlar bilen barýarkaň seniň gözleriňe gözüm düşende, dünýäniň perdesi sypyrylan ýaly boldy. Dünýäniň perdesiniň aňyrsynda hem seniň jadyly gözleriň bar eken. Dünýä seniň jadyly gözleriň eken asyl. Dünýä diýmek — Gözel diýmek eken. Men dünýä — ýagny seniň jadyly gözleriňe täzeden gelen dek boldum. Meniň dünýäme täze gözel nur çaýyldy. Ol gözel nury seniň gözel nazaryň çaýdy, meniň garyp dünýäme. Seniň bihuş ediji gözleriň, seniň mährijemalyň meni bütinleý başga adama öwürdi. Men dünýäde seniňki deýin gudrat bardyr öýtmändim. Söýgi hyýaly gürrüňdir öýdüpdim. Ýöne onuň düýpden başga gudratdygyna, hut seni görüp göz ýetirdim. Men söze çeper däl. Men sataşan derdimi Seneme aýtdym. Ol maňa ymgyr uly kömek etdi. Meni ýene seniň gözel didaryň bilen duşurdy. Men seni ilki görenimde akylymy ýitirdim. Onuň şol ýitişi. Tapagam bolsam, ýiten akylymy tapyp bilemok. Sen özüňiň şeýle owadandygyňy bilýänem dälsiň. Sen meniň durmuşymy bütinleý üýtgetdiň. Kellämde diňe sen. Diňe sen hakda pikir edýän. Gije bir minut hem ýatman, seni ýatlap oturýaryn. Häzir kelläm ýarylaýsam diýýär. — Atda kellesini tutdy. — Ýaryldam asyl.
— Kelläňe näme boldy, Atda? Üst-başyň gan-la seniň?
Beýle sorag Derkar ýegeniň ssenarisinde ýokdy. Şonuň üçinem ol dalda isläp töweregine garanjaklady. Derkar ýegeni agtardy. «Wah, içigargalan, Deýkaý ýegen ýok-da, ýogsam ol näme jogap bermelidigini aýdardy».
— Kellämmi, men-ä näme bolanynam bilmän galdym, Gözel ýegen.
— Daýym seni görenden bäri näme goýanyny bilenok. Gözi ýok ýaly, oňa-muňa özüni urup ýör. Kakasyna-da «Gözel!» diýip dur. Maňa bolsa Gözel ýegen diýýär.
Deýkaý ýegen! Diliňe döneýin! Bagty daş ýarýan kişiniň aznawur ýegeni bolar. Deýkaý ýegeniň sözleri dogrudanam Gözele ýarady: ol jykyr-jykyr edip güldi. Onuň gülälek gülküsine Atdanyň keýpi çag-çag boldy.
— Deýkaý ýegen, sen nä o ýerde bukulyp dursuň? Seniň ýaly çaga bigam bolar daşarda oýnar. Ýaş entek sen, bu zatlara düşünmersiň. Haý, garagol diýsänim! Bar, çyk daşary!
Derkar Atda siňe-siňe seredip, daşary ugrady. «Wah, Deýkaý ýegen dilini goýup gidäýse boljag-a! Hany, ol bolup durmy!».
Atdanyň göz atuwynda Garagumuň içinde galan eýjejik Mähri peýda boldy. Ol albaý bulap çagyrýan dek birahatlandy. Derkar ýegeniň öwreden zatlary ýadyndan çykan, ümsüm durmagam gelşiksiz gören Atda Gözel bilen nähilidir bir gürrüň etjek boldy. Näme gürrüň etjegini bilmedi. Aýdylmaly esasy gürrüň gutardy. Göräýmäge, Derkaryň öwreden sözleri azam-a däldi. Indi görüp otursa, Atda o ýat tutan sözlerini bir demde gutaraýypdyr-a. Indi diýere söz galmandyr. Eý, Hudaý, günuzyn gürleşip oturýan adamlar bolýar. Olar günuzyn näme hakda gürleşýärkäler? Hudaýyň haky üçin ýekeje söz hem bu mahal Atdanyň ýadyna düşenok. Näme aýtjak bolsa, ýasama ýaly bolup dur. Gürlemegiň hatyrasy üçin gürläniňden, iň gowusy, dyman gowy. Sebäbi bir ýalňyş sözi diýmegiň mümkin. Ýa bir sözüňi Gözel gyzyň halamazlygy mümkin. Kakasy aýtdy ahyryn: «Bar kemçiligiň dymmalyk bolsa, ony öz artykmaçlygyň bil. Dymmalykdan biabraýlyk gelmez».
Ýene ümsümlik başlandy. Gözel gürläýmeli ahyryn. Olam gürlänok. Öwreden zatlarynyň gutarandygyny bilendir-dä, Derkar ýegen içerik girdi.
— Atda daýy, aý, Aýtda daýy, öýüňize bir giden başlyk gelipdir.
— Kimkän-aý — diýip, Atda oýlandy.
— Men-ä içinde birinji sekretaram bar ýaly gördüm. Olar senden bir möhüm maslahat sorajakmyşlar.
— O nämäniň maslahaty? Göreňokmy, men Gözel bilen maslahatlaşyp durun-a. Bar, olara aýt, Atda daýym zanit diý.
— Meniň üçin olary garaşdyrma, Atda.
— Goý, garaşsynlar. Olaryň seniň basyp giden yzyňa degmeýändigini men bilýän.
— Atda daýy, ýör, ýör. Olar saňa derrew gelsin diýdi. Gözel, bagyşla. Men Atda daýymy ýene bir sagatdan edil bilbil ýaljak edip getirerin.
— Gözeli goýup gitmek birhili-how.
— Öýüňde myhmanlary garaşdyryp, duşuşykda bolmak birhili dälmi?
— Men-ä Gözeliň ýanyndan gitjek däl.
— Daýy, meni diňle! Meni diňleseň ýalňyşmarsyň. Düşünýärmiň sen maňa. Ýa sen hiç zada düşüneňokmy? Sen häzir hökmany suratda meniň bilen öýüňe gitmeli. Düýnki kakam gelmezden öňki öwrenen zatlarymyzda-da birazajyk kem bar. Ýör, adamlary garaşdyrmaly.
Atda «Tiz kömegiň» gelendigine düşündi:
— Onuň ýaly bolsa, ýör. Gözel, sen menden aýyplaşma. Men şu gün geolog bolup işe girdim. Meniň işe girmek niýetim ýokdam. Ýöne özleri gir-gir diýip duransoň, Mährem gir diýip duransoň razylyk beräýdim.
— Atda daýy, köp gürleme! Ýör çaltrak!
— Gözel, bagyşla, doly gürleşibem bilmedim. Men dymma däl, tiz görersiň. Men gaty geplemsekdirin.
— Men saňa ynanýan, Atda.
— Ine, munyň gowy. Maňa ynangyn.
Derkar Atda tapagyň elinden çekip daş çykdy.
— Wiý, Atageldi, eýýäm gidip barýaňmy? Ynha, men çaý demlejek bolup otyryn-a. Otur-da, bir käse çaý iç.
— Öýe ýolbaşçylar gelipdir. Menden möhüm bir maslahat sorajakmyşlar. «Derrew gelsin!» diýip, ine, yzymdan Deýkaý ýegeni iberipdirler.
— Derkar-a ertirden bäri öýden çykanok.
— Eje, men häzirjik baryp geldim.
— Sen-ä häzirjigem öýdediň. Näme ýalan sözleýäň?
— Senem, Deýkaý ýegen erkek bu, ýalan sözlemeýär.
— Ýegeniň, görýän welin, seniň gulagyňa münüpdir-ow.
— Müner ýaly ýer tapsa, nire bolsa-da münjek ýigit bi.
— Onuň ýekeje sözüne-de ynanma, zypdyrun-a ol.
— Wah, Senem, gaty köp meseläni ýalanyň çözýändigini sen bileňok. Ýalan bilen dünýäni alyp bolýan eken. Çyn bilen ýeke galada alyp boljak däl. Deýkaý ýegen örän dogry aýdýa: «Hakykat — gulp, ýalan — açar» diýip.

• Sekizinji kyssa ýa-da ikinji kyssanyň dowamy

• ATDANYŇ ÖZI BILEN IÇDÖKÜŞLIGI

Eý, Hudaý, atam döwründe üç atlynyň bir gojanyň gara öýünde gömüp giden baýlyklary Atdany hiç gününe goýanok. Özüniň söýgüli aýnasynyň öňüne geldi welin, äpişgeden düşýän Günüň altyn şöhlelerine Atdanyň öňünde — aýnada üç atlynyň tyllalary lowurdaşyp göz gamaşdyrýar.
Eý, Hudaý, ol tyllalar bu ýerik nädip düşüp ýörkän?! Bu tyllalar bilen Atdanyň näme baglanyşygy barkan? Her bir tapyndynyň aňyrsynda özi üçin bir betbagtçylygyň bukup ýatandygyna, indi Atda doly ynanýar. Eger her bir tapyndy betbagtçylyk getirýän bolsa, üç atlynyň tyllalary Atda nähili betbagtçylyk getirerkä? Belki, ol tyllalar Atdanyň ömrüni edil häzirkisi deýin lowurdadyp goýberjek bolaýmasyn?! Ömrüň şu tyllalaryň lowurdysy dek bolaýsady!
Özüni şu tyllalar bilen nämeleriň baglanyşdyrýanlygyny bilmek isläp, Atda tapagan ýene öňünde lowurdaşyp duran tyllalara — aýna seretdi. Ol aýnada öňler öz keşbini — syrdaşyny, özem özüne gaty ýowuz daraşýan syrdaşyny görerdi. Häzir, geň galaýmaly zat, aýnany tutuşlygyna tutup duran tyllalaryň köplüginden ýaňa ikinji Atda görnenogam. Syrdaşyň üstüni basyp duran, özem ýagşydan-ýamandan hiç zat aýtman, görünmän duran güýjüň haýsy güýçdügini halysalla bilesi geldi. Şu niýet bilenem gözlerini süzgekledip oýa batdy. Onuň göz atuwynda tyllalaryň gömlen ýeri ýene janlandy. Ýöne bu gezek başga röwüşde. Bu gezek üç atlam ýokdy (olar nähili bar bolsun, olaryň endamynyň elek deýin bolanyny o gezek Atda şol ezýaka köýneklije oglanjygyň gözleri bilen açykdan-açyk görüpdi ahbetin), peşeneli, sakgaly repide deýin goja-da ýokdy, ol ezýaka köýnekli oglanjygam. Ondan bäri döwür-döwran üýtgäpdir. Goja kempiri bilen ýurduny täzeläpdir. Oglanjyga — ýetim çaga hökümet eýe çykypdyr. Köneden galan zyýanly galyndy hökmünde gara öýi hem ýok edipdirler. Tyllalaryň gömlen ýerinde kaşaň öý gurlupdyr. Bu öý beýleki öýlerden saýlanypjyk dur. Ýöne ol tyllalar öý eýesine kaşaň öýden başga hiç hili zat bermändir. Gaýtam, döwletli hojalyga betbagtçylyk getiripdir. Eýesini bagtly etmedik, kesekini nädip bagtly etsin?! Ol tapylan tyllalar, gör, ol haýsy bendäniň betbagtçylygydyr. Eger betbagtçylygy bolmadyk bolsa, ol ýerde ýatmazdy.
Tylla — aždarha. Ol ýeriň aşagynda ýatyp-ýatyp, birdenem ýokaryk çykýar. Kimiň eline düşse, onuň başyna hupbat inderip, betbagtçylyk inderip, ýene ýere dulanýar.
Tylla aýdarmyş: «Kim meni tapsa, reňkime meňzederin, göterinip bilmedigiň burnundan ik ýaly gan getirerin, göterinip bileni gyzyl ýüzli ederin». Bu tyllalary tapanyň maşgalasynyň burnundan tylla meňzeş gan geldi.
Bir mahalky döwletli ojakda dört naçar — gojanyň aýaly, gyzy, iki sany agtygy galdy.
Gojanyň aýaly hem şondan soň ýerinden galmady.
Eklenç endişesi ýaňy mekdebi tamamlan gyza düşüpdi.
«Bu zatlaryň aýnada görünmegi nämäniň alamatykan?» diýen pikir Atdanyň aňynda ýene peýda boldy.
Atda ýakyn günlerde şol üç atlynyň tyllalary ýalyrak baýlygyň üstünden barjak bolaýmasyn? Aňynda at çapan wakalaram şol tyllalary alsaň, hälki bir gysym bolan kişiniň gününe düşersiň diýip Rebbiň duýduryp durdugy bolsa näme? Ýogsa-da o kişi kim? Ady näme?
Atdanyň bu soragyna jogap berip biljek kişi ýok.
