15:17

"Şahyr bolçulygynda şygyr gytçylygy" diýen makalanyñ awtory Durdymuhammet Nuralyýewe duýgudaşlyk - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: "Şahyr bolçulygynda şygyr gytçylygy" diýen makalanyñ awtory Durdymuhammet Nuralyýewe duýgudaşlyk

Janyñ ýakma, däl-ä bagyr azapdan,
Derýa boýlap, düre-sadaba ýetmez.
Pysyrdaşyp uçjak bolşy güzapdyr,
Bagdat aşýan şahyr hatara ýetmez.

Ýagşy söze aşyk gülli maýlary,
Duýman göriige berlen aýlary,
Haçan görseñ gurulgydyr ýaýlary -
Ýöne bir gezegem atara ýetmez.

Alawa aýlanyp bilmän tütünden,
Nyrhyn sorar ýörer...gidip getirmez,
Hamyrmaýalary ajan setirler ~
Başa iş düşende kepene ýetmez.

Hiç zady ýüzüne almaýan bolsa,
Aryny ýerine salmaýan bolsa,
Halaly, haramy bilmeýän bolsa ~
Düýrme gylja ýetmez,sapana ýetmez.

Ynsan ýaly kyn öwrümli sowat ýok,
Jahan çaýkananda, oña böwet ýok,
Hyrawanyñ harmanynda döwek ýok ~
Mülk edinip, mekan tutara ýetmez.

Sallary gaýdyşyp, etmese toba,
Ene ýere meñzäp, gelmese taba,
Toýlarda-ýaslarda geçmese sana,
Gardaş, olar ata-götene ýetmez.

Baýram JÜTDIÝEW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.


Категория: Goşgular | Просмотров: 15 | Добавил: Admin | Теги: Baýram JÜTDIÝEW | Рейтинг: 0.0/0
Baýram JÜTDIÝEW awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar