08:34

Ýatlama - Goşgular


Awtor:
Bölüm: Goşgular
Materýal: Ýatlama

Torbasyz gedaý gelipdir,
Döşüňe urma, arkadag!
Sen diýip Hudaý gelipdir,
Git indi durma, arkadag!

Ezraýyl ömrüň kirşini,
Ýolup ýegşertdi gerşimi.
Gama gark bolup ýörşümi,
Sen gaty görme, arkadag!

Munda göge tutup seri,
Aman sypan barmy, ýeri,
Ölüm ýeňmek üçin şeri,
Tapylan tärmi, arkadag!

Nazaryňa düşmez nazarym,
Bu jebre niçik dözerin,
Bagrymy ýakyp ýazanym,
Ýamana ýorma, arkadag!

Dile ýaýyp ganat-perim,
Owaz bolup eşdilerim,
Bergiňi berişdirerin,
Gaýgy edip ýörme, arkadag!

Ogullaň altyn aşygyň,
Çekerler öýün keşigin,
Eýäniň kylan işiniň,
Çäresi barmy, arkadag!

Bu şum ölüm, daşy gohly,
Boýnundadyr adam ähliň.
Barsyň öýdüp seniň Şähriň,
Elenip ýör-le, arkadag!


Категория: Goşgular | Просмотров: 14 | Добавил: Admin | Теги: Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA | Рейтинг: 0.0/0
Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA awtoryň başga makalalary


Ähli teswirler: 0
avatar