Saganaly obasynda iki adam tylla tapypdy. Olaryň biri Hemra illew, beýlekisi Nazar aga. Nazar aganyň ogullary tylla üçin özara dawalaşyp, körpe doganyny öldürdiler. Bu waka hem hakykatynda aýnada görnen ýaly bolan bolaýmasyn? Belki, oba adamlary hakykaty bilýän däldirler? Olaryň ejelerem ýogaldy. Iller-ä keselläp ýogaldy diýýärler. Güller ejäni jaýlamaga Atdanyň özem gatnaşypdy ahyryn. Hiç hili gan ýokdy.
Hudaý maňa baýlykdan — gyzyldan gaça dur diýýän bolaýmasyn?!
Eý, Hudaý, gyzyldan gaça duraryn, ýöne maňa gyzyl-çyzyldan gaçarak dur diýmeseň bolýar.
Meniň bagtymy açyp goýber, eý, Rebbim!
Tylladan gymmatly, tylladan eziz bir gözel gyzy gujagyma sal, eý, Rebbim!
Maňa tylla gerek däl. Alla kessin, gerek däl, halta-halta, depe-depe bolup öňümde çaşyp ýatsa-da, el uzatmaýyn. Eý, Hudaý jan! Söz berýän. Ant iç diýseň, ant içeýin.
Sen maňa tylla-da bereňok, tylla ýaly gyzam. Ikisinden kesme meni, diňe birinden kesäý.
— Be, Hudaýa öwredip otyrsyň-a sen — Syrdaş aýnada peýda boldy.
— Men öwredemok, Hudaýa ýalbarýan.
— Köçede yzyňa bir süri adam düşürip ýörmän, gyzlar bilen duşuşygyň alajyny ederler.
— Wah, ol yzymdaky adamlar obanyň iň gözel gyzlary bolsa bolmaýamy?
— Onça gyzy yzyňda ser-sepil edip nätjek?
— Goý, bolsunlar. Rast özleri meni köseýämi, menem olary kösejek. Bahargülüň gözi gitsin. Bahargülüň gözi gitsin.
— Seniň üçin özüni kösejek gyz bardyr öýdemok men-ä.
— Beý diýme. Meniň öýlendigim seniňem öýlendigiň-ow, samsyk. Senem menlik bol.
— Gyzlary özüňden gaçar ýaly edýäň.
— Men hiç zadam edemok. Gyzlaryň özleri bir sebäp bilen daşlaşyp gidiberýärler. Bahargül durmuşa çykansoň, ömrümi müjerret geçirmekçidim. Ýöne ynansaň, meniň soňky döwürde öýlenesim gelýär. Deňi-duşlarymyň arasynda öýlenmedik diňe men. Öňler ýigit öýlenesi gelse, sesini üýtgedip, «Eý, huşsuz garrylar! Gül ýalak ogluňyzy näme üçin öýermän otyrsyňyz? Ogluňyzy şu aýyň on bäşine çenli öýermeseňiz, öýüňizi otlaryn» diýip gygyrar eken. Onsoň «huşsuz» garrylar ýokardan, Alladan gelen buýruga boýun sunup, haýdan-haý ogullaryny öýermegiň ugruna çykar ekenler. Arada aýal doganym gelip gitdi. «Saňa iki sany gözel gyz saýladym» diýdi. Begenmek begendim. Men Senemiň saýlan gyzlarynyň ikisinem gördüm. Ikisinem haladym. Men olaryň her birinde özümiň ilkinji söýgimiň alamatlaryny görýärin. Näme üçindigini-hä bilmedim welin, men soňky döwürde owadan gyz görsem söýýän. Birinden başgasyny söýmeli däl ahyryn.
— Seniň söýgiň tormozy döwlen bolaýmasyn?
— Gyzlary söýmez ýaly däl-how. Gözeli nädip söýmejek? Mährini nädip söýmejek? Olar ylla Bahargül ahyryn. Şol gülküsinden soň Bahargül meniň aňymdan biraz daşlaşdy. Ýöne gyzlara aýratyn hormat goýýaryn. Gyzlary diňe söýmeli. Gyzlary aýaňda götermeli. Gyz diýmek — söýgi diýmek. Gyz diýmek — gözellik diýmek ahyryn. Käbir kişiniň kalbyny tebigatyň gözelligi göterýär. Meniň kalbymy gyzlaryň gözelligi, ezizligi göterýär. Syrdaş, sen şol perizatlary görmediň-dä. Men saňa görkezeýinmi ol perizatlary.
— Görkez, görkez!
— Gözel, gelsene! — diýip, Atda gapa bakan elini uzadyp seslendi.
Gözel jilwe-näz bile ýöräp onuň ýanyna geldi.
— Geldiňmi, Gözel, seni Syrdaşym görsün, ýakynrak aýnanyň öňüne gelsene! Syrdaş seniň nähili gözeldigiňi bilenok.
Gözel baş atdy.
— Ýakynragyma süýşsene.
— Syrdaş, Gözel jan ikimize seret! Ilki Gözeli gowuja synla. Gözüňi aýryp bilmän durubiýrsiň.
Gözel Atdanyň gapdalyna gelip durdy. Atda aýna seretdi. Aýnada Gözeliň keşbi görünmedi. Oňa derek Atdanyň ýeke özi durdy.
— Göreňokmy? — diýip, Atda Syrdaşdan sorady.
— Göremok.
— Ynha, ýanymda dur-a ol meniň.
— Onuň aýnada maňa görünmeýşiniň sebäbini bilýäňmi?
— Bilemok.
— Ol saňa durmuşa çykmak islänok.
— Ol menden sergi güni öýkeläýdi-dä. Senem aýtdam-da şonda. Men onuň bilen gürleşdim. Doly gürleşmäge ýetişmedim. Onuň jadylaýjy gözleri bar. Ol gözleriň öňünde döwem durup bilmän, eräp akar. Ol gözellige Gözel at az bolýar. Wah, dilime söz gelenok. Ol gözel diýen düşünjedenem gözel. Men edebiýatçy däl-dä! Baýron bolanlygymda, Geýne bolanlygymda, Lermontow bolanlygymda, Mollanepes ýa Nobatguly Rejep bolanlygymda men ähli kele-külämi taşlap, ömrümi Gözeliň gözelligine bagyş ederdim.
Aýnada Gözeliň görünmändigine Atda juda gynandy. Belki, onuň maňa göwni ýokdur. Onda men müjerret geçmelimi? Belki, Mähri meniň bagtym bolaýmasyn?!
— Mährinem söýýäňmi? — Syrdaş öňünde sömelip duran ýigide tiňkesini dikdi.
— Onda-da nähili söýýän? Ony görenimde akylym etegime gaçýar.
Atda Gözel bilen duşuşyp, çöle gidişini ýatlady. Ol şonda ilki bilen Mähriniň ýanyna barypdy ahyryn.
Mähri bir mähnet ojaryň saýasynda ýüzündäki ýaglygyny, başyndaky şlýapasyny aýryp, saçlaryny örüp oturan eken. Saçlary ýüpekden, ýaňaklary almadan, alkymlary gardan eken...
Ana, şol perizat — saçlary ýüpekden, ýaňaklary almadan, alkymlary gardan dörän perizat. Gyz eda bilen gapyny açyp içeri girdi. Onuň ýanynda Atda edil lal-jim, gepläbem bilenok. Dur som-saýak bolup. Onuň perişanlygyny duýan Mähri Atdanyň gapdaljygyna gelip gysmyljyrady. Onuň sandyrap duran elinden aljyrama diýýän äheňde näzijek elleri bilen gysdy-da, aýna bakdy.
Atda aýnada iň soňky umydyny — Mährini görüp bilmedi.
— Mähri jan, görünäý-dä! Eger senem meni taşlasaň, onda meniň üçin bu giň dünýäniň giňliginiň manysy doly gutarýar.
— Sen gowy ýigit, Atda. Ýöne biz aýry-aýry dünýädäki adamlar.
— Mähri jan, sen meniň dünýäme üns berme. Atdanyň dünýäsi ýok diýip hasap edäý. Sen haýsy dünýäde bolsaň, menem edil agam Mämmediň aýdyşy ýaly, şol dünýäde ýaşaryn. Seniň diýeniň bilen, seniň edeniň bilen bolaryn. Isleseň, dek häzir boýnumdan ýüp daňyp eliňe bereýin. Haýsy tarapa çekseň, şo tarapa giderin men, jylawym eliňde bolsun.
— Men beýle nalajedeýinleri halamok.
— Onda tersine bolsun.
— Meniň boýnuma ýüp daňjakmy?
— Ýok, ýok.
— Onda nädip tersine etjek?
— Seniň isleýşiň ýaly bolaýyn diýjek bolýan.
— Özüňde pikir ýokmy?
— Men seniň pikiriň bilen ýaşajak. Seniň pikiriň juda gowy ahyryn.
— Meniň pikirimi sen nädip bilýäň.
— Ýüzüňden bilýän. Ýüzüňden nur ýagýa. Ýüzüňden mähir ýagýa. Ejeň adyňy bilip dakypdyr.
— Meniň adymy kakam dakypdyr.
— Kakaň hasam akylly seniň. Men seniň kakaň diýenindenem çykmaryn. Kakaň, nesip bolsa, meni gowy görer. Ejeň bolsa: «Meniň mähriban Tapagan giýewim!» diýer. Meniň oturjak ýerime gat-gat düşekçe ýazarlar. Men kakaň bilen ejeňi derrew razy ederin.
— Ýok, ýok...
— Isleseň, men seniň aýagyňa ýykylaýyn. Aýajyklaryňdan ogşaýyn. — Atda aşak eglip Mähriniň aýaklaryndan şapyrdadyp ogşamaga durdy.
Mähri yza çekildi. Atda emedekläp onuň yzyna düşdi. Mähri daş çykyp gözden sumat boldy.
— Mähri, Mähri! — diýip, Atda daş çykdy. Pete-pet garşysynda duranyň Mähri däl-de, mähriban kakasydygyny görüp, şarkyldadyp gapyny ýapdy.
— Atageldi jan, nämeler samrap dursuň? Kim bilen gepleşýäň, oglum? — diýip, Kertik aga oglunyň bolşuna ör-gökden geldi.
Ýöne ogly onuň soragyna jogap bermedi. Bu mahal onuň aladasy özüne ýetikdi. Ol başyny aşak salyp, köneje dostunyň gaşyna bardy.
— Mähri gitdi. Bagtymam gitdi. Indi ol bagtymyň Garagumuň haýsy çöpüne ilteşip galjakdygyny Alla bilýär. Bagtym ýatdy, bagtym ýatdy. Indi men müjerret ötmelimi?
— Dowla düşmesene. Hemme zat düzüw, seniň bagtyň ýatanok. Seniň bagtyň ýatjak bagt däl ol. Seniň bagtyň aýlawa goýberilen bedewleriň içinde iň öňde gelýär. Seniň öňden gelýän bedew pisint bagtyňa köpleriň gözi gidýär.
— Üstümden güljek bolýaňmy?
— Ýok, men çynymy aýdýan. Isleseň, men saňa ömrüňi bileje geçirjek perizadyňam görkezip biljek.
— Görkez-dä onda.
— Howlukma gözüňi ýum — diýip, Syrdaş Atda buýurdy. Bir minutdan soňam ýuwaşlyk bilen gözüňi aç. Maňa seret.
«Gudrat görseň daglara bar» diýen nakyly döreden kimkä? Bu nakyly döreden edil Gara Seýitliýew ýaly ýalňyşan bir kişidir. Zolotarýow dogry aýdýar: geologiýanyň taryhynda entek dagdan nebitiň çykan ýeri ýok, dagdan nebit çykmaýar. Onsoňam nebiti her näçe zor oglanam bolsa çykaryp bilmeýär. Nebiti oglanlykdan ýigitlige ýetişen kişiler çykaryp bilýär. Edil şonuň ýaly, gudrat görjek diýip, menzil aşjak bolup ýörmeli däl. Mämmediň bu giň otaga bir gelin-ä däl, on gelnem ýerleşjek diýýän şu giň otagyna — Atageldi janyň otagyna geläýmeli. Şonda ol türkmen ertekilerindäki Aý diýseň, agzy bar, Gün diýseň, gözi bar diýip waspy ýetirilýän perizadyny görüp bolýar. Görogly beg Agaýunus periniň gözelligine aňk bolanda, edil Atdaça-ha aňk bolan däldir. Çünki Atdanyň gaşynda duran perizat entek hiç bir şahyryň, ýazyjynyň ýazyp beýan edip bilmedik, edibem bilmejek perizady. Eý, Hudaý jan, bu perizada külbike barmagyny dagy degrip, şol süýjülikde tarka jan beräýseň! Ondan ýokary lezzet, bagt bolmajakdygy düşnükli. Şonuň üçin şondan soň ýaşabam oturmaly däl.
Atda Wagneriň pikirini ýatlady. Bahargülden — söýgüsinden jyda düşensoň tapaganlyk ukyby döredi ahyryn. Söýgüden daşdalygy üçin şeýle başarnygy bar bolsa nä bilýäň. Wagneriňkiniň dogry bolmagy-da mümkin. Söýgi ýangyndan başlanýar ahyryn. Paşmadyk söýgi, gör, näçe kişini şahyr etdi, Atdany — tapagan. Ol edil Bahargüli ýatladyp duran bir perizady bagryna bassa, belkem onuň tapaganlyk ukyby ýitäýse nä bilýäň!
— Sen-how, gaşyňda duran gözeli göreňokmy? — diýip, Syrdaş gykylyklady.
Atda görgüli ol-a geplemek eken, deminem alyp bilenok. Haçan dem alanynam ýadyndan çykardy.
— Eger geplemejek bolsaň, bu perizat gidibersin.
Gepleşmek hökmanmy?!
O gözel gyz bilen Atdanyň ýüregi äbede-jüýje bolşup gürleşip durlar ahyryn. Adamlardan öň ýürekler tapyşýar, ýürekler gürleşýär. Ýürekler düşünişip, bir netijä gelenlerinden soň, adamlar gürleşen bolýarlar. Olaryň diýmeli sözlerini ýürekler diýip, gelmeli netijelerine ýürekler gelip goýdular ahyryn. Adamlar ýürekleriň telwaslaryny bary-ýogy ýerine ýetiriji robotlar ahyryn!
Bu nätanyş gyz Owganystandan geleninden bäri onuň gaşynda peýda bolup, Atdanyň özi bilen däl-de, onuň ýüregi bilen gürleşip gidýär ahyryn. Özem ol indi Atdanyň ýanyna üçünji gezek gelýär.
«Sen sebäpli men il içinde metdi-masgara boldum».
«Masgara bolanyňa gynanýaňmy?»
«Ynanaý, birjik-de gynanamok. Seni görmek üçin men ähli masgaraçylyklara kaýyl».
«Meni görüp näme etjek?»
«Etjek işim-ä ýok, ýöne seni itden geçirip goýbersem, şeýdibem seniň sagbolsunyňy alsam, maňa ýeterlik».
«Ýene meniň bilen gidermiň?»
«Giderin».
«Bu gün meniň doganymyň doglan güni. Men doganyma sowgat alyp barýan. Sen meniň sowgatlarymy göterişäý».
«Ýör!»
— Atageldi. — Kertik aga içeri girdi. — Näme iş eden bolýaň, oglum?
Atda tapagan birhaýuk kakasyna seredip durdy. Soňam töweregine garanjaklady. Ol nätanyş gyzy agtardy. Ony tapyp bilmän, lapykeçlik bilen öwhüldedi. Kertik aga soragyny ýene bir gezek gaýtalamaly boldy.
— Aýna sereden bolup durun, kaka.
— O duran ýeriňde aýna ýog-a.
— Bä-ä, ünsem bermändirin, öň bardy ahyryn.
— Agaň Oraz ertir irden gelip, ony öýüne äkitdi.
— Bermeli däl ekeniňiz-dä, kaka.
— Aý, ol meniň gepimi diňlemedi. Atda tapar diýýä. Şähere gitseň, menem äkit, oglum.
— Şähere gidip geldiň-ä, kaka.
— O nähili şähere gidip geldim? Şäherde bolmadym men. Men Arçmanda bolup geldim. Düşünýäňmi?
— Düşünýän.
— Men ejeňe «Öýde oturyp ýadadym. Şähere çykyp, göwün açyp gaýdaýyn» diýdim. Goý, ejeň adamym-a şäherde bolmandyr, Hakykatdanam Arçmana gidipdir diýip pikir etsin. Hakykatda meniň şähere gidesim gelenok. Ýöne ejeň üçin bir syýasatjyk ýöreden bolýan. Erkek kişiniň ömri aldaw bilendir. Aýalam aldanandan bolýandyr. Durmuş bi. Ejeň eşidäýmesin, biläýmesin.
Eý, Hudaý, kakam altmyş ýaşdan soňam aýalynyň gözüni güýdüşdirip ýör. Ýa ähli erkek kişem şeýlemikän?!


Категория: Romanlar | Просмотров: 17 | Добавил: Admin | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Osman ÖDE awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